Ýewreýler
10 Töwrat gelejekki ýagşy zatlaryň+ özi däl-de kölegesidi+. Her ýyl şol bir gurbanlyklar berilse-de, Töwrat* Hudaýa sežde edýänleri kämillige ýetirip bilmedi+. 2 Gurbanlyklar adamlary kämillige ýetiren bolsady, gurbanlyk bermek gerek bolmazdy. Adamlar hem günäleri üçin özlerini günäkär duýmazdylar. 3 Emma her ýyl berilýän gurbanlyklar olara günälidigini ýatladýardy+. 4 Sebäbi öküzleriň we geçileriň gany bilen günäleri ýuwup bolmaýar.
5 Mesih ýere gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «„Gurbanlyklary, sadakalary islemediň, gaýtam maňa bir beden taýýarladyň. 6 Sen ýakma we günä gurbanlyklaryny halamadyň“+. 7 Soňra men: „Eý Hudaýym, men islegiňi berjaý etmek üçin geldim+. Golýazmada men hakda ýazylandyr“ diýdim». 8 Ol ilki: «Gurbanlyklary, sadakalary, ýakma we günä gurbanlyklary islemediň, halamadyň» diýdi. Şol gurbanlyklar Töwratdaky kanuna görä berilmelidi. 9 Soňra ol: «Ine, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim»+ diýdi. Ol ikinji zady ýola goýmak üçin birinji zatlary aradan aýyrdy. 10 Hudaýyň «islegine»+ görä, Isa Mesih bedenini gurbanlyk hökmünde bir gezekde hödürläp, bizi hemişelik mukaddes etdi+.
11 Ruhanylar her gün mukaddes gullugy berjaý etmek+ we günäni doly aýyrmaýan+ şol bir gurbanlyklary bermek üçin öz orunlarynda durýardy+. 12 Emma Isa günäleri hemişelik aýyrmak üçin bir gezek gurbanlyk berip, Hudaýyň sag tarapynda oturdy+. 13 Soňra ol duşmanlary aýagynyň astyna salynýança garaşdy+. 14 Şeýdip, ol beren gurbanlygy arkaly mukaddes edilenleri hemişelik kämillige ýetirdi+. 15 Mukaddes ruh hem muny tassyklap: 16 «„Şol günlerden soň men olar bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn“+ diýýär». 17 Şeýle-de: «Men olaryň günälerini bagyşlaryn, erbet işlerini ýatlamaryn»+ diýilýär. 18 Hudaý olaryň günälerini bagyşlan bolsa, indi gurbanlyk bermek gerek däl.
19 Doganlar, şonuň üçin hem biz Isanyň gany arkaly iň mukaddes otaga arkaýyn girip bilýäris+. 20 Ol bedenini aňladýan tutudan geçip+, ýaşaýyş berýän täze ýoly açdy. 21 Indi Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän beýik ruhanymyz bar+. 22 Şonuň üçin, geliň, ak ýürekden we berk iman bilen Hudaýa ýakynlaşalyň, sebäbi ýüregimize we hapa ynsabymyza gan sepilip arassalandy+, bedenimiz hem arassa suw bilen ýuwuldy+. 23 Geliň, umydymyz hakda çekinmän gürrüň bereliň+, sebäbi wadany beren ynamdardyr. 24 Geliň, biri-birimize ünsli bolup*, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň+. 25 Käbirleri ýaly ýygnaklardan+ galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp+, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň+.
26 Eger biz hakykat barada dogry bilim alyp-da+, bilgeşleýin günä etsek, onda günälerimiz üçin başga gurbanlyk ýokdur+. 27 Sebäbi Hudaýa garşy çykýanlara gorkunç höküm garaşýandyr, Hudaýyň gahar-gazaby olary ot kimin kül eder+. 28 Musanyň kanunyna gulak asmadyk adama rehim edilmeýärdi we iki ýa-da üç adamyň şaýatlygy bilen öldürilýärdi+. 29 Onda Hudaýyň Ogluna hormat goýmadyk, ony mukaddes eden äht gana+ adaty zat ýaly garap, äsgermezlik eden we Hudaýyň ýagşylyk ruhuna dil ýetiren adama has agyr jeza berilmezmi?+ 30 Sebäbi biz: «Öç meniňkidir, ar alýan mendirin» diýen Hudaýy tanaýarys. Şeýle-de: «Ýehowa* halkyna höküm çykarar»+ diýip ýazylgydyr. 31 Hawa, Biribaryň eline düşmek örän gorkunçdyr!
32 Siz hakykaty bileniňizden soň+, köp görgi görseňiz-de, uly söweşde çydamly bolandygyňyzy unutmaň. 33 Käte sizi köpçüligiň öňünde* masgaralaýardylar we ýowuz daraşýardylar. Käte bolsa şeýle kynçylyklara düşenleriň derdini deň çekişýärdiňiz. 34 Siz türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirýärdiňiz. Siz has gowy we egsilmez mirasyň bardygyny bilip+, emlägiňiz talansa-da, şatlygyňyzy ýitirmediňiz+.
35 Şonuň üçin batyrgaý geplemegi* bes etmäň, sebäbi size uly sylag garaşýar+. 36 Siz Hudaýyň islegini berjaý edip, wada eden zadyny alar ýaly çydamly boluň+. 37 Sebäbi ýene «biraz wagt» bar+, «ol hökman geler, eglenmez»+. 38 «Emma dogruçyl adam iman etse, uzak ýaşar»+. «Eger ol gorkup, yza çekilse, ondan razy bolmaryn»+. 39 Biz bolsa gorkudan ýaňa yza çekilip, ýok ediljek adamlardan+ däl-de, iman arkaly janyny halas etjek adamlardandyrys.