Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/1 sah. 20—24
  • Sen Hudaýa doly bil baglaýaňmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen Hudaýa doly bil baglaýaňmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Gaýgy etmäň»
  • Paýhasly bolmaly
  • Hiç haçan «gaýgy etmäň»
  • Dogry garamagy öwren
  • Öňürti Patyşalygy agtaryň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hemişe Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ebedi ýaşamak üçin siz näme bermäge taýyn?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/1 sah. 20—24

Sen Hudaýa doly bil baglaýaňmy?

«Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» (MATTA 6:33).

1, 2. Bir ýigit işi babatda nähili karara geldi we näme üçin?

BIR ýigit ýygnaga köpräk peýdasyny ýetirmek isleýärdi. Emma onuň dünýewi işi ýygnaga yzygiderli gatnamaga päsgel berýärdi. Näme etmeli? Ol durmuşyny ýönekeýleşdirjek bolup, ýygnaga yzygiderli gatnaşyp biler ýaly, işinden çykyp, başga işe girdi. Şu günler onuň aýlygy öňküden az bolsa-da, maşgalasyny arkaýyn ekläp bilýär we ýygnaga-da gowy kömek edýär.

2 Ol ýigit näme üçin şeýle karara geldikä? Eger seni hem şeýle mesele biynjalyk edýän bolsa näme ederdiň? Köp mesihçileriň şonuň ýaly öwgä mynasyp karara gelmegi we edýän hereketleri Isanyň: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» diýen sözlerine ynanýandyklaryny görkezýär (Matta 6:33). Mesihçiler durnuklylygy bu dünýäden gözlemän, Ýehowa bil baglaýarlar (Süleýmanyň tymsallary 3:23, 26).

3. Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarmagyň dogrudygyny näme üçin käbirlerini şübhä goýýar?

3 Agyr günlerde ýaşaýandygymyzy göz öňünde tutup, ol ýigit dogry etdimikä diýen pikir käbir adamlary şübhä goýýar. Şu günler käbir adamlar garyp, başgalary bolsa baý ýaşaýar. Garyp ýurtdaky adamlaryň köpüsi durmuşyny azajyk-da bolsa gowulandyrjak bolup, ellerinde baryny edýär. Durmuşyny dolandyrjak bolýan baý ýurtdaky köp adamlary bolsa, ykdysadyýetiň üýtgäp durmagy, hemişelik işiň ýoklugy we işe alýan adamlaryň köp wagt we güýç talap etmegi ýadadýar. Gazanç bilen bagly kynçylyklary göz öňünde tutup, köpleriň: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryp bolýarmy näme?» diýip soramaklary mümkin. Isanyň şu sözleri kime aýdandygyna seretsek, bu soragyň jogabyny bileris.

«Gaýgy etmäň»

4, 5. Isa Hudaýyň gullukçylaryna gündeki zerurlyklar barada çendenaşa gaýgy etmezligiň paýhaslydygyny nähili mysal arkaly görkezdi?

4 Bu Jelilede bolupdy. Isa uzak ýerlerden gelen uly märeke bilen gürrüňdeş boldy (Matta 4:25). Olaryň köpüsi garypdy, arasynda baý adam bolsa-da azdy. Isa olara birinji orunda maddy baýlyk däl-de, ruhy hazyna ýygnamagy ündedi (Matta 6:19—21, 24). Ol şeýle diýdi: «Näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir?» (Matta 6:25).

5 Isany diňleýänleriň köpüsi, bulary ýerine ýetirmek paýhassyz öýdendir. Sebäbi olar maşgala eklemek üçin agyr zähmet çekmelidigini bilýärdi. Emma Isa olara ertirini alada etmeýän guşlary ýatladyp, Ýehowanyň olary her gün iýmitlendirýändigini aýtdy. Şeýle-de Isa meýdan liliýalaryna olaryň ünsüni çekdi. Hatda Süleýman hem özüniň şan-şöhratynda bularyň biri ýaly-da owadan geýinmändi. Eger-de Ýehowa guşlardyr gülleriň aladasyny edýän bolsa, onda biziň aladamyzy etmezmi? (Matta 6:26—30). Isa biziň janymyzyň iýmitden, tenimiziň egin-eşikden ýokarydygyny aýtdy. Eger-de biz bar güýjümizi iýmite hem-de geýime sarp etsek, onda Ýehowa gulluk etmek üçin wagt galmaýar we durmuşda esasy maksadymyza ýetmeris (Wagyzçy 12:13).

Paýhasly bolmaly

6. a) Mesihçileriň nähili borjy bar? b) Mesihçiler her bir zatda kime bil baglaýar?

6 Elbetde, Isa adamlara işlemäň hem-de maşgalaňyzy Hudaýyň özi eklär diýjek bolmady. Hatda guşlaram özi we çagasy üçin iýmit gözleýär. Isanyň şägirtleri-de, iýjek çöregini özleri gazanyp, maşgalasyny eklemelidi. Olar maşgala borçlaryny ýerine ýetirmelidi. Mesihçi hyzmatkärler we gullar hojaýynlaryny razy etmek üçin der döküp işlemelidi (2 Selanikliler 3:10—12; 1 Timoteos 5:8; 1 Petrus 2:18). Pawlus resul hem özüni eklemek üçin çadyr ýasaýardy (Resullaryň işleri 18:1—4; 1 Selanikliler 2:9). Şonda-da şol mesihçiler dünýewi işlerine bil baglap däl-de, Ýehowa bil baglaýanlary üçin, başga adamlardan tapawutlylykda kalbynda rahatlyk duýýardy. Mezmurçy şeýle diýdi: «Rebbe bil baglaýanlar Sion dagy kimindir; ol sarsmaz, ebedi galar» (Zebur 125:1).

7. Ýehowa doly bil baglamaýan adamyň garaýşy nähili?

7 Ýehowa doly bil baglamaýan adamlar başgaça pikirde bolmagy mümkin. Adamlaryň köpüsi aladasyz gelejek maddy baýlyga baglydyr öýdýär. Şonuň üçin ata-eneler çagalarynyň gelejekde wezipesi we köp aýlykly işi bolar ýaly, olary ýokary bilim almaga höweslendirýär. Şol sebäpli gynansak-da, käbir mesihçi ata-eneler görgi gördi: çagalary ruhy taýdan pese düşüp, maddy zatlaryň yşkyna düşdi.

8. Mesihçiler nädip paýhasly bolmaga çalyşýar?

8 Şonuň üçin paýhasly mesihçiler Isanyň maslahatyny I asyrda bolşy ýaly, şu günlerem ýerine ýetirip bolýandygyna göz ýetirýärler we paýhasly bolmaga çalyşýarlar. Olar, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan borçlaryny ýerine ýetirmek üçin köp sagat işlemeli bolsalar-da, pul gazanjak bolup, hiç haçan ruhy işleri gaýra goýmaýarlar (Wagyzçy 7:12).

Hiç haçan «gaýgy etmäň»

9. Isa Ýehowa doly bil baglaýan adamlary nädip ruhlandyrdy?

9 Isa Dagdaky wagzynda şeýle maslahat berdi: «Şoňa görä, «Näme iýeris?», «Näme içeris?», «Näme geýeris?» diýip, [hiç haçan, TD] gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» (Matta 6:31, 32). Gör, nähili ruhlandyryjy sözler! Eger-de biz Ýehowa doly bil baglasak, ol bizi hemişe goldar. Emma Isanyň sözleri bizi oýlandyrýar. Bu sözler maddy zatlary «agtarsak», «milletler», ýagny mesihçi däl adamlar ýaly boljakdygymyzy ýatladýar.

10. Isa bir ýaş ýigidiň nämäni köp söýýändigini nädip görkezdi?

10 Bir gezek Isanyň ýanyna baý ýaş ýigit gelip, ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigini sorady. Isa oňa Musanyň Kanunyny ýatladyp, olary berjaý etmelidigini aýtdy. Ýaş ýigit bolsa: «Men bularyň hemmesini berjaý etdim, ýene näme kemim bar?» diýdi. Isanyň jogaby, belki, ýerine ýetirmesi kyn ýaly görner. Ol şeýle diýdi: «Kämil bolaýyn diýseň, git, nämäň bar bolsa, sat-da, garyplara ber, göklerde hazynaň bolar, onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» (Matta 19:16—21). Ýaş ýigit tukatly gitdi, sebäbi ol baýlygyndan geçip bilmedi. Çünki ol baýlygyny Ýehowadan artyk söýýärdi.

11, 12. a) Isa baýlyk barada nähili oýlandyryjy sözler aýtdy? b)  Ýehowa gulluk etmäge emläk nädip päsgel berip biler?

11 Şu wakadan soň Isa garaşylmadyk pikiri aýtdy: «Barly adam Gökleriň Patyşalygyna çetinlik bilen girer... Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr» (Matta 19:23, 24). Isanyň sözleri baý adamlaryň Patyşalygy miras almajagyny aňladýarmy? Ýok, sebäbi ol: «Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýipdi (Matta 19:25, 26). Dogrudan-da, käbir baý adamlar hem Ýehowanyň kömegi bilen mesh edilen mesihçi boldy (1 Timoteos 6:17). Muňa garamazdan, Isa bu oýlandyryjy sözleri ýöne ýere aýtmandy. Isa olara duýduryş berdi.

12 Eger-de bir mesihçi emlägini şol ýaş ýigit ýaly gowy görse, onda baýlyk Ýehowa ýürekden gulluk etmäge päsgel berer. Onuň bu sözleri baý adamlara-da, «baýajak bolýanlara-da» degişli (1 Timoteos 6:9, 10). Maddy zatlara bil baglaýan adam ruhy zerurlygyna kän üns bermez (Matta 5:3). Netijede, ol adam Ýehowanyň kömegine mätäçdigini duýmaz (Kanunyň gaýtalanyşy 6:10—12). Belki-de, ol ýygnakda özüne aýratyn sylag-hormat goýulmagyny islär (Ýakup 2:1—4). Ol köp wagtyny Ýehowa däl-de, maddy zatlara sarp etmegi mümkin.

Dogry garamagy öwren

13. Laodikiýadakylarda nähili nädogry garaýyş bardy?

13 I asyrda Laodikiýadaky ýygnakda baýlyga nädogry garaýan adamlar bardy. Isa olara: «Sen: «Men baýdyryn, barlydyryn, zada zar däldirin» diýip, biçäre, betbagt, garyp, kör hem ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň» diýdi. Laodikiýalylaryň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýa düşmegine olaryň baýlygy däl-de, baýlyga bil baglamagy sebäpdi, çünki olar Ýehowa bil baglamaýardy. Netijede, ruhy taýdan ýylylygy üçin Isa olary tiz agzyndan «gusmalydy» (Ylham 3:14—17).

14. Pawlus ýewreý mesihçileri näme üçin öwdi?

14 Pawlus resul bolsa ondan öň, ýewreý mesihçileri yzarlamalarda görkezen garaýyşlary üçin öwüp, şeýle diýdi: «Çünki siz hem tussaglykda çeken dertlerime şärik bolduňyz, hem-de özüňiziň oňat, durumly malyňyzyň barlygyny bilip, mallaryňyzyň talanmagyny begenç bilen unadyňyz» (Ýewreýler 10:34). Şol mesihçiler emlägini ýitirseler-de, gam-gussa batmadylar. Sebäbi olar has uly baýlyga, ýagny «oňat, durumly mala» bil baglaýardy. Isanyň tymsalyndaky ähli zadyny satyp, gymmatbaha bir dürdänäni satyn alan täjir ýaly olaram her näme ýitirseler-de, Patyşalyga bolan umydyny gymmat saýýardylar (Matta 13:45, 46). Gör, nähili gowy garaýyş!

15. Liberiýadaky ýaş uýa Hudaýyň Patyşalygyny nädip öňde goýdy?

15 Şu günlerem mesihçileriň köpüsi şonuň ýaly dogry garamagy öwrenýär. Meselem, Liberiýada bir ýaş uýamyza uniwersitetde okamagy teklip etdiler. Bu şol ýurtda bolelin durmuşa ýol açýardy. Ýöne ol pioner bolup gulluk edensoň, wagtlaýynça ýörite pioner bolmak çakylygyny aldy. Ýaş uýa öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryp, doly wagtly gullugyny dowam etdi. Ol bellenen ýere gidip, üç aýyň içinde 21 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başlady. Şol ýaş uýa we şonuň ýaly başga-da müňlerçe wagyzçy köp aýlykly işden geçip, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarýar. Baýlyga kowalaşýan bu dünýäde olar özüni nädip goraýar? Olar özünde gowy häsiýetleri ösdürýär. Gel, şol häsiýetleriň käbirine seredeli.

16, 17. a) Ýehowa bil baglar ýaly, näme üçin pespällik gerek? b) Ýehowanyň wadasyna bolan imanymyzy nädip berkitmeli?

16 Pespällik. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular. Öz gözüňe akyldar görünme» (Süleýmanyň tymsallary 3:5—7). Käte bu dünýäniň garaýşy boýunça käbir zatlar paýhasly bolup görünmegi mümkin (Ýeremiýa 17:9). Emma wepaly mesihçi Ýehowanyň görkezmesine eýerýär (Zebur 48:14). Ol «bütin ýollarynda», ýagny ýygnagyň işleri bolsun, bilim almak ýa-da dünýewi iş bolsun, dynç almak ýa-da başga zat bolsun, pespällik bilen Ýehowanyň maslahatyny gözleýär (Zebur 73:24).

17 Ýehowanyň wadasyna iman etmek. Pawlus: «Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» diýdi (Ýewreýler 11:6). Eger-de biz Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetjekdigine şübhelensek, onda bu dünýäden doly peýdalanmalydyr öýderis (1 Korintoslylar 7:31). Ýöne imanymyz berk bolsa, öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtararys. Imanymyzy nädip berkidip bileris? Ýehowa ýürekden doga edip, hemişe oňa ýakynlaşmaly we Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmeli. (Zebur 1:1—3; Filipililer 4:6, 7; Ýakup 4:8). Dawut patyşa kimin biz şeýle doga edýäris: «Men Saňa bil bagladym, ýa Reb. Men: Hudaýym Sensiň diýdim... ýagşylygyň nähili uly!» (Zebur 31:14, 19).

18, 19. a) Nädip gaýratlylyk Ýehowa bil baglaýşymyzy artdyrýar? b) Mesihçiler näme üçin her zatdan geçmäge taýyn bolmaly?

18 Ýehowa gulluk etmek üçin yhlas gerek. Pawlus Ýehowanyň wadasyna bolan imanyň gaýratlylyk bilen baglydygyny görkezip şeýle diýdi: «Umydyňyzdan doly arkaýyn bolmak üçin, her biriňiziň şol gaýraty soňuna çenli görkezmegiňizi isleýäris» (Ýewreýler 6:12). Eger-de biz Ýehowanyň gullugy bilen gümra bolsak, ol bizi goldar. Her gezek biz onuň goldawyny duýanymyzda, oňa bil baglaýşymyz artýar we «berk, durnukly» bolarys (1 Korintoslylar 15:58). Biziň imanymyz güýçlenip, umydymyz kök urýar (Efesliler 3:16—19).

19 Her zatdan geçmäge taýyn bol. Pawlus Isanyň yzyna eýermek üçin abraýly kärden geçdi. Onuň durmuşy käwagt maddy taýdan agyr bolsa-da, ol, elbetde, dogry ýol saýlady (1 Korintoslylar 4:11—13). Ýehowa bize bolelin durmuşy wada bermedi, şonuň üçinem onuň gullukçylary käte kynçylyga sezewar bolýar. Biziň durmuşymyzy ýönekeýleşdirmäge hem-de her zatdan geçmäge taýýarlygymyz Ýehowa gulluk etmegi berk ýüregimize düwendigimizi görkezýär (1 Timoteos 6:6—8).

20. Hudaýyň Patyşalygyny öňde goýar ýaly näme üçin sabyrlylyk gerek?

20 Sabyrlylyk. Ýakup şägirt mesihçilere: «Eý doganlar, Reb gelýänçä, sabyrly boluň» diýdi (Ýakup 5:7). Bu durnuksyz dünýäde sabyrly bolmak gaty kyn. Biz hemme zadyň derrew bolmagyny isleýäris. Ýöne Pawlus bizi «iman hem sabyr arkaly miras alanlardan» görelde almaga çagyrýar (Ýewreýler 6:11). Ýehowa islegini ýerine ýetirip başlaýança garaş. Elbetde, ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýyş, garaşanyňa degýär!

21. a) Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryp nämäni görkezýäris? b) Indiki makaladan näme bileris?

21 Diýmek, Isanyň öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtaryň diýen maslahatyny ýerine ýetirip bolýar. Biz şeýle etsek, dogrudan-da, Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýäris we mesihçiler üçin ýeke-täk dogry ýoly saýlaýarys. Emma Isa «öňürti Hudaýyň . . . dogrulygyny agtaryň» diýip hem maslahat berdi. Bu maslahatyň näme üçin şu günler wajypdygyny indiki makaladan bileris.

Sen nähili düşündirersiň?

• Isa maddy zatlara nädip paýhasly garamalydygyny maslahat berdi?

• Isanyň düýe we iňňäniň gözi baradaky tymsalyndan näme öwrenýäris?

• Mesihçilere öňürti Hudaýyň Patyşalygyny agtarmaga nähili häsiýetler kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş