Rimliler
12 Doganlar, Hudaý size rehim etdi, şonuň üçin bedeniňizi+ diri, mukaddes+ we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemegi haýyş edýärin. Şonda akyl-paýhasly bolup+, mukaddes gullugy berjaý edip bilersiňiz. 2 Mundan beýläk şu dünýäniň* täsirine düşmäň*. Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünip+, pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň+.
3 Maňa ýagşylyk eden Hudaýyň adyndan şuny ündeýärin: özüňize ýokary baha bermäň+. Gaýtam sagdyn düşünjeli bolup, Hudaýyň berýän imanyna görä özüňize baha beriň+. 4 Beden agzalary köp+, ýöne olaryň hersiniň öz ýerine ýetirýän işi bar. 5 Biz köp bolsak-da, Mesih bilen bir bedendiris we bir-birimize baglydyrys+. 6 Hudaý ýagşylyk edip, her dürli ukyplary* berýär+. Pygamberlik etmek berlen bolsa, geliň, imanymyza görä pygamberlik edeliň. 7 Eger hyzmat etmek berlen bolsa, hyzmat edeliň, tälim bermek berlen bolsa, tälim bereliň+. 8 Öwüt-ündew berýän öwüt-ündew bersin+, paýlaýan höwes bilen paýlasyn+, ýolbaşçylyk edýän yhlasly ýolbaşçylyk etsin+, rehimdarlyk edýän şatlyk bilen rehimdarlyk etsin+.
9 Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn+. Erbetligi ýigrenip+, ýagşylyga ýapyşyň. 10 Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň. Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň+. 11 Ýalta däl-de*, zähmetsöýer boluň*+. Mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň+. Ýehowa* gul kimin hyzmat ediň+. 12 Umyt edip şatlanyň. Kynçylyklarda çydamly boluň+. Hemişe* doga ediň+. 13 Mätäç mukaddeslere kömek ediň+. Myhmansöýer boluň+. 14 Sizi yzarlaýan adamlara gargamaň+, olara Hudaýdan ýagşylyk diläň+. 15 Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň. 16 Özüňize nähili baha berseňiz, başgalara-da şeýle baha beriň. Özüňizi başgalardan ýokary tutmaň, pesgöwünli boluň+. Özüňize akyllydyryn öýtmäň+.
17 Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň+. Hemmelere ýagşylyk etmek üçin jan ediň. 18 Ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolalyň+. 19 Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň+. Sebäbi «Ýehowa* şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“» diýip ýazylgy+. 20 Gaýtam «duşmanyň aç bolsa, nahar ber, suwsan bolsa suw ber. Şonda başyna közler goýarsyň»*+. 21 Ýamanlyk etmäň, ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň+.