Birinji Selanikliler
4 Doganlar, size Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny aýdypdyk+. Aslynda, siz şeýle-de edýärsiňiz, ýöne Halypamyz Isanyň adyndan has-da köp tagalla etmegiňizi haýyş edýäris. 2 Bilýän bolsaňyz, size Halypamyz Isanyň adyndan görkezme beripdik.
3 Hudaýyň islegi şudur: ahlaksyzlykdan* uzakda duruň+, mukaddes boluň+. 4 Siz mukaddes bolup+, özüňize* nädip erk etmelidigini+ we Hudaýy razy edip ýaşamalydygyny bilmelisiňiz. 5 Hudaýy tanamaýan milletler+ ýaly açgözlük edip, ahlaksyz islegleriňizi kanagatlandyrjak bolmaň+. 6 Şu meselede hiç kim doganyna zyýan ýetirmesin, hakyndan mahrum etmesin. Şeýle iş edýänlere Ýehowa* jeza berer. Biz öň duýduryşymyz ýaly, ýene-de berk duýdurýarys. 7 Hudaý bizi haram ýaşaýşa däl-de, mukaddeslige çagyrdy+. 8 Şonuň üçin kim şu taglymaty äsgermese, ol adamlara däl-de, mukaddes ruhy berýän+ Hudaýa hormat goýýan däldir+.
9 Emma doganlyk söýgüsi+ hakda size ýazmagyň geregi ýok, sebäbi siz biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz+. 10 Dogrudan-da, siz bütin Makedoniýadaky doganlary söýýärsiňiz. Doganlar, olary öňküdenem has köp söýmegiňizi ündeýäris. 11 Size maslahat berişimiz ýaly, parahat ýaşamagy+, başgalaryň işine goşulmazlygy+ we eliňiz bilen zähmet çekmegi+ maksat ediniň. 12 Şonda adamlar edeplidigiňizi görerler+. Siz hem hiç zada mätäç bolmarsyňyz.
13 Doganlar, siziň ölüm ukusynda ýatan adamlar+ hakda-da bilmegiňizi isleýäris. Şonda siz umytsyz adamlar ýaly hasrat çekmersiňiz+. 14 Eger biz Isanyň ölüp, soňra direlendigine+ iman edýän bolsak, onda Hudaýyň Isanyň şägirtlerini-de direltjekdigine+ iman ederis. 15 Biz Ýehowanyň* sözüne esaslanyp, size şuny aýdýarys: Halypamyz gelende*, biz, ýagny ýaşap ýörenler ölüm ukusyna gidenlerden öňe geçmeris. 16 Halypamyz gökden aşak inip, Hudaýyň surnaýyny alyp, baş perişdäniň+ sesi bilen buýruk berer. Şonda Mesihiň ölen şägirtleri ilkinji bolup direlerler+. 17 Soňra biz, ýagny ölmän galanlar olar bilen bilelikde Halypamyz bilen asmanda görüşmek üçin+ bulutlara alnarys+. Şeýlelikde, biz hemişe Halypamyzyň ýanynda bolarys+. 18 Hawa, şu zatlar hakynda gürrüň edip, bir-biriňize göwünlik beriň.