Birinji Korinfliler
10 Doganlar, siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: ata-babalarymyz buludyň aşagynda ýörediler+ we deňziň içinden geçdiler+. 2 Olar Musanyň yzyna eýerip, bulut we deňiz arkaly suwa çümdürildiler. 3 Olaryň hemmesine bir ruhy iýmit+ we 4 bir ruhy suw berildi+. Olar yzyndan gelýän ruhy gaýanyň suwuny içdiler. Ol gaýa Mesihdir+. 5 Emma Hudaýy razy etmedikler çölde gyryldy+.
6 Ata-babalarymyz bilen bolan waka bize sapak boldy. Şonuň üçin ata-babalarymyz ýaly erbet zatlary islemäliň+. 7 Olaryň käbiri ýaly butparaz bolmalyň. Töwratda aýdylyşy ýaly: «Adamlar oturyp iýip içdiler, yzyndan bolsa turup, şadyhorramlyk edip başladylar»+. 8 Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk* etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk* edip, bir günde 23 000 adam öldi+. 9 Olaryň käbiri ýaly Ýehowany* synamalyň+, sebäbi ony synan adamlary ýylan çakyp öldürdi+. 10 Olaryň käbiri ýaly hüňürdemäliň+, sebäbi şeýle edenleri perişde ýok etdi+. 11 Ata-babalarymyz bilen bolan wakalardan sapak ediner ýaly, olar bize, şu dünýäniň ahyryna garaşýanlara duýduryş hökmünde ýazylandyr+.
12 Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn+. 13 Siziň başyňyza inen synaglar başgalaryň-da başyna inýändir+. Ýöne Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez+. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar+.
14 Eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň+. 15 Siziň düşünjeli bolanyňyz üçin aýdýaryn, meniň aýdýanlarym hakda oýlanyň. 16 Eýsem bereket berýän käsäni alyp Hudaýa şükür edenimizde, Mesihiň ganyna şärik bolmaýarysmy?+ Çöregi bölenimizde, Mesihiň bedenine şärik bolmaýarysmy?+ 17 Çörek birdir, biziň ählimiz hem bir bedendiris+ we bir çörekden iýýändiris.
18 Ysraýyl halky hakda oýlanyň. Berlen sadakalardan iýýänler gurbanlyk ojagyndaky* zatlara şärik bolmaýarmy?+ 19 Eýsem men buta berlen sadakany ýa-da buty wajyp hasaplaýarynmy? 20 Ýok! Adamlar sadakany Hudaýa däl-de, jynlara berýärler+. Men bolsa siziň jynlary goldamagyňyzy islemeýärin+. 21 Siz hem Ýehowanyň* käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz, hem «Ýehowanyň* saçagyndan»+, hem jynlaryň saçagyndan iýip bilmersiňiz. 22 Ýa-da «biz Ýehowany* gabandyrarysmy»?+ Biz ondan güýçlümi?
23 Bize hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Hemme zat rugsat edilýändir, ýöne hemme zat ruhy taýdan berkidýän däldir+. 24 Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin+.
25 Bazarda satylýan eti arkaýyn satyn alyň, soraşdyrman, arassa ynsap bilen iýiň. 26 Sebäbi «ýer we ondaky ähli zatlar Ýehowanyňkydyr*»+. 27 Eger iman etmeýän adam sizi myhmançylyga çagyrsa, siz hem barsaňyz, öňüňizde näme goýulsa, soraman, arassa ynsap bilen iýiň. 28 Emma biri: «Ol butlara gurbanlyk berlen et» diýse, onda şol aýdan adamy büdretmez ýaly we başgalaryň ynsaby ezýet bermez ýaly etden iýmäň+. 29 Men siziň ynsabyňyzy däl-de, ol adamyň ynsabyny göz öňünde tutýaryn. Islän zadymy etmäge hakym bolsa-da, başga adamyň ynsabynyň meni günäkärlemegini islemeýärin+. 30 Men şol eti Hudaýa şükür edip iýsem-de+, başgalary büdretsem dogry bolarmy?
31 Siz iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň+. 32 Ýehudylaryň, grekleriň we Hudaýyň ýygnagynyň büdremegine sebäp bolmaň+. 33 Men diňe öz peýdamy däl+, köp adamlaryň peýdasyny gözleýärin, ähli zatda göwnünden turmaga çalyşýaryn, sebäbi olaryň halas bolmagyny isleýärin+.