-
Spirtli içgileri içse bolýarmy?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Spirtli içgileri içse bolýarmy?
Spirtli içgiler babatda adamlaryň garaýşy deň bolmaýar. Käbirleri dost-ýarlary bilen oturanda içmegi gowy görýär. Käbirleri asla içmeýär. Beýlekiler bolsa şeýle bir köp içýär welin, aýak üstünde durup bilmeýär. Mukaddes Kitapda spirtli içgiler barada näme diýilýär?
1. Spirtli içgileri içmek günämi?
Mukaddes Kitabyň hiç bir aýadynda spirtli içgileri içmegiň nädogrudygy aýdylmaýar. Gaýtam Hudaýyň adamlara beren gowy zatlarynyň içinde şerap hem agzalýar. Mukaddes Kitapda: «Şerap adamyň göwnüni göterýär» diýilýär (Zebur 104:14, 15). Mukaddes Kitapda Hudaýa wepaly erkek-aýallaryň şerap içendigi aýdylýar (1 Timoteos 5:23).
2. Spirtli içgileri içmek babatda nähili maslahat berilýär?
Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar (Galatýalylar 5:21). Mukaddes Kitapda: «Şerap içegenleriň arasynda bolma» diýilýär (Nakyllar 23:20). Diýmek, biz başgalar bilen içsegem, ýeke özümiz içsegem, çenimizi bilmeli, sebäbi köp içýän adam dury pikirlenip bilmeýär. Näme edip, näme goýanyny, näme diýenini bilmeýär. Şeýle-de saglygyna zyýan ýetirýär. Eger çeniňi bilmeýän bolsaň, onda içmeseň has gowy.
3. Başgalaryň garaýşyna nädip hormat goýmaly?
Spirtli içgileri içmelimi ýa-da içmeli däldigini her kimiň özi çözýär. Ýöne biz çenini bilip içýän adamlary ýazgarmaly däl. Içmeýän adamlara bolsa içirjek bolup durmaly däl (Rimliler 14:10). Eger başgalary büdredýän bolsak, onda içmesek gowy bolar (Rimliler 14:21-i oka). Biz: «Öz peýdamyzy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemeli» (1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary oka).
SÖHBETDEŞLIK
Spirtli içgileri içmek we näçeräk içmek hakdaky kada-kanunlary öwreneliň. Aşa köp içmezlige nämäniň kömek edýändigini bileliň.
4. Içmelimi ýa içmeli däl?
Isa spirtli içgileri içmek babatda nähili pikir edýärdi? Onuň ilkinji görkezen gudratyndan şu soragyň jogabyny bilip bolýar. Ýahýa 2:1—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Isa spirtli içgileri içmegi we ony içýän adamlary ýazgardymy?
Onda Hudaýyň gullukçylary spirtli içgileri içýän adamlary ýazgarmalymy?
Spirtli içgileri içmek gadagan edilmese-de, Hudaýyň gullukçysy paýhasly bolmaly. Nakyllar 22:3-i okap, aşakdaky ýagdaýlarda içmeli ýa-da içmeli däldigi hakda gürrüňdeş boluň.
Ulag sürjek ýa-da tehniki enjamlary işletjek bolsaň.
Göwreli bolsaň.
Lukman içmezligi maslahat beren bolsa.
Çendenaşa köp içýän bolsaň.
Hökümetiň kanunyna garşy gelýän bolsa.
Içgini taşlan, ýöne häzirem şol ejizligi bilen göreşýän adam bilen bir saçakda otursaň.
Toý edeniňde ýa-da myhman çagyranyňda spirtli içgileri goýsa bolýarmy? WIDEONY görüp, näme etmelidigini biliň.
Rimliler 13:13 we 1 Korinfliler 10:31, 32-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu aýada görä Ýehowa ýaraýan karara nädip gelip bilersiň?
Spirtli içgileri içmeli ýa-da däldigini her kimiň özi çözýär. Hudaýyň gullukçysy spirtli içgileri içýänem bolsa, hemme ýerde içip ýörmez.
5. Näçeräk içmeli?
Ýehowa spirtli içgileri içmegi gadagan etmese-de, aşa köp içmegiň nädogrudygyny öwredýär. Näme üçin? Hoşeýa 4:11, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Köp içýän adam nämäniň üstünden barýar?
Aşa köp içmez ýaly näme edip bileris? Pespäl adam çägini bilýär, aşa köp içmeýär. Nakyllar 11:2-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Näme üçin näçeräk içjekdigiňi öňünden çözmeli?
6. Içgini taşlap bilersiňiz!
Käbir adamlar içgini taşlap bildiler. Geliň, olaryň birine nämäniň kömek edendigini bileliň. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Dmitriý içensoň nähili bolýardy?
Içgisini goýmak aňsat düşdümi?
Ol içgini nädip taşlady?
1 Korinfliler 6:10, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa arakhorlara nähili garaýar?
Içgini taşlap bolýandygyny näme görkezýär?
Matta 5:30-y okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowany razy etmek üçin, edil eliňi kesip taşlan ýaly käbir zatlardan geçmeli. Içgini taşlamak üçin sen nämeleri edip bilersiň?a
1 Korinfliler 15:33-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Gatnaşýan adamlaryň köp içmegiňe sebäp bolup bilermi?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Arak içse bolýarmy? Siziň kitabyňyzda näme diýilýär?»
Sen näme diýerdiň?
ESASY PIKIRLER
Mukaddes Kitapda şerap adamyň göwnüni göterýär diýilýär. Ýöne Ýehowa serhoşlygy we çeniňi bilmän içmegi halamaýar.
Gaýtalamak
Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmek barada näme diýilýär?
Aşa köp içmek nämäniň üstünden eltip biler?
Spirtli içgileri içýän ýa-da içmeýän adamlaryň garaýşyna nädip hormat goýup bileris?
KÖPRÄK BILIŇ
Ýaşlar spirtli içgileri içmezden öň nämeler hakda oýlanmaly?
Içgini taşlamak üçin nämeler etmeli?
«Köp içmek endigini goýmak hakda maslahatlar» («Garawul diňi» 1 ýanwar, 2010)
Mesihçiler tost aýtsa bolýarmy?
«Düýbi deşik çelekdim» diýen makaladan bir adamyň içgini nädip goýandygyny biliň.
«Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 maý, 2012)
a Arakhor adamlara käte lukmanyň kömegi gerek bolýar. Lukmanlaryň köpüsi arakhor adamlara asla içmezligi maslahat berýär.
-
-
Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyrEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
52-NJI SAPAK
Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr
Biziň geýnişimiz, özümize timar berişimiz biri-birimiziňkiden tapawutlanyp biler. Biz diňe öz isleýşimiz ýaly däl-de, Ýehowanyň garaýşyny hem göz öňünde tutup geýinýäris we özümize seredýäris. Geliň, käbir prinsiplere seredeliň.
1. Eşik saýlanyňda ýa bezeneniňde haýsy prinsip kömek eder?
«Hudaýa wepaly» bolmak üçin, biz «gelşikli, salykatly egin-eşik geýip, sagdyn düşünjeli» bolmaly (1 Timoteos 2:9, 10). Geliň, şol dört prinsipiň her birine aýratynlykda seredeliň. Birinjiden, egin-eşigimiz «gelşikli» bolmaly. Siz ýygnak duşuşyklaryna baranyňyzda dogan-uýalaryň her dürli geýnendigini görensiňiz. Ýöne olaryň geýnişi, saçyna timar berişi, Hudaýa hormat goýýandygyny görkezýär. Ikinjiden, biz «salykatly» geýinmeli. Egin-eşigimiz başgalarda erbet höwesleri döretmeli däl we göze ilginç bolmaly däl. Üçünjiden, «sagdyn düşünjeli» adam moda kowalaşyp geýinmeýär. Dördünjiden, geýnişimiz, daş keşbimiz «Hudaýa wepaly» adamdygymyzy görkezmeli. Biz hemişe hak Hudaýyň gullukçysy hökmünde tanalmak isleýäris (1 Korinfliler 10:31).
2. Daş keşbimiz dogan-uýalara nähili täsir edýär?
Elbetde, nähili geýinmelidigini her kimiň özi çözýär. Ýöne şonda-da daş keşbimiziň we egin-eşigimiziň başgalara nähili täsir edýändigi hakda oýlanmaly. Biz dogan-uýalary büdretmek islemeýäris. Gaýtam olar üçin «peýdaly zatlary edip... ýagşy işlerimiz bilen ruhlandyrasymyz» gelýär (Rimliler 15:1, 2-nji aýatlary oka).
3. Daş keşbimizi görüp adamlar hakykata nähili seslener?
Biz hemişe salykatly geýinmek isleýäris. Ýöne ýygnaga ýa wagza gidenimizde daş keşbimize hasam ünsli bolmaly. Adamlar daş keşbimize seredip büdremeli däl ýa-da egin-eşigiň göze ilginç bolmaly däl. Gaýtam hoş habary diňlemäge höweslendirmeli. Şonda «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getireris» (Titus 2:10).
SÖHBETDEŞLIK
Geýnişimiz we daş keşbimiz bilen Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezmeli.
Egin-eşigimiz adamlara ýa hormat goýýandygymyzy, ýa-da äsgermeýändigimizi görkezýär. Ýehowa adamlaryň ýüregini görse-de, biziň daş keşbimiz oňa hormat goýýandygymyzy görkezmeli.
4. Ýehowa hormat goýalyň
Biz näme üçin daş keşbimize we geýnişimize ünsli bolmak isleýäris? Ylham 4:11-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Egin-eşik saýlanymyzda we özümize seredenimizde nämäni göz öňünde tutmaly?
Ýygnaga ýa-da wagza gidenimizde daş keşbimize üns bermek hökmanmy? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?
5. Karara gelmäge kömek edýän prinsipler
Geýýän eşigimiz arzan ýa gymmat bolsun, esasy zat, arassa, salykatly we her ýagdaýa görä bolmaly. 1 Korinfliler 10:24 we 1 Timoteos 2:9, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Näme üçin hapa ýa-da sölpi geýinmeli däl?
Näme üçin ahlaksyz pikirleri we höwesleri döredýän eşikleri geýmeli däl? (Meselem, dar ýa açyk eşikler).
Ýehowanyň Şaýatlary häzir Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýar. Ýöne käbir tabşyryklardan Ýehowanyň garaýşyny bilse bolýar. 5 Musa 22:5-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Näme üçin aýallar erkekler ýaly, erkeklerem aýallar ýaly geýinmeli däl ýa-da saçyna şeýle timar bermeli däl?
1 Korinfliler 10:32, 33 we 1 Ýahýa 2:15, 16-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Biz näme üçin geýnenimizde ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň we dogan-uýalaryň garaýşyny göz öňünde tutmaly?
Seniň ýaşaýan ýeriňde nähili geýinmek we saçyňa timar bermek moda?
Şolaryň käbiri ýaly geýinsek ýa-da saçymyza timar bersek, Hudaýyň adyna ysnat getirerismi? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?
Egin-eşigimiz we daş keşbimiz tapawutlansa-da, Ýehowany şöhratlandyrmaly.
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Näme geýmelidigini özüm gowy bilýän, islänimi geýjek!»
Senem şeýle pikir edýärsiňmi? Näme üçin?
ESASY PIKIRLER
Gelşikli we salykatly geýinsek, Ýehowa-da, adamlara-da hormat goýýandygymyzy görkezeris.
Gaýtalamak
Geýnişimize we daş keşbimize Ýehowa näme üçin üns berýär?
Geýinmek we özümize seretmek babatda nähili prinsipler bar?
Egin-eşigimizi we daş keşbimizi görüp, adamlar hakykata nähili seslener?
KÖPRÄK BILIŇ
Egin-eşigimiz nähili adamdygymyzy görkezýär.
Endamyňa surat çekdirmek babatda Hudaýyň garaýşyny biliň.
«Mukaddes Kitapda endamyňa surat çekdirmek barada näme diýilýär?» (Internet makala)
Egin-eşik we özüňe timar bermek babatda ýene haýsy maslahatlar kömek edip biler?
«Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyrýarmy?» («Garawul diňi» sentýabr, 2016)
Bir aýal geýinmek babatda adamlaryň garaýşyna hormat goýmagy öwrendi.
«Adamlaryň daş keşbine we geýnişine büdreýärdim» («Oýanyň!» 22 dekabr, 2003)
-