1 Patyşalar
9 Süleýman Ýehowanyň öýüni, köşgüni+ we islän ähli zadyny gurup boldy+. 2 Şonda Ýehowa Gibgondaky ýaly ýene-de Süleýmanyň düýşüne girdi+. 3 Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Doga-dilegiňi eşitdim. Meniň üçin guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+. 4 Eger sen kakaň Dawut ýaly+, ähli tabşyryklarymy berjaý edip+, halal ýaşasaň+, maňa bütin ýüregiň* bilen gulluk edip+, kanunlaryma we hökümlerime gulak assaň+, 5 kakaň Dawuda: „Ysraýyl tagtynda hemişe seniň nesliň oturar“ diýip beren wadamy berjaý ederin, Ysraýylda seniň tagtyňy ebedilik goýaryn+. 6 Emma siz ogullaryňyz bilen ýolumdan ýöremän, tabşyryklarymy, kanunlarymy ýerine ýetirmän, başga taňrylara tagzym edip, sežde edip başlasaňyz+, 7 ysraýyllary mülk edip beren ýurdumdan ýok ederin+, adym üçin mukaddes eden öýümi gözümiň alnyndan aýraryn+. Şonda Ysraýyl başga halklaryň gepine galyp*, ile gülki bolar+. 8 Meniň üçin guran öýüň harabaçylyga öwrüler+, deňinden geçenler aňk-taňk bolar, içini çekip*: „Ýehowa ýurdy, öýüni näme üçin beýtdikä?“ diýer+. 9 Şonda: „Ysraýyl halky ata-babalaryny Müsürden çykaran Ýehowa Hudaýyny taşlap, başga taňrylara sygyndy, olara tagzym edip, sežde etdi. Şonuň üçin Ýehowa olaryň başyna betbagtçylyk getirdi“+ diýerler».
10 Süleýman iki öýi, ýagny Ýehowanyň öýi bilen köşgüni 20 ýylda gurup gutardy+. 11 Tir patyşasy Huram+ Süleýmana kedr bilen arça agaçlaryny, şeýle-de näçe gerek bolsa altyn iberipdi+. Süleýman patyşa hem Hurama Jelileden 20 şäher berdi. 12 Huram Tirden çykyp, Süleýmanyň beren şäherlerini görmäge geldi. Ýöne Huramyň olara göwni ýetmedi. 13 Şonda ol: «Dogan jan, beren şäherleriňi halamadym» diýdi. Şol şäherlere häli-häzire çenli Kabul ýurdy* diýilýär. 14 Huram Süleýman patyşa 120 batman* altyn iberdi+.
15 Süleýman patyşa işçi ýygnap+, Ýehowanyň öýüni+, köşgüni, Millony*+, Iýerusalimiň diwaryny, Hasory+, Megiddony+ we Gezeri+ gurdurypdy. 16 Müsür faraony öň Gezeri basyp alyp, şäheri otlapdy, içinde ýaşaýan kenganlary+ bolsa öldüripdi. Faraon şol şäheri Süleýmana durmuşa çykan gyzyna+ toý sowgady edip beripdi. 17 Süleýman Gezeri, aşaky Beýthorony+, 18 Bagalaty+, çöldäki Tamary, 19 ammarly şäherleri, söweş arabalary+ üçin we atly esgerleri üçin şäherleri gurdy*. Ol Iýerusalimde, Liwanda we golastyndaky ýerlerde islän zadyny gurdy. 20 Amorlar, hetler, perizler, hiwiler we ýabuslar+ ysraýyl halkyndan däldi+. Süleýman şol halklardan diri galan adamlary, 21 ysraýyllaryň elinden ölmän galan nesillerini gul edip, agyr işde işletdi. Olar häzire çenli hem gul bolup ýaşaýarlar+. 22 Emma Süleýman ysraýyllaryň hiç birini gul etmedi+. Olar Süleýmanyň nökerleri, emeldarlary, han-begleri, serkerdeleri, söweş arabaly hem-de atly esgerleriniň baştutanlary bolup hyzmat etdiler. 23 Süleýmanyň işlerine seredýän, işçileriniň üstünden goýlan 550 sany gözegçisi bardy+.
24 Faraonyň gyzy+ bolsa Dawudyň şäherinden+ çykyp, Süleýmanyň gurup beren öýüne göçdi. Şonda Süleýman Millony*+ hem gurdy.
25 Süleýman Ýehowa üçin ýasan gurbanlyk ojagynda* ýylda üç gezek+ ýakma hem-de parahatlyk gurbanlyklary berip+, Ýehowanyň öňündäki gurbanlyk ojagynda gurbanlyk ýakardy. Şeýlelikde, ol öýi doly gurup gutardy+.
26 Süleýman patyşa Esýon-geberde+ birgiden gämi ýasatdy. Şol ýer Edom topragynda, Gyzyl deňziň kenarynda, Elotyň+ golaýynda ýerleşýär. 27 Huram şol gämilerde ökde deňizçilerini Süleýmanyň hyzmatkärleri bilen ibererdi+. 28 Olar Ofere+ gidip, Süleýmana 420 batman altyn getirip berdiler.