Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 1
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ysraýyllar Müsürde köpelýär (1—7)

      • Faraon ysraýyllary ezýär (8—14)

      • Hudaýdan gorkýan göbegeneler bäbekleri öldürmeýär (15—22)

2 Musa 1:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:8

2 Musa 1:2

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:3, 4

2 Musa 1:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:17

2 Musa 1:5

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:26; 5Ms 10:22; Res 7:14

2 Musa 1:6

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: şol nesil.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 50:26

2 Musa 1:7

Parallel aýatlar

  • +1Ms 46:3; 5Ms 26:5; Res 7:17—19

2 Musa 1:9

Parallel aýatlar

  • +Zb 105:24, 25

2 Musa 1:11

Parallel aýatlar

  • +1Ms 15:13; 2Ms 3:7; 4Ms 20:15; 5Ms 26:6
  • +1Ms 47:11

2 Musa 1:12

Parallel aýatlar

  • +2Ms 1:7; Zb 105:24, 25

2 Musa 1:13

Parallel aýatlar

  • +2Ms 2:23; Res 7:6

2 Musa 1:14

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:13

2 Musa 1:16

Parallel aýatlar

  • +Hyz 16:4

2 Musa 1:17

Parallel aýatlar

  • +1Ms 9:5, 6

2 Musa 1:22

Parallel aýatlar

  • +Res 7:18, 19

Umumy salgylar

2 Mus. 1:11Ms 46:8
2 Mus. 1:21Tr 2:3, 4
2 Mus. 1:41Ms 46:17
2 Mus. 1:51Ms 46:26; 5Ms 10:22; Res 7:14
2 Mus. 1:61Ms 50:26
2 Mus. 1:71Ms 46:3; 5Ms 26:5; Res 7:17—19
2 Mus. 1:9Zb 105:24, 25
2 Mus. 1:111Ms 15:13; 2Ms 3:7; 4Ms 20:15; 5Ms 26:6
2 Mus. 1:111Ms 47:11
2 Mus. 1:122Ms 1:7; Zb 105:24, 25
2 Mus. 1:132Ms 2:23; Res 7:6
2 Mus. 1:143Ms 26:13
2 Mus. 1:16Hyz 16:4
2 Mus. 1:171Ms 9:5, 6
2 Mus. 1:22Res 7:18, 19
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
2 Musa 1:1—22

Ikinji Musa

1 Ýakubyň, ýagny Ysraýylyň ogullary maşgalasy+ bilen Müsüre gelipdi. Ysraýylyň ogullary şulardyr: 2 Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda+, 3 Ysahar, Zebulun, Benýamin, 4 Dan, Naftaly, Gad we Aşer+. 5 Ýakubyň ogullary we agtyk-çowluklary jemi 70 sanydy. Ýusup bolsa Müsürdedi+. 6 Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Ýusup+ bilen doganlary we şol döwürde ýaşanlar* aradan çykdy. 7 Ysraýyllaryň sany artyp, barha güýçlenýärdi. Olar köpelip, tutuş ýurdy eýelediler+.

8 Birnäçe wagtdan Müsürde başga biri patyşa boldy. Ol Ýusuby tanamaýardy. 9 Ol halkyna: «Görýäňizmi, ysraýyllar köpelip, bizden hem güýçli bolup barýar!+ 10 Bir çäre görmesek bolmaz, ýogsam has köpelip giderler. Birden uruş turaýsa, duşmanlara goşulyp, bize garşy aýaga galarlar-da, ýurtdan çykyp giderler» diýdi.

11 Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary ezmek üçin, üstlerinden gözegçi goýup, agyr işde işletdiler+. Olara faraon üçin Pitom we Ramses+ diýen ammarly şäherleri gurdurdylar. 12 Ýöne ysraýyllara näçe sütem etseler, olar şonça-da köpelip, ýaýrap barýardy. Muny gören müsürliler gorkdular+. 13 Şonuň üçin olar ysraýyllary gul edip, öňküdenem beter kösäp başladylar+. 14 Müsürliler olara palçyk gardyryp, kerpiç guýduryp, her dürli agyr işleri etdirip, itiň gününi görkezdiler. Olary gul edip+, rehimsizlik bilen ezdiler.

15 Bir gün Müsür faraony ýewreý göbegeneleri Şipra bilen Puwany çagyryp: 16 «Ýewreý aýallaryna çaga dogurdanyňyzda+, ogul bolsa öldüriň, gyz bolsa degmäň» diýip buýruk berdi. 17 Emma göbegeneler hak Hudaýdan gorkýardy. Şonuň üçin olar Müsür faraonynyň buýrugyny ýerine ýetirmän, oglan bäbekleri diri galdyrdylar+. 18 Müsür faraony olary çagyryp: «Oglan bäbekleri näme üçin öldüreňizok?» diýdi. 19 Şonda olar: «Ýewreý aýallary müsürli aýallar ýaly däl. Olar şeýle bir sagdyn welin, göbegene gelinçä, özleri dogurýar» diýdiler.

20 Şol sebäpli Hudaý göbegeneleri ýalkady. Ysraýyl halky bolsa gitdigiçe köpelip, örän güýçlenýärdi. 21 Göbegeneler hak Hudaýdan gorkýardy. Şonuň üçin Alla olara ogul-gyz berdi. 22 Ahyry faraon tutuş halkyna: «Ýewreýleriň ogul bäbeklerini Nil derýasyna taşlaň, gyzlaryna degmäň» diýip buýruk berdi+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş