Zebur
78 Eý halkym, kanunyma* gulak goý,
Agzymdan çykan sözlerimi diňle.
2 Men nakyllar bilen öwrederin,
Gadym döwrüň matallaryny aýdaryn+.
3 Bilen hem eşiden zatlarymyzy,
Ata-babalarymyz gürrüň beripdi+.
4 Biz hem olaryň agtyklaryndan hiç zady gizlemeris,
Geljekki nesillere aýdyp bereris+.
Ýehowanyň öwgä mynasyp işlerini, güýç-kuwwatyny+,
Eden gudratlaryny gürrüň bereris+.
5 Ol Ýakuba tabşyryk*,
Ysraýyla kanun berdi.
Kanunlaryny ogullaryna öwretmegi+
Ata-babalarymyza tabşyrdy.
6 Şonda geljekki nesil hem,
Dünýä injek çagalar hem bilerler+,
Olar hem öz perzentlerine gürrüň bererler+.
7 Olar Hudaýa bil baglarlar,
Allanyň eden işlerini unutmazlar+,
Kanunlaryna tabyn bolarlar+.
8 Olar ata-babalary ýaly,
Kesir we gozgalaňçy bolmazlar+,
Hudaýa göwünli-göwünsiz gulluk etmezler+,
Biwepa halk bolmazlar.
9 Efraýym ogullarynyň ok-ýaýy bolsa-da,
Söweş güni gaçyp gitdiler.
11 Olar Allanyň eden işlerini,
Görkezen gudratlaryny unutdylar+.
13 Deňzi bölüp, olar üçin ýol açdy,
Suwlary diwar kimin galdyrdy+.
14 Gündizine bulut bilen,
Gijesine oduň ýalny bilen ýol görkezdi+.
15 Çölde gaýalary ýardy,
Halky içip ganýança suw berdi+.
16 Gaýadan suw çykaryp,
Derýa kimin akdyrdy+.
17 Emma olar günä üstüne günä etdiler,
Çölde Allatagala* garşy gozgalaň turuzdylar+.
18 Olar Hudaýy synap*,
Açgözlük bilen çörek talap etdiler+.
19 «Hudaý çölüň ortasynda saçak ýazyp bilermi?» diýip,
Alla garşy hüňürdeşdiler+.
20 Ol gaýany urdy,
Suw joşup akdy, çeşme-çaýlar peýda boldy+.
Olar şonda-da: «Hudaý çörek berermi?
Halkyna et iýdirip bilermi?» diýdiler+.
21 Muny eşidip, Ýehowanyň gahary geldi+,
Ýakuba gazaby lowlap ýandy+,
Ysraýyla gahary tutaşdy+.
22 Olar Hudaýa iman etmediler+,
Halas edip biljekdigine ynanmadylar.
23 Şonda ol gögüň derwezelerini açdy,
Bulutly asmana buýurdy.
26 Alla asmanda gündogar ýelini turuzdy,
Güýji bilen günorta ýelini öwüsdirdi+.
27 Eti olaryň üstüne tozan kimin,
Guşlary deňiz çägesi kimin ýagdyrdy.
28 Guşlary düşelgelerine,
Çadyrlarynyň daş-töweregine ýagdyrdy.
29 Olaryň göwün islän zadyny berdi+.
Olar açgözlük bilen iýdiler.
Batyrlaryny gyrdy+,
Ysraýylyň goç ýigitlerini öldürdi.
33 Olaryň ömri bir demde ötüp gitdi+,
Ýyllary gorky içinde geçip gitdi.
34 Hudaý olary gyryp başlanda,
Yzyna dolanyp, Allany gözlediler+.
35 Hudaýyň Arkadagdygy+,
Allatagalanyň Halasgärdigi+ olaryň ýadyna düşdi.
36 Olar agzy bilen aldamak islediler,
Dili bilen ýalan sözlediler.
Gazaba münse-de+,
Gaharyny saklady.
42 Olar Allanyň güýçli goluny,
Duşmanlardan halas eden gününi ýatlamadylar+.
43 Müsür topragynda eden alamatlaryny+,
Suwan ýurdunda görkezen gudratlaryny unutdylar.
44 Adamlar akar suwdan içmesinler diýip,
Nil derýasynyň suwuny gana öwürdi+.
46 Ekinlerini ýalmap-ýuwudýan çekirtgelere,
Der döküp alan hasylyny çekirtge sürüsine iýdirdi+.
49 Ol gahar-gazaba mündi,
Olardan närazy bolup, bela-betere duçar etdi.
Başlaryna heläkçilik indermek üçin perişdelerini iberdi.
50 Hudaý gaharyny saklamady,
Olary ölüm penjesine berdi,
Mergi bilen gyryp taşlady.
51 Ahyrynda Müsüriň ähli nowbaharlaryny+,
Hamyň çadyrlarynda ilkinji doglanlary öldürdi.
52 Soňra halkyny goýun sürüsi kimin çykardy+,
Çölde olara ýol görkezdi.
55 Olaryň öňünden halklary kowup çykardy+,
Ýer paýlaryny ölçeg ýüpi bilen ölçäp berdi+.
Ysraýyl taýpalaryna ýaşar ýaly jaý berdi+.
57 Ata-babalary ýaly dönüklik etdiler, biwepa boldular+,
Olar kirşi üzülen dereksiz ýaý kimin boldular+.
59 Hudaý olary görüp gaharlandy+,
Ysraýyldan bütinleý ýüz öwürdi.
61 Ol äht sandygyny duşman eline berdi+,
Güýji hem şan-şöhraty ýesirlige gitdi.
62 Mirasyna gaharlandy,
Halkyny duşman gylyjy bilen öldürdi+.
63 Onuň ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy,
Gyzlaryna toý aýdymy aýdylmady.
66 Duşmanlaryny yzyna kowdy+,
Hemişelik masgara etdi.
67 Ýusubyň çadyryndan ýüz öwürdi,
Efraýym taýpasyny saýlamady.