Bäşinji Musa
6 Ýehowa Hudaýyňyz şu tabşyryklary, kanunlary we hökümleri size öwretmegi buýurdy. Olary mülk edip aljak ýurduňyzda berjaý ediň. 2 Özüňiz hem, ogullaryňyz, agtyklaryňyz hem ömürboýy Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup, men arkaly berýän kada-kanunlaryny, tabşyryklaryny berjaý etseňiz+, gowy günleri görüp, uzak ýaşarsyňyz+. 3 Eý ysraýyllar, ünsli diňläp, olary birkemsiz ýerine ýetiriň. Şonda ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň wada berişi ýaly, süýt bilen bal akýan ýurtda has-da köpelip, gowy ýaşarsyňyz.
4 Diňläň, eý ysraýyllar! Ýehowa Hudaýymyz ýeke-täk Ýehowadyr+. 5 Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz*+, bütin güýjüňiz* bilen söýüň+. 6 Tabşyrjak zatlarymy hemişe ýüregiňizde saklap, 7 çagalaryňyzyň* hem aňyna, ýüregine guýuň*+. Olary çagalaryňyza öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da öwrediň+. 8 Tabşyryklary eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+. 9 Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň.
10 Ýehowa Hudaýyňyz sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren* ýurduna elter+. Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz+, 11 özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz+. 12 Şonda seresap boluň, sizi Müsür gulçulygyndan çykaran Ýehowany unudaýmaň+. 13 Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkup+, gulluk ediň+, diňe onuň ady bilen ant içiň+. 14 Başga hudaýlara, daş-töwerekdäki halklaryň taňrylaryna sežde etmäň+. 15 Sebäbi araňyzda mesgen tutan Hudaýyňyz Ýehowa ýürekden wepaly bolmagy talap edýändir*+. Eger ýalan taňrylara sežde etseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzyň gahary gelip+, sizi ýer ýüzünden ýok eder+.
16 Messada edişiňiz ýaly+, Ýehowa Hudaýyňyzy synamaň+. 17 Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryny, öwüt-ündewlerini* we kanunlaryny ýürekden* berjaý ediň. 18 Ýehowanyň dogry we gowy hasaplaýan işlerini ediň. Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* eşretli ýurduny miras alyp, gowy ýaşarsyňyz+. 19 Ýehowanyň wada berişi ýaly, duşmanlaryňyzy ýurtdan kowup çykararsyňyz+.
20 Gelejekde ogullaryňyz: „Ýehowa Hudaýymyz şu öwüt-ündewleri, kanunlary we hökümleri näme üçin berdi?“ diýip sorasa, 21 olara şeýle diýiň: „Biz Müsürde faraona gul bolup ýaşaýardyk, şonda Ýehowa bizi güýçli goly bilen Müsürden çykardy. 22 Ýehowa gözümiziň alnynda beýik hem gorkunç alamatlar, gudratlar görkezip+, müsürlilere, faraona we öý-içerisine jeza berdi+. 23 Hudaý ata-babalarymyza wada beren* ýurduna+ eltmek üçin, bizi Müsürden alyp gaýtdy. 24 Ýehowanyň beren kanunlaryny berjaý edip, Ýehowa Hudaýymyzdan gorkup ýaşasak+, häzirki ýaly gowy durmuşda uzak ýaşarys+. 25 Eger Ýehowa Hudaýymyza gulak asyp, ähli tabşyryklaryny aýdyşy ýaly birkemsiz ýerine ýetirsek, Hudaýy razy ederis*“+.