Ikinji Patyşalar
11 Ahazýanyň ejesi Atalýa+ oglunyň ölendigini+ eşiden badyna, şa tagtynyň mirasdüşerlerini gyryp başlady+. 2 Emma Ýehoram patyşanyň gyzy, Ahazýanyň uýasy Ýehoşeba Ahazýa patyşanyň Ýehoýaş+ atly ogluny alyp gaçyp, enekesi bilen bir otagda* gizledi. Çagany Atalýadan gizläp, diri galdyrdylar. 3 Ony alty ýyllap enekesi* bilen Ýehowanyň öýünde gizläp sakladylar. Şol wagt ýurtda Atalýa höküm sürýärdi.
4 Ýedinji ýyl diýlende, Ýehoýada karyly garawullaryň we köşk garawullarynyň*+ ýüzbaşylaryny Ýehowanyň öýüne çagyrdy. Ol Ýehowanyň öýünde ýüzbaşylar bilen äht baglaşyp, olara ant içirdi-de, şazadany görkezdi+. 5 Soňra Ýehoýada: «Indi siz üç topara bölüniň. Toparlaryň biri Sabat güni köşgi gorasyn+. 6 Bir topar Düýp derwezesini, beýlekisi bolsa köşk garawullarynyň arkasyndaky derwezäni garawullasyn. Ybadathanany* hem gezekli-gezegine goraň. 7 Sabat güni nobatçylykdan boşaýan iki topar patyşany goramak üçin, Ýehowanyň öýüni garawullasyn. 8 Ähliňiz eliňize ýarag alyp, patyşany her tarapdan goraň. Nökerleriň arasyndan geçjek bolan adamy öldüriň. Patyşa nirä gitse-de, ýanyndan aýrylmaň» diýip buýurdy.
9 Ýüzbaşylar+ Ýehoýada ruhanynyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Sabat güni nobatçylyk edýän we nobatçylykdan boşaýan adamlary alyp, Ýehoýadanyň ýanyna bardylar+. 10 Ruhany bolsa ýüzbaşylara Dawut patyşanyň Ýehowanyň öýünde duran naýzalaryny we tegelek galkanlaryny çykaryp berdi. 11 Köşk garawullary+ hem ýaraglaryny alyp, ybadathananyň sag tarapyndan çep tarapyna çenli aralykda we gurbanlyk ojagy*+ bilen ybadathananyň gapdalynda durdular. Olar patyşany dumly-duşdan goradylar. 12 Soňra Ýehoýada şazadany+ daşaryk çykaryp, başyna täç geýdirdi-de, Hudaýyň kanunyny+ onuň depesinde saklap durdy*. Olar şazadany patyşa edip bellediler-de, el çarpyşyp: «Ýaşasyn patyşa!»+ diýip gygyryşdylar.
13 Atalýa ylgaşyp barýan adamlaryň sesini eşidip, Ýehowanyň öýüne üýşen märekäniň ýanyna bardy+. 14 Görse, patyşa adat boýunça sütüniň ýanynda dur+. Baştutanlar bilen surnaýçylar+ bolsa patyşanyň gapdalyndady, tutuş jemagat şatlanyp, surnaý çalýardy. Şonda Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Dönüklik! Dönüklik!» diýip gygyrdy. 15 Ýehoýada ruhany bolsa nökerleriň üstünden goýlan ýüzbaşylara+: «Atalýany bärden äkidiň, kim tarapyny tutsa, ony hem gylyçdan geçiriň!» diýdi, sebäbi Ýehoýada: «Atalýany Ýehowanyň öýünde öldüräýmäň» diýip tabşyrypdy. 16 Olar Atalýany tutup, atlaryň köşge+ salynýan ýerine eltip öldürdiler.
17 Soňra Ýehoýada halka-da, patyşa-da Ýehowa bilen äht baglaşdyrdy+. Şol ähte görä, olar Ýehowanyň halky bolmalydy. Ýehoýada tutuş halka patyşa bilen hem äht baglaşdyrdy+. 18 Adamlar Bagalyň buthanasyna baryp, gurbanlyk ojaklaryny+ ýumurdylar, butlaryny çym-pytrak etdiler+. Bagalyň ruhanysy Mattany bolsa gurbanlyk ojaklarynyň öňünde öldürdiler+.
Ýehoýada ruhany Ýehowanyň öýüne seredýän gözegçileri belledi+. 19 Ol patyşany Ýehowanyň öýünden alyp gaýtmak üçin, ýüzbaşylary+, karyly garawullary, köşk garawullaryny+ we tutuş halky ýygnady. Olar köşk garawullarynyň derwezesinden geçip, köşge bardylar. Patyşa bolsa şa tagtynda oturdy+. 20 Bütin halk şatlandy, şäheriň ilaty asuda ýaşap başlady, sebäbi Atalýany köşkde gylyçdan geçiripdiler.