Birinji Musa
8 Soňra Hudaý Nuhy we onuň bilen gämä giren ýabany hem-de öý haýwanlary ýadyna saldy+. Hudaý ýer ýüzüne ýel öwüsdirdi welin, suw peselip başlady. 2 Gök gümmeziniň* ähli çeşmeleri we asmanyň bentleri baglandy. Guýup duran ýagyş diňdi+. 3 Suw kem-kemden çekilip başlady, 150 günden suw ep-esli azaldy. 4 Ýedinji aýyň 17-sine gämi Ararat daglaryna gelip durdy. 5 Onunjy aýa çenli suw gitdigiçe azalyp, onunjy aýyň birine daglaryň depesi göründi+.
6 Nuh 40 günden soň gäminiň penjiresini açyp+, 7 bir gargany uçurdy. Ýöne heniz gury ýer ýokdy. Garga uçup gitse-de, aýlanyp-aýlanyp, ýene yzyna gelerdi.
8 Soňra Nuh suwuň çekilenini-çekilmänini biljek bolup, bir kepderini uçurdy. 9 Kepderi gonara ýer tapman, yzyna geldi, sebäbi bütin ýer ýüzüni entegem suw basyp durdy+. Nuh elini çykaryp, kepderini gämä saldy. 10 Ýedi günden kepderini ýene-de uçurdy. 11 Kepderi agşamara yzyna gaýdyp geldi, çüňkünde-de ýaňyja ýolnan zeýtun ýapragy bardy. Şonda Nuh suwuň çekilip ugrandygyna düşündi+. 12 Ol ýene-de ýedi gün garaşyp, kepderini uçurdy. Bu gezek kepderi yzyna gelmedi.
13 Nuhuň ömrüniň 601-nji ýylynda+, birinji aýyň birine suw ýer ýüzünden çekildi. Nuh gäminiň üçegini açyp görse, ýer gurap başlan eken. 14 Ikinji aýyň 27-sine ýer doly gurady.
15 Şonda Hudaý Nuha: 16 «Aýalyň, ogullaryň, gelinleriň bilen gämiden çyk+. 17 Ähli janly-jandarlary+, uçýan jandarlary, süýrenijileri we beýleki haýwanlary-da çykar. Goý, olar köpelip, sany artsyn, ýer ýüzüni doldursyn»+ diýdi.
18 Nuh aýalyny, ogullaryny+, gelinlerini alyp, gämiden çykdy. 19 Ähli janly-jandarlar, süýrenijiler, uçýan jandarlar, ýer ýüzündäki her dürli haýwanlar topar-topar bolup gämiden çykdylar+. 20 Soňra Nuh Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurup, halal haýwanlaryň we halal guşlaryň+ birnäçesini ýakma gurbanlygy edip hödürledi+. 21 Ýehowa gurbanlyklaryň ýakymly ysyny halady*. Şonda Ýehowa içinden: «Gaýdyp adam sebäpli, topragy näletlemerin*+. Sebäbi ynsan ýüregi ýaşlygyndan erbetlige ýykgyndyr+. Indi ynsanlary hem haýwanlary hiç haçan beýdip ýok etmerin+. 22 Mundan beýläk ýer ýüzünde ekin-dikiniň, hasylyň, yssy-sowugyň, gyşyň-ýazyň, gije-gündiziň yzy üzülmez»+ diýdi.