Birinji Taryh
13 Dawut müňbaşylar, ýüzbaşylar we ýolbaşçylar+ bilen maslahatlaşdy. 2 Soňra ol ysraýyl halkyna: «Garşy bolmasaňyz, Ýehowa Hudaýymyz hem oňlasa, Ysraýylyň ähli welaýatyna we şäherine* habar ýollap, ruhanylary, lewileri+ we tutuş halky çagyralyň. 3 Ählimiz üýşüp, Hudaýymyzyň äht sandygyny alyp gaýdalyň»+ diýdi. Şawulyň döwründe äht sandygyna sowuk-sala seredipdiler+. 4 Bütin halk Dawudy goldap, aýdanlaryny makullady. 5 Dawut hak Hudaýyň äht sandygyny Kirýat-ýegarimden alyp gaýtmak üçin, Müsür derýasyndan* tä Lebo-hamata*+ çenli ähli ysraýyllary ýygnady+.
6 Keruplaryň üstünde* tagtda oturan Ýehowanyň äht sandygynyň+ öňünde adamlar Hudaýyň adyny çagyrardylar. Dawut bilen ysraýyl halky hak Hudaýyň äht sandygyny getirmek üçin, Bagalaha+, ýagny Ýahudanyň Kirýat-ýegarim şäherine gitdiler. 7 Olar hak Hudaýyň äht sandygyny täze araba ýükläp+, Abynadabyň öýünden alyp gaýtdylar. Uza bilen Ahyý arabanyň öňünden gelýärdi+. 8 Dawut bilen tutuş ysraýyl halky bolsa hak Hudaýyň huzurynda joşup aýdym aýdyp, arfada, kirişli saz gurallarda, deprekde+, bürünç çanda*+ we surnaýda+ saz çalyp, şatlyk-şagalaň edip gelýärdiler. 9 Emma Kidon harmanyna ýetenlerinde, öküzler arabany tas agdarypdy. Uza elini uzadyp, äht sandygyny saklady. 10 Ýehowanyň Uza gahary gelip, oňa jeza berdi, sebäbi ol äht sandygyna el degripdi+. Şeýdip, Uza Hudaýyň huzurynda jan berdi+. 11 Ýehowanyň Uza gaharlanandygyny görüp, Dawut gynandy*. Şol ýere henizem Perez-uza* diýilýär.
12 Şol gün Dawut hak Hudaýdan gorkup: «Hak Hudaýyň äht sandygyny indi nädip şäherime äkideýin?» diýdi+. 13 Ol äht sandygyny ýaşaýan ýerine, ýagny Dawudyň şäherine äkitmän, getli Abytedomyň öýüne iberdi. 14 Hak Hudaýyň äht sandygy Abytedomyň öýünde üç aý durdy. Ýehowa bolsa Abytedomyň öý-içerisiniň berekedini artdyryp, mal-mülküni köpeldýärdi+.