Ikinji Taryh
14 Soňra Abyýar aradan çykyp, Dawudyň şäherinde+ jaýlandy, ýerine ogly Asa patyşa boldy. Asanyň höküm süren döwri ýurtda on ýyl parahatlyk* boldy.
2 Asa Ýehowa Hudaýyň öňünde dogry we ýagşy işleri etdi. 3 Ol ýalan taňrylaryň gurbanlyk ojaklaryny*+ we seždegählerini* aýyrdy, keramatly sütünleri çym-pytrak edip+, keramatly pürsleri* çapdy+. 4 Ol Ýahuda halkyna ata-babalarynyň Hudaýy Ýehowany agtaryp, Kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi tabşyrdy. 5 Ol Ýahudanyň ähli şäherlerindäki seždegähleri we tütetgi ojaklary* aýyrdy+. Asanyň höküm süren döwri halk asuda ýaşaýardy. 6 Şol ýyllar hiç kim Asa garşy çykyp bilmedi+, sebäbi Ýehowa oňa parahatlyk* beripdi. Ýurt asuda wagty Asa Ýahudada galalary gurdy+. 7 Ol Ýahuda halkyna: «Geliň, beýik diwarly, diňli, derwezeli we gulply şäherleri guralyň+. Ýehowa Hudaýy agtaranymyz üçin, ol ýurdy elimize berdi. Hudaýyň ýolundan ýöredik, ol hem daş-töwerekdäki duşmanlardan gorady*» diýdi. Şeýlelikde, olar şäherleri gurdular+.
8 Asanyň goşunynda ýahudalardan uly galkanly we naýzaly 300 000 esger bardy. Benýaminlerden bolsa kiçi galkanly* we ýaýly 280 000 gaýduwsyz esger bardy+.
9 Biraz wagtdan efiopiýaly Zera 1 000 000 pyýada esgeri we 300 söweş arabasy bilen olaryň üstüne çozdy+. Zera Mareşana+ gelende, 10 Asa oňa gaýtawul bermäge çykdy. Olar Mareşandaky Sepata jülgesinde hatara düzüldiler. 11 Asa Ýehowa Hudaýyny çagyryp+: «Eý Ýehowa, sen ejize-de, güýçlä-de* kömek edip bilýäň+. Ýehowa, saňa bil baglaýarys+, bize kömek et. Seniň adyň bilen şeýle uly goşuna garşy çykdyk+. Ýehowa, sen biziň Hudaýymyz. Ynsana özüňden üstün çykmaga ýol berme»+ diýdi.
12 Şonda Ýehowa efiopiýalylary Asanyň we ýahudalaryň öňünde derbi-dagyn etdi. Efiopiýalylar olardan gaçdylar+. 13 Asa esgerleri bilen efiopiýalylary Gerara+ çenli kowalady. Olaryň ýekejesi-de diri galmady, ählisi gyryldy. Ýehowa goşuny bilen efiopiýalylary derbi-dagyn etdi. Olar birgiden olja hem aldylar. 14 Soňra olar Geraryň daş-töweregindäki şäherlere çozdular, şol şäherleri hem Ýehowadan gorky gaplap alypdy. Şäherleriň oljasy köpdi, Asa esgerleri bilen olary talady. 15 Olar çopanlaryň çadyrlaryny talap, birgiden goýun-geçi we düýe olja alyp, Iýerusalime dolandylar.