Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Işaýa 22
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Işaýa kitabynyň mazmuny

      • Görnüş jülgesine çykarylan höküm (1—14)

      • Baş wezir Şebnanyň ýerine Alyýakym saýlanýar (15—25)

        • Asgyç (23—25)

Işaýa 22:1

Çykgytlar

  • *

    Iýerusalim göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 6:6

Işaýa 22:2

Parallel aýatlar

  • +Işa 3:1; Ýer 38:2; Agy 4:9

Işaýa 22:3

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:4, 5
  • +2Pa 25:11

Işaýa 22:4

Çykgytlar

  • *

    Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 4:19; 8:18, 19; 9:1
  • +Mik 1:8, 9

Işaýa 22:5

Parallel aýatlar

  • +Mik 7:4
  • +2Pa 25:10; Neh 1:3

Işaýa 22:6

Parallel aýatlar

  • +1Ms 10:22
  • +2Pa 16:9

Işaýa 22:8

Parallel aýatlar

  • +1Pa 7:1, 2

Işaýa 22:9

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:9, 10; Ýer 52:7
  • +Neh 3:15

Işaýa 22:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Ýaradyjyny.

Işaýa 22:12

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:17

Işaýa 22:13

Parallel aýatlar

  • +Işa 5:12; 56:12; Ams 6:1, 4; Luk 17:27; Ýak 5:5
  • +1Kr 15:32

Işaýa 22:14

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:31; Işa 1:11; Ýer 15:1; Hyz 24:13

Işaýa 22:15

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Köşk dolandyryjy.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:37; 19:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    3/2018, sah. 25

    «Salgylar mwb (2016)», 12/2016, sah. 2

Işaýa 22:16

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: jaý.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2016)», 12/2016, sah. 2

Işaýa 22:17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2016)», 12/2016, sah. 2

Işaýa 22:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/1/2007, sah. 8, 9

    «Salgylar mwb (2016)», 12/2016, sah. 2

Işaýa 22:20

Parallel aýatlar

  • +2Pa 18:26, 37

Işaýa 22:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 41:41, 42; Est 8:15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Salgylar mwb (2016)», 12/2016, sah. 2

Işaýa 22:22

Parallel aýatlar

  • +Ylh 3:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/1/2009, sah. 31

Işaýa 22:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: şöhrat tagtyny.

Işaýa 22:24

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýüki.

Işaýa 22:25

Parallel aýatlar

  • +Işa 22:15, 17

Umumy salgylar

Işa. 22:1Ýer 6:6
Işa. 22:2Işa 3:1; Ýer 38:2; Agy 4:9
Işa. 22:32Pa 25:4, 5
Işa. 22:32Pa 25:11
Işa. 22:4Ýer 4:19; 8:18, 19; 9:1
Işa. 22:4Mik 1:8, 9
Işa. 22:5Mik 7:4
Işa. 22:52Pa 25:10; Neh 1:3
Işa. 22:61Ms 10:22
Işa. 22:62Pa 16:9
Işa. 22:81Pa 7:1, 2
Işa. 22:92Pa 25:9, 10; Ýer 52:7
Işa. 22:9Neh 3:15
Işa. 22:12Ýow 2:17
Işa. 22:13Işa 5:12; 56:12; Ams 6:1, 4; Luk 17:27; Ýak 5:5
Işa. 22:131Kr 15:32
Işa. 22:143Ms 26:31; Işa 1:11; Ýer 15:1; Hyz 24:13
Işa. 22:152Pa 18:37; 19:2
Işa. 22:202Pa 18:26, 37
Işa. 22:211Ms 41:41, 42; Est 8:15
Işa. 22:22Ylh 3:7
Işa. 22:25Işa 22:15, 17
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
Işaýa 22:1—25

Işaýa

22 Görnüş jülgesine* çykarylan höküm+:

Size näme bolýar? Üçekleriňize näme üçin çykýarsyňyz?

 2 Eý şadyhorram şäher!

Sen goh-galmagaldan we dawa-jenjelden doludyň.

Seniň halkyň heläk boldy, ýöne gylyçdan ölmändi,

Söweş meýdanynda wepat bolmandy+.

 3 Zalym baştutanlaryň gaçyp gitdi+.

Olar ok-ýaýsyz ýesir düşdi.

Uzaga gaçsalar-da,

Ele düşenleriň ählisi ýesir alyndy+.

 4 Şonuň üçin men şeýle diýdim:

«Maňa seretmäň,

Men ajy hasrat çekeýin+.

Maňa göwünlik bermäň,

Heläk bolan halkymyň gyzy* üçin aglaýyn+.

 5 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň gününde

Görnüş jülgesinde başagaýlyk,

Howsalalyk we heläkçilik bolar+.

Gala ýer bilen ýegsan ediler+,

Agy sesi daglarda ýaň salar.

 6 Elam+ ok gabyny eline alar,

Atlara we söweş arabalaryna münüp geler.

Hir+ galkanyny taýýarlar.

 7 Seniň gözel jülgeleriň,

Söweş arabalaryndan dolar.

Derwezäniň öňünde hatar-hatar atlylar durar.

 8 Ýahudanyň elinden galkany alnar.

Şol gün siz Tokaý öýi+ atly ýarag ambaryna seredip durarsyňyz. 9 Dawut şäheriniň diwarlarynda köp jaýryklary görersiňiz+, aşaky howza+ suw ýygnarsyňyz. 10 Iýerusalimdäki jaýlary sanarsyňyz, şäher diwarlaryny berkitmek üçin jaýlaryňyzy ýykarsyňyz. 11 Köne howzuň suwy üçin iki diwaryň arasynda howdan gazarsyňyz. Emma siz gadymy günlerde betbagtçylyk taýýarlap goýan Beýik Hudaýy* ýatlamarsyňyz, ol hakda oýlanmarsyňyz.

12 Şol gün Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa

Size aglamagy, ýas tutmagy+,

Saçyňyzy syryp, jul* geýmegi buýrar.

13 Emma siz öküz, goýun soýup,

Et iýýärsiňiz, şerap içýärsiňiz+,

Şatlanyp, begenip şeýle diýýärsiňiz:

„Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“»+.

14 Şonda Serkerdebaşy Ýehowa maňa şeýle diýdi: «„Eý halk, eden şu günäňizi ölýänçäňiz bagyşlamaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

15 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Baş wezir* Şebnanyň+ ýanyna bar-da, şeýle diý: 16 „Seniň bärde mazar gazmaga näme hakyň bar? Bärde ata-babaň jaýlandymy näme?“ Ol özüne dagda mazar, gaýada gabyr* gazdyrýar. 17 „Eý ynsan, Ýehowa seni bat bilen aşak zyňar. Ol seniň ýakaňdan tutup, 18 top kimin togalar we giň sähra çykaryp taşlar. Sen şol ýerde ölersiň, haýbatly söweş arabalaryň hem şol ýerde galar. Şeýdip, hojaýynyň öýi masgara bolar. 19 Men seni oturan ýeriňden kowaryn, wezipäňden boşadaryn.

20 Şol gün men gulum Hilkiýanyň ogly Alyýakymy+ çagyraryn. 21 Men seniň donuňy oňa geýdirerin, guşagyňy biline guşaryn+, wezipäňi oňa bererin. Ol Iýerusalim ilatynyň we Ýahuda öýüniň atasy bolar. 22 Onuň döşüne Dawut öýüniň açaryny+ dakaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapmaz, ýapanyny hiç kim açmaz. 23 Men ony berk diwara asgyç kimin kakaryn we ol atasynyň öýüne şöhrat* getirer. 24 Atasynyň öýüniň şöhraty* ondan asylar, ähli kiçi gap-gaçlaryň, jamlaryň we uly küýzeleriň asgyçdan asylyşy ýaly, nebereleri hem-de nesilleri oňa bil baglarlar“».

25 «Şol gün diwara kakylan asgyç ýok ediler+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Ony çapyp taşlarlar, ondan asylan zatlar hem çym-pytrak bolar. Muny Ýehowa aýdandyr».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş