Zebur
Sabat gününe bagyşlanan aýdym.
92 Ýehowa, saňa alkyş aýtmak nähili gowy!+
Eý Allatagala*, adyňa aýdym aýtmak nähili gowy!
2 Säher bilen seniň söýgiň* hakda wagyz etmek+,
Gijesine wepadarlygyň hakda gürrüň bermek ýakymlydyr!
3 On kirişli saz guraly, tanbur* we arfa bilen,
Şirin mukam çalyp, seni wasp etmek nähili gowy!+
4 Eý Ýehowa, işleriň bilen meni begendirdiň,
Eden işleriňi görüp, joşup aýdym aýdýaryn.
5 Eý Ýehowa, ajaýyp işleriň beýikdir+,
Düşünjäň örän çuňdur!+
6 Akmak adam şulary öwrenip bilmez,
Akylsyz adam düşünip bilmez+:
7 Erbetleriň haşal ot kimin gögermegi,
Günäkärleriň gülläp ösmegi,
Olaryň ebedilik ýok edilmegi üçindir+.
8 Eý Ýehowa, sen hemmelerden beýik!
11 Gözüm bilen duşmanlaryň ýeňlişini görerin+,
Gulagym bilen zalymlaryň ýykylanyny eşiderin.
13 Olar Ýehowanyň öýünde ekilendir,
Hudaýyň howlularynda gülläp ösýändir+.
14 Olar garrylyk çagynda hem miwe bererler+,
Gujur-gaýratly hem ruhubelent bolarlar+.
15 Olar Ýehowanyň dogruçyllygyny yglan ederler.
Alla Arkadagymdyr+, adalatsyzlyk edýän däldir.