Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Şamuwel 24
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Dawudyň ilat ýazuwyny geçirip, günä etmegi (1—14)

      • Mergi keselinden 70 000 adam ölýär (15—17)

      • Dawudyň guran gurbanlyk ojagy (18—25)

        • Mugt düşen zat gurban berilmeýär (24)

2 Şamuwel 24:1

Parallel aýatlar

  • +2Şm 21:1
  • +1Tr 21:1—3
  • +1Tr 27:23, 24

2 Şamuwel 24:2

Parallel aýatlar

  • +2Şm 8:16; 20:23
  • +Ser 20:1

2 Şamuwel 24:4

Parallel aýatlar

  • +4Ms 1:2; 1Tr 21:4

2 Şamuwel 24:5

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: sag tarapynda.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 2:36; Ýuş 13:8, 9
  • +4Ms 32:34, 35

2 Şamuwel 24:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 32:40
  • +1Ms 10:15; 49:13; Ýuş 11:8

2 Şamuwel 24:7

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 19:24, 29
  • +Ýuş 11:19
  • +Ýuş 15:1
  • +1Ms 21:31; Ýuş 15:21, 28

2 Şamuwel 24:9

Parallel aýatlar

  • +4Ms 2:32; 26:51; 1Tr 21:5, 6; 27:23

2 Şamuwel 24:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ýüregi.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 24:5; Rim 2:15
  • +2Şm 12:13
  • +Zb 130:3; Hoş 14:2; 1Ýh 1:9
  • +1Tr 21:8—13

2 Şamuwel 24:11

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 22:5; 1Tr 29:29

2 Şamuwel 24:12

Parallel aýatlar

  • +Nak 3:12

2 Şamuwel 24:13

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:18, 20; 2Şm 21:1
  • +3Ms 26:14, 17
  • +3Ms 26:16

2 Şamuwel 24:14

Parallel aýatlar

  • +2Tr 28:1, 5
  • +Ýew 12:6
  • +Zb 103:8; 119:156

2 Şamuwel 24:15

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:46; 1Tr 27:24
  • +2Şm 24:2
  • +1Tr 21:14, 15

2 Şamuwel 24:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ökünip.

Parallel aýatlar

  • +Zb 78:38; Ýer 26:19; Ýow 2:13
  • +1Ms 10:15, 16; Ýuş 15:8
  • +2Tr 3:1

2 Şamuwel 24:17

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Goýunlar.

Parallel aýatlar

  • +Zb 95:7
  • +1Tr 21:16, 17

2 Şamuwel 24:18

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 21:18—23; 2Tr 3:1

2 Şamuwel 24:21

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:46, 47; 25:8; 2Şm 24:15

2 Şamuwel 24:23

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Aruna.

2 Şamuwel 24:24

Çykgytlar

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +1Tr 21:24—28

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    7/2022, sah. 7

2 Şamuwel 24:25

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:25; 1Tr 22:1
  • +2Şm 21:14; 2Tr 33:13

Umumy salgylar

2 Şam. 24:12Şm 21:1
2 Şam. 24:11Tr 21:1—3
2 Şam. 24:11Tr 27:23, 24
2 Şam. 24:22Şm 8:16; 20:23
2 Şam. 24:2Ser 20:1
2 Şam. 24:44Ms 1:2; 1Tr 21:4
2 Şam. 24:55Ms 2:36; Ýuş 13:8, 9
2 Şam. 24:54Ms 32:34, 35
2 Şam. 24:64Ms 32:40
2 Şam. 24:61Ms 10:15; 49:13; Ýuş 11:8
2 Şam. 24:7Ýuş 19:24, 29
2 Şam. 24:7Ýuş 11:19
2 Şam. 24:7Ýuş 15:1
2 Şam. 24:71Ms 21:31; Ýuş 15:21, 28
2 Şam. 24:94Ms 2:32; 26:51; 1Tr 21:5, 6; 27:23
2 Şam. 24:101Şm 24:5; Rim 2:15
2 Şam. 24:102Şm 12:13
2 Şam. 24:10Zb 130:3; Hoş 14:2; 1Ýh 1:9
2 Şam. 24:101Tr 21:8—13
2 Şam. 24:111Şm 22:5; 1Tr 29:29
2 Şam. 24:12Nak 3:12
2 Şam. 24:133Ms 26:18, 20; 2Şm 21:1
2 Şam. 24:133Ms 26:14, 17
2 Şam. 24:133Ms 26:16
2 Şam. 24:142Tr 28:1, 5
2 Şam. 24:14Ýew 12:6
2 Şam. 24:14Zb 103:8; 119:156
2 Şam. 24:154Ms 16:46; 1Tr 27:24
2 Şam. 24:152Şm 24:2
2 Şam. 24:151Tr 21:14, 15
2 Şam. 24:16Zb 78:38; Ýer 26:19; Ýow 2:13
2 Şam. 24:161Ms 10:15, 16; Ýuş 15:8
2 Şam. 24:162Tr 3:1
2 Şam. 24:17Zb 95:7
2 Şam. 24:171Tr 21:16, 17
2 Şam. 24:181Tr 21:18—23; 2Tr 3:1
2 Şam. 24:214Ms 16:46, 47; 25:8; 2Şm 24:15
2 Şam. 24:241Tr 21:24—28
2 Şam. 24:252Ms 20:25; 1Tr 22:1
2 Şam. 24:252Şm 21:14; 2Tr 33:13
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
2 Şamuwel 24:1—25

Ikinji Şamuwel

24 Biri gelip, Dawuda: «Ysraýyl bilen Ýahuda halkyny+ sanap çyk»+ diýip öjükdirdi. Şonda Ýehowanyň Ysraýyla ýene⁠-⁠de gahary geldi+. 2 Dawut goşunbaşysy Ýowaba+: «Men halkyň sanyny biljek. Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli Ysraýyl taýpalaryna aýlanyp, ilat ýazuwyny geçiriň» diýdi. 3 Emma Ýowap: «Goý, Ýehowa Hudaý halkyny 100 esse köpeltsin! Şa hezretleri⁠-⁠de muny gözi bilen görsün. Patyşahym, halky sanamak nämä gerek?» diýdi.

4 Emma patyşa Ýowaby⁠-⁠da, serkerdeleri⁠-⁠de diňlemek islemedi. Ýowap serkerdeler bilen patyşanyň huzuryndan çykyp, Ysraýylda ilat ýazuwyny geçirmäge gitdi+. 5 Olar Iordandan geçip, Arogerde+ düşlediler, ol jülgäniň ortasyndaky şäheriň günortasynda* ýerleşýärdi. Soňra Gada we Ýazere+ bardylar. 6 Ol ýerden Gileada+, soňra Tahtym⁠-⁠hoş topragyna we Dan⁠-⁠ýegana gitdiler, soňam Sidona+ aýlandylar. 7 Soňra Tir galasyna+, hiwileriň+ we kenganlaryň şäherlerine aýlanyp çykdylar. Ahyry Ýahudadaky Negepde+ ýerleşýän Beýer⁠-⁠şeba+ bardylar. 8 Olar 9 aý 20 günde tutuş ýurdy aýlanyp, Iýerusalime geldiler. 9 Ýowap halkyň sanyny patyşa habar berdi. Ysraýyllardan söweşe ukyply 800 000 esger, ýahudalardan 500 000 esger çykdy+.

10 Emma ilat ýazuwyny geçirensoň, Dawudyň ynsaby* ezýet berip başlady+. Ol Ýehowa: «Men agyr günä etdim+. Ýehowa, ýalbarýaryn, günämi geç+, akmaklyk etdim»+ diýdi. 11 Ertesi irden Ýehowa Dawudyň görgüri* Gad pygambere+ şeýle diýdi: 12 «Git⁠-⁠de, Dawuda: „Ýehowa şu üç jezadan birini saýla diýýär“+ diý». 13 Gad pygamber Dawudyň ýanyna baryp: «Şu üç jezanyň birini saýla: ýurduňa ýedi ýyl açlyk düşsünmi?+ Ýa üç aý duşmanlaryňdan gaçyp gezjekmi?+ Ýa⁠-⁠da ýurduňda üç gün mergi keseli bolsunmy?+ Gowy oýlan⁠-⁠da, meni iberen Biribara näme diýmelidigimi aýt» diýdi. 14 Şonda Dawut: «Wah, agyr derde galdym. Ynsanyň eline düşenden+, gowusy, Ýehowanyň eline düşeli+, sebäbi ol rehim⁠-⁠şepagatlydyr»+ diýdi.

15 Ýehowa şol gün irdenden tä aýdylan wagta çenli ysraýyllary mergi keseline duçar etdi+. Şonda Dandan Beýer⁠-⁠şeba+ çenli 70 000 adam heläk boldy+. 16 Perişde Iýerusalim ilatyny gyrmak üçin elini uzadanda, Ýehowa betbagtçylyga gynanyp*+, halky gyryp ýören perişdä: «Besdir, eliňi çek!» diýdi. Şol wagt Ýehowanyň perişdesi ýabuslardan+ Arunanyň harmanyna+ ýetipdi.

17 Dawut halky gyryp ýören perişdäni görende, Ýehowa ýüzlenip: «Günä edenem, erbetlik edenem men. Görgüli halk*+ näme etdi? Ýalbarýaryn, olardan eliňi çekip, maňa we atamyň öýüne jeza ber»+ diýdi.

18 Şol gün Gad pygamber Dawudyň ýanyna gelip: «Git⁠-⁠de, ýabuslardan Arunanyň harmanynda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gur»+ diýdi. 19 Dawut Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, Gad pygamberiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. 20 Dawut patyşanyň hyzmatkärleri bilen gelýänini gören Aruna ylgap çykdy⁠-⁠da, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 21 Ol: «Şa hezretleri gulunyň ýanyna näme üçin geldikä?» diýip sorady. Dawut: «Halkyň başyndan gyrgynçylyk aýrylar ýaly+ harmanyňy satyn alyp, Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurmaga geldim» diýdi. 22 Emma Aruna: «Patyşahym, harmany saňa mugt bereýin. Islän zadyňy gurban ber. Ine ýakma gurbanlygy üçin öküz, odun üçin harman döwülýän tagta bilen boýuntyrygam bar. 23 Men* olary şa hezretlerine berýärin» diýdi. Soňra ol: «Goý, Ýehowa saňa ak pata bersin!» diýdi.

24 Emma Dawut: «Ýok, men satyn aljak. Mugt düşen zady Ýehowa Hudaýyma ýakma gurbanlygy edip berip bilmerin» diýdi. Ol harmany we öküzleri 50 şekel* kümşe satyn aldy+. 25 Dawut şol harmanda Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup+, ýakma we parahatlyk gurbanlyklary hödürledi. Şondan soň Ýehowa halkyň ýurt üçin edýän ahy⁠-⁠nalasyny eşitdi+. Ysraýylda gyrgynçylyk togtady.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş