1 Şamuwel
16 Ahyrsoňy Ýehowa Şamuwele: «Sen haçana çenli Şawul sebäpli hasrat çekip ýörjek?+ Şawuly Ysraýyl patyşalygyndan aýyrdym+. Hany, gabyňy* ýagdan doldur-da+, ýola düş. Seni beýtullahamly Ýessäniň+ ýanyna iberjek, Ýessäniň bir ogluny patyşa edip saýladym»+ diýdi. 2 Emma Şamuwel: «Men nädip gideýin? Şawul eşidäýse, meni öldürer ahyryn»+ diýdi. Şonda Ýehowa: «Bir göläni äkit-de: „Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim“ diýäý. 3 Gurbanlyk berjek ýeriňe Ýessäni hem çagyr. Näme etmelidigiňi soň aýdaryn. Kimi görkezsem, şony patyşa bellärsiň»+ diýdi.
4 Şamuwel Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Beýtullahama+ baranda, şäheriň ýaşululary gorkup: «Agam, eýgilikmi?» diýip soradylar. 5 Şamuwel: «Hawa, Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim. Tämizleniň-de, meniň bilen gurbanlyk bermäge geliň» diýdi. Soňra ol Ýesse bilen ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi-de, gurbanlyk beriljek ýere çagyrdy. 6 Olar gelende, Şamuwel Alyýaby+ görüp: «Ine, Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýdi. 7 Emma Ýehowa: «Onuň boý-syratyna, daýawlygyna seretme+, men ony saýlamadym. Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär»+ diýdi. 8 Soňra Ýesse Abynadaby+ Şamuweliň ýanyna getirdi. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa muny saýlamady» diýdi. 9 Soňra Ýesse Şammaýy+ getirdi, emma Şamuwel: «Ýehowa muny hem saýlamady» diýdi. 10 Şeýdip, Ýesse Şamuwele ýedi oglunam görkezdi, ýöne ol: «Ýehowa olaryň hiç birini saýlamady» diýdi.
11 Şamuwel Ýesseden: «Başga-da ogluň barmy?» diýip sorady. Ol: «Hawa, körpe oglum bar+, goýun bakyp ýör»+ diýip jogap berdi. Şonda Şamuwel: «Adam iber-de, ony getirt. Gelýänçä, saçak başyna geçmeris» diýdi. 12 Ýesse adam iberip, ogluny getirtdi. Ol saryýagyz*, gözleri owadan, görmegeý oglandy+. Şonda Ýehowa: «Ine meniň saýlanym! Bar, ýag guý-da, ony belle»+ diýdi. 13 Şamuwel ýagly gaby+ alyp, doganlarynyň öňünde Dawudyň başyna ýag guýdy. Şol gün Dawudyň üstüne Ýehowanyň ruhy inip, oňa güýç-kuwwat berip başlady+. Şamuwel bolsa biraz wagtdan Rama gaýtdy+.
14 Ýehowanyň ruhy Şawuldan aýrylypdy+. Ýehowa Şawuly erbet pikirler bilen kösedi*+. 15 Şonda hyzmatkärleri: «Patyşahym, Hudaý sizden elini çekdi. Indi janyňyz rahatlyk tapanok. 16 Goý, hyzmatkärler ussat sazanda tapsyn+. Hudaý sizi ynjalykdan gaçyranda, ol arfada saz çalyp, göwnüňizi açar» diýdiler. 17 Şawul: «Onda gaýrat edip, ökde sazanda tapyp geliň» diýdi.
18 Hyzmatkärleriň biri: «Wiý, ýogsa-da, beýtullahamly Ýessäniň ogly ökde sazanda eken. Ol batyrgaý, gaýduwsyz+, dilewar hem görmegeý ýigit+, Ýehowa-da ony goldaýar»+ diýdi. 19 Şawul Ýessäniň ýanyna adam ýollap: «Çopan ogluň Dawudy bärik iber»+ diýdi. 20 Ýesse çörek bilen bir meşik şeraby, bir owlagy eşege ýükläp, ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberdi. 21 Dawut Şawulyň huzurynda hyzmat edip başlady+. Şawul Dawudy gowy görüp, ýarag göterýän nökeri etdi. 22 Ol Ýessä habar ýollap: «Dawut hyzmatymda galsyn, ol göwnümden turdy» diýdi. 23 Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyranda, Dawut arfasyny alyp, saz çalardy. Şonda Şawulyň ýüregi giňäp, göwni açylardy, erbet pikirleri hem aýrylardy+.