Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Uzaklardaky ümsüm gögerçin» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Piliştliler Dawudy Get+ galasynda ele salýar.
56 Ýa Allam, maňa rehim eýle!
Başy ölümli ynsan topulýar.
Uzakly gün meniň bilen göreşýär, zulum-sütem edýär.
2 Duşmanlarym her gün meni yzarlaýar.
Gopbamsylar meniň bilen söweşýär.
3 Meni gorky basanda+, saňa bil baglaryn+.
4 Hudaýyma bil baglaryn, sözüni wasp ederin.
Men gorkmaryn, Allama bil baglaryn.
Ynsan maňa näme edip biler?+
5 Her gün maňa azar berýärler,
Ýamanlyk etmegiň küýüne düşýärler+.
7 Eý Hudaý, erbet işleri üçin olara temmi ber.
Gahar-gazap bilen halklary ýok et+.
8 Sergezdan bolanymy bilýärsiň+.
Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla+.
Olaryň ählisini kitabyňa ýazansyň+.
9 Seni çagyran günüm duşmanlarym gaçyp gider+.
Hudaý meniň tarapymda, muny anyk bilýärin+.
10 Hudaýa bil baglaryn, sözüni wasp ederin.
Ýehowa bil baglaryn, sözüni wasp ederin.
11 Men gorkmaryn+, Alla bil baglaryn.
Ynsan maňa näme edip biler?+