Zebur
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
2 Her säher Allanyň sözüni sözleýär,
Her gije bilimini yglan edýär.
3 Ne gep bar, ne-de gürrüň,
Olardan ses-seda çykmaýar.
Hudaý gökde Gün üçin çadyr dikdi.
5 Gün öýlenýän ýigit kimin çadyryndan çykýar.
Ýaryşa gatnaşýan adam kimin şatlanýar.
7 Ýehowanyň kanuny kämil+, güýjüňe güýç goşýar+,
8 Ýehowanyň buýruklary adalatly, ýüregi şatlandyrýar+.
Ýehowanyň tabşyryklary päk, gözleri nurlandyrýar+.
9 Ýehowadan gorky+ peýdaly*, ebedi dowam edýär.
Ýehowanyň hökümleri hakdyr, ählisi adalatlydyr+.
10 Olar altyndan has gymmatlydyr,
Sap altyndan has arzylydyr+,
Baldan, ary öýjüginden damýan baldan hem süýjüdir+.
12 Kim eden ýalňyşyna düşünip biler?+
Bilmän eden günälerimi bagyşla.