Işaýa
66 Ýehowa şeýle diýýär:
«Gökler meniň tagtym, ýer basgançagym+.
Pesgöwünli, ruhdan düşen,
Sözümden gorkýan adama nazar salaryn+.
3 Öküz soýýanlar adam öldürýän ýalydyr+,
Goýny gurbanlyk berýänler
Itiň boýnuny omurýan ýalydyr+.
Sadaka berýänler doňzuň ganyny hödürleýän ýalydyr+.
Olar ýörejek ýollaryny saýladylar,
Ýigrenji işleri edip, keýp aldylar.
4 Menem olara berjek temmimi saýlaryn+,
Gorkýan zadyny başlaryna indererin.
Sebäbi men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi,
Men geplänimde, hiç kim diňlemedi+.
Olar meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,
Halamaýan zatlaryma göwün berdiler»+.
5 Ýehowanyň sözünden gorkýanlar! Hudaýyň sözüni eşidiň:
«Meniň adym üçin doganlaryňyz sizi ýigrenip, kowdular,
Soňra bolsa: „Ýehowa şöhrat!“+ diýdiler.
Emma Hudaý size kömege ýetişer, sizi şatlandyrar,
Olary bolsa masgara eder»+.
6 Şäherden gykylyk, ybadathanadan goh-galmagal eşidilýär,
Sebäbi Ýehowa duşmanlarynyň almytyny berýär.
7 Aýalyň burgusy tutmanka çagasy boldy+,
Sanjysy tutmanka ogly dünýä indi.
8 Şeýle zady eşiden barmy?
Şeýle zady gören barmy?
Bir günde ýurt dörärmi?
Bir demde millet dogularmy?
Sionyň burgusy tutan badyna ogullary dünýä indi.
9 «Men aý-gününi doldurybam, dogurtman goýarynmy?»
Muny Ýehowa aýdýar.
«Sanjysyny tutdurybam, ýatgysyny baglarynmy?»
Muny Hudaý aýdýar.
10 Iýerusalimi söýýänler+, onuň bilen şatlanyň, begeniň+.
Iýerusalimiň ýasyny tutanlar, onuň bilen şatlanyň.
11 Çaganyň ejesini emip, rahatlanyşy ýaly,
Sizem Iýerusalimi görüp, göwünlik taparsyňyz,
Ondan ganyp, şan-şöhratyna begenersiňiz.
12 Ýehowa şeýle diýýär:
Ol sizi emdirer, elinde göterer,
Aýagynda yralar.
13 Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly,
Menem size göwünlik bererin+.
Iýerusalimi görüp, kalbyňyz rahatlyk tapar+.
Duşmanlaryny bolsa höküm eder»+.
16 Ýehowa ot bilen höküm eder,
Adamlara garşy gylyjyny galdyrar,
Köpler Ýehowanyň elinden öler.
17 Olar tämizlenip we taýýarlyk görüp, ýalan taňra sežde etmek üçin* keramatly baga+ barýarlar. Doňzy+, syçany+ we haram zatlary iýýärler. Olaryň hemmesi ýok bolar». Muny Ýehowa aýdýar. 18 «Sebäbi men olaryň edýän işlerini, oý-pikirlerini bilýärin. Men milletleri we dilleri bir ýere jemlärin. Olar hem meniň şöhratymy görerler».
19 «Men olaryň arasynda bir bellik dikerin. Aman galanlaryň käbirini ýaýçylaryň ýurduna: Tarşyşa+, Puwala, Luda+ ibererin. Olary Tubala, Ýawana+ we uzak adalara ýollaryn. Ol milletler men hakda eşitmändiler, şöhratymy görmändiler. Aman galanlar olara şöhratym hakda gürrüň bererler+. 20 Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň öýüne arassa gap-gaçlarda sadaka getirişi ýaly, olar hem doganlaryňyzy atlarda, arabalarda, paýtunlarda, gatyrlarda we ýüwrük düýelerde başga milletleriň arasyndan alyp gelerler+. Olary mukaddes dagyma, Iýerusalime getirip, Ýehowa sadaka bererler». Muny Ýehowa aýdýar.
21 «Olaryň käbirini ruhany we lewi edip bellärin». Muny Ýehowa aýdýar.
22 Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň ýaradan täze göklerim we täze ýerim+ huzurymda ebedi durar. Şonuň ýaly siziň nesliňiz-de, adyňyz-da baky galar+.