Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/11 sah. 23—27
  • Siz indi Hudaýyň halkysyňyz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz indi Hudaýyň halkysyňyz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝYŇ TÄZE HALKY
  • ÝEHOWANYŇ ADYNY GÖTERÝÄN HALK
  • HUDAÝYŇ HALKY TÄZEDEN DIKELÝÄR
  • «ÖZÜŇ BILEN GITMÄGE BIZE YGTYÝAR ET»
  • ÝEHOWANYŇ HALKY BILEN HALAS BOLALYŇ
  • Hudaýyň saýlan halkynda doglanlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Meniň şaýatlarym bolarsyňyz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/11 sah. 23—27
B. e. 33-nji ýylynda Isanyň resullarynyň we şägirtleriniň üstüne mukaddes ruh inende, olaryň depesinde oduň ýalynlary kimin bölnen diller peýda boldy

Siz indi Hudaýyň halkysyňyz

«Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz». 1 PET. 2:10

JOGAP BERIP BILERMISIŇIZ?

  • I asyrda Ýehowanyň halky kimlerden ybaratdy?

  • I asyrdaky mesihçiler Ýehowanyň adyny göterýän halkdygyny nädip görkezdiler?

  • Şu günler Ýehowanyň halky kimlerden ybarat we «başga goýunlar» «uly muşakgatda» halas bolmak üçin näme etmeli?

1, 2. B. e. 33-nji ýylynda nähili uly özgerişik boldy we Ýehowanyň täze halkynyň agzalaryna kimler degişlidi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

B. E. 33-nji ýylynda Ýehowanyň halkynyň taryhynda örän ähmiýetli waka boldy. Şol gün Ýehowa uly özgerişik edip, mukaddes ruhy arkaly «Hudaýyň Ysraýyly» bolan täze halky döretdi (Gal. 6:16). Bu halkyň agzalaryna Ybraýymyň nesilleri ýaly sünnetlenmek gerek däldi. Pawlus resul olaryň «ýüreginiň ruhdaky sünnetliliginiň» bardygyny aýtdy (Rim. 2:29).

2 Iýerusalimde bir jaýyň ýokarky otagyna ýygnanan Isanyň resullary we başga-da ýüzden gowrak şägirtler Hudaýyň täze halkynyň ilkinji agzalarydy (Res. iş. 1:12—15). Olar mukaddes ruh arkaly Hudaýyň ogullary hökmünde mesh edildiler (Rim. 8:15, 16; 2 Kor. 1:21). Bu töwellaçy Isa Mesihiň gany arkaly berkidilen täze ähtiň güýje girendigini görkezýärdi (Luka 22:20; Ýewreýler 9:15-i okaň). Şeýlelikde, bu şägirtler Ýehowanyň täze halkynyň agzalary boldular. Şol gün şägirtleriň üstüne mukaddes ruh inip, olar Iýerusalimde Pentikost baýramyny bellemek üçin Rim imperiýasynyň ähli künjeginden gelen ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere dürli dillerde wagyz etdiler. Şonda adamlar «Hudaýyň uly işleri» barada öz ene dilinde eşidip, gowy düşündiler (Res. iş. 2:1—11).

HUDAÝYŇ TÄZE HALKY

3—5. a) Pentikost gününde Petrus resul ýehudylara näme diýdi? b) I asyrda Ýehowanyň täze halkynyň agzalary nädip köpelýärdi?

3 Ýehowa Petrus resul arkaly ýehudylara we ýehudy dinine geçenlere täze halkynyň, ýagny mesihçiler ýygnagynyň agzalary bolmaga mümkinçilik berdi. Pentikost gününde Petrus batyrgaýlyk bilen wagyz edip, ýehudylaryň pürse çüýlän Isa Mesihini «Reb hem-de Mesih» hökmünde kabul etmelidiklerini aýtdy (Res. iş. 2:22, 23, 36—38). Şol gün takmynan üç müňe golaý adam ruhy Ysraýyl halkyna goşuldy (Res. iş. 2:41). Şondan soň resullaryň yhlasly wagyz etmegi bol hasyl berdi (Res. iş. 6:7). Şeýlelikde, täze halkyň agzalary barha köpelýärdi.

4 Soňra wagyz işi Samariýa çenli ýaýrap, gowy netijeleri berdi. Köp adamlar hoş habarçy Filipus arkaly suwda çokundyryldy. Emma olara derrew mukaddes ruh berilmedi. Şol sebäpli Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahaty Petrus bilen Ýahýa resuly Samariýa iberdiler. «Resullar ellerini olaryň üstünde goýanlarynda, olar hem Mukaddes Ruhy aldylar» (Res. iş. 8:5, 6, 14—17). Şeýdip, bu samariýalylar hem mesh edilip, ruhy Ysraýylyň agzalary boldular.

Petrus resul Korneliusyň öýüne barýar

Petrus resul Korneliusa we onuň maşgalasyna wagyz etdi (5-nji abzasa serediň)

5 B. e. 36-njy ýylynda Hudaý başga adamlara hem täze halkyna goşulmaga kömek etmek üçin ýene-de Petrus resuly ulandy. Şonda Petrus resul Rim ýüzbaşysy Korneliusa we onuň dogan-garyndaşlaryna hem-de dost-ýarlaryna wagyz etmäge iberildi (Res. iş. 10:22, 24, 34, 35). Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Petrus bu sözleri aýdyp durka, sözi eşidenleriň barynyň üstüne Mukaddes Ruh indi. Petrus bilen gelen sünnetli imanlylar Mukaddes Ruh sylagynyň başga milletleriň üstüne-de dökülenine geňirgendiler» (Res. iş. 10:44, 45). Bu wakadan soň özge milletli adamlar hem Hudaýyň täze halkyna goşulmaga çagyrylyp başlandy.

ÝEHOWANYŇ ADYNY GÖTERÝÄN HALK

6, 7. Täze halkyň agzalary Ýehowanyň adyny göterýän halk hökmünde näme etdiler?

6 B. e. 49-njy ýylynda ýolbaşçylyk maslahatynyň ýygnagynda Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon (Petrus) aýdyp berdi» (Res. iş. 15:14). Ýehowanyň adyny göterýän bu halka ýehudylar hem, özge milletliler hem degişlidi (Rim. 11:25, 27b). Soňra Petrus resul: «Siz bir wagtlar halk däldiňiz, ýöne şindi Hudaýyň halkysyňyz» diýip ýazdy. Şeýle-de ol bu täze halkyň nähili borjunyň bardygyny düşündirip şeýle diýdi: «Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz; rehime gowuşmandyňyz, ýöne şindi gowuşdyňyz» (1 Pet. 2:9, 10). Täze halkyň agzalary mundan beýläk-de ähli adamlara Hudaýyň adyny tanadyp, ony şöhratlandyrmalydylar. Şeýle-de olar Älemiň Hökümdary Ýehowa barada batyrgaýlyk bilen şaýatlyk etmelidiler.

7 Ýehowa geçmişdäki ysraýyl halkyna aýdan sözlerini ruhy Ysraýyla degişli edip: «Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky» diýdi (Iş. 43:21). Bu täze halkyň agzalary ýalan taňrylardan ýüz öwrüp, Ýehowanyň hak Hudaýdygy barada adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler (1 Sel. 1:9). Olar «Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli» Ýehowa we Isa barada şaýatlyk etdiler (Res. iş. 1:8; Kol. 1:23).

8. Pawlus resul I asyrdaky Hudaýyň halkyna nähili duýduryş berdi?

8 Pawlus resul I asyrdaky Ýehowanyň adyny göterýän halkyň batyrgaý agzasydy. Ol ynsan filosofiýasyny öňe sürýän adamlara garşy çykyp, «dünýäni, onuň içinde bolan bütin zatlary ýaradan Hudaýyň Ýeriň-gögüň Rebbidigi» barada batyrgaýlyk bilen wagyz edip, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldady (Res. iş. 17:18, 23—25). Pawlus resul Hudaýyň halkyna şeýle duýduryş berdi: «Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz. Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar» (Res. iş. 20:29, 30). Bu öňünden aýdylan imandan dänmeklik I asyryň ahyrynda has-da aýdyň bolup başlady (1 Ýahýa 2:18, 19).

9. Resullar ölenden soň Hudaýyň halkyna näme boldy?

9 Resullar ölenden soň, imandan dänmeklik giňden ýaýrap, netijede, hristian dünýäsiniň buthanalary döredi. Bu imandan dänen mesihçiler Ýehowanyň adyny göterýän halk bolmagyň deregine, Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrdylar. Şeýle-de olar ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň Sözüne garşy gelýän taglymatlary bilen Ýehowanyň adyna ysnat getirdiler. Şol sebäpli birnäçe asyryň dowamynda Ýehowa sanlyja adam wepaly gulluk etdi we olar Hudaýyň adyny göterýän guramaçylykly halk bolup bilmediler.

HUDAÝYŇ HALKY TÄZEDEN DIKELÝÄR

10, 11. a) Isa bugdaý we haşal ot tymsalynda nämäni öňünden aýtdy? b) 1914-nji ýyldan soň, Isanyň tymsalyndaky sözler nädip ýerine ýetdi we netijesi nähili boldy?

10 Isa bugdaý we haşal ot tymsalynda imandan dänmeklik sebäpli hakyky dini tapawutlandyrmagyň kyn boljakdygyny öňünden aýtdy. Ol «her kes ýatyrka», Ynsan Oglunyň eken bugdaýlarynyň arasyna Iblisiň haşal oty ekip gitjekdigini aýtdy. «Döwrüň soňuna» çenli olaryň ikisi-de bile ösmelidi. Isa «oňat tohumyň» «Hudaýyň Patyşalygynyň ogullaryny», «haşal otuň» bolsa, «Iblisiň ogullaryny» aňladýandygyny düşündirdi. Döwrüň soňunda Ynsan Ogly «orakçylary», ýagny perişdeleri iberip, göçme manydaky bugdaýy haşal otdan aýyrmalydy. Şeýlelikde, Hudaýyň Patyşalygynyň ogullary ýygnalmalydy (Mat. 13:24—30, 36—43). Bu sözler nädip ýerine ýetmelidi we Ýehowanyň adyny göterýän halkyň täzeden dikelmegine nädip ýardam etmelidi?

11 1914-nji ýylda «döwrüň soňy» başlandy. Şol döwürde ýer ýüzünde bary-ýogy bäş müňe golaý mesh edilen mesihçiler bardy. I Jahan urşy döwründe «Patyşalygyň ogullary» Beýik Babylyň ýesirligindediler. 1919-njy ýylda Ýehowa olary azat edip, «haşal otlardan», ýagny hristianlardan aýyrdy. Ol «Patyşalygyň ogullaryny» ýygnap, olardan bir halk döretdi. Şeýlelikde, Işaýanyň pygamberliginde aýdylan şu sözler ýerine ýetdi: «Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Sion burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy» (Iş. 66:8). Bu ýerde agzalýan «Sion» Ýehowanyň ruhy şahsyýetlerden ybarat guramasyny, onuň «ogul dogurmagy» bolsa, mesh edilen mesihçileriň halk hökmünde täzeden dikelendigini aňladýar.

12. Şu günler mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň adyny göterýän halkdygyny nädip görkezýärler?

12 I asyrdaky mesihçiler ýaly, şu günlerem «Patyşalygyň» mesh edilen ogullary Ýehowa barada şaýatlyk edýärler (Işaýa 43:1, 10, 11-nji aýatlary okaň)a. Şeýle-de olar özüni alyp barşy we «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary hemme milletlere» wagyz etmegi bilen başgalardan tapawutlanýarlar (Mat. 24:14; Flp. 2:15). Şeýdip, olar millionlarça adamlara Ýehowanyň dogry ýolundan ýöremäge kömek edýärler (Danyýel 12:3-i okaň)b.

«ÖZÜŇ BILEN GITMÄGE BIZE YGTYÝAR ET»

13, 14. Ruhy Ysraýylyň agzasy bolmadyk adamlar Ýehowa edýän seždesi kabul bolar ýaly näme etmeli we bu barada nähili pygamberlikler bar?

13 Biz öňki makalada gadymy Ysraýyldaky gelmişekleriň Ýehowa edýän seždesi kabul bolar ýaly, olaryň Hudaýyň halky bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini bildik (1 Pat. 8:41—43). Şonuň ýaly-da, şu günler ruhy Ysraýylyň agzasy bolmadyk adamlar Ýehowanyň halky, ýagny «Patyşalygyň ogullary» bolan mesh edilen mesihçiler bilen hyzmatdaşlyk etmeli.

14 Döwrüň soňunda köp adamlaryň Ýehowanyň halky bilen sežde etjekdigi barada Hudaýyň iki pygamberi öňünden aýdypdy. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder“. Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar» (Iş. 2:2, 3). Şonuň ýaly Zakarýa pygamber hem «ençeme halklaryň, güýçli milletleriň Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime geljekdiklerini» aýtdy. Ol olary «dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden» gelen adamlar hökmünde suratlandyrdy. Şeýle-de pygamberlikde bu adamlaryň Hudaýyň ruhy Ysraýyly bilen sežde edip: «Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik» diýjekdigi aýdylýar (Zak. 8:20—23).

15. «Başga goýunlar» ruhy Ysraýyl halky bilen näme edýär?

15 «Başga goýunlar» ruhy Ysraýyl halky bilen Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edýär (Mar. 13:10). Olar Hudaýyň halkyna goşulyp, mesh edilenler bilen «bir süri» bolýar. Isa Mesih bolsa olaryň «gowy çopanydyr» (Ýahýa 10:14—16-njy aýatlary okaň).

ÝEHOWANYŇ HALKY BILEN HALAS BOLALYŇ

16. Ýehowa Armageddonyň başlanmagy üçin näme eder?

16 Beýik Babyl ýok edilenden soň, Ýehowanyň halkyna ähli tarapdan hüjüm ediler. Şonda biz halas bolmak üçin Ýehowanyň goragyna mätäç bolarys. Hudaýyň halkyna ediljek hüjüm uly muşakgatyň soňky tapgyry bolan Armageddon urşy bilen tamamlanar. Bu Ýehowanyň bellän wagtynda bolar. Hudaý ýer ýüzünde boljak wakalaryň ählisine gözegçilik eder (Mat. 24:21; Ezek. 38:2—4). Gog Hudaýyň halkyna hüjüm eder (Ezek. 38:10—12). Şonda Ýehowa dessine goşulyp, halkyny halas etmek üçin Goga we onuň tarapdarlaryna garşy söweşer. Şeýdip, Hudaý hökümdarlygyny beýgelder we adyny mukaddes eder. Ýehowa: «Köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler» diýýär (Ezek. 38:18—23).

Ýygnakdaky dogan-uýalar ýerzeminde gizlinlikde duşuşýarlar

Biz «uly muşakgatda» ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli (16—18-nji abzaslara serediň)

17, 18. a) Gog Ýehowanyň halkyna hüjüm edende, olara nähili görkezme berler? b) Ýehowanyň bizi halas etmegi üçin näme etmeli?

17 Gog hüjüm edip başlanda, Ýehowa gullukçylaryna şeýle diýer: «Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň» (Iş. 26:20). Şol kyn döwürde Ýehowa bizi halas etmek üçin görkezme berer. Belki-de, biziň gizlenmeli «otaglarymyz» ýygnak duşuşyklarymyz bilen baglanyşykly bolar.

18 Biz uly muşakgatda halas bolmak üçin, Ýehowanyň ýer ýüzünde halkynyň bardygyna we olara ýygnak duşuşyklary arkaly görkezme berýändigine düşünmeli. Şol sebäpli Ýehowanyň halkynyň tarapynda bolup, ýygnagymyzdaky dogan-uýalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli. Geliň, ählimiz mezmurçy ýaly ýürekden: «Gutaryş Rebbiňkidir; berekediň Öz halkyň üstünde bolsun» diýeliň (Zeb. 3:8).

a Işaýa 43:1 Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň». 10 Reb şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýadymsyňyz, Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şolduguma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz. 11 Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur».

b Danyýel 12:3 Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş