«Meniň şaýatlarym bolarsyňyz»
«Isa olara şeýle diýdi: „... Ýeriň tä soňuna çenli meniň şaýatlarym bolarsyňyz“». RES. IŞ. 1:7, 8
1, 2. a) Ýehowanyň iň beýik şaýady kim? b) Isanyň adynyň manysy näme we Hudaýyň Ogly nädip adyna laýyk ýaşady?
«MEN hakykata güwälik etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim» (Ýahýa 18:33—37-nji aýatlary okaň). Isa bu sözleri ýerdäki ömrüniň soňky gijesi Ýahudanyň Rim hökümdaryna aýtdy. Şonda Isa özüniň patyşadygyny aýan edipdi. Ençeme ýyl geçenden soň, Pawlus resul Isanyň «Pontius Pilatusyň garşysynda oňat ykrar edip», batyrgaýlyk görkezendigini belläp geçdi (1 Tim. 6:13). Dogrudan-da, Şeýtanyň zalymlykdan doly dünýäsinde «dogruçyl, çyn güwä» bolmak üçin käte batyrgaýlyk gerek bolýar (Ylh. 3:14).
2 Isa ýehudy halkyndan bolany üçin, dünýä inen gününden Ýehowanyň şaýady bolupdy (Iş. 43:10). Aslynda, Isa Hudaýyň adynyň hatyrasy üçin güwälik eden iň beýik şaýatdyr. Isa özüne berlen ada örän çynlakaý garaýardy. Hudaýyň perişdesi Isanyň atalygy Ýusuba Merýemiň mukaddes ruh arkaly göwreli bolandygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol öz halkyny günälerinden halas eder» (Mat. 1:20, 21). Alymlaryň aýtmagyna görä, Isanyň adyna ýewreý dilinde Ýeşuwa diýilýär. Bu at Hudaýyň adynyň gysgaldylan görnüşini öz içine alyp, «Ýehowa Halasgär» diýmegi aňladýar. Isa öz adynyň manysyna görä hereket edip, «Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryna» günälerine toba etmäge we Ýehowanyň razylygyny gazanmaga kömek etdi (Mat. 10:6; 15:24; Luka 19:10). Munuň üçin Isa Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz edýärdi. Hoş habarçy Markus bu barada şeýle ýazdy: «Isa Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, Jelilä geldi. Ol: „Wagt doldy, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň, hoş habara ynanyň!“ diýýärdi» (Mar. 1:14, 15). Şeýle-de Isa ýehudy dini ýolbaşçylarynyň işlerini batyrgaýlyk bilen paş edýärdi. Ahyrsoňy, olar Isany pürse çüýläp öldürdiler (Mar. 11:17, 18; 15:1—15).
«HUDAÝYŇ ULY IŞLERI»
3. Isanyň ölenine üç gün bolanda nähili gudrat boldy?
3 Isanyň ölenine üç gün bolanda, Ýehowa ony ruhy şahsyýet edip direltdi. Gör, nähili üýtgeşik gudrat! (1 Pet. 3:18). Isa ynsan bedeninde şägirtlerine görnüp, özüniň direlendigini subut etdi. Ol direlen güni azyndan bäş gezek olaryň birnäçesine göründi (Mat. 28:8—10; Luka 24:13—16, 30—36; Ýahýa 20:11—18).
4. Isanyň direlen güni nähili duşuşyk boldy we ol şägirtleriniň nähili jogapkärçiliginiň bardygyny aýtdy?
4 Isa bäşinji gezek resullaryna we olar bilen ýygnanan şägirtlerine göründi. Ol bu duşuşygy Mukaddes Ýazgylar okuwy ýaly geçirdi we «Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy». Şonda olar Mukaddes Ýazgylardaky Isanyň Hudaýyň duşmanlarynyň elinden öldüriljekdigi we onuň gudrat bilen direldiljekdigi baradaky pygamberlige düşündiler. Duşuşygyň ahyrynda Isa diňleýjileriniň nähili jogapkärçiliginiň bardygyny, ýagny «Iýerusalimden başlap, bütin milletleriň günäleriniň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdygyny» aýtdy. Soňra ol sözüni dowam edip: «Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz» diýdi (Luka 24:44—48).
5, 6. a) Isa näme üçin «Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýdi? b) Isanyň şägirtleri Ýehowanyň niýetiniň nähili täze aýratynlygy barada wagyz etmelidiler?
5 Isanyň direlenine 40 gün bolanda, ol öz şägirtlerine soňky gezek görünýär. Şonda olar onuň ýönekeý sözler bilen aýdan şu wajyp tabşyrygyna düşünen bolsalar gerek: «Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli meniň şaýatlarym bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8). Isa näme üçin Ýehowanyň däl-de, «Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýdikä? Isa Ýehowanyň şaýatlary bolarsyňyz diýip hem bilerdi, ýöne ol ysraýyllylara ýüzlenýärdi. Olar bolsa eýýäm Ýehowanyň şaýatlarydy.
Biz, Isanyň şägirtleri Ýehowanyň gelejek baradaky niýetlerini gürrüň berýäris (5, 6-njy abzaslara serediň)
6 Isanyň şägirtleri indi adamlara Ýehowanyň niýetiniň täze aýratynlygy barada gürrüň bermelidiler. Ol ysraýyllylaryň Müsür gulçulygyndan ýa-da Babyl sürgüninden azatlyga çykanyndan has uly gutulyşy aňladýardy. Isa Mesihiň ölümi we direlişi has erbet gulçulykdan, ýagny günäniň hem-de ölümiň ýesirliginden azat bolmaga mümkinçilik berýär. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň mesh edilen şägirtleri «Hudaýyň uly işlerini» wagyz etdiler we muňa köp adamlar seslendiler. Şonda Isa gökde Atasynyň sagynda oturyp, öz adynyň örän uly manysynyň bardygyna göz ýetirip başlady. Sebäbi müňlerçe adamlar toba edip, Isa Mesihiň Ýehowanyň iberen Halasgäridigine iman edýärdiler (Res. iş. 2:5, 11, 37—41).
«KÖPLERIŇ UGRUNDA JANYNY TÖLEG HÖKMÜNDE BERDI»
7. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde bolan waka nämäni subut etdi?
7 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde bolan waka şuny subut etdi: Ýehowa günäniň öwezini doldurmak ýa-da ony ýapmak üçin, Isanyň kämil bedeniniň tölegini höwes bilen kabul etdi (Ýew. 9:11, 12, 24). Isa «Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin gelendigini» aýdypdy (Mat. 20:28). Isanyň töleg gurbany diňe toba eden ýehudylara däl-de, «köplere» peýda berdi. Hawa, Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny» isleýär. Sebäbi Isa töleg gurbany arkaly «dünýäniň günäsini öz üstüne aldy» (1 Tim. 2:4—6; Ýahýa 1:29).
8. Isanyň şägirtleri nähili möçberde wagyz etdiler we olara näme kömek etdi?
8 I asyrda ýaşan şägirtlere Isa hakda şaýatlyk etmek üçin batyrgaýlyk gerekmidi? Elbetde, gerekdi. Sebäbi olar muny öz güýji bilen edip bilmezdiler. Ýehowanyň güýçli mukaddes ruhy olary gaýratly wagyz etmäge höweslendirýärdi (Resullaryň işleri 5:30—32-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden takmynan 27 ýyl geçende, «Hoş Habaryň hak sözi» «Gök astyndaky bütin ýaradylyşa wagyz edildi» diýilýär (Kol. 1:4, 23).
9. Pygamberlige görä, mesihçiler ýygnagyna näme boldy?
9 Gynansak-da, mesihçiler ýygnagy kem-kemden hakykatdan daşlaşyp başlady (Res. iş. 20:29, 30; 2 Pet. 2:2, 3; Ýahuda 3, 4). Isanyň aýdyşy ýaly, Şeýtan Iblisiň ýolbaşçylygynda imandan dänmeklik gitdigiçe ýaýramalydy we «döwrüň soňuna» çenli hakyky diniň ösmegine päsgel bermelidi (Mat. 13:37—43). Soňra Ýehowa Isany ýer ýüzüne Patyşa edip bellemelidi. Bu waka 1914-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy we şonda Şeýtanyň zalym dünýäsiniň «soňky günleri» başlandy (2 Tim. 3:1).
10. a) Mesh edilen mesihçiler haýsy wajyp sene hakda aýdýardylar? b) 1914-nji ýylyň oktýabrynda nähili waka boldy we muny näme subut etdi?
10 XIX asyryň ahyrlarynda mesh edilen mesihçiler 1914-nji ýylyň oktýabr aýynda wajyp wakalaryň boljakdygyny aýdýardylar. Olar Danyýeliň pygamberligindäki kesilen uly agaç we «ýedi pasyl» baradaky görnüşe salgylanýardylar (Dan. 4:16). Isa öz barlygy we «döwrüň soňy» baradaky pygamberliginde, ýedi pasly «milletleriň... möwritleri» diýip atlandyrdy. 1914-nji ýyldan bäri Mesihiň barlygynyň «alamaty», ýagny täze Patyşanyň höküm sürüp başlandygy aýdyň boldy (Mat. 24:3, 7, 14; Luka 21:24). Ýehowa ýer ýüzüne Isany Patyşa bellemek bilen «uly işleri edip» başlandygyny görkezdi.
11, 12. a) Ýer ýüzüniň täze Patyşasy 1919-njy ýylda näme edip başlady? b) 1935-nji ýyllardan başlap näme aýan boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
11 Ýer ýüzüniň täze Patyşasy Isa Mesih mesh edilen şägirtlerini «uly Babylyň» ýesirliginden azat edip başlady (Ylh. 18:2, 4). 1919-njy ýylda Hudaýyň berýän gutulyşy we berkarar edilen Patyşalyk baradaky hoş habary bütin dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik döredi. Mesh edilenler bu mümkinçilikden peýdalanyp, müňlerçe adamlara Isa Mesihiň mirasdaşlary bolmaga kömek etdiler.
12 1935-nji ýyllardan başlap, Mesihiň millionlarça «başga goýunlary» ýygnap başlandygy aýdyň boldy. Olar dürli milletlerden jemlenen «uly märeke» bolmalydy. Şeýle-de mesh edilenleriň ýolbaşçylygynda uly märeke Isanyň batyrgaýlygyndan görelde alyp, ähli adamlara Hudaýyň we Isa Mesihiň gutulyşy barada gürrüň berýärler. Olar bu işe erjellik bilen gatnaşýarlar we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edýärler. Şol sebäpli Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňy gelende, olar «agyr muşakgatda» diri galarlar (Ýahýa 10:16; Ylh. 7:9, 10, 14).
GAÝRATLYLYK BILEN WAGYZ EDIŇ
13. Biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde näme etmegi ýüregimize düwmeli we muny başarjakdygymyza näme üçin ynanyp bileris?
13 Geliň, Ýehowanyň eden «uly işleri» we gelejek hakda beren wadalary barada şaýatlyk etmek hormatyny gymmat saýalyň. Elbetde, bu zatlar hakda wagyz etmek hemişe aňsat bolmaýar. Biziň köp dogan-uýalarymyz güýçli yzarlanylýan ýerlerde wagyz edýärler hem-de hoş habara biperwaý garaýan we ýaňsylaýan adamlara duş gelýärler. Biz Pawlus we onuň ýoldaşlaryndan görelde alyp bileris. Pawlus şeýle ýazdy: «Biz... garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz hoş habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2). Geliň, yhlasymyzy hiç haçan gowşatmalyň! Şeýtanyň dünýäsiniň tizden ýok ediljekdigi üçin, özümizi Hudaýa bagyş edendigimizi unutman, hakykat boýunça ýaşalyň (Iş. 6:11). Biz muny öz güýjümiz bilen edip bilmeris. Şol sebäpli I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýerip, biz Ýehowadan mukaddes ruhuny, ýagny «iň üstün gudraty» dilemeli (2 Korintoslylar 4:1, 7-nji aýatlary okaň; Luka 11:13).
14, 15. a) I asyrda ýaşaýan mesihçilere nähili garaýardylar we Petrus resul olar barada näme diýdi? b) Ýehowanyň Şaýadydygymyz üçin bizi ýigrenýändiklerine nähili garamaly?
14 Şu günler millionlarça adamlar özlerini Isa Mesihiň şägirdi hasaplaýarlar. Emma «olar... edýän işleri bilen Ony (Hudaýy) inkär edýärler. Olar ýigrenji, söze gulak asmaz bolup, hiç bir oňat işe ýararly däldir» (Titus 1:16). Biz I asyrda ýaşan akýürekli mesihçileri köp adamlaryň ýigrenendiklerini unutmasak gowy bolar. Şol sebäpli Petrus resul şeýle ýazdy: «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly ruhy siziň üstüňizde bolýandyr» (1 Pet. 4:14).
15 Bu sözler Ýehowanyň şu günki Şaýatlaryna degişli bolup bilermi? Elbetde. Sebäbi biz Isanyň patyşalygyna şaýatlyk edýäris. Hawa, Ýehowanyň adyny göterýändigimiz üçin bizi ýigrenseler, diýmek, «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýarys». Çünki Isa duşmanlaryna şeýle diýdi: «Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa meni kabul etmeýärsiňiz» (Ýahýa 5:43). Şol sebäpli şaýatlyk edýändigimiz üçin garşylyklara duş gelenimizde, batyrgaý bolalyň. Şeýle synaglar Hudaýyň razylygyny gazanandygymyzy we onuň «ruhunyň biziň üstümizdedigini» görkezer.
16, 17. a) Dünýäniň köp ýerlerinde Ýehowanyň halky nähili üstünlikleri gazanýar? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
16 Dünýäniň köp künjeginde Hudaýyň halkynyň ençeme üstünlikler gazanýandygyny hem unutmaň. Hatda köp wagt bäri wagyz edilýän ýerlerde-de hakykat bilen gyzyklanýan adamlar tapylýar. Biz olara gutulyş baradaky ajaýyp habary wagyz edip bileris. Geliň, gyzyklanan adamlary yhlas bilen idemäge çalşalyň we mümkin boldugyndan, Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, olara özüni Hudaýa bagyş etmäge hem-de suwda çokundyrylmaga kömek edeliň. Şonda siz hem Günorta Afrika Respublikasynda ýaşaýan Sariýe uýanyň duýgularyny başdan geçirersiňiz. Ol 60 ýyldan bäri yhlasly wagyz edýär. Sariýe şeýle gürrüň berýär: «Men Isanyň töleg gurbany üçin örän minnetdar. Ol maňa Älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşmaga mümkinçilik berdi. Men Hudaýyň şöhratly adyny bilýändigime örän begenýärin». Sariýe we onuň ýanýoldaşy Martin köp adamlara we üç çagasyna Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etdiler. Sariýe sözüni şeýle dowam edýär: «Hiç bir iş şeýle uly şatlyk bermese gerek. Ýehowa maňa halas ediş işini dowam etmek üçin, mukaddes ruhy arkaly güýç berip durýar».
17 Siz suwda çokundyrylan mesihçi bolsaňyz-da ýa-da bu maksada ýetmäge jan edýän bolsaňyz-da, Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütindünýä ýygnagy bilen gatnaşyk etmek hormatyna minnetdar bolup bilersiňiz. Munuň üçin şaýatlyk etmäge yhlasly gatnaşmagyňyzy dowam ediň we özüňizi Şeýtanyň hapa dünýäsinden goramaga çalşyň. Şeýdip, siz gökdäki söýgüden doly Atamyzy şöhratlandyrarsyňyz. Çünki onuň mukaddes adyny götermek uly hormatdyr!