Dawudyň aýdymy.
103 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!
Janym-tenim bilen mukaddes adyny wasp ederin.
2 Men Ýehowa alkyş aýdaryn!
Eden işlerini hiç haçan unutmaryn+.
3 Ol ähli günäleriňi bagyşlaýar+,
Dertleriňe derman berýär+.
4 Ol janyňy mazardan halas edýär+,
Ýagşylyk hem rehim edýär+.
5 Ol saňa ömürboýy bereket berer+,
Bürgüt kimin güýçli bolarsyň+.
6 Ýehowa ezilen adamlara+ adalatly bolar+,
Olaryň haklaryny alyp berer.
7 Ol ýollaryny Musa öwretdi+,
Işlerini Ysraýyl ogullaryna aýtdy+.
8 Ýehowa rehimdar, mähirli+,
Giň göwünli, wepaly söýgä baý+.
9 Ol günäleriňi ýatladyp durmaz+,
Gahar-gazaby hemişe tutaşyp durmaz+.
10 Günälerimize görä jeza bermez+,
Ýalňyşymyza görä temmi bermez+.
11 Gögüň ýerden uzak bolşy ýaly,
Allanyň hudaýhonlara wepaly söýgüsi şonça-da beýikdir+.
12 Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly,
Günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar+.
13 Atanyň ogullaryna rehimi inişi ýaly,
Ýehowa-da hudaýhonlara rehimdarlyk edýär+.
14 Sebäbi ol nähili ýaradylandygymyzy bilýär+,
Toprakdandygymyz ýadynda+.
15 Başy ölümli ynsanyň ömri gök ot ýalydyr+,
Ol sähra gülleri kimin gülleýär+.
16 Emma şemal öwsende guraýar,
Hiç wagt bitmedik ýaly bolýar.
17 Ýehowa hudaýhonlara,
Ebedilik ýagşylyk edýär+.
Olaryň nesillerine adalatly bolýar+.
18 Ol ähtine wepaly bolýanlara+,
Buýruklaryny ýürekden berjaý edýänlere adalatlydyr.
19 Ýehowa tagtyny gökde dikdi+,
Ol älem-jahanyň Hökümdary+.
20 Eý güýçli perişdeler+, Ýehowa alkyş aýdyň!
Siz Hudaýa gulak asyp, sözüni berjaý edýärsiňiz+.
21 Eý Hudaýyň goşuny+, Ýehowa alkyş aýdyň!
Siz onuň emrini ýerine ýetirýän hyzmatkärsiňiz+.
22 Eý janym, Ýehowa alkyş aýt!
Allanyň höküm sürýän ýerlerinde,
Ýehowanyň ýaradanlary alkyş aýtsyn!