Ýahýa
9 Isa ýolda dogabitdi kör adama duşdy. 2 Şägirtleri: «Mugallym*+, ol näme üçin kör bolup doguldy? Özi günä etdimi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. 3 Isa: «Onuň özi-de, ene-atasy-da günä eden däldir. Ýöne ol arkaly adamlar Hudaýyň etjek gudratyny görerler+. 4 Biz meni Ibereniň işlerini heniz gündizkä etmeli+, gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5 Men dünýädekäm, dünýäniň nurudyryn»+ diýdi. 6 Ol sözüni tamamlandan soň, ýere tüýkürip palçyk ýasady. Soňra palçygy körüň gözüne çalyp+: 7 «Bar, Silowam howdanynda gözüňi ýuw» diýdi (Silowam «güýçli akym» diýmegi aňladýar). Ol hem gidip, gözüni ýuwdy welin, gözi açyldy+ we yzyna dolanyp geldi.
8 Goňşulary we dilegçidigini bilýän adamlar: «Ol şol dilegçi dälmi?» diýdiler. 9 Käbirleri: «Hawa, şol adam» diýse, beýlekiler: «Ýok, ol däl, ýöne şoňa meňzeş» diýýärdi. Ol bolsa: «Men şol» diýýärdi. 10 Olar: «Gözüň nädip açyldy?» diýip soradylar. 11 Ol: «Isa atly bir adam palçyk ýasap, gözüme çaldy-da: „Silowama gidip gözüňi ýuw“+ diýdi. Menem aýdyşy ýaly etdim welin, gözüm açyldy» diýip jogap berdi. 12 Olar: «Ol adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.
13 Olar gözi açylan adamy fariseýleriň ýanyna äkitdiler. 14 Isanyň palçyk ýasap, kör adamyň gözüni açan+ güni Sabat günüdi*+. 15 Şonda fariseýler kör adamdan gözüniň nädip açylandygyny soradylar. Kör adam: «Ol gözüme palçyk çaldy. Men gözümi ýuwanymda, görüp başladym» diýdi. 16 Fariseýleriň käbiri: «Ol Hudaýyň iberen adamy däl, sebäbi Sabat güni baradaky tabşyrygy bozdy»+ diýdiler. Başga fariseýler bolsa: «Günäkär adam şeýle gudratlary edip bilermi näme?»+ diýdiler. Şeýlelikde, olaryň arasynda agzalalyk döredi+. 17 Olar ýene-de kör adamdan: «Gözüňi açan adam barada sen näme aýdarsyň?» diýip soradylar. Kör bolsa: «Ol pygamber» diýip jogap berdi.
18 Ýehudylar onuň dogabitdi kör bolandygyna ynanman ene-atasyny çagyryp: 19 «Şu dogabitdi kör siziň ogluňyzmy? Onuň nädip gözi açyldy?» diýip soradylar. 20 Ene-atasy: «Ol biziň oglumyz, kör bolup doguldy. 21 Ýöne gözüni kimiň açandygyny, nädip açylandygyny bilemizok. Özünden soraň, ol uly adam ahyry. Goý, özi jogap bersin» diýdiler. 22 Aslynda, olar ýehudylardan gorkup şeýle jogap berdiler+. Sebäbi ýehudylar Isanyň Mesihdigine ynanýan adamlary sinagogadan kowmaly diýip dilleşipdiler+. 23 Şonuň üçin hem ene-atasy: «Özünden soraň, ol uly adam» diýipdi.
24 Olar kör adamy ikinji gezek çagyryp: «Hudaýdan ant iç, biz ol adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25 Kör adam: «Onuň günäkärmi ýa günäkär däldigini bilemok. Ýöne bir zady bilýärin, men öň kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26 Olar: «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip soradylar. 27 Kör adam: «Öň aýtdym ahyry, ýöne siz diňlemediňiz. Siziň ýene-de eşidesiňiz gelýärmi? Ýa sizem şägirdi boljakmy?» diýdi. 28 Olar köre sögüp: «Sen onuň şägirdi, biz Musa pygamberiň şägirtleri. 29 Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, ýöne ol adamy kimiň iberendigini bilemizok» diýdiler. 30 Ol bolsa: «Geň galaýmaly! Ony kimiň iberendigini bilmeýäňizmi? Ol meniň gözümi açdy ahyry. 31 Hudaý günäkär adamyň dilegini eşitmeýär+, ýöne hudaýhony we islegini berjaý edýäni diňleýär+. 32 Biz dogabitdi kör adamyň gözüniň açylandygyny şu çaka çenli eşitmändik. 33 Eger ol adamy Hudaý ibermedik bolsa, hiç zat edip bilmezdi»+ diýdi. 34 Olar: «Sen bütinleý günäde doglup-da, bize akyl öwretjek bolýaňmy?» diýip, kowup goýberdiler+.
35 Isa kör adamy kowup goýberendiklerini eşidip, ony gözläp tapdy-da: «Ynsan ogluna iman edýäňmi?» diýip sorady. 36 Ol: «Agam, ol kim? Men oňa iman edeýin» diýdi. 37 Isa: «Sen ony gördüň. Ol häzir seniň bilen gepleşip dur» diýdi. 38 Ol hem: «Agam, saňa iman edýärin» diýip, oňa tagzym etdi. 39 Isa: «Men dünýäni höküm etmäge geldim, körler görer+, görýänler bolsa kör bolar»+ diýdi. 40 Isany diňläp duran fariseýler: «Näme, biz körmi?» diýdiler. 41 Isa olara: «Siz kör bolan bolsadyňyz, günäli bolmazdyňyz. Indi günäňiz geçilmez, sebäbi: „Biz görýäris“ diýýärsiňiz»+ diýdi.