Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 70 sah. 166—sah. 167 abz. 2
  • Isa dogabitdi kör adamy sagaldýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa dogabitdi kör adamy sagaldýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Fariseýler öň kör bolan adamy soraga tutýarlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Sabat güni bolan waka
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Kör adamlara Ýehowany tanamaga kömek ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Isa syrkawlary sagaldýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 70 sah. 166—sah. 167 abz. 2
Kör adam Siloama gidip gözüni ýuwansoň gözi görýär

70-NJI BAP

Isa dogabitdi kör adamy sagaldýar

ÝAHÝA 9:1—18

  • DILEGÇILIK EDÝÄN DOGABITDI KÖR ADAMYŇ SAGALYŞY

Sabat günüdi. Isa heniz Iýerusalimden gaýtmandy. Ol şägirtleri bilen şäherde ýörkä, dilegçilik edip oturan bir dogabitdi kör adamy görýär. Şägirtleri Isadan: «Mugallym, bu adam özi günä edendigi üçin kör bolup doguldymy ýa-da ata-enesi günä edendigi üçin?» diýip soraýarlar (Ýahýa 9:2).

Şägirtler adamda göze görünmeýän we ölmeýän ruhuň bolmaýandygyny bilýärdiler. Muňa garamazdan, olar şuny bilmek isleýärdiler: Heý-de, enäniň göwresindäki çaga günä edip bilermi? Isa şeýle jogap berýär: «Onuň özi-de, ata-enesi-de günä eden däldir. Ýöne ol arkaly adamlar Hudaýyň etjek işlerini görüp bilerler» (Ýahýa 9:3). Hawa, bu adam ata-enesiniň eden ýalňyşy ýa-da günäsi üçin kör bolup doguldy diýmek nädogry bolardy. Aslynda, Adam atanyň eden günäsi üçin hemmeler bikämil bolup dogulýar, netijede, adam kör ýa-da başga bir kemçilik bilen dünýä inip biler. Ýöne bu adamyň şikesi Hudaýyň işlerini aýan etmäge Isa mümkinçilik berýärdi. Ol başga syrkawlary sagaldanda-da muny görkezipdi.

Isa şeýle işiň gaýragoýulmasyzdygyny görkezmek üçin: «Biz meni Ibereniň işlerini heniz gündizkä etmelidiris; gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. Entek dünýädekäm, men dünýä üçin ýagtylykdyryn» diýýär (Ýahýa 9:4, 5). Dogrudan-da, tizden Isany öldürerler we ol tüm garaňkylyga, hiç hili iş edilmeýän ýere, ýagny gabra iner. Şoňa çenli Isa dünýä üçin ýagtylygyň çeşmesi bolup durar.

Kör adam Siloama gidip gözüni ýuwansoň gözi görýär

Eýsem, Isa bu adamy sagaldarmy? Ol muny nädip ederkä? Ine, Isa ýere tüýkürip, palçyk ýasaýar-da, ony kör adamyň gözüne çalýar. Soňra oňa: «Git-de, Siloam howdanynda gözüňi ýuw» diýýär (Ýahýa 9:7). Ol aýdylyşy ýaly edende, onuň gözleri açylýar. Göz öňüne getiriň, dogabitdi kör adam ömründe birinji gezek görýär!

Goňşulary we bu adamyň kördügini bilýän başga adamlar ony görende, geň galyp: «Bu şol oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýişýärler. Käbiri: «Hawa, şol» diýse, başgalary öz gözüne ynanman: «Ýok, ol oňa meňzeýär» diýýärler. Ýöne ol adam: «Men şol» diýýär (Ýahýa 9:8, 9).

Adamlar ondan: «Gözüň nädip açyldy?» diýip soraýarlar. Ol: «Isa diýen adam palçyk ýasap, gözüme çaldy we „Siloama git-de, gözüňi ýuw“ diýdi. Menem gidip, ýuwdum, şeýdip, gözüm açyldy» diýip jogap berýär. Şonda olar: «Hany ol adam?» diýip soranda, dilegçi: «Bilmeýärin» diýip jogap berýär (Ýahýa 9:10—12).

Adamlar ony fariseýleriň ýanyna eltýärler, sebäbi olaram onuň nädip sagalandygyny biljek bolýardylar. Sagalan adam fariseýlere: «Ol gözüme palçyk çaldy. Men hem ýuwanymda, görüp başladym» diýýär. Fariseýler kör adamyň gözüniň açylandygyna begenäýjek ýalydy. Emma olar: «Ol adam Hudaýdan gelen däldir, sebäbi ol Sabat güni baradaky tabşyrygy berjaý etmeýär» diýip, Isany aýyplaýarlar. Başgalar bolsa: «Günäkär adam şeýle gudratlary edip bilermi näme?» diýýärler (Ýahýa 9:15, 16). Şeýlelikde, olaryň arasynda agzalalyk döreýär.

Dawa zerarly olar ýene-de sagalan adamdan: «Gözüňi açan adam hakda seniň özüň näme aýdarsyň?» diýip soraýarlar. Ol şübhelenmän: «Ol pygamber» diýip jogap berýär (Ýahýa 9:17).

Fariseýler bu zatlara ynanmak islemeýärdi. Olar Isa adamlary aldamak üçin bu dilegçi bilen dil düwşendir öýdýärdiler. Şonuň üçin olar bu adamyň hakykatdan-da kör bolup doglandygyny anyklamak üçin, onuň ata-enesini çagyrýarlar.

  • Dilegçilik edýän adam näme üçin kör bolup doguldy?

  • Kör adamyň sagalmagyna goňşulary we başgalar nähili garaýar?

  • Sagalan adam babatda fariseýleriň arasynda nähili agzalalyk döreýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş