Ikinji Şamuwel
5 Birnäçe wagtdan ysraýylyň ähli taýpalary Hebrona+, Dawudyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Biz seniň bilen ganybir dogan*+. 2 Üstümizden Şawul höküm sürýärkä-de, Ysraýyly söweşe sen alyp çykardyň+. Ýehowa saňa: „Ysraýyl halkyma çopançylyk edersiň, Ysraýyla baştutan bolarsyň“+ diýipdi». 3 Ähli ysraýyl ýaşululary Hebrona, Dawudyň ýanyna gelipdi. Dawut olar bilen Hebronda Ýehowanyň huzurynda äht baglaşdy+. Soňra olar Dawudy Ysraýyla patyşa bellediler+.
4 Dawut patyşa bolanda 30 ýaşyndady. Ol 40 ýyl hökümdarlyk etdi+. 5 Ol Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýarym ýyl, Iýerusalimde+ tutuş Ysraýylyň we Ýahudanyň üstünden 33 ýyl höküm sürdi. 6 Patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslara garşy söweşe çykdy. Ýabuslar+ Dawuda: «Şäheri hiç haçan basyp almarsyň! Seni hatda körler bilen agsaklarymyz hem kowup çykarar» diýip, üstünden güldüler. Olar: «Dawut hiç haçan şäheri eýeläp bilmez» diýip pikir edýärdiler+. 7 Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Häzir oňa Dawudyň şäheri+ diýilýär. 8 Şol gün ol: «Ýabuslaryň üstüne çozjak adamlar kärizden* geçsin-de, „agsaklary we körleri“ gyrsyn, olar Dawut üçin ýigrenjidir» diýdi. Şonuň üçin il arasynda: «Körler we agsaklar hiç haçan öýe girmez» diýilýär. 9 Dawut Sion galasynda ýaşap başlady, oňa Dawudyň şäheri diýilýär*. Dawut Millondan*+ şäher merkezine çenli diwarlary we binalary gurduryp başlady+. 10 Dawut barha güýçlenýärdi+, Serkerdebaşy Ýehowa ony goldaýardy+.
11 Tir patyşasy Huram+ Dawudyň ýanyna wekillerini ýollap, diwar gurmak üçin kedr agaçlaryny+, agaç ussalary we daş ýonujylary iberdi. Olar Dawuda köşk salyp başladylar+. 12 Dawut Ýehowanyň öz halkynyň hatyrasyna+ Ysraýylyň üstünden patyşalygyny berkidendigine+ we beýgeldendigine+ göz ýetirdi.
13 Dawut Hebrondan Iýerusalime gelip, birnäçe aýal we gyrnak+ aldy. Olardan ençeme ogul-gyzy boldy+. 14 Dawudyň Iýerusalimde doglan ogullary şulardyr: Şamuw, Şobap, Natan+, Süleýman+, 15 Ybhar, Alyşuw, Nepek, Ýapa, 16 Alyşam, Alyýat hem-de Alypelet.
17 Dawudyň Ysraýyla patyşa bolanyny+ eşidip, piliştliler ony öldürjek boldular+. Dawut muny bilip, bir howpsuz ýere gitdi+. 18 Piliştliler gelip, Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 19 Dawut Ýehowadan: «Piliştliler bilen söweşmäge gideýinmi? Olary elime berermiň?» diýip sorady+. Ýehowa-da: «Hawa, git, olary hökman eliňe bererin» diýdi+. 20 Şonda Dawut Bagal-perazime baryp, piliştlileri derbi-dagyn etdi. Ol: «Suwuň bendi böwsüp geçişi ýaly, Ýehowa-da duşmanlarymy öňümde derbi-dagyn etdi»+ diýip, şol ýeriň adyna Bagal-perazim*+ goýdy. 21 Piliştliler butlaryny şol ýerde taşlap gidipdiler. Dawut bilen adamlary olary ýygnap, ýok etdiler.
22 Biraz wagtdan piliştliler ýene-de Refaýim jülgesinde+ düşelge gurdular. 23 Dawut Ýehowa ýüz tutdy. Şonda Hudaý: «Piliştlileriň öňünden däl-de, arka tarapyndan aýlanyp, agaçlaryň* öňünden hüjüm et. 24 Agaçlaryň üstünden aýak sesine meňzeş şygyrdy eşideniňde, haýal etmän hüjüme geç. Ýehowa Pilişt goşunyny derbi-dagyn etmek üçin öňüňden ýörär» diýdi. 25 Dawut ähli zady Ýehowanyň tabşyryşy ýaly edip, piliştlileri Gebadan+ Gezere+ çenli gyrdy+.