Ýahýa
20 Hepdäniň birinji güni* magdalaly Merýem ir bilen, jahan ýagtylmanka mazara gelip+, agzyndaky daşyň aýrylandygyny gördi+. 2 Ol Simun Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň+ ýanyna ylgap baryp: «Halypamyzyň jesedini mazardan alyp gidipdirler+. Ýöne nirä äkidendiklerini bilemizok» diýdi.
3 Petrus bilen ýanyndaky şägirt mazary görmäge gitdiler. 4 Olaryň ikisi hem ylgap gitdiler, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgap, mazara öňürti bardy. 5 Ol eglip mazaryň içine seredende, ýerde ýatan kepeni* gördi+, emma mazara girmedi. 6 Yzyndan Simun Petrus gelip, mazara girdi. Ol hem ýerde ýatan kepeni* gördi. 7 Isanyň kellesine oralan mata kepeniň ýanynda däl-de, başga ýerde ýatyrdy. 8 Şonda birinji ylgap gelen şägirt hem mazara girdi. Ol ähli zady görüp, aýdylanlara ynandy. 9 Olar Isanyň direlmelidigi+ hakda ýazylanlara doly düşünmeýärdiler. 10 Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar.
11 Merýem bolsa mazaryň ýanynda aglap durdy. Ol aglaý-aglaý mazaryň içine seredende, 12 ak eşikli iki perişdäniň+ oturandygyny gördi. Olaryň biri Isanyň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi aýagujunda otyrdy. 13 Olar Merýeme: «Sen näme üçin aglaýaň?» diýdiler. Ol: «Halypamyzy alyp gidipdirler. Nirä äkidendiklerini bilemok» diýdi. 14 Merýem gepläp durka, yzyna öwrülende, biriniň durandygyny gördi. Ol Isady, ýöne Merýem ony tanamady+. 15 Isa oňa: «Näme üçin aglaýaň? Kimi gözleýäň?» diýdi. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Agam, jesedi sen aldyňmy? Nirede goýandygyňy aýdaý, men alyp gideýin» diýdi. 16 Isa: «Merýem!» diýdi. Merýem yzyna öwrülip: «Mugallym!» diýdi (ýewreýçe «Rabboni!»). 17 Isa oňa: «Meni beýdip saklap* durma. Men entek Atamyň ýanyna gidemok. Bar, doganlaryma aýt+: „Men Atamyň ýanyna barýaryn+. Ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“»+ diýdi. 18 Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gelip: «Halypamyzy gördüm!» diýip, Isanyň aýdanlaryny gürrüň berdi+.
19 Şol gün hepdäniň birinji günüdi*. Agşam düşende şägirtler ýygnanyşdylar we ýehudylardan gorkup gapylary gulplap otyrdylar. Şonda Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 20 Soňra Isa şägirtlerine elini we böwrüni görkezdi+. Olar Halypasyny görüp begendiler+. 21 Isa ýene-de olara: «Salam!*+ Atamyň meni dünýä iberişi ýaly+, menem sizi dünýä iberýärin»+ diýdi. 22 Soňra olara tarap üfläp: «Mukaddes ruhy alyň+. 23 Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlandyr. Emma siz bir adamyň günäsini bagyşlamasaňyz, Hudaý hem bagyşlan däldir» diýdi.
24 Isa gelende, 12 resulyň biri Ekiz lakamly Tomas+ olaryň ýanynda ýokdy. 25 Şägirtler oňa: «Halypamyzy gördük!» diýdiler. Tomas bolsa: «Eliniň çüýlenen ýerini görüp, barmagymy degirmesem, böwrüni elläp görmesem+ ynanmaryn» diýdi.
26 Sekiz günden şägirtler ýene-de bir öýde ýygnanyşdylar. Olaryň ýanynda Tomas hem bardy. Gapylar gulply bolsa-da, Isa peýda bolup: «Salam!*»+ diýdi. 27 Ol Tomasa: «Elime seret, barmagyňy degrip gör. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Indi şübhelenme, iman et» diýdi. 28 Tomas: «Halypam, Hudaýym!*» diýdi. 29 Isa: «Meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Görmän iman edýänler bagtlydyr» diýdi.
30 Isa şägirtlerine ençeme gudratlary görkezdi, ýöne olaryň ählisi şu kitaba* ýazylmady+. 31 Şu zatlar bolsa Isanyň Mesihdigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanmagyňyz üçin ýazyldy. Siz iman etseňiz, onuň ady arkaly ebedi ýaşarsyňyz+.