Matta
15 Isanyň ýanyna Iýerusalimden fariseýler we kanunçylar+ gelip: 2 «Şägirtleriň näme üçin ata-babalaryň däp-dessuryny berjaý etmeýärler? Meselem, olar nahardan öň ellerini ýuwmaýarlar*»+ diýdiler.
3 Isa olara şeýle diýdi: «Siz däp-dessurlaryňyz sebäpli Hudaýyň tabşyrygyny näme üçin bozýarsyňyz?+ 4 Meselem, Hudaý „Ene-ataňa hormat goý“+ we „Ene-atasyna sögen* adam öldürilsin“+ diýdi. 5 Siz bolsa: „Kim ene-atasyna: „Size kömek ederdim welin, bar zadymy Hudaýa bagyş etdim“+ diýen adam 6 atasyna kömek etmeli däl“ diýýäňiz. Şeýdip, siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýäňiz+. 7 Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda dogry aýdypdyr+: 8 „Halk maňa diňe dilinde sarpa goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr. 9 Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“»+. 10 Soňra Isa adamlary ýanyna çagyryp: «Sözlerimi ünsli diňläp, düşünjek boluň+: 11 adamy iýýän zady haram etmeýär, agzyndan çykýan sözi haram edýär»+ diýdi.
12 Şägirtler Isanyň ýanyna baryp: «Bilýäňmi, fariseýler aýdan sözleriňi gaty gördüler*»+ diýdiler. 13 Isa: «Gökdäki Atamyň ekmedik agajy köki bilen sogrulyp taşlanar. 14 Olara üns bermäň, olar kör ýolbaşçylardyr. Eger kör köri idip ýol görkezse, ikisi-de çukura gaçar»+ diýdi. 15 Petrus oňa: «Bize mysalyň manysyny düşündir» diýdi. 16 Isa: «Siz henizem düşünmediňizmi?+ 17 Adamyň iýen zady garnyna baryp, soňra täret edende çykýanyny bilmeýäňizmi? 18 Emma adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar, adamy şol haram edýär+. 19 Meselem, erbet pikirler, adam öldürmek, zyna etmek, ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ýalan sözler we gargyşlar adamyň ýüreginden çykýar+. 20 Şular adamy haram edýär, ýöne eliňi ýuwman nahar iýmek haram etmeýär» diýdi.
21 Isa ol ýerden gaýdyp, Tir bilen Sidona gitdi+. 22 Şol ýerde ýaşaýan finikiýaly aýal gelip: «Agam, Dawut Ogly, rehim et! Gyzyma jyn girip, köp azar berýär»+ diýip ýalbardy. 23 Isa aýala hiç zat diýmedi. Şonda şägirtleri: «Oňa git diýäý, ýogsam yzymyzdan galman gygyryp gelýär» diýdiler. 24 Isa: «Hudaý meni diňe Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin iberdi»+ diýdi. 25 Aýal Isa tagzym edip: «Agam, kömek et!» diýdi. 26 Isa oňa: «Çagalaryň çöregini agzyndan alyp, güjüklere bermek dogry däl ahyryn!» diýdi. 27 Şonda aýal: «Dogry aýdýaň, agam! Ýöne güjükler hem hojaýynyň saçagyndan gaçan owuntyklary iýýär ahyryn»+ diýdi. 28 Isa oňa: «Seniň imanyň güýçli ekeni. Goý, seniň isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Onuň gyzy şol bada sagaldy.
29 Isa ol ýerden gaýdyp, Jelile deňziniň golaýyna geldi+, soňra dagyň etegine baryp oturdy. 30 Şonda uly märeke Isanyň ýanyna ýygnandy. Olar agsaklary, maýyplary, körleri, lallary we başga-da ençeme syrkaw adamlary getirdiler. Isa-da hemmesini sagaltdy+. 31 Märeke lallaryň gepleýändigine, maýyplaryň sagalandygyna, körleriň görýändigine, agsaklaryň ýöreýändigine haýran galyp, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy+.
32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Märeke üç günden bäri ýanymdan aýrylanok. Olara ýüregim awaýar+, iýere zatlary ýok. Olary aç goýberesim gelenok, sebäbi ýolda ysgyndan gaçarlar»+ diýdi. 33 Şägirtleri bolsa: «Uly märekäni doýurmak üçin çola ýerde çöregi nireden tapaly?»+ diýdiler. 34 Isa olardan: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Olar: «Ýedi çörek bilen birnäçe kiçi balygymyz bar» diýdiler. 35 Şonda Isa märekäni ýerde oturtdy. 36 Soňra ýedi çörek bilen balygy alyp, Hudaýa minnetdarlyk aýtdy-da, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtler bolsa märekä paýladylar+. 37 Hemmeler iýip doýandan soň, galan bölekleri ýygnadylar. Şonda ýedi uly sebet doldy+. 38 Aýallary we çagalary hasaba almanyňda, iýenleriň sany 4 000 adamdy. 39 Isa märekäni ugradansoň, gaýyga münüp, Magadana gitdi+.