Eýýup
38 Soňra Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:
3 Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!
Men sorag berjek, senem jogap ber.
4 Ýeriň düýbüni tutanymda+, sen niredediň?
Bilýän bolsaň, aýt hany!
5 Bilýäňmi, onuň ölçegini kim berdi?
Daşyna ölçeg ýüpüni kim çekdi?
6 Ýeriň sütünleri nämä berkidildi?
7 Daň ýyldyzlary+ bilelikde şatlandy,
Perişdeler*+ joşup alkyş aýtdy.
Şonda sen niredediň?
8 Deňiz joşup çäginden*+ çykanda,
Öňüne kim böwet goýdy?
9 Deňzi bulutlar bilen,
Tüm-garaňkylyk bilen örtdüm.
10 Deňze çäk çekdim+,
Gapy goýup gulpladym.
11 „Şu ýere çenli gelip, mundan aňry geçme;
Äpet tolkunlaryň şu ýerde togtasyn“+ diýdim.
Şonda sen niredediň?
12 Sähere buýruk berip gördüňmi?
Daň şapagyna+ ýerini görkezdiňmi?
13 Oňa ýer ýüzüne aýlanmagy,
Erbetleri kowup çykarmagy tabşyrdyňmy?+
14 Möhür basylan toýun deý, ýer ýüzi özgerýär,
Nagyşly köýnek geýen ýaly owadanlaşýar.
15 Erbetleriň yşygy elinden alynýar,
Ýokary galdyran gollary döwülýär.
16 Deňziň gözbaşyna baryp gördüňmi?
Düýbüni barlap gördüňmi?+
18 Ägirt uly ýer ýüzüne akyl ýetirdiňmi?+
Bularyň baryny bilýän bolsaň, aýt hany!
19 Ýagtylygyň mekany nirede?+
Garaňkylygyň mesgeni nirede?
20 Olary öz mekanyna eltip bilermiň?
Öýüne barýan ýoly görkezip bilermiň?
21 Sen şol döwür dünýä indiňmi?
Şeýle zatlary biler ýaly, uzak ömür sürdüňmi?
22 Garyň ammarlaryna girdiňmi?+
Jöwenegiň* ammarlaryny gördüňmi?+
23 Men olary betbagtçylyk gününe,
Uruş we söweş gününe saklaýaryn+.
25 Sil akar ýaly ýap çeken kim?
Gara buluda ýol çeken kim?+
26 Ynsanyň aýak basmadyk ýerine,
Janly-jemendesiz çöllere kim ýagyş ýagdyrýar?+
27 Gurap ýatan topragy gandyryp,
Gök otlary kim ösdürýär?+
29 Buzuň ejesi kim?
Gyrawy kim dünýä indirdi?+
30 Suwuň ýüzi doňup gataýar,
Deňziň ýüzi daş ýaly bolýar+.
32 Ýyldyzlar toparyny* öz wagtynda çykaryp bilermiň?
Uly Ýedigene*, ogullaryna ýol görkezip bilermiň?
34 Çabga ýagsyn diýip,
Bulutlara buýruk berip bilermiň?+
35 Ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
Olar gelip: „Hyzmatyňa taýyn!“ diýerlermi?
37 Bulutlary sanap bilýän akyldar barmy?
Asmanyň suwly küýzelerini kim döküp biler?+
38 Şonda toprak batga öwrüler,
Kesekler palçyga döner.
39 Ýolbars üçin aw awlap bilermiň?
Arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?+
40 Olar mekanynda ýatýarlar,
Bukuda peýläp ýatýarlar.