Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Ester 1:1—10:3
  • Ester

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ester
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Ester

ESTER KITABY

1 Haşaýar* patyşa Hindistandan tä Efiopiýa* çenli 127 welaýata hökümdarlyk edýärdi+. 2 Şol döwür Haşaýar patyşa Şuşandaky*+ köşgünden höküm sürýärdi. 3 Ol hökümdarlygynyň üçünji ýylynda ähli han⁠-⁠begleri we köşk emeldarlary üçin oturylyşyk gurnady. Oturylyşyga Pars+ we Midiýa+ goşun serkerdeleri, töreleri, welaýat häkimleri geldiler. 4 Patyşa myhmanlara 180 günläp şan⁠-⁠şöhratyny, at⁠-⁠abraýyny we beýik patyşalygynyň baýlygyny görkezdi. 5 Soňra patyşa Şuşan galasynyň baýlary we garyplary üçin köşgüniň bagynda ýedi günläp oturylyşyk etdi. 6 Köşgüň bagy ak we mawy zygyr* perdeler bilen bezelendi. Perdeler ak ýüplükden we badam reňkli ýüňden örülen bagjyklar bilen mermer sütünleriň kümüş halkalaryna daňlandy. Ak, gyzyl, gara mermer we dürdäneler bilen bezelen ýanýodada altyn⁠-⁠kümüş kürsüler goýlandy.

7 Patyşanyň saçagyna köp şerap goýuldy. Gelen adamlara bir⁠-⁠birinden owadan altyn bulgurlarda şerap berildi. 8 Myhmanlary içmäge mejbur etmediler, sebäbi patyşa we köşk emeldarlary myhmanlaryň islegine görä şerap guýup bermegi tabşyrypdy.

9 Şa aýaly Waşty+ hem Haşaýar patyşanyň köşgünde zenanlar üçin oturylyşyk gurnady.

10 Ýedinji gün diýlende, şerapdan keýpi kök patyşa ýedi geňeşçisine*: Mehumana, Bizta, Harbona+, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa 11 aýaly Waştyny täjini geýdirip getirmegi buýurdy. Ol aýalynyň gözelligini myhmanlara we han⁠-⁠beglere görkezmek isledi, sebäbi patyşanyň aýaly örän owadandy. 12 Köşk emeldarlary patyşanyň buýrugyny Waşta ýetirdiler, emma ol buýrugy berjaý etmekden çürt⁠-⁠kesik boýun gaçyrdy. Muny eşiden patyşa gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy.

13 Patyşa gadymy däp⁠-⁠dessurlary gowy bilýän akyldarlaryny çagyrdy. (Patyşa ähli meselelerde kanuny we kazyýeti gowy bilýän adamlar bilen maslahatlaşýardy. 14 Patyşanyň ýakyn maslahatçylary Karşen, Şetar, Admata, Tarşyş, Meras, Marsen, Memuhandy. Olar Pars we Midiýanyň ýedi hanydy+, patyşanyň ýokary wezipeli emeldarlarydy). 15 Patyşa olara: «Şa aýaly Waşty emeldarlarym arkaly beren buýrugyma tabyn bolmady. Kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýdi.

16 Memuhan patyşanyň we hanlaryň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa däl, eýsem ähli han⁠-⁠beglere, Haşaýar patyşanyň golastyndaky welaýatlaryň halklaryna garşy günä etdi+. 17 Sebäbi şa aýalyň eden işini başga aýallar eşitse: „Haşaýar patyşa aýaly Waştyny huzuryna çagyrsa⁠-⁠da, ol barmady“ diýerler we ärlerini kemsidip başlarlar. 18 Indi şa aýaly sebäpli Pars we Midiýa han⁠-⁠begleriniň aýallary hem ärleri bilen şeýle gepleşer, olaryň maşgalasynda nägilelik we äsgermezçilik bolar. 19 Eger patyşa makul bilse, bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty Haşaýar patyşanyň huzuryna barmasyn diýip, parslaryň we midiýalylaryň kanunyna girizilsin, hiç haçan üýtgedilmesin+. Goý, patyşa Waştynyň täjini mynasyp gyza geýdirsin. 20 Patyşanyň çykaran permany patyşalygyň ähli ýerlerinde yglan edilsin. Şonda baýlaryň⁠-⁠da, garyplaryň⁠-⁠da aýallary ärine hormat goýar».

21 Maslahat patyşanyň we hanlaryň göwnünden turdy. Patyşa Memuhanyň aýdyşy ýaly etdi. 22 Ol ähli welaýatlara+, olaryň hersine öz elipbiýinde*, ene dilinde hatlary ýollady. Patyşanyň permanynda her bir erkek adam öz öýüniň hojaýyny bolsun, öý⁠-⁠içerisi onuň dilinde geplesin diýip ýazylandy.

2 Haşaýar patyşanyň+ gahary ýatyşansoň, aýaly Waştynyň eden işi+ we çykaran permany+ ýadyna düşdi. 2 Şonda patyşanyň geňeşçileri* şeýle diýdiler: «Goý, patyşa üçin owadan, ýaş, boý gyzlary tapsynlar. 3 Ähli welaýatlarda bellenen adamlar+ patyşa üçin owadan gyzlary saýlap, olary Şuşan* galasyndaky haremhana* getirsinler. Olar gelin⁠-⁠gyzlaryň gözegçisi, köşk agtasy* Hegaýyň+ ýanyna getirilsin we endamyna ýag çalnyp owkalansyn. 4 Patyşanyň göwnüne ýaran gyz Waştynyň deregine hökümdarymyzyň aýaly bolsun»+. Patyşa geňeşçileriniň aýdanyny makul bildi we olaryň aýdyşy ýaly etdi.

5 Şol döwürde Şuşan+ galasynda Mordekaý+ atly ýehudy ýaşaýardy. Ol benýamin taýpasyndan+ Ýaýyryň ogly, Şimeýiň agtygy, Kişiň çowlugydy. 6 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýahudanyň patyşasy Ýehonýany*+ hem⁠-⁠de Iýerusalimiň ilatyny ýesir alanda, olary hem alyp gaýdypdy. 7 Mordekaý ýetim galan Hadassa*, ýagny Estere hossarlyk etdi+. Ester bilen Mordekaýyň kakalary dogandy. Gyzyň ene⁠-⁠atasy aradan çykanda, ol Esteri öz gyzy ýaly terbiýeledi. Esteriň katdy⁠-⁠kamaty owadandy. 8 Patyşanyň sözi hem permany yglan edilende, ençeme gyzlar Şuşan galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligine berildi+. Ester hem köşge getirilip, aýal⁠-⁠gyzlaryň gözegçisi Hegaýa tabşyryldy.

9 Ester Hegaýyň göwnünden turup, hormatyny* gazandy. Hegaý Esteriň bedenine ýag çaldyryp owkalatdy+ we aýratyn tagamlary berdi. Ol Estere köşkden başarjaň ýedi kenizi we haremhananyň iň owadan otagyny berdi. 10 Ester Mordekaýyň+ tabşyrygyna+ gulak asyp, öz halky+, dogan⁠-⁠garyndaşlary barada hiç zat aýtmady. 11 Mordekaý Esteriň hal⁠-⁠ýagdaýyndan habar almak üçin her gün haremhananyň öňünde durardy.

12 Gyzlar gezekli⁠-⁠gezegine Haşaýar patyşanyň ýanyna getirilýärdi. Öňürti olar 12 aýlap ýag çalnyp owkalanýardy. Olar alty aý mür* ýagy+ bilen, alty aý melhem+ we dürli ýaglar bilen owkalanýardy. 13 Owkalamak günleri tamamlanansoň, gyz patyşanyň huzuryna barardy. Patyşanyň jaýyna barmaly gezegi gelen gyza islän zady berilýärdi. 14 Gün batanda gyz patyşanyň ýanyna girip, ertesi irden ikinji haremhana barýardy. Ikinji haremhana gyrnaklaryň gözegçisi köşk agtasy+ Şaşgaz seredýärdi. Patyşa göwnüne ýaran gyzyň adyny tutup çagyrýança+, ol gaýdyp patyşanyň huzuryna barmaýardy.

15 Indi patyşanyň ýanyna Mordekaýyň agasy Abyhaýylyň gyzy+ Esteriň girmek gezegi geldi. Ol haremhananyň gözegçisi, köşk agtasy Hegaýyň berenlerinden başga hiç zat soramady. (Ester ähli adamlaryň göwnüne ýaraýardy). 16 Haşaýar patyşanyň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda+, onunjy aýda, ýagny tebet* aýynda Ester patyşanyň köşgüne getirildi. 17 Patyşa Esteri beýleki gyzlardan has gowy gördi. Ol patyşanyň nazarynda gyzlaryň ählisinden köp hormat we söýgi* gazandy. Haşaýar oňa täç geýdirip, Waştynyň deregine+ şa aýaly edip belledi+. 18 Patyşa Esteriň şanyna uly toý tutup, han⁠-⁠beglerini we emeldarlaryny çagyrdy. Ol halat⁠-⁠serpaý paýlap, tussaglary azatlyga çykardy*.

19 Gyzlary+ ikinji sapar ýygnanlarynda, Mordekaý köşgüň derwezesiniň agzynda otyrdy. 20 Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly dogan⁠-⁠garyndaşlary we halky+ barada hiç zat aýtmady. Ol Mordekaýyň öýünde ýaşan döwründäki ýaly, onuň sözünden çykmaýardy+.

21 Mordekaý köşgüň derwezesinde oturan wagtlary köşk emeldarlary, derwezebanlar Bigtan bilen Tereş Haşaýar patyşa gaharlanyp, ony öldürmegiň küýüne düşdüler. 22 Mordekaý muny eşiden badyna, şa aýaly Estere habar berdi. Ol hem Mordekaýyň adyndan patyşa habar ýetirdi. 23 Muny barlap, hakykatdygyna göz ýetirdiler we iki emeldary pürsden asdylar. Şol waka patyşanyň huzurynda taryhy ýazgylara ýazyldy+.

3 Şondan soň Haşaýar patyşa agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamany+ has ýokary wezipä belläp, han⁠-⁠begleriň+ ählisinden beýgeltdi. 2 Köşgüň derwezesinde durýan ähli hyzmatkärler dyza çöküp, Hamanyň öňünde baş egýärdiler, sebäbi patyşanyň emri şeýledi. Emma Mordekaý dyza çöküp, baş egmedi. 3 Köşgüň derwezesinde duran hyzmatkärler Mordekaýa: «Sen näme üçin patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmeýärsiň?» diýdiler. 4 Olar her gün aýtsalar⁠-⁠da, Mordekaý olary diňlemedi we özüniň ýehudydygyny+ aýtdy. Soňra olar Mordekaýa bir çäre görülmegini isläp, Hamana habar berdiler+.

5 Bir gün Haman Mordekaýyň dyza çöküp, baş egmeýändigini görende, gahar⁠-⁠gazaba mündi+. 6 Emma Haman diňe Mordekaýy öldürmegi az gördi, oňa Mordekaýyň milleti hakda⁠-⁠da aýdypdylar. Şonuň üçin ol Mordekaýyň tutuş halkyny, Haşaýaryň patyşalygyndaky ähli ýehudylary gyrmagy ýüregine düwdi.

7 Haşaýar patyşanyň hökümdarlygynyň 12⁠-⁠nji ýylynda+, birinji aýda, ýagny nisan* aýynda Hamanyň öňünde bije*+ atyp, ýehudylary gyrmak üçin aýy we güni bellediler. Bije 12⁠-⁠nji aýa, ýagny adar* aýyna+ düşdi. 8 Haman Haşaýar patyşa: «Siziň golastyňyzdaky welaýatlarda+ bir millet bar+. Kanunlary beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar, olar patyşanyň permanyna tabyn bolmaýar. Beýle ýagdaýa ýol bermek patyşa bähbitli däldir. 9 Eger patyşa makul bilse, olary gyrmak hakynda perman çykarylsyn. Men emeldarlara gazna üçin 10 000 batman* kümüş bererin*» diýdi.

10 Şonda patyşa möhürli ýüzügini+ çykaryp, ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamana+ berdi. 11 Patyşa: «Saňa kümşi hem, şol halky hem berýärin, olara isläniňi et» diýdi. 12 Birinji aýyň 13⁠-⁠ne patyşanyň kätipleri+ çagyryldy. Olar patyşanyň emirlerine, welaýat häkimlerine we halklaryň han⁠-⁠beglerine Hamanyň ähli tabşyryklaryny ýazyp berdiler+. Hatlaryň ählisi Haşaýar patyşanyň ady bilen her welaýatyň öz elipbiýinde we her halkyň ene dilinde ýazylyp, patyşanyň ýüzügi bilen möhürlendi+.

13 Hatlar çaparlaryň üsti bilen ähli welaýatlara iberildi. Şol hatda uludan⁠-⁠kiçä ähli ýehudylary, aýallaryny, çagalaryny bir günüň içinde, 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar aýynyň 13⁠-⁠ne gyrmak, bütinleý ýok etmek+, mal⁠-⁠mülküni talamak hakda tabşyryk berlipdi+. 14 Hatyň nusgasy her welaýatda kanun hökmünde çykarylmalydy we ähli halklara yglan edilmelidi. Bellenen gün olar taýýar bolmalydy. 15 Patyşanyň buýrugy bilen çaparlar haýal etmän ýola düşdüler+. Perman Şuşan*+ galasynda hem yglan edildi. Patyşa bilen Haman şerap içmäge oturdy, Şuşanyň ilaty bolsa uly howsala düşdi.

4 Mordekaý+ bolan wakany+ eşidip, ýakasyny ýyrtdy we jul* geýip, başyndan kül sowurdy. Soňra şäher merkezine bardy we ses edip, zaryn⁠-⁠zaryn aglady. 2 Ol köşgüň derwezesine baryp durdy, sebäbi jul geýnen adam köşgüň derwezesinden girip bilmeýärdi. 3 Ähli welaýatlarda+ ýaşaýan ýehudylar patyşanyň permanyny eşidip, agyz beklediler+, aglaşyp ýas tutdular, jul geýip, kül üstünde oturdylar+. 4 Esteriň kenizleri we agtalary* ähli zady gürrüň berende, ol örän biynjalyk boldy. Soňra ol Mordekaýa egin⁠-⁠eşik iberip, juluny çykarmagy haýyş etdi, emma Mordekaý razylaşmady. 5 Şonda Ester Hatak agtany çagyrdy. Hatagy Esteriň hyzmatyna patyşanyň özi belläpdi. Ester ony Mordekaýyň ýanyna iberip, ähli zady jikme⁠-⁠jik soramagy tabşyrdy.

6 Hatak köşk derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasynda* oturan Mordekaýyň ýanyna bardy. 7 Mordekaý başyna düşen ýagdaýy gürrüň berdi we Hamanyň ýehudylary gyrmak üçin+ gazna beren puly+ barada aýtdy. 8 Şeýle⁠-⁠de Mordekaý ýehudylary gyrmak hakda Şuşanda* çykan permanyň nusgasyny berdi+. Hatak permany Estere görkezip düşündirmelidi+. Onsoňam, Mordekaý Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegi sorap, ýalbarmagy tabşyrdy.

9 Hatak Esteriň ýanyna gelip, Mordekaýyň aýdanlaryny gürrüň berdi. 10 Ester hem Hatagyň üsti bilen Mordekaýa+ şeýle habar ýollady: 11 «Patyşanyň içki howlusyna+ çakylyksyz gelen aýal⁠-⁠erkekler öldürilmeli diýen kanun bar. Patyşa altyn hasasyny kime uzatsa, diňe şol adam diri galýar+. Muny patyşanyň ähli hyzmatkärlerem, welaýatlarynda ýaşaýan adamlaram bilýär. Men bolsa 30 günden bäri patyşanyň ýanyna çagyrylmadym».

12 Esteriň aýdanlaryny Mordekaýa habar berdiler. 13 Ol hem Estere şeýle diýdi: «Patyşanyň maşgalasy bolanyň üçin, ýehudylardan diňe özüň halas bolaryn öýtme. 14 Şeýle ýagdaýda dymsaň, ýehudylara gutulyş hem kömek başga ýerden geler+, emma sen we dogan⁠-⁠garyndaşlaryň ýok bolup gider. Kim bilýär, belki, sen halkyňy halas etmek üçin patyşanyň aýaly bolansyň»+.

15 Ester Mordekaýa: 16 «Şuşandaky ähli ýehudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň+. Üç gije⁠-⁠gündiz+ hiç zat iýip içmäň. Menem kenizlerim bilen agyz beklärin. Soňra kanuny bozýanam bolsam, patyşanyň ýanyna giderin, ölmeli bolsam ölerin!» diýip jogap berdi. 17 Mordekaý ähli zady Esteriň aýdyşy ýaly etdi.

5 Üçünji gün diýlende+, Ester şa lybasyny geýdi we içki howla girip, köşgüň garşysynda durdy. Patyşa hem tagtynda otyrdy. 2 Patyşa howluda duran şa aýaly Esteri görüp begendi we altyn hasasyny uzatdy+. Şonda Ester patyşanyň ýanyna baryp, hasasyna elini degirdi.

3 Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, näme boldy? Näme haýyşyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam bererin!» diýdi. 4 Ester hem: «Eger makul bilseňiz, şu gün siziň üçin taýýarlan oturylyşygyma geliň. Hamany+ hem alyp geliň» diýdi. 5 Şonda patyşa nökerlerine: «Derrew gidiň⁠-⁠de, Esteriň aýdyşy ýaly, Hamany çagyryň» diýdi. Şeýlelikde, patyşa bilen Haman Esteriň oturylyşygyna bardylar.

6 Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme islegiň bar? Aýdan zadyň berler. Näme arzuwyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam, haýyşyňy bitirerin!»+ diýdi. 7 Ester hem: «Meniň isleg⁠-⁠arzuwym şudur: 8 eger patyşanyň göwnünden turan bolsam, haýyşymy bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi makul bilen bolsa, patyşa ertirem Haman bilen oturylyşyga gelsin. Men haýyşymy ertir aýdaryn» diýdi.

9 Şol gün Haman şadyýan hem göwnühoş bolup, köşkden çykyp gaýtdy. Emma ol köşgüň derwezesinde Mordekaýa duşdy. Mordekaýyň gorkman, arkaýyn oturandygyny, ýerindenem turmandygyny görende, gahar⁠-⁠gazaba mündi+. 10 Ýöne Haman gaharyny ýuwudyp, öýüne gaýtdy. Soňra ol dostlaryny we aýaly Zereşi+ çagyrdy. 11 Haman ummasyz baýlygynyň bardygyny, ogullarynyň köpdügini+, patyşanyň ony ýokary wezipä belläp, beýleki han⁠-⁠beglerinden we emeldarlaryndan beýgeldendigini+ aýdyp öwündi.

12 Ol gürrüňiniň üstüni ýetirip: «Onsoňam, şa aýaly Ester oturylyşyga patyşa bilen menden başga hiç kimi çagyrmady+. Men ertirem patyşa bilen onuň oturylyşygyna barmaly+. 13 Ýöne köşgüň derwezesinde oturan ýehudy Mordekaýy gördügim, bar keýpim gaçýar» diýdi. 14 Şonda aýaly Zereş bilen dostlary: «Beýikligi 50 tirsek* pürs dikdir. Ertir irdenem patyşa bar⁠-⁠da aýt. Goý, patyşa Mordekaýy pürsden asdyrsyn+. Soňra patyşa bilen oturylyşyga git we arkaýyn göwnüňi hoşlaber» diýip maslahat berdiler. Haman maslahaty makul bilip, pürs dikdirdi.

6 Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmedi*. Şonda ol taryhy ýazgylary+ getirmegi buýurdy; olary patyşa okap berdiler. 2 Kitapda şanyň iki emeldary, derwezebanlar Bigtan bilen Tereşiň Haşaýar patyşany öldürmek üçin dil düwşendigi we muny Mordekaýyň habar berendigi ýazylgy eken+. 3 Patyşa: «Mordekaýa näme sylag⁠-⁠serpaý ýapyldy?» diýip sorady. Patyşanyň geňeşçileri*: «Hiç zat edilmedi» diýdiler.

4 Soňra patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Şol wagt köşgüň daşky howlusynda+ Haman durdy. Ol Mordekaýy diken pürsünde asdyrmak üçin patyşa bilen gepleşmäge gelipdi+. 5 Patyşanyň geňeşçileri: «Howluda Haman+ bar» diýdiler. Patyşa hem: «Goý, girsin!» diýdi.

6 Haman içeri girende, patyşa ondan: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adama näme edilse gowy bolar?» diýip sorady. Haman: «Menden başga patyşanyň hormatyna kim mynasyp bolsun?!»+ diýip pikir etdi. 7 Şonuň üçinem ol patyşa şeýle diýdi: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adam üçin 8 şa lybasyny+ we owadan şaý⁠-⁠sepli şa atyny getirsinler. 9 Patyşanyň iň atly⁠-⁠abraýly han⁠-⁠beglerinden biri şa lybasyny we atyny alsyn. Ol şa lybasyny patyşanyň hormatyna mynasyp adama geýdirsin we ata mündürsin, şäher meýdançasynda* aýlap: „Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!“+ diýip gygyrsyn». 10 Şonda patyşa Hamana: «Haýal etmän şa lybasy bilen aty al⁠-⁠da, ähli aýdan zadyňy köşk derwezesinde oturan ýehudy Mordekaýa et. Ýaňky aýdanlaryňdan birini⁠-⁠de ýatdan çykarma» diýdi.

11 Haman şa lybasyny Mordekaýa+ geýdirdi we ata mündürip, şäher meýdançasynda aýlap: «Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!» diýip gygyrdy. 12 Soňra Mordekaý ýene⁠-⁠de köşk derwezesine bardy, Haman bolsa utanjyndan ýaňa başyny örtdi we howlugyp öýüne gitdi. 13 Haman başyndan geçen ähli zady aýaly Zereşe+ hem⁠-⁠de dostlaryna gürrüň berdi. Şonda maslahatçylary we aýaly Zereş: «Eger Mordekaý ýehudy* bolsa, ondan üstün çykyp bilmersiň. Abraýy artan bolsa, ondan ýeňlersiň» diýdiler.

14 Olar heniz gepleşip durkalar, köşk emeldarlary gelip, Hamany Esteriň gurnan oturylyşygyna gyssagly alyp gitdiler+.

7 Patyşa bilen Haman+ şa aýaly Esteriň oturylyşygyna geldi. 2 Oturylyşygyň ikinji güni şerap içip otyrkalar, patyşa ýene⁠-⁠de Estere: «Şa aýaly Ester, näme islegiň bar? Aýdan zadyň berler. Näme haýyşyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam, haýyşyňy bitirerin!»+ diýdi. 3 Şa aýaly Ester: «Eý patyşahym, göwnüňizden turan bolsam, makul bilseňiz, haýyş edýärin, janymy ölümden gutaryň, ýalbarýaryn, halkymy+ halas ediň! 4 Sebäbi meni we halkymy satyp+, ölüme tabşyrdylar. Bizi gyryp, bütinleý ýok etjek bolýarlar+. Bizi gulçulyga satsalar hem, sesimi çykarmazdym. Ýöne tutuş halkyň gyrylmagyna ýol berip bolmaz, sebäbi patyşa⁠-⁠da zyýan çeker» diýip jogap berdi.

5 Haşaýar patyşa aýaly Estere: «Kim muňa milt etdi? Nirede ol?» diýdi. 6 Ester hem: «Ganym duşman, ine, zalym Haman!» diýdi.

Haman patyşa bilen aýalyndan örän gorkdy. 7 Patyşa gaharlanyp ýerinden turdy we otagdan çykyp, köşgüň bagyna gitdi. Haman patyşanyň jeza berjegine düşünip, ýerinden turdy⁠-⁠da, şa aýaly Esterden rehim etmegi sorap, ýalbaryp başlady. 8 Patyşa bagdan gelip, meýlis otagyna girip görse, Haman Esteriň oturan düşegine ýapyşyp ýatyrdy. Patyşa muny görüp: «Indi gözümiň alnynda şa aýalyny zorlajak bolýaňmy?» diýip gygyrdy. Patyşa sözüni soňlamanka, Hamanyň ýüzüni örtdüler. 9 Şonda patyşanyň köşk emeldary Harbon+: «Patyşahym, Haman janynyňyzy halas eden+ Mordekaýy asmak üçin pürs dikipdir+. Pürsüň beýikligi 50 tirsek*. Haman pürsi öýüniň gapdalynda dikipdir» diýdi. Patyşa: «Pürsden özüni asyň!» diýip buýruk berdi. 10 Hamany Mordekaý üçin dikilen pürsden asdylar. Şonda patyşanyň gahary ýatyşdy.

8 Şol gün Haşaýar patyşa ýehudylaryň duşmany+ Hamanyň mal⁠-⁠mülküni+ Estere berdi. Ester özüniň Mordekaý bilen garyndaşdygyny+ patyşa gürrüň berdi. Mordekaý patyşanyň huzuryna geldi. 2 Patyşa Hamana beren möhürli ýüzügini+ yzyna alyp, Mordekaýa dakdy. Ester bolsa Hamanyň bütin hojalygynyň üstünden Mordekaýy baş edip belledi+.

3 Ester ýene⁠-⁠de patyşanyň huzuryna bardy we aýagyna ýykylyp aglady. Agaglardan Hamanyň ýehudylary gyrmak üçin guran hilesini bozmagy haýyş etdi+. 4 Patyşa altyn hasasyny Estere uzadanda+, ol ýerinden turup, patyşanyň öňünde durdy. 5 Soňra Ester şeýle diýdi: «Eger patyşa makul bilse, göwnüňizden turan bolsam, hormatyňyza mynasyp bolsam we razy bolsaňyz, agaglardan+ Hamedatyň ogly Hamanyň hilegärlik bilen ýazan buýrugyny* ýatyrýan kanun çykaryň. Haman patyşanyň golastyndaky ähli welaýatlara ýehudylary ýok etmek barada hat iberipdi+. 6 Men halkymyň başyna geljek betbagtçylyga çydap bilmerin. Dogan⁠-⁠garyndaşlarymyň heläk bolmagyna döz gelip bilmerin».

7 Haşaýar patyşa şa aýaly Ester bilen ýehudy Mordekaýa şeýle diýdi: «Men Hamanyň mal⁠-⁠mülküni Estere berdim+. Hamany bolsa ýehudylary gyrjak bolany üçin pürsden asdym+. 8 Indi siz ýehudylary halas etmek üçin patyşanyň adyndan buýruk ýazyň we ýüzügim bilen möhürläň. Sebäbi patyşanyň adyndan ýazylan we ýüzügi bilen möhürlenen perman ýatyrylýan däldir»+.

9 Şeýlelikde, üçünji aýda, ýagny siwan* aýynyň 23⁠-⁠ne patyşanyň kätipleri çagyryldy. Olar Hindistandan tä Efiopiýa çenli 127 welaýatdaky emirlere+, häkimlere, hanlara we ýehudylara Mordekaýyň beren ähli tabşyryklaryny ýazdylar+. Buýruk her welaýatyň öz elipbiýinde*, her halkyň ene dilinde, ýehudylaryň hem öz elipbiýinde we ene dilinde ýazyldy.

10 Mordekaý buýrugy Haşaýar patyşanyň adyndan ýazdy, ýüzügi+ bilen möhürledi we çaparlara berdi. Olar patyşanyň hyzmaty üçin seýislenen ýyndam atlara münüp ýola düşdüler. 11 Hatlarda ähli şäherdäki ýehudylara bilelikde ýygnanyşyp, öz janyny goramaga rugsat berildi. Bir halkyň ýa⁠-⁠da welaýatyň esgerleri hüjüm etse, ýehudylaryň olary, aýallaryny, çagalaryny öldürmäge, gyrmaga we mal⁠-⁠mülküni talamaga haky bardy+. 12 Buýruk Haşaýar patyşanyň ähli welaýatlarynda 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar* aýynyň 13⁠-⁠ne amala aşyrylmalydy+. 13 Ýehudylar şol gün duşmanlaryna gaýtawul bermäge taýyn bolar ýaly, buýruk ähli welaýatlarda güýje girmelidi we halklara yglan edilmelidi+. 14 Çaparlar patyşanyň hyzmaty üçin seýislenen atlara münüp, patyşanyň buýrugy bilen, okdurylyp gitdiler. Perman Şuşan*+ galasynda hem yglan edildi.

15 Mordekaý patyşanyň huzuryndan çykdy+. Onuň egninde gök hem ak matadan şa lybasy, badam reňkli ýüňden dony, başynda owadan altyn täji bardy. Şuşan galasyndaky adamlar şatlykdan ýaňa gygyryşdylar. 16 Ýehudylar üçin ýagty gelejege ýol açylyp, şatlykly, begençli günler geldi we abraýlary artdy. 17 Ähli welaýatlardaky we şäherlerdäki ýehudylar patyşanyň buýrugyny, kanunyny eşidip şatlandylar, begendiler. Olar toý⁠-⁠meýlis gurnadylar we uly baýram etdiler. Köp adamlar ýehudylardan gorkup, özlerine ýehudy diýýärdiler+.

9 Patyşanyň sözi we permany 12⁠-⁠nji aýda, ýagny adar* aýynyň+ 13⁠-⁠ne amala aşyrylmalydy+. Şol gün duşmanlar ýehudylaryň soňuna çykarys diýip tama etseler⁠-⁠de, ähli zat tersine boldy; ýehudylar duşmanlaryndan üstün çykdy+. 2 Haşaýar patyşanyň+ welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylar ýamanlyk etjek bolýanlara gaýtawul bermek üçin şäherlerinde ýygnandylar. Milletler ýehudylardan gorkansoň+, olara garşy durup bilmediler. 3 Welaýatlaryň hanlary, emirleri+, häkimleri we patyşanyň iş dolandyryjylary Mordekaýdan gorkup ýehudylary goldadylar. 4 Mordekaý köşkde ýokary wezipä eýe boldy+, şan⁠-⁠şöhraty günsaýyn artyp, at⁠-⁠owazasy ähli welaýatlara ýaýrady.

5 Ýehudylar duşmanlaryny gylyçdan geçirip, ýok etdiler. Olar duşmanlaryny ýeňmek üçin elinde baryny etdiler+. 6 Ýehudylar Şuşan*+ galasynda 500 adamy öldürdiler. 7 Şeýle⁠-⁠de olar Parşandaty, Dalpony, Aspatany, 8 Poraty, Adalýany, Ardaty, 9 Parmaştany, Arsaýy, Ardaýy we Baýzaty öldürdiler. 10 Olar ýehudylaryň duşmany Hamedatyň ogly Hamanyň+ on ogludy. Ýehudylar olary öldürseler⁠-⁠de, mal⁠-⁠mülküne degmediler+.

11 Şol gün Şuşan galasynda näçe adamyň öldürilendigi hakda patyşa habar berdiler.

12 Patyşa şa aýaly Estere: «Ýehudylar Şuşan galasynda 500 adam bilen Hamanyň on ogluny öldürdiler. Onda patyşanyň beýleki welaýatlarynda, gör, näçe köp adam öldürilendir!+ Aýt, başga näme islegiň bar? Ýerine ýetirerin. Ýene näme haýyşyň bar? Hökman bitirerin» diýdi. 13 Ester: «Eger patyşa makul bilse+, goý, Şuşanda ýaşaýan ýehudylar permany ertir hem ýerine ýetirsin+. Hamanyň on oglunyň jesedi pürsden asylsyn»+ diýip jogap berdi. 14 Patyşa hem buýruk berdi. Perman Şuşan galasynda yglan edildi we Hamanyň on ogly pürsden asyldy.

15 Şuşan galasyndaky ýehudylar adar aýynyň 14⁠-⁠ne+ ýene⁠-⁠de ýygnanyşyp, Şuşanda 300 adamy öldürdiler, emma olaryň mal⁠-⁠mülküne degmediler.

16 Beýleki welaýatlarda ýaşaýan ýehudylar hem ýygnanyşyp, özüni goradylar+. Olar 75 000 adamy öldürip, duşmanlaryndan halas boldular+, emma mal⁠-⁠mülküne degmediler. 17 Şol waka adar aýynyň 13⁠-⁠ne boldy. Olar 14⁠-⁠ne dynç alyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etdiler.

18 Şuşan galasynda ýaşaýan ýehudylar aýyň 13⁠-⁠ne+ we 14⁠-⁠ne söweşmek üçin ýygnanyşdylar+, 15⁠-⁠ne bolsa dynç alyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etdiler. 19 Beýleki şäherlerde ýaşaýan ýehudylar adar aýynyň 14⁠-⁠ne baýramçylyk etdiler+. Şol gün olar şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen toý⁠-⁠meýlis gurnap, bir⁠-⁠birlerine duz⁠-⁠çörek hödür etdiler+.

20 Mordekaý+ bolan wakany ýazyp, Haşaýar patyşanyň golaýdaky we daşdaky welaýatlarynda ýaşaýan ýehudylara hat ýollady. 21 Ol her ýylyň adar aýynyň 14⁠-⁠ne we 15⁠-⁠ne baýramçylyk bellemegi tabşyrdy. 22 Sebäbi şol günlerde ýehudylar duşmanlaryndan halas bolupdy, şol aýda olaryň gaýgy⁠-⁠hasraty şatlyga, ýasy+ hem toýa öwrülipdi. Olar baýram günleri bir⁠-⁠birlerine duz⁠-⁠çörek hödür edip, garyp⁠-⁠gasarlara sadaka berip, şatlyk⁠-⁠şagalaň bilen baýram etmelidiler.

23 Ýehudylar baýramçylygy mundan beýläk⁠-⁠de bellemegi we Mordekaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmegi makul bildiler. 24 Ähli ýehudylaryň duşmany agaglardan+ Hamedatyň ogly Haman+ ýehudylary gyrmak üçin hile gurupdy+. Olary aljyraňňylyga salmak we heläk etmek üçin bije*+ atdyrypdy. 25 Emma Ester patyşanyň huzuryna bardy. Patyşa: «Goý, ýehudylara garşy guran hilesi+ öz başyna gelsin» diýip, perman çykardy+. Haman bilen ogullaryny pürsden asdylar+. 26 Şonuň üçinem ýehudylar bije+ sözüne esaslanyp, baýramçylygyň adyna⁠-⁠da Bije baýramy* diýdiler. Ýehudylar şol hatda ýazylan wakany, gören⁠-⁠eşidenlerini we başdan geçirenlerini göz öňünde tutup, baýram etmegi makul bildiler. 27 Olar bütin kowum⁠-⁠garyndaşlary, özlerine goşulan adamlar+ bilen her ýyl iki günläp baýram etmegi makul bildiler. 28 Baýramçylyk günleri nesilme⁠-⁠nesil her maşgalada, her welaýatda, her şäherde ýatlanyp bellenmelidi. Ýehudylar Bije baýramyny ýatdan çykarman, nesilden⁠-⁠nesle yzygiderli bellemelidiler.

29 Abyhaýylyň gyzy şa aýaly Ester bilen ýehudy Mordekaý berlen häkimiýeti ulanyp, Bije baýramyny doly tassyklamak üçin ikinji haty ýazdylar. 30 Haşaýaryň+ hökümdarlygynyň 127 welaýatynda ýaşaýan ähli ýehudylara mähirli we ygtybarly sözler bilen ýazylan hat iberildi+. 31 Ýehudy Mordekaý bilen şa aýaly Ester ýazan hatynda Bije baýramyny bellenen wagtda geçirmegi we agyz bekläp+, Hudaýa doga⁠-⁠dileg+ etmegi tabşyrdy+. Tabşyrygy tutuş halk, hatda geljekki nesiller hem ýerine ýetirmelidi+. 32 Şeýlelikde, Esteriň buýrugy Bije baýramyny+ doly tassyklady we ol kitaba ýazyldy.

10 Haşaýar patyşa golastyndaky ýurtlarda we adalarda ýaşaýan adamlary gul edip işletdi.

2 Haşaýar patyşanyň eden ägirt uly işleri, Mordekaýy+ beýgeldip, ýokary wezipä belländigi+ hakynda Midiýa hem Pars patyşalarynyň+ taryhy kitabynda+ jikme⁠-⁠jik ýazylandyr. 3 Ýehudy Mordekaý Haşaýar patyşanyň baş weziridi*. Ýehudylaryň arasynda Mordekaýyň at⁠-⁠abraýy uludy. Ol halkynyň we nesilleriniň abadançylygy üçin köp işleri edip, ýehudy doganlarynyň hormatyny gazandy.

Beýik Dariý (Dariý Histaspis) patyşanyň ogly Kserks I barada gürrüň edilýän bolmaly. Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.

Ýa⁠-⁠da: Kuşa.

Ýa⁠-⁠da: Suzadaky.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: maslahatçysyna; ynamdar hyzmatkärine.

Ýa⁠-⁠da: ýazuwynda.

Ýa⁠-⁠da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Patyşanyň aýallarynyň we gyrnaklarynyň bolýan öýi.

Sözlüge serediň.

2Pa 24:8⁠-⁠de Ýehoýakyn diýilýär.

Manysy: Reýhan. Esteriň ýewreý ady.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi.

Ýa⁠-⁠da: halky salgytdan azat etdi.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Sözme⁠-⁠söz: pur.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Başga manysy: Men şu işi edenlere tölär ýaly, gazna 10 000 batman kümüş goýaryn.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa⁠-⁠da: Suzada.

Takmynan 22 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: ukusy gaçdy.

Ýa⁠-⁠da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.

Sözlüge serediň.

Sözme⁠-⁠söz: ýehudylaryň tohumyndan.

Takmynan 22 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözme⁠-⁠söz: hatlaryny.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: ýazuwynda.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: Suza.

Sözme⁠-⁠söz: pur.

«Pur» sözi bije diýmegi aňladýar. Onuň köplük sany «Purym» bolsa ýehudylaryň senenamasy boýunça 12⁠-⁠nji aýda bellenilýän baýramçylygyň adydyr. Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ýa⁠-⁠da: patyşadan soň ikinji adamdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş