ÝERMEÝA PYGAMBERIŇ AGYSY
א [Elip]*
1 Wah, adamdan doly şäher+, indi boşap galdy!
At-abraýly* şäher+, indi dul hatyna döndi!
Welaýatlaryň gözeli*, indi gyrnaga döndi!+
ב [Bet]
2 Gijelerine aglaýar+, gözýaşy sil deý akýar.
Hiç bir oýnaşy indi göwünlik bermeýär+.
Dost-ýary duşman boldy, dönüklik edýär+.
ג [Gimel]
3 Ýahuda sürgün edildi+, jebir-jepa çekýär+.
Halklaryň arasynda+ jany aram tapmaýar.
Agyr gününde duşman eline düşýär.
ד [Dal]
4 Baýramçylyga gelýän ýok, Sion ýoly aglaýar+.
Derwezesi weýran boldy+, ruhanysy ah çekýär.
Şäher agyr dert içinde, gelin-gyzy nalaýar.
ה [He]
5 Ýagylary gaýgy-gamsyz ýaşaýar, agalyk edýär+.
Agyr günäsi üçin Ýehowa hasrat çekdirýär+.
Duşmany çagalaryny ýesir edip äkidýär+.
ו [Waw]
6 Sion gyzy şan-şöhratyny ýitirdi+,
Han-begi sugun kimin sährany küýsedi,
Ýöremäge ysgyn-mydary galmady.
ז [Zaýn]
7 Iýerusalimiň bagty ýatdy, sergezdan boldy,
Elden giden mal-mülküni ýatlady+.
ח [Het]
8 Iýerusalim külli günä etdi+,
Nejis zada öwrüldi,
Hormat goýanlar ýalaňaç halyna güldi+.
Ýerden başyny galdyrman, onuň özem ah çekdi+.
ט [Tet]
9 Köýneginiň etegi hapalandy,
Gelejegini oýlanmady+.
Ýykylyşy gorkunç boldy, hiç kim teselli bermedi.
Eý Ýehowa, nazar sal, agyrdyr halym,
Özüni beýgeltdi ganym duşmanym+.
י [Ýod]
10 Ganym duşman hazynasyna el urdy+.
Milletler mukaddes mekanyna girdi+.
Olar seniň jemagatyňa goşulmazdy.
כ [Käp]
11 Çörek gözläp sermenýär, bütin halk nalaýar+,
Bir döwüm çörek üçin, mal-mülküni paýlaýar.
Eý Ýehowa, bir naçara* meňzedim.
ל [Lam]
12 Eý ötegçiler, azaryňyza dälmidir?
Geliň, görüň!
Meniň ýaly dert çekýän barmydyr?
Ýehowa gazaplanyp, maňa ejir çekdirdi+.
מ [Mim]
13 Ýokardan ot ýagdyryp, süňklerimi kül etdi+.
Aýagyma duzak gurdy, meni yza serpikdirdi.
Ol meni terk etdi,
Günuzyn dert çekýärin.
נ [Nun]
14 Günälerim boýuntyryk boldy,
Boýnumdan asyldy, ysgyn-mydarym galmady.
Ýehowa meni duşman eline tabşyrdy+.
ס [Sameh]
Goç ýigitleri gyrmaga goşun toplady+.
Ýehowa Ýahuda gyzyny üzüm deý ezdi+.
ע [Aýn]
16 Şonuň üçin aglaýaryn+, gözýaşym sil dek akýar.
Göwünlik berjek adamlar uzakda galdy.
Duşmanlarym üstün çykdy, ogul-gyzymy gyrdy.
פ [Pe]
17 Sion elini uzadyp nalaýar+, göwünlik berýän tapylmaýar.
Ýehowanyň emri bilen Ýakuba hüjüm edilýär+.
Iýerusalim duşmanlaryna ýigrenji bolup görünýär+.
צ [Sad]
18 Ýehowa adyldyr+, men tabşyryklaryny bozdum+.
Eý halklar, meni diňläň, agyr derdimi görüň.
Ogul-gyzlarym ýesirlige düşdi+.
ק [Kap]
19 Oýnaşlarymy çagyrdym, olar meni aldady+.
ר [Reş]
20 Eý Ýehowa, ser sal, agyrdyr halym,
Ýanyp tutaşyp dur, meniň janym.
Ýüregim ynjalmaýar, sebäbi gozgalaň turuzdym+,
Daşarda gylyç bar+, içerde ölüm.
ש [Şin]
21 Ahy-zarymy eşitseler-de, göwünlik beren bolmady,
Ganym duşmanlarym derdimi gördi.
Beren jezaňy görüp, ýagylarym begendi+,
Bellän günüň gelsin+, olar meniň günüme düşsün+.
ת [Taw]
22 Agyr günäm sebäpli maňa jeza beripdiň,
Erbet işlerini görüp, olara-da temmi ber+.
Sebäbi ýürek ýaraly, dertlerim köpdür.
א [Elip]
2 Wah, Ýehowanyň gahary Siony bulut kimin örtdi!
Ol Ysraýylyň şan-şöhratyny gökden ýere zyňdy+,
Gahar-gazap güni basgançagyny unutdy+.
ב [Bet]
2 Ýehowa Ýakubyň ýurduny rehimsizlik bilen weýran etdi.
Ýahuda galalaryna gaharlanyp, ýer bilen ýegsan etdi+.
Patyşalygyny ýumurdy+, han-beglerini masgara etdi+.
ג [Gimel]
3 Gahar bilen Ysraýylyň şahyny döwdi.
ד [Dal]
Sion çadyryna+ gahar oduny dökdi+.
ה [He]
5 Ýehowa bize duşman boldy+,
Ysraýyly ýuwutdy,
Diňlerini weýran etdi,
Galalaryny ýumurdy.
Ýahudanyň hasratyny artdyrdy.
ו [Waw]
Baýramçylygyny ýatyrdy+.
Sionyň baýramy, Sabat güni unudyldy.
Ýehowa gaharlanyp, patyşa-da, ruhana-da rehim etmedi+.
ז [Zaýn]
Diňlerini duşman eline berdi+.
Olar Ýehowanyň öýünde baýrama gelen ýaly gygyryşdylar+.
ח [Het]
8 Ýehowa Sionyň diwarlaryny ýykmagy ýüregine düwdi+.
Onuň diwarlaryna ölçeg ýüpüni çekdi+.
Güýçli goly bilen betbagtçylyk inderdi.
Gorag depeleri, diwarlary ýas tutdy.
Ikisi-de ýer bilen ýegsan boldy.
ט [Tet]
9 Diwarlary gara ýere çökdi+,
Kiltleri çym-pytrak boldy.
Patyşasy, hanlary ýat ýurda sürgün edildi+.
י [Ýod]
10 Sionyň ýaşululary ýerde ümsüm otyrdylar+,
Olar jul* geýdiler, başyndan gum sowurdylar+.
Iýerusalim gyzlary ýerden başyny galdyrmadylar.
כ [Käp]
11 Aglaý-aglaý gözümiň nury öçdi+.
Hasratly ýüregim ýanyp tutaşdy.
ל [Lam]
12 Olar ejesine: «Çörek iýjek, suw içjek»+ diýýär,
Köçelerde ýaralanan adam dek huşuny ýitirýär,
Ejesiniň gujagynda jan berýär.
מ [Mim]
13 Eý Iýerusalim, kimi şaýat edeýin?
Seni nämä meňzedeýin?
Eý Sion, göwünlik bermek üçin seni kime deňäýin?
נ [Nun]
14 Pygamberleriň görnüşleri ýalandyr, boşdur+.
Ýalan görnüşler bilen seni aldadylar+,
Günäleriňi aýtsadylar, ýesirlige düşmezdiň+.
ס [Sameh]
15 Ötegçiler ýaňsylap, ellerini çarpýarlar+.
Iýerusalime geň galyp, sykylyk çalýarlar*+,
Başlaryny ýaýkap diýýärler: «Şumy siziň:
„Gözelleriň gözeli, zeminiň guwanjy“ diýýän şäheriňiz?»+
פ [Pe]
16 Duşmanlaryň seni ýuwutmak üçin agzyny açýar.
Sykylyk çalyp*, dişlerini gyjap: «Diriligine ýuwudarys+.
ע [Aýn]
Ol rehim etmän, seni weýran etdi+.
Duşmanyny begendirdi, ýagylaryny güýçlendirdi.
צ [Sad]
18 Eý Sion diwarlary, halk Ýehowa perýat etsin,
Gözýaşlaryň gije-gündiz sil deý aksyn,
Dynman agla, gözýaşlaryň diňmesin.
ק [Kap]
19 Tur! Uzak gije, daň atýança* ses edip agla.
Ýehowanyň öňünde aglap ýüregiňi dök.
Balalaryň açlykdan köçede huşuny ýitirýär+,
Çagalaryň jany üçin Hudaýa ýalbar.
ר [Reş]
20 Eý Ýehowa, temmi beren halkyňa nazar sal!
Näme üçin aýallar bagryndan önen balasyny iýýärler?+
Näme üçin Ýehowanyň mukaddes mekanynda
Ruhanylaryň, pygamberleriň janyny alýarlar?+
ש [Şin]
21 Ýigitleriň, garrylaryň jesetleri köçede çaşyp ýatyr+.
Gyzlarym, goç ýigitlerim gylyçdan gyrlyp ýatyr+.
Gahar-gazap güni olary öldürdiň, rehim etmän gyrdyň+.
ת [Taw]
22 Toýa gelen+ myhman deý, çar-tarapdan gorky basdy.
Ýehowanyň gazap gününden hiç kim gutulyp bilmedi+.
Bagrymdan önen, öwüt berip ulaldan balamy duşmanlarym öldürdi+.
א [Elip]
3 Allanyň gazaply hasasy başymyzdan indi.
2 Ol meni kowdy, ýagty ýoldan däl-de,
Garaňky ýoldan ýöretdi+.
3 Meni uzakly gün gaýta-gaýta urdy+.
ב [Bet]
4 Ol meniň derimi, etimi çüýretdi,
Süňklerimi owratdy.
5 Zäherli otlar bilen+, jebir-jepa bilen daşymy gurşady.
6 Topraga siňen ata-babalarym kimin,
Meni tüm-garaňkylyga baglady.
ג [Gimel]
7 Elimi mis gandal bilen baglady+.
Daşyma diwar aýlady, gaçyp bilmedim.
8 Agyr halda kömek soradym,
Doga-dilegime jogap bermedi+.
9 Ýonma daşlar bilen ýolumy baglady.
Ýodalarymy egrem-bugram etdi+.
ד [Dal]
10 Ol bukuda ýatan aýy dek, şir dek üstüme topuldy+.
12 Ýaýyny gerip, meni nyşana aldy.
ה [He]
13 Oklary bilen böwregimi deşdi.
14 Halklara gülki boldum, bütin gün dillerinden düşmedim.
15 Ol maňa zäher içirdi, ýowşandan gerk-gäbe doýurdy+.
ו [Waw]
17 Rahatlygymy elden aldyň,
Ýagşylygyň nämedigini unutdym.
18 Diýdim: «At-abraýym gaçdy,
Ýehowa bolan umydym üzüldi».
ז [Zaýn]
21 Ählisini kalbymda gizläp saklaryn,
Saňa sabyrly garaşaryn+.
ח [Het]
24 Diýdim: «Ýehowadyr paýym+, sabyrly garaşaýyn»+.
ט [Tet]
27 Ýaşlykda agyr kynçylyk göreniň gowudyr+.
י [Ýod]
28 Hudaý adamyň üstüne ýük atsa,
Goý, ol dymsyn, ýalňyzlykda otursyn+.
29 Ýere ýüzin ýykylsyn+, belki-de, halas bolar+.
30 Urana ýaňagyny tutsun, kemsitmelere döz gelsin.
כ [Käp]
31 Ýehowa bizi ebedilik terk etmez+.
33 Hudaý ynsan ogullarynyň jebir çekmegini islemeýär+.
ל [Lam]
34 Ýer ýüzüniň ýesirleri aýak astynda ezilýär+,
35 Allatagalanyň* öňünde ynsan hukugy kemsidilýär+,
36 Kazyýetde adalatsyzlyk edilýär,
Ýehowa olara asla göz ýummaýar.
מ [Mim]
37 Ýehowa buýurmasa, kim söz berer?
Kim sözünde durup biler?
38 Allatagalanyň agzyndan
Ýamanlyk däl, ýagşylyk çykar.
39 Günäsi üçin ejir çekýän adam näme üçin şikaýat etsin?+
נ [Nun]
41 Geliň, ellerimizi göge galdyryp,
Hudaýa ýürekden dileg edeliň+:
ס [Sameh]
44 Daşyňy bulut bilen örtüp, dogamyza böwet goýduň+.
45 Halklaryň arasynda zir-zibile, syr-süplüge öwürdiň».
פ [Pe]
46 Duşmanlarymyz ýuwutmak isleýär+.
48 Eziz halkymyň agyr halyny görüp,
Boýur-boýur ýaş dökýärin+.
ע [Aýn]
51 Şäherimiň gyzlarynyň* halyna+ ýüregim gyýyldy.
צ [Sad]
52 Duşmanlarym nähak ýere meni guş deý awlady.
53 Meni öldürjek bolup, çukura taşladylar, meni daşladylar.
54 Suwlar depämden aşanda: «Janym çykyp barýar!» diýdim.
ק [Kap]
55 Eý Ýehowa, çukuryň düýbünden adyňy tutup çagyrdym+,
56 Eşit sesimi, ýapma gulagyňy, ýardam et, meni halas et.
57 Seni çagyrdym. Şol gün gelip: «Gorkma!» diýdiň.
ר [Reş]
58 Ýehowa, kazyýetde hemaýat etdiň, meni azat eýlediň+.
59 Ýehowa, maňa adalatsyzlyk edildi, arymy alyp ber+.
60 Olaryň menden ar alşyny gördüň,
Päliniň ýamandygyny bildiň.
ש [Sin] ýa-da [Şin]
61 Eý Ýehowa, olaryň ýaňsylaýjy sözüni eşit,
Olaryň erbet niýetlerini gör+.
62 Duşmanlarym meni dilden düşürmän,
Bütin gün hyşy-wyşy edýärler.
63 Seret, olar otursa-tursa,
Meni kemsidip*, üstümden gülýärler.
ת [Taw]
64 Eý Ýehowa, eli bilen edenini egni bilen çekdir.
65 Olary näletläp, doňýürek edersiň.
66 Ýehowa, gazap atyňa atlanyp, olaryň yzyndan kow,
Olary ýeriň ýüzünden ýok et.
א [Elip]
4 Wah, sap altynyň reňki öçdi!+
Mukaddes ýeriň daşlary+ köçelerde pytrap ýatyr!+
ב [Bet]
2 Sion ogullary sap altyn deý arzylydy.
Indi olar küýzegäriň küýzesine döndi,
Toýundan ýasalan küýzä öwrüldi!
ג [Gimel]
ד [Dal]
4 Süýt emýän balalar teşne bolup, dili damagyna ýapyşýar.
Çagalary el serende, hiç kim çörek bermeýär+.
ה [He]
5 Näz-nygmatlar iýenler köçede sergezdan+.
Gyrmyzy lybas geýenler kül içinde ýatyr+.
ו [Waw]
ז [Zaýn]
7 Nezirleri+ gardan arassady, süýtden akdy.
Olar merjenden has gyzyldy, ýakut kimin öwşün atýardy.
ח [Het]
8 Olar kömürden has gara boldy,
Köçelerde olary hiç kim tanamady.
Derisi süňküne ýelmeşip, çöpe döndi+.
ט [Tet]
9 Açlykdan ölenden gylyçdan öleniň gowudyr+.
Olar bir döwüm çörege zar bolup, gurap galdy.
י [Ýod]
10 Mähirli ejeler çagalaryny gaýnatdy+.
Halkyň agyr gününde balalary ýas nahary boldy+.
כ [Käp]
11 Ýehowa olara gaharlanyp, gazabyny dökdi+,
Siony oda ýakyp, düýbi bilen kül etdi+.
ל [Lam]
12 Ýer ýüzüniň patyşalary, mes topragyň ilaty,
Iýerusalim derwezesinden duşmanyň girjegine ynanmady+.
מ [Mim]
נ [Nun]
14 Kör kimin köçelerde enteşip+,
Haram boldy gara gana bulaşyp+.
Donlaryna el degrip bolmady.
ס [Sameh]
15 Olara diýerler: «Gidiň, haramlar!
Gümüňizi çekiň! Bize el degirmäň!»
Olar öýsüz-öwzarsyz enteýärler.
Il içinde diýdiler: «Olar bärde galmasyn+.
פ [Pe]
16 Ýehowa olary dargatdy+.
Indi Hudaý olara rehim etmez.
Il-gün ruhana+, ýaşula hormat goýmaz»+.
ע [Aýn]
17 Berilmejek kömege garaşyp, gözümiziň nury öçdi+.
Ejiz halkdan kömek sorap, gözlerimiz ýolda galdy+.
צ [Sad]
Golaýlaşdy soňumyz, günlerimiz gutardy,
Sebäbi ahyrymyz geldi.
ק [Kap]
19 Duşmanlar bürgütden çakgandyr+.
Dagda yzarlaýarlar, düzde duzak gurýarlar.
ר [Reş]
20 Ýehowanyň saýlany+, ýaşaýyş demimiz
Indi duşman duzagyna düşdi+.
Biz oňa: «Milletler arasynda ýaşarys saýasynda» diýerdik.
ש [Sin]
21 Uz ýurdunyň Edom gyzy, şatlanýansyň, begenýänsiň+,
Saňa käsäni geçirerler+, lül bolarsyň, uýat ýeriň görner+.
ת [Taw]
22 Eý Sion gyzy, günäleriň üçin berlen jezaň möhleti doldy.
Hudaý indi gaýdyp seni sürgün etmez+.
Emma ol Edom gyzynyň günälerine göz ýummaz,
Ýazyklaryny gizlemez+.
5 Eý Ýehowa, başymyza geleni unutma.
Seret, biz masgara bolduk+.
2 Mirasymyz ýada geçdi, kesekiler öýümizi aldy+.
3 Ýetim galdyk, ejemiz dul aýal kimin boldy+.
4 Agyz suwuny+, sazak oduny satyn alýarys.
5 Duşmanymyz ökjämizi basyp gelýär,
Dynçlyk ýok, ysgyn-mydarymyz gaçdy+.
6 Müsüre+, Assiriýa+ el serip, çörek diledik.
7 Günäli ata-babamyz gara ýere siňip gitdi,
Eden etmişlerini egnimiz bilen çekýäris.
8 Gul-gyrnagymyz agalyk edýär,
Biziň başymyzy gutarjak adam ýok.
9 Çölden gelýän gylyçly duşman sebäpli,
Bir döwüm çörek üçin başymyzy orta goýduk+.
10 Açlygyň derdinden+ bedenimiz ojak kimin gyzýar.
11 Sion gelinleriniň, Ýahuda gyzlarynyň namysyna degýärler+.
13 Ýigitler degirmen aýlaýar, çagalar odun daşap maýrylýar.
15 Ýüregimizde şatlyk galmady, toýumyz* ýasa öwrüldi+.
16 Waý halymyza, täjimiz başymyzdan gaçdy, başymyz günäli.
17 Dertlerden ýaňa ýüregimiz ýaraly+,
Gözümiziň nury öçdi+.
18 Sion dagynda adam-gara galmady+,
Tilkileriň sürenine öwrüldi.
19 Eý Ýehowa, tagtyň bakydyr, hökümdarlygyň ebedidir+.
20 Bizi näme üçin ýatdan çykardyň?
Näme üçin uzak wagtlyk terk etdiň?+
21 Eý Ýehowa, dolanmak isleýäris, bizi kabul et+,
Öňki günlerimizi gaýtaryp ber+.
22 Sen bizden bütinleý ýüz öwürdiň,
Bize garşy gazaply oduň köşeşmedi+.
1—4-nji baplar ýewreý elipbiýiniň tertibinde ýazylypdyr (akrogoşgy görnüşi).
Ýa-da: Köp ilatly.
Sözme-söz: melikesi.
Iýerusalime degişli.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Sözme-söz: säher çagynda. Gije 2:00-dan daňdan 6:00-a çenli aralyk göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: bar ysgynymy aldy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Sabyrly bolup.
Ýa-da: Wepaly söýgä baýdygy.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: daş-töweregindäki şäherleriň.
Sözme-söz: Aýdym aýdyp.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: tansymyz.