Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Abdyýar 1—21
  • Abdyýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Abdyýar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Abdyýar

ABDYÝAR PYGAMBERIŇ KITABY

1 Älemiň Hökümdary Ýehowa Abdyýara* Edom hakda görnüş* berdi.

Abdyýar şeýle diýýär+:

«Biz Ýehowanyň habaryny eşitdik.

Çapar halklara habar getirip:

„Turuň, oňa garşy söweşe çykalyň!“ diýdi»+.

 2 «Seni halklaryň arasynda peseltdim;

Seni uly iliň öňünde kemsitdim+.

 3 Sen gowaklarda mesgen tutduň,

Tekepbirligiň seni aldawa saldy+,

Belent daglarda ýaşap, öz⁠-⁠özüňe:

„Kim meni aşak düşürip biler?“ diýýärsiň.

 4 Sen bürgüt kimin gaýalarda mesgen tutsaň⁠-⁠da*,

Ýyldyzlaryň arasynda höwürtge ýasasaň⁠-⁠da,

Men seni aşak indererin» diýip, Ýehowa yglan edýär.

 5 «Gije üstüňe talaňçylar, ogrular gelse,

Olar diňe islän zadyny almazmy?

Eger üzümçiler gelse,

Olar az⁠-⁠owlak üzüm goýup gitmezmi?

Indi duşmanlaryň seni ýer bilen ýegsan eder*+.

 6 Ysaw, ýagylaryň saňa garşy aýaga galdy.

Gizlin hazynalaryňy agtaryp tapdy.

 7 Olar seni ýurduňdan kowup çykardy.

Dost⁠-⁠ýarlaryň ählisi seni aldady.

Seniň bilen agzybir ýaşanlar üstüňden agalyk etdi.

Bile duz⁠-⁠çörek iýýänleriň saňa duzak gurarlar.

Sen bolsa muny asla aňmarsyň».

 8 Ýehowa şeýle diýýär: «Şol gün men Edomyň akyldarlaryny,

Daglarynda ýaşaýan düşünjeli adamlaryny heläk ederin+.

 9 Eý Teýman+, seniň batyr ýigitleriň gorka düşer+.

Sebäbi Ysawyň daglarynda ýaşaýanlar gylyçdan geçiriler+.

10 Doganyň Ýakuba eden zorluk⁠-⁠sütemiň sebäpli+,

Sen masgara bolarsyň+,

Hemişelik ýok edilersiň+.

11 Duşmanlar onuň goşunyny ýesir alanda+,

Sen gyra çekilip, seredip durduň,

Başga milletler derwezesinden girip,

Iýerusalim üçin bije atanda+,

Senem olara goşuldyň.

12 Doganyň başyna kynçylyk düşende gülmeli däldiň+,

Ýahuda halkynyň heläkçilik gününde şatlanmaly däldiň+,

Olaryň gara gününde gedemlik etmeli däldiň.

13 Halkymyň agyr gününde derwezesinden girmeli däldiň+,

Halkymyň gara gününde heşelle kakmaly däldiň,

Halkyma betbagtçylyk inen güni

Baýlygyna el urmaly däldiň+.

14 Sen ýoluň çatrygynda durup,

Gaçyp barýanlary öldürmeli däldiň+,

Gara gününde halkymyň aman galanlaryny

Duşmanyň eline bermeli däldiň+.

15 Ýehowanyň milletlere höküm çykarjak güni ýakyndyr+.

Başgalara basan oduň, özüňe⁠-⁠de basylar+,

Il⁠-⁠güne edeniň, öz başyňa iner.

16 Meniň mukaddes dagymda şerap içişiňiz ýaly,

Milletler hem meniň gahar şerabymdan içerler+.

Olar içip, gahar⁠-⁠gazabymdan lül bolarlar,

Dünýä inmedik ýaly bolarlar.

17 Halas bolanlar Sion dagyna gelerler+,

Ol ýer mukaddes bolar+,

Ýakubyň nesli mal⁠-⁠mülküne eýe çykar+.

18 Ýakubyň öýi ot kimin,

Ýusubyň öýi alaw kimin,

Ysawyň öýi saman kimin bolar.

Olar ot kimin ýanyp, ony ýalmap ýuwudar.

Ysawyň öýünden hiç kim aman galmaz+.

Muny Ýehowa aýdýar.

19 Olar Negebe we Ysawyň daglaryna+,

Şepela bilen piliştlileriň ýurduna+ eýe çykarlar.

Efraýymyň we Samariýanyň topragyny mülk edinerler+.

Benýaminler Gileady eýelärler.

20 Galadan+ sürgün edilen ysraýyl halky

Kenganyň Sarepta+ şäherine çenli ähli ýerlerini eýelär,

Iýerusalimden Separata sürgün edilenler

Negebiň ähli şäherlerinde ýaşarlar+.

21 Halasgärler Sion dagyna çykarlar,

Ysawyň daglaryny höküm ederler+,

Ýehowa patyşa bolar»+.

Manysy: Ýehowanyň guly.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: ýokary uçsaň⁠-⁠da.

Başga manysy: Olar seni nähili weýrançylyga salardylar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş