HABAKUK PYGAMBERIŇ KITABY
1 Habakuk* pygambere görnüş* arkaly aýdylan habar:
Zalymlardan haçan halas edersiň?
Haçana çenli senden kömek soraýyn?+
3 Erbetligi näme üçin görmeli bolýaryn?
Zulum-süteme näme üçin seredip durýarsyň?
Gözümiň alnynda zorluk-sütem bolýar,
Daş-töweregimde dawa-jenjel turýar.
4 Şonuň üçin kanun öz güýjüni ýitirdi,
Adalat zym-zyýat boldy.
Erbetler dogruçyllary ezýär,
Şonuň üçin adalat ýoýulýar+.
5 «Halklara serediň, ünsli serediň!
Haýran galyp, aňk-taňk boluň.
Sebäbi siziň döwrüňizde şeýle wakalar bolar,
Olar hakda eşideniňizde, öz gulagyňyza ynanmarsyňyz+.
Olar köp ýurtlary basyp almak üçin+,
Ýer ýüzüne aýlanyp çykar.
7 Olar aýylgançdyr, gorkunçdyr.
Olar öz kanunlaryny, düzgünlerini girizer+.
8 Atlary alajabarsdan hem çakgandyr.
Olar gijelerine awa çykan möjek ýalydyr+.
Söweş atlary uzak ýurtlary söküp,
Badyny gowşatman çapyp geler.
Ol halk awuna topulýan bürgüt kimindir+.
9 Zalymlyk olaryň ganyna siňendir+.
Olar başyny birikdirse, gündogar tüweleýi kimindir+,
Ýesirleri çäge ýaly üýşürýändir.
10 Olar patyşalary kemsiderler,
Emeldarlaryň üstünden gülerler+.
Galalary hiç zatça görmezler+.
Olar diwaryň ýanynda gum üýşürip, galany basyp alarlar.
11 Olar ýel kimin öwsüp, ýurduň içinden geçip giderler.
Emma olara zalym işleri üçin jeza berler+.
12 Ýehowa, sen gadymdan bäri barsyň!+
Mukaddes Hudaýym, sen hiç haçan ölümi datmarsyň*+.
Ýehowa, olary hökümleriňi ýerine ýetirmek üçin saýladyň.
Onda nädip hilegärlere çydaýarsyň?+
Erbetler özünden gowurak adama azar berse,
Sen nädip dymyp bilýärsiň?+
14 Adamlar balyk kimin tutulýar,
Deňiz jandarlary kimin tora düşýär.
Sen muňa näme üçin ýol berýärsiň?
15 Duşman* olary çeňňegi bilen tutýar,
Tory bilen awlaýar,
Tory balykdan dolýar,
Ýüregi şatlykdan dolýar+.
16 Tory üçin sadaka berýär,
Toruna gurbanlyk getirýär.
Sebäbi toruna köp balyk düşýär,
Saçagy näz-nygmatdan dolýar.
17 Ol haçana çenli toruny dolduryp-boşadyp durar?*
Milletleri haçana çenli zalymlyk bilen gyrar?+
Ünsli bolup, aýtmaly habarymy diňlärin.
Öwüt-nesihat berilse, näme jogap bereýin?
2 Şonda Ýehowa şeýle diýdi:
3 Sebäbi gören görnüşiň bellenen wagtynda amala aşar.
Ol berjaý boljak gününe howlugýar,
Ol hökman ýerine ýeter*.
Gijä galýan ýaly bolup görünse-de, oňa garaş!*+
Sebäbi ol hökman geler,
Gijä galmaz!
4 Ulumsy adama seret!
Ol içigaradyr.
Dogruçyl adam wepaly bolsa, uzak ýaşar*+.
5 Şerap ynsanyň akylyny alýar,
Ulumsylyk-da adama maksadyna ýetmegine päsgel berýär.
Ol mazar* ýaly açgöz,
Ölüm ýaly doýmaz-dolmaz.
Ol ähli milletleri ýygnap,
Hemme halklary ýesir alýar+.
6 Ony ýaňsylap nakyllar, matallar düzerler+.
Halklar oňa şeýle diýerler:
„Kişiniň zadyny alýanyň,
Bergä batan adamyň gününe waý!
Bu haçana çenli dowam eder?
7 Algydarlaryň duýdansyz üstüňe geler.
Olar ukudan oýanyp, seni silterlärler,
Emlägiňi talarlar+.
8 Sen köp milletleri taladyň,
Indi halklar seni derbi-dagyn ederler+.
Sebäbi sen adamlaryň ganyny dökdüň,
Ýer ýüzüni we şäherleri weýran etdiň,
Olaryň ilatyna sütem etdiň+.
9 Betbagtçylykdan halas bolmak üçin,
Öýüni* beýik ýerde gurmak üçin,
Hojalygyna haram gazanç eltýäniň waý halyna!
10 Eden işleriň öz öýüňi masgara etdi,
Köp halklary gyrdyň, günä gazandyň+.
11 Diwaryň daşlary aýybyňy açýar,
Üçegiň agaç söýegleri hem dymyp oturmaýar.
12 Gan döküp, şäher guranyň,
Adalatsyzlyk edip, şäheriň düýbüni tutanyň dat gününe!
13 Halklar oda ýanyp kül boljak zatlar üçin zähmet çekýär,
Milletler biderek ýere der dökýär+.
Ähli zat Serkerdebaşy Ýehowanyň emri bilen bolýar.
15 Dostuny çuw ýalaňaç görmek üçin içirip serhoş eden
Zalym we gaharjaň ynsanyň waý halyna!
16 Sen şan-şöhrata eýe bolman, utanja galarsyň.
Senem iç, sünnetsizligiňi görkez*.
Ýehowanyň sag elindäki käseden içmek nobaty saňa ýeter+,
Şonda abraýdan düşüp, masgara bolarsyň.
17 Liwana eden sütemiň öz başyňdan iner,
Wagşy haýwanlary rehimsiz gyrşyň ýaly, seni-de gyrarlar.
Sebäbi sen adamlaryň ganyny dökdüň,
Sen ýer ýüzüni weýran etdiň,
Şäheriň halkyna sütem etdiň+.
18 Ussanyň ýasan butundan,
Oýup ýasan butundan ne peýda?
Guýma butdan ne peýda? Buta ýüz tutmak biderekdir.
Gepläp bilmeýän dereksiz butlary ýasap,
Olara bil baglamakdan ne peýda?+
19 Agaja: „Oýan!“ diýip ýalbarýanyň,
Dilsiz daşa: „Tur! Ýol görkez!“ diýýäniň waý halyna!
20 Ýehowa bolsa mukaddes ybadathanasyndadyr+.
Bütin ýer ýüzi, onuň huzurynda ümsüm boluň!“»+
3 Habakuk pygamber aglap* doga etdi:
2 «Eý Ýehowa, seniň işleriň hakda eşitdim!
Eý Ýehowa, gudratlaryňa haýran galdym!
Bellän wagtyňda* olary berjaý et,
Bellän wagtyňda* olary amala aşyr.
Betbagtçylyk inende rehim etmegi unutma!+
Şan-şöhraty al-asmana ýaýrady+,
Tutuş ýer ýüzi Alla alkyş aýtdy.
4 Ol daň şapagy kimin şugla saçýardy+.
Ýumrugyndan goşa şöhle çykýardy,
Güýji ýumrugynyň içindedi.
5 Gyrgynçylyk öňünden barýardy+,
Gyzzyrma keseli yzyndan gelýärdi.
6 Ol durdy, ýer lerzana geldi+.
Ol seretdi, milletler sandyrady+,
Gojaman daglar pytrady,
Gadymy depeler baş egdi+.
Ýollary gadymdan bellidir.
7 Kuşan çadyrlary howsala düşdi,
Midýan çadyrlary sandyrady+.
8 Eý Ýehowa, derýalara gaharlanýarmyň?
Derýalara gaharyň gelýärmi?
Ýa-da deňze gazap oduň tutaşýarmy?+
9 Ýaýyňy çekip, nyşana aldyň.
Ant içip, naýzalary* taýýarladyň. (Sela)
Ýer ýüzüni derýalar bilen böldüň.
10 Seni gören daglar azap çekip, iki büküldi+,
Çabga ýagyp, ýer ýüzüni sil aldy.
Ýerasty suwlar güwledi+,
Ellerini ýokary galdyrdy.
11 Gün we Aý mekanyndan çykmady+.
Atan peýkamlaryň ýyldyrym dek süýnüp gitdi+.
Naýzaň öwüşgini gözleri gamaşdyrdy.
12 Gazap bilen ýer ýüzüni aýlandyň.
Gahar bilen halklary ezdiň.
13 Sen öz halkyňy, saýlanyňy halas etmek üçin geldiň.
Erbediň öýündäki baştutany ýok etdiň.
Öýüni ýer bilen ýegsan etdiň. (Sela)
14 Esgerleri meni ýok etjek bolanda,
Olaryň öz naýzalary bilen maňlaýyny ýardyň.
Olar ejizi ezmek üçin bukuda ýatyp begenýärdiler.
15 Deňzi, möwç urýan suwlary,
Atlaryň bilen böwsüp geçdiň.
16 Muny eşidip, ýüregim ýaryldy,
Dodaklarym titredi.
Süňklerim çüýräp başlady+,
Dyzlarym sandyrady.
Men heläkçilik gününe sabyrly garaşaryn+,
Sebäbi şol gün duşmanlarymyzyň başyndan
Hökman heläkçilik iner.
17 Injir agajy güllemese-de,
Üzüm agajy miwe bermese-de,
Zeýtun agajy hasyl getirmese-de,
Mellekler hasyl bermese-de,
Agylda goýun-guzy bolmasa-da,
Ýatakda mal-gara bolmasa-da,
18 Men şonda-da Ýehowa hakda oýlanyp şatlanaryn,
Halasgär Hudaýymyň işlerine guwanaryn+.
19 Älemiň Hökümdary Ýehowa meniň güýç-kuwwatymdyr+.
Alla meni keýik kimin ýüwrük eder,
Meni beýik daglara çykarar»+.
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna: kirişli saz gurallarym bilen aýtmaly.
Bagryňa basmak diýmegi aňladýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Güýjümize bil baglaýarys.
Başga manysy: biz hiç haçan ölmeris.
Ýagny haldeýler.
Başga manysy: gylyjyny gynyndan çykarar?
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýalan sözlemez.
Ýa-da: sabyrsyzlyk bilen garaş!
Başga manysy: imany arkaly ýaşar.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Höwürtgesini.
Başga manysy: entirekle.
Ýa-da: agy aýdymyny aýdyp.
Başga manysy: Biziň günlerimizde.
Başga manysy: Biziň günlerimizde.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: oklary.