Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 2 Korinfliler 1:1—13:14
  • 2 Korinfliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 2 Korinfliler
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
2 Korinfliler

KORINFLILERE IKINJI HAT

1 Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlus hat ýazýar. Men doganymyz Timoteos+ bilen Hudaýyň Korinfdäki ýygnagyna we bütin Ahaýýadaky mukaddeslere ýüzlenýärin+.

2 Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!

3 Hudaýymyza we Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna şöhrat bolsun!+ Ol rehimdar Atadyr+ we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr+. 4 Hudaý ähli kynçylyklarda göwünlik berýär+. Biz hem Hudaýyň göwünlik berişi ýaly+, dürli kynçylyklara duçar bolanlara göwünlik berip bilýäris+. 5 Biz Mesih üçin näçe görgi görsek-de+, Mesih arkaly köp göwünlik tapýarys. 6 Biz siziň göwünlik tapyp, halas bolmagyňyz üçin kynçylyk çekýäris. Eger bize göwünlik berilýän bolsa, ol siziň üçin berilýändir. Şonda sizem göwünlik tapyp, biziň döz gelýän kynçylyklarymyza döz gelip bilersiňiz. 7 Siz biziň döz gelýän kynçylyklarymyza çydaýan bolsaňyz, bize göwünlik berilişi ýaly, size-de göwünlik beriljekdigine umyt edýäris+.

8 Doganlar, biz Aziýada köp kynçylyklary başdan geçirdik+. Olary öz güýjüň bilen ýeňer ýaly däldi, şonuň üçin diri galarys hem öýtmedik+. 9 Şonda bize ölüm jezasy berlen ýaly boldy. Bolan wakalardan özümize däl-de, ölüleri direldýän Hudaýa bil baglamagy öwrendik+. 10 Şonda Hudaý biziň janymyzy halas etdi, gerek bolsa ýene halas eder. Onuň gelejekde-de halas etjekdigine ynanýarys+. 11 Siz hem bize kömek etmek üçin ýürekden doga-dileg ediň+. Hudaý hem dogalaryňyza jogap berip, bize kömek eder. Muny gören köp adamlar Hudaýa alkyş aýdarlar+.

12 Biz ynsabymyzyň päkdigine buýsanýarys. Sebäbi biz şu dünýäde, siziň araňyzda ynsan akyldarlygyna däl-de+, Hudaýyň ýagşylygyna bil baglap, dogruçyl we mukaddes ýaşaýarys. 13 Aslynda, men size okap* we düşünip bilýän zatlaryňyzy ýazýaryn. Olara has gowy* düşünersiňiz diýip umyt edýärin. 14 Biziň aýdýanlarymyza düşünýändigiňize buýsanýarys. Biz size Halypamyz Isanyň gününde-de guwanarys.

15 Men şeýle ynam bilen siziň ýanyňyza ikinji gezek barmakçydym. Şonda siz ýene şatlanyp* bilerdiňiz. 16 Sebäbi men Makedoniýa barýarkam hem, Makedoniýadan gelýärkäm hem ýanyňyza barmakçydym. Şondan soň siz meni Ýahuda çenli biraz ugradyp bilerdiňiz+. 17 Eýsem men siziň ýanyňyza bararyn diýip oýlanman aýtdymmy? Ýa-da men «hawa, bararyn» diýip, soňra «ýok, baryp bilmerin» diýip, öz peýdamy gözledimmi? 18 Bize Hudaýyň hatyrasyna ynanyp bilersiňiz. Biz başda «hawa», soň bolsa «ýok» diýmeýäris. 19 Men, Silwanus* we Timoteos bilen size Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakda wagyz etdim+. Isa hem başda «hawa» diýip, soňra «ýok» diýen däldir. Ol hemişe «hawa» diýen sözünde durýandyr. 20 Hudaý köp wada berýär, olaryň ählisi Isa arkaly «hawa» bolýar+. Şeýlelikde, biz ol arkaly Hudaýa «Omyn» diýip+, Hudaýy şöhratlandyrýarys. 21 Emma siziň-de, biziň-de Mesihiňkidigimizi tassyklan hem, saýlan hem Hudaýdyr+. 22 Hudaý bize möhürini basdy+ we gelejekde sylag berjekdigine ynandyrmak üçin ýüregimize mukaddes ruhuny guýdy+.

23 Hudaýyň öňünde ant içýärin, men size dözmedim, şonuň üçin Korinfe entek barmadym. 24 Biz siziň imanyňyzyň üstünden agalyk etjek bolmaýarys+, sebäbi siz imanda berk dursuňyz. Biz siziň işdeşleriňiz, Hudaýa şatlanyp gulluk etmegiňizi isleýäris.

2 Men ýanyňyza baranymda, sizi gynandyrmaýyn diýip köp oýlandym. 2 Eger sizi gynandyrsam, meni kim begendirsin? 3 Siz meni begendirip bilýärsiňiz, ýöne ýanyňyza baranymda gynandyrmazlygyňyz üçin hat ýazdym. Sebäbi meniň begenen zadyma siziň hem şatlanjakdygyňyza ynanýaryn. 4 Men şol hatymy köp gözýaş döküp, ýüregim ezilip ýazypdym. Haty sizi gynandyrmak üçin däl+, ýürekden söýýändigim üçin ýazypdym.

5 Meni gynandyran adam+ sizi-de gynandyrandyr. Ýöne men ol hakda köp gürrüň edip, sizi has-da gynandyrmak islemeýärin. 6 Şeýle adamy köpçüligiň ýazgarany ýeterlikdir. 7 Ol gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşmez ýaly+, ony ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň+. 8 Haýyş edýärin, şeýle adam söýgiňizi görsün+. 9 Onsoňam, şol hatymy siziň ähli zatda gulak asyşyňyzy görmek üçin ýazypdym. 10 Eger siz biriniň günäsini bagyşlasaňyz, men-de bagyşlaryn. Men ony bagyşlasam-da, siziň hatyraňyza bagyşlaýaryn, muňa Mesih hem şaýatdyr. 11 Şonda biz Şeýtanyň duzagyna düşmeris+, sebäbi onuň her dürli ýollar bilen duzaga salýandygyny bilýäris+.

12 Men Trowasa+ Mesih baradaky hoş habary wagyz etmäge baranymda, Halypamyzyň işini ýerine ýetirmek üçin gapy giňden açyldy. 13 Men Titus+ dogany tapyp bilmän alada etdim. Men ol ýerdäki doganlar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ýola düşdüm+.

14 Hudaýa şükür, ol bizi hemişe Mesih bilen dabaraly ýörişde ýöredýär, biz arkaly ähli ýerlere Özi hakdaky bilimi ýakymly ys kimin ýaýradýar. 15 Sebäbi biz Hudaý üçin Mesih hakdaky habary ýaýradýan ýakymly ys kimindiris. Şol ýakymly ys halas boljaklara-da, heläk boljaklara-da baryp ýetýär. 16 Ýakymly ys heläk boljaklara ölüm getirer+, halas boljaklara ýaşaýyş berer. Şeýle gulluga kim mynasyp? 17 Biz mynasyp, sebäbi köp adamlardan tapawutlykda, biz Hudaýyň sözi arkaly gazanç etmeýäris*+. Gaýtam Hudaýyň öňünde Mesihiň şägirtleri hökmünde ak ýürekden wagyz edýäris, sebäbi bizi Hudaýyň özi iberdi.

3 Biz özümizi täzeden tanyşdyrmalymy? Ýa-da biziň kimdigimizi görkezýän hat gerekmi? Käbir adamlaryň edişi ýaly hat ýazyp berelimi? 2 Aslynda, siz biziň hatymyz+. Siz biziň ýüregimizde, islendik adam şol haty okap biler. 3 Siziň Mesihden gelen hatdygyňyz görnüp dur. Şu haty biz, Hudaýyň gullukçylary ýazdy+. Hat syýa bilen daşyň ýüzüne däl-de+, Biribaryň ruhy bilen ýüreklere ýazylandyr+.

4 Biz Mesih arkaly Hudaýyň öňünde munuň şeýledigine ynanýarys. 5 Hudaý ukyp bermese, tabşyran işini öz güýjümiz bilen ýerine ýetirip bilmeris+. 6 Hawa, Hudaý bize ukyp berýär. Ol el bilen ýazylan kanun arkaly däl-de+, mukaddes ruhuň, ýagny täze ähtiň+ üsti bilen görkezme berýär. Sebäbi el bilen ýazylan kanun ölüme höküm edýär+, Hudaýyň ruhy bolsa ýaşaýyş berýär+.

7 Ölüme höküm edýän we daşyň ýüzüne ýazylan kanun+ şeýle şöhrat bilen geldi welin, Ysraýyl ogullary Musanyň nurly ýüzüne seredip bilmediler+. Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhrat bilen berlen bolsa, 8 onda mukaddes ruh+ has-da şöhratly berilmezmi?+ 9 Adamlary ölüme höküm edýän kanun+ şöhratly bolsa+, onda adamlary dogruçyl edýän işimiz has-da şöhratlydyr+. 10 Täze ähtiň şöhraty şeýle parlap dur welin, kanunyň şöhraty ýitip gitdi+. 11 Eger güýji gaçan kanun şeýle şöhratly bolsa+, onda täze äht has köp şöhrata eýe bolýandyr+.

12 Bize şeýle umyt berlensoň+ batyrgaý gepleýäris*. 13 Ysraýyl ogullary wagtlaýyn şöhrata seredip bilmändikleri üçin, Musa mata bilen ýüzüni ýapdy+. Emma biz ýüzümizi ýapmaýarys. 14 Aslynda, Ysraýyl ogullarynyň aň-düşünjesi ýapykdy+, sebäbi köne äht okalanda, mata aýrylmaýar+, ol diňe Mesih arkaly aýrylýandyr+. 15 Hawa, şu günlerem Musanyň sözleri okalanda+, olaryň ýüreklerine mata ýapylandyr+. 16 Emma kim Ýehowa* dolansa, şol mata aýrylýandyr+. 17 Ýehowa* ruhdur+. Ýehowanyň* mukaddes ruhuny alan adam azatdyr+. 18 Biz ýüzümizi mata bilen ýapman, gaýtam Ýehowanyň* şöhratyny aýna kimin görkezýäris. Şeýtmek bilen, biz gitdigiçe Hudaýyň keşbine görä üýtgäp, şöhratyny has-da aýdyň görkezýäris. Muny Ruh bolan* Ýehowa* isleýär+.

4 Hudaýyň bize rehim edip, şeýle gullugy ynanandygy üçin elimizi gowşatmaýarys. 2 Ýöne biz gizlinlikde edilýän utanç-haýasyz işlere baş goşmaýarys, mekirlik etmeýäris. Hudaýyň sözüni ýoýman, hakykaty öwredýäris+. Hudaýyň öňünde ähli adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutup, görelde görkezýäris+. 3 Biziň wagyz edýän hoş habarymyz diňe heläk boljak adamlar üçin mata bilen ýapylandyr. 4 Sebäbi şu dünýäniň* taňrysy+ iman etmeýän adamlaryň aň-düşünjesini küteldendir+. Ol Hudaýyň keşbinde ýaradylan Mesih+ hakdaky ajaýyp hoş habaryň nur saçmagyny islemeýär+. 5 Biz wagyzda özümiz hakda däl-de, Isa Mesihiň Halypamyzdygy hakda gürrüň berýäris. Şeýle-de Isanyň hatyrasy üçin size hyzmat edýändigimizi aýdýarys. 6 Sebäbi: «Garaňkylykda nur saçsyn»+ diýen Hudaý ýüreklerimizi ýagtylandyryp+, Mesih* arkaly Özi hakdaky ajaýyp bilim bilen şöhratlandy.

7 Biz toprakdan ýaradylsak-da+, gymmatly hazyna ynanyldy+, şonuň üçin gullugymyzy öz güýjümiz bilen däl-de, Hudaýyň güýji bilen ýerine ýetirýäris.+ 8 Bizi her tarapdan gysyp-gowursalar-da, güýçden gaçmadyk. Biz aljyraňňy ýagdaýa düşsek-de, çykalgasyz ýagdaýda* däldiris+. 9 Biz yzarlansak-da, ýeke galmadyk+. Bizi urup-ýençseler-de, heläk bolmadyk+. 10 Isanyň ýaşaýşy durmuşymyzda görner ýaly, Isa ýaly hemişe görgi görüp, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys+. 11 Biz ýaşasak-da, Isanyň hatyrasy üçin janymyzy howp astyna salýarys+. Adamlar hem biziň Isa ýaly görgi görýändigimizi görýärler. 12 Sizi ýaşaýşa gowşurmak üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.

13 «Men iman bilen gepledim»+ diýip ýazylyşy ýaly, biz hem siziň imanyňyz üçin iman* bilen gepleýäris. 14 Isany direlden Hudaýyň bizi-de direldip, ählimizi Isanyň ýanyna eltjekdigini bilýäris+. 15 Ähli zat siziň üçin edilýär. Adamlar Hudaýa alkyş* aýdyp, şöhratlandyrar ýaly, Hudaý olara köp ýagşylyk edýär+.

16 Şeýlelikde, beden garrasa-da, içki dünýämiz günsaýyn täzelenýär, şonuň üçin ruhdan düşmeýäris. 17 Biziň häzirki görýän kynçylyklarymyz wagtlaýyn hem ýeňildir, ýöne şolar arkaly deňsiz-taýsyz we ebedi şöhrata ýeteris+. 18 Biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara seredýäris+, sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr.

5 Biziň ýerdäki öýümiz, ýagny çadyrymyz ýykylsa+, Hudaý gökde ynsan elleri bilen gurulmadyk+ ebedi öý berer. 2 Biz gökdäki öýümize gowuşmagy* ýürekden isläp+, häzirki öýümizde* ahy-nala çekýäris. 3 Biz ol ýerde egin-eşiksiz* bolmarys. 4 Biz häzirki ýaşaýan çadyrymyzda gaýgy-aladadan ýaňa ahy-nala çekýäris. Häzirki çadyrdan çykmaga howlukmasak-da, başgasyna gowuşmak isleýäris+. Şonda ölmän baky ýaşarys+. 5 Hudaý bize şeýle ýaşaýşy taýýarlady+ we mukaddes ruhuny berip, geljekki bereketleri aljakdygymyza kepil geçdi+.

6 Şonuň üçin biz bedende* ýaşaýan döwrümiz Halypamyzdan aýry ýaşajakdygymyzy bilip, özümizi dogumly alyp barýarys+. 7 Sebäbi biz görýän zatlarymyz bilen däl-de, iman arkaly ýaşaýarys. 8 Biz ynsan bedeninde däl-de, Halypamyzyň ýanynda ýaşamagy arzuw edýäris+, munuň şeýle boljakdygyna doly ynanýarys. 9 Biz onuň bilen ýaşasak-da, aýry ýaşasak-da Halypamyzy begendirmek isleýäris. 10 Biziň ählimiz Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmaly, sebäbi her kim ynsan bedeninde ýaşan döwri eden ýagşy we ýaman işlerine görä paýyny alar+.

11 Biz Halypamyzdan gorkmagy öwrendik, indi adamlara-da öwredýäris. Ýöne Hudaý bizi gowy tanaýar, siz hem bizi gowy tanaýan bolsaňyz gerek*. 12 Size özümizi gaýtadan tanatjak bolmaýarys, gaýtam biz babatda buýsanmaga mümkinçilik berýäris. Şonda siz ýüreginiň päkligine däl-de, daş keşbine öwünýänlere jogap berip bilersiňiz+. 13 Eger biz akylymyzdan azaşan bolsak+, muny Hudaý üçin etdik. Eger sagdyn düşünjeli bolsak, onda siziň üçindir. 14 Bizi şeýle etmäge Mesihiň söýgüsi höweslendirýär. Sebäbi biz şuňa düşündik: bir adam hemmeler üçin öldi+, diýmek, hemmeler ölüpdir. 15 Adamlar indi özleri üçin däl-de+, olaryň hatyrasyna ölüp, soňra direlen üçin ýaşamaly, sebäbi ol hemmeler üçin öldi.

16 Biz adamlara daş keşbine görä baha bermeýäris+. Hatda käbirimiz Mesihi görüp baha beren bolsak, indi beýle etmeýäris+. 17 Mesihe goşulan* adamy Hudaý täzeden ýaradýar+. Köne zatlar geçip gitdi, täze zatlar gelip ýetdi. 18 Emma ähli zat Hudaýdandyr. Hudaý Mesih arkaly biziň bilen ýaraşdy+. Indi bize-de adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmak tabşyryldy+. 19 Şeýdip, Hudaý adamlaryň günälerini hasaba alman+, Mesih arkaly olar bilen ýaraşýar+. Bize bolsa adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrýan habary aýtmak tabşyryldy+.

20 Hudaý bizi Mesihe derek+ wekil edip iberip+, adamlary ýaraşmaga çagyrýar. Biz Mesihe derek: «Hudaý bilen ýaraşyň» diýip ýalbarýarys. 21 Isa hiç haçan günä etmese-de+, Hudaý ony biziň günälerimiz üçin gurban etdi. Şol sebäpli-de biz Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilýäris+.

6 Biz Hudaýyň işdeşleri+ hökmünde size Hudaýyň ýagşylygyna sowuk-sala garamazlygy ündeýäris+. 2 Hudaý: «Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim, gutulyş güni saňa kömek etdim»+ diýýär. Ine, rehim edilýän wagt geldi! Ine, gutulyş güni geldi!

3 Adamlar gullugymyzdan kemçilik tapmaz ýaly, hiç kimi büdretmeýäris+. 4 Biz ähli ýagdaýda Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris+. Biz köp kynçylyklara çydaýarys, betbagtçylyga, mätäçlige, kyn günlere+, 5 urgulara, türmä+, gozgalaňçylara, agyr zähmete, ukusyz gijelere we açlyga çydaýarys+. 6 Şeýle-de halal ýaşaýarys, bilim alýarys, sabyrly bolýarys+, ýagşylyk edýäris+, mukaddes ruha eýerýäris, ýürekden* söýýäris+, 7 ýalan sözlemeýäris we Hudaýyň güýjüne bil baglaýarys+. Onsoňam, sag* we çep* elimizde adalat* ýaraglary bar+. 8 Bize alkyş aýtsalar-da, kemsitseler-de, gybatymyzy etseler-de, öwseler-de Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris. Bizi ýalançy hasaplasalar-da, hakykaty aýdýarys, 9 dünýä bizi tanamasa-da, Hudaý tanaýandyr, adamlar ölüme mynasyp görseler-de, biz diridiris+, jeza* berseler-de, ölen däldiris+. 10 Bizi biçäre hasaplasalar-da, elmydama şadyýandyrys, garyp görseler-de, köpleri baý edýändiris, hiç zadymyz ýokdur öýtseler-de, hemme zadymyz bardyr+.

11 Eý korinfliler, siziň bilen aç-açan gepleşdik, ýüregimizi giňden açdyk. 12 Biz size gysganman mähir siňdirdik*+, ýöne siz bizden mähriňizi gysgandyňyz. 13 Size çagalarym hökmünde aýdýaryn: siz hem ýüregiňizi giňden açyň+.

14 Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň+. Eýsem dogruçyllyk bilen kanunsyzlygyň nähili baglanyşygy bar?+ Ýagtylyk bilen garaňkylygyň näme meňzeşligi bar?+ 15 Mesih Şeýtan* bilen ylalaşyp bilermi?+ Ýa-da imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi* bar?+ 16 Heý-de, Hudaýyň ybadathanasynda butlar bolup bilermi?+ Biz Biribaryň ybadathanasy+, sebäbi Hudaý: «Men olaryň ýanynda+, olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar»+ diýdi. 17 «Ýehowa* şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň!“+, „şonda men sizi kabul ederin“»+. 18 «Gudratygüýçli Ýehowa* şeýle diýýär: „Men siziň ataňyz+, siz hem meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz“»+.

7 Eziz doganlar, bize şeýle wadalaryň berlendigi üçin+, bedeni we ýüregi* hapalaýan her bir zatdan özümizi arassalalyň+, Hudaýdan gorkup, has-da mukaddes bolalyň.

2 Bize ýüregiňiziň töründen ýer beriň+. Biz hiç kime ýamanlyk etmedik, hiç kime zyýan ýetirmedik, öz bähbidimize çapyp, hiç kimi aldamadyk+. 3 Men sizi günäkärlejek bolmaýaryn, sebäbi öň aýdyşym ýaly, ölsek-de, ýaşasak-da, ýüregimiziň töründe siziň ornuňyz bar. 4 Men siziň bilen açyk gepleşýärin*, size ýürekden buýsanýaryn, kalbym diýseň rahatdyr. Agyr günleri başdan geçirsek-de, ýüregim şatlykdan doludyr+.

5 Makedoniýa gelenimizde+, janymyz rahatlyk tapmady, her dürli kynçylyklary başdan geçirdik. Adamlar bizi yzarlaýardy, özümiz hem ýygnaklary alada edýärdik. 6 Ýöne göwnüçökgünlere göwünlik berýän Hudaý+ Titusy iberip, göwünlik berdi. 7 Biz Titusyň diňe bir ýanymyzda bolandygyna däl, siziň oňa göwünlik berendigiňize ruhlandyk. Ol meni göresiňiziň gelýändigini, gam çekýändigiňizi we ýürekden aladamy edýändigiňizi aýtdy. Men muňa diýseň begendim.

8 Men sizi gynandyran bolsam-da+, hat ýazanyma ökünmeýärin. Hat ýazyp sizi biraz gynandyrandygyma başda ökünen hem bolsam, 9 häzir begenýärin. Ýöne siziň gynananyňyza däl, toba edendigiňize begenýärin. Sebäbi siz eden işiňize ökünip, Hudaýy razy etdiňiz, biz sebäpli zyýan çekmediňiz. 10 Hudaýy razy etmek üçin gynanýan adam halas bolýandyr, ökünýän däldir+. Şu dünýäniň adamlary ýaly gynanýan adam bolsa ölüm ýoluna düşýändir. 11 Sebäbi Hudaýy razy etmek üçin gynanmagyňyz gowy netije berdi. Siz ahlak taýdan arassa bolduňyz, erbetligi ýigrendiňiz, Hudaýdan gorkduňyz. Sizde ýürekden toba etmäge, üýtgemäge we ýalňyşyňyzy düzetmäge isleg döredi+. Şu meselede hemme zady dogry etdiňiz. 12 Men hatymy günä eden adama ýa-da ondan zyýan çeken adama+ ýazmandym, gaýtam Hudaýa gulak asyşyňyzy hemmeler bilsin diýip ýazypdym. 13 Biz şonuň üçin hem begendik*.

Siz Titusyň kalbyna* rahatlyk berip, ony begendiripsiňiz. Biz muňa hasam begendik. 14 Men Titusyň ýanynda size buýsanan bolsam, aýdanlarym üçin utanýan däldirin. Size aýdanlarymyzyň ählisi dogry bolsa, Titusyň ýanynda buýsanmagym hem hakdyr. 15 Siziň gulak asyşyňyzy ýatlap+, Titusyň söýgüsi has-da artýar, sebäbi siz ony uly hormat bilen kabul edipsiňiz. 16 Men size doly ynanyp* bilýändigime begenýärin.

8 Doganlar, size Hudaýyň Makedoniýadaky ýygnaklara eden ýagşylygy hakda gürrüň bermek isleýäris+. 2 Olar agyr synaglarda-da şatlygyny ýitirmediler, juda garyp bolsalar-da jomartlyk etdiler. 3 Men olaryň elinde baryny edendiklerini+, hatda artygy bilen edendiklerini bilýärin+. 4 Olar mukaddeslere kömek etmek we sadaka bermek üçin köp ýalbardylar+. 5 Olar biziň garaşanymyzdan hem köp zat etdiler. Olar Hudaýyň islegine görä, diňe bir Halypamyza däl, bize-de hyzmat etdiler. 6 Şol sebäpli siziň ýürekden beren sadakalaryňyzy ýygnamagy Titusa tabşyrdyk+ we muny soňuna çenli tamamlamaga höweslendirdik. 7 Siz ähli zada: imana, söze, bilime, yhlasa baýsyňyz we adamlary biziň sizi söýşümiz ýaly söýýärsiňiz. Şonuň üçin jomartlyk bilen beriň+.

8 Men muny size tabşyryk hökmünde däl-de, başgalaryň çekýän agyr zähmeti hakda bilmegiňiz üçin aýdýaryn. Men siziň hem päk söýgiňizi görmek isleýärin. 9 Sebäbi siz Halypamyz Isa Mesihiň ýagşylygy hakda bilýänsiňiz. Ol baý bolsa-da, siziň üçin garyp boldy+. Emma siz onuň garyplygy arkaly baýadyňyz.

10 Meniň pikirimçe+, siz başgalara kömek etmek bilen, özüňize peýda getirýärsiňiz. Sebäbi bir ýyl mundan öň başlan işiňizi diňe bir ýerine ýetirmän, ony ýürekden edýärsiňiz. 11 Indi bolsa başdaky yhlasyňyzy gowşatman, başlan zadyňyzy soňuna çenli tamamlaň. 12 Hudaý ýürekden berlen sadakany kabul edýär+, sebäbi Hudaý adamyň güýji ýetmeýän zadyny däl-de, güýji ýetýän zadyny bermegini isleýär. 13 Men başgalaryň durmuşyny ýeňilleşdirip, siziňkini kynlaşdyrmak islemeýärin. 14 Ýöne siz artykmaç zadyňyz bilen olara kömek ediň. Şonda olar hem artykmaç zady bilen siziň ýetmeýän zadyňyzy ýetirerler. Şeýlelikde, siziň araňyzda deňlik bolar. 15 Sebäbi: «Köp ýygnan adamlaryňky artyk çykmady, az ýygnanlaryňky kem bolmady»+ diýip ýazylandyr.

16 Hudaýa şükür edýäris, sebäbi ol Titusy aladaňyzy etmäge höweslendirdi+. 17 Titus diňe haýyş edendigimiz üçin däl, öz islegi bilen ýanyňyza bardy. 18 Biz Titus bilen bir dogany iberdik. Şol dogana ähli ýygnaklar guwanýar, hoş habaryň hatyrasyna çeken zähmeti üçin hormat goýýarlar. 19 Mundan başga-da, ýygnaklar ony berlen sadakalary paýlamaga belledi. Ol biziň bilen gidip, sadakalary paýlady. Şol sadakalar bilen Halypamyzy* şöhratlandyryp, başgalara kömek ederis. 20 Şeýdip, ýygnalan sadakalary paýlamak meselesinde hiç bir adamy nägile etmedik+. 21 Sebäbi biz «diňe Ýehowanyň* öňünde däl, adamlaryň öňünde-de ähli zatda dogruçyl bolmaga jan edýäris»+.

22 Biz olar bilen başga bir dogany hem iberýäris. Biz ony ençeme gezek synap, tabşyrylan işleri yhlasly ýerine ýetirýändigine göz ýetirdik. Ol siziň hem dogry işleri etjekdigiňize ynanyp, sizi has-da goldamak isleýär. 23 Eger Titus hakda sorasalar, ol meniň ýoldaşymdyr we meniň ýaly size kömek edýän işdeşimdir. Doganlar barada sorasalar, olar ýygnaklarda resullardyr we Mesihi şöhratlandyrýandyr. 24 Şeýlelikde, olara ýygnaklary çyn ýürekden söýýändigiňizi+ we size biderek ýere guwanmandygymy görkeziň.

9 Size mukaddeslere kömek* etmek+ babatda hat ýazmagyň geregi ýok. 2 Sebäbi siziň kömege taýyndygyňyzy bilip, makedoniýaly mesihçileriň ýanynda buýsanýaryn. Olara Ahaýýanyň bir ýyl bäri kömek etmäge taýýardygyny aýtdym. Siziň yhlasyňyz olaryň köpüsine täsir etdi. 3 Indi buýsanjym biderek bolmasyn. Kömege taýýardygyňyzy görmek üçin ýanyňyza doganlary iberýärin. 4 Eger makedoniýaly doganlar bilen baranymda siziň taýýar däldigiňizi görsek, ynamymyz puç bolar, ählimiz masgara bolarys. 5 Şeýlelikde, sözüňizde durup, jomartlyk bilen berýän sadakaňyzy taýyn edip goýmagyňyz üçin, doganlary ýanyňyza öňünden iberdim. Şonda sadakany mejbury däl-de, jomartlyk bilen berýändigiňiz belli bolar.

6 Emma gysgançlyk bilen ekýän adam az orar, jomartlyk bilen ekýän bolsa köp orar+. 7 Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de+, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir+.

8 Galyberse-de, gerek zadyňyz elmydama ýeterlikli bolup, ýagşy işleri etmäge zadyňyz bol bolar ýaly+, Hudaý size köp ýagşylyk eder. 9 Sebäbi: «Ol jomartdyr, garyp-gasaryň hossarydyr. Hiç haçan dogry ýoldan sowulýan däldir»+ diýip ýazylgy. 10 Ol size ekmäge tohum berer, iýjek çöregiňizi ýetirer, ekjek tohumyňyzy köpelder we dogruçyl işleriňizden bol hasyl almaga kömek eder. 11 Siz her ýagdaýda jomart bolar ýaly, Hudaý berekedini bolluk bilen berýär. Siziň yhlasyňyz adamlary Hudaýa minnetdar bolmaga höweslendirýär. 12 Sebäbi siziň edýän gullugyňyz mukaddeslere gerek zadyny ýetirýär+, şeýle-de ençeme adamlara Hudaýa alkyş aýtmaga mümkinçilik berýär. 13 Mukaddesler eden kömegiňizi görüp, Hudaýy şöhratlandyrýarlar. Sebäbi siz Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryňyza tabyn bolýarsyňyz, olara-da, hemmelere-de jomartlyk bilen sadaka berýärsiňiz+. 14 Hudaýyň size köp ýagşylyk edýändigini görüp, olar siziň üçin doga-dileg edýärler, sebäbi sizi ýürekden söýýärler.

15 Geliň, köp ýagşylyk edýän* Hudaýa minnetdar bolalyň!

10 Men Pawlus, Mesihden görelde alyp, size ýumşaklyk we mähir bilen ýüzlenýärin+. Araňyzdakam meni ejiz+, ýok wagtym bolsa batyrgaý hasaplaýarsyňyz+. 2 Men baranymda araňyzdaky ynsan düşünjeli adamlara berk çäre görmeli bolmaryn diýip umyt edýärin. 3 Biz şu dünýäde* ýaşasak-da, dünýädäki adamlar ýaly söweşmeýäris. 4 Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünýäden däl-de+, Hudaýdandyr. Hudaýyň berýän güýçli ýaraglary+ bilen berk galalary ýykýandyrys. 5 Biz ýalan düşünjeleri ýeňýäris, Hudaý hakdaky bilime böwet bolýan zatlary ýumurýarys+. Her bir pikiri ýesir alyp, Mesihe tabyn edýäris. 6 Eger siz doly tabyn bolsaňyz, onda biz hem tabyn bolmaýan adama temmi berip bileris+.

7 Siz ähli zadyň daşyna seredip baha berýärsiňiz. Eger biri özüni Mesihiň şägirdi hasaplaýan bolsa, onda şuny unutmasyn: ol Mesihiň şägirdi bolsa, biz hem onuň şägirdi. 8 Eger men Halypamyzyň beren ygtyýaryndan çendenaşa peýdalanyp, sizi ruhdan düşürmän, gaýtam imanyňyzy berkiden bolsam+, onda utanmaryn. 9 Aslynda, men size hat ýazyp gorkuzjak bolmadym. 10 Sebäbi käbirleri: «Ol hatlarynda dogumly we ynamly gepleýär, ýöne özüni görseň, ejiz, çykyşlaryny diňlär ýaly däl» diýýärler. 11 Goý, olar bilip goýsun: hatlarymyzda näme diýýän bolsak, ýanyňyza baranymyzda-da şony ederis+. 12 Biz özüni öwýän adamlara meňzejegem, deň boljagam bolmaýarys+. Sebäbi şeýle adamlar özüçe baha berip we özüçe deňeşdirip, düşünjesizdigini görkezýärler+.

13 Biz tabşyrylandan artyk iş edýäris diýip öwünmeris. Ýöne Hudaýyň iberen ýerlerinde wagyz edýändigimize buýsanýarys. Biz hatda size-de wagyz etdik+. 14 Hawa, biz ýanyňyza baryp, tabşyrylandan artyk hiç zat etmedik. Gaýtam Mesih baradaky hoş habary size ilkinji bolup wagyz etdik+. 15 Biz tabşyrylan işden artyk edip, başga biriniň çekýän zähmeti bilen öwünmeýäris. Siziň imanyňyzyň berkemegini isleýäris. Şonda bellenilen ýerlerde işimizi dowam edip, köp zähmet çekeris. 16 Şeýdip, hoş habary başga ýurtlarda-da wagyz edip bileris, başga biriniň eden işleri bilen öwünmeli bolmarys. 17 «Goý, öwünýän adam Ýehowa* Hudaýyna öwünsin!»+ 18 Sebäbi öz-özüni öwýän däl-de+, Ýehowanyň* öwýän adamy abraý gazanýandyr+.

11 Men akylsyz ýaly görünsem-de, sabyrly bolmagyňyzy isleýärin. Aslynda, siz sabyrlysyňyz. 2 Men sizi Hudaýyň gabanyşy ýaly* gabanýaryn, sebäbi men sizi päk gyz kimin äre, ýagny Mesihe gelin edip bermegi söz berdim+. 3 Ýöne siziň pikirleriňiz zäherlenip, Mesihiň öňünde akýürekli we päk bolup bilmersiňiz öýdüp gorkýaryn+. Sebäbi ýylan How enäni mekirlik bilen aldapdy+. 4 Haçanda biri biziň Isa hakda aýdanlarymyzdan başga zady wagyz etse ýa-da siziň kabul eden hoş habaryňyzdan başga habary aýtsa, ony kabul edýärsiňiz. Ýa-da pikiriňize täsir eden ruhdan başga ruh täsir etse+, ony kabul edýärsiňiz. 5 Ýöne meniň atly-abraýly resullaryňyzdan kem ýerim ýokdur+. 6 Men ökdelik bilen çykyş etmesem-de+, Hudaý hakda bilimim bar. Biz muny ähli ýagdaýda we her bir zatda aýdyň görkezendiris.

7 Men size Hudaýyň hoş habaryny höwes bilen wagyz etdim, munuň üçin sizden hiç zat almadym+. Eýsem sizi beýgeltmek üçin özümi peseldip günä etdimmi? 8 Men başga ýygnaklaryň höwes bilen beren kömeginden peýdalanyp, size hyzmat etmek üçin olary talan ýaly boldum+. 9 Men siziň ýanyňyzda mätäçlik çeksem-de, hiç kime ýük bolmadym. Sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar maňa gerek-ýarak zatlarymy artygy bilen berdiler+. Hawa, size ýük bolmaz ýaly öz aladamy özüm etdim. Mundan beýläk hem şeýle ederin+. 10 Mesihiň şägirdi hökmünde bütin Ahaýýa buýsanmaga maňa hiç zat päsgel berip bilmez+. 11 Eýsem men näme üçin size ýük bolmadym? Sizi söýmeýänligim üçinmi? Sizi söýýändigimi Hudaý bilýär.

12 Käbirleri özüni biziň ýaly resul hasaplap öwünýärler. Emma olar öwnüp bilmez ýaly, men özüme tabşyrylan işleri hemişe ederin+. 13 Olar ýalan resullardyr, adamlary aldaýarlar we hakyky ýüzüni gizläp, özlerini Mesihiň resuly ýaly alyp barýarlar+. 14 Men olara geň galmaýaryn, sebäbi Şeýtan hem nur perişdesiniň keşbine girýär+. 15 Şonuň üçin oňa gulluk edýänleriň özlerini dogruçyl adam ýaly alyp barýandygy geň galdyrmaýar. Emma olar eden işleriniň netijesini görerler+.

16 Men ýene-de aýdýaryn, hiç kim maňa akylsyzdyr öýtmesin. Eger meni akylsyz hasaplaýan bolsaňyz, onda akylsyz ýaly kabul ediň. Indi men biraz öwneýin. 17 Men muny Halypamyzyň göreldesine eýerip däl, özüne ynamly bolan akylsyz adam ýaly buýsanyp aýdýaryn. 18 Şu dünýädäki adamlaryň öwnüşi ýaly, men hem öwneýin. 19 Siz şeýle bir «akylly» welin, akylsyz adamlary höwes bilen kabul edýärsiňiz. 20 Aslynda, sizi gul edýän, zadyňyzy talap, eliňizden gaňryp alýan we özüni sizden ýokary tutup, ýüzüňize urýan adamlara hiç zat diýmeýärsiňiz.

21 Size şeýle zatlary aýtmak utançdyr, sebäbi biziň ejiz bolup görünmegimiz mümkin.

Eger başgalar batyrgaý bolsa, onda men hem batyrgaýdyryn (muny akylsyz adam ýaly aýdýaryn). 22 Olar ýewreými? Men hem ýewreý+. Olar ysraýyllardanmy? Men hem ysraýyllardan. Olar Ybraýymyň neslimi? Men hem onuň nesli+. 23 Olar Mesihiň gullukçylarymy? Akylyndan azaşan adam ýaly jogap berýärin, men olardan has beýikdirin. Sebäbi men köp işleri etdim+, birnäçe gezek türmede oturdym+, ençeme gezek uruldym, birnäçe sapar ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym+. 24 Bäş sapar ýehudylardan biri kem 40 gamçy iýdim+, 25 üç gezek taýak bilen uruldym+, bir gezek daşlandym+, üç gezek gämi heläkçiligine uçradym+, bir gije-gündizi deňziň ortarasynda geçirdim. 26 Köp wagtymy ýolda geçirerdim. Talaňçylar, ildeşlerim+ we başga milletler+ janyma howp salardylar. Şäherde+, çölde, deňizde, derýalarda, ýalan doganlaryň arasynda howply ýagdaýlara uçradym. 27 Men agyr zähmet çekdim, gijelerimi ýatman geçirdim+, aç-suwsuz bolup+, iýere hiç zadym bolmady+, sowukda ýarym-ýalaňaç galypdym.

28 Üstesine-de, ýygnaklaryň aladasyny her gün egnim bilen çekmeli bolýardym+. 29 Biri ejizlese, men hem ejizlemerinmi? Biri büdrese, gaharym gelmezmi?

30 Men öwünmeli bolsam, ejizligim bilen öwnerin. 31 Hudaý we Halypamyz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir. Hudaýa baky şöhrat bolsun! 32 Damaskda Aret patyşanyň häkimi meni tutdurjak bolup, şäheri gabady. 33 Emma doganlar şäheriň diwaryndan meni sebetde aşak düşürdiler+. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.

12 Men öwünmäge mejbur bolýaryn, ýöne munuň peýdasy ýok. Size Halypamyzdan alan görnüşlerim*+ we ylhamlarym+ hakda aýtmak isleýärin. 2 Men Mesihiň şägirdi bolan bir adamy tanaýaryn. Ol 14 ýyl mundan ozal üçünji göge äkidilipdi. Ýöne onuň bedendemi ýa-da bedende däldigini bilmeýärin, muny Hudaý bilýär. 3 Hawa, men ony tanaýaryn. Ýöne onuň bedendemi ýa-da bedende däldigini bilmeýärin, muny Hudaý bilýär. 4 Ol Jennete äkidildi we ol ýerde adamyň aýdyp bilmeýän, aýtmaga rugsat berilmeýän sözlerini eşitdi. 5 Men ol adam hakda öwnerin, ýöne öz ejizligimden başga zada öwünmerin. 6 Men öwünsem-de, akylsyz adam ýaly bolmaryn, sebäbi hakykaty aýdaryn. Ýöne men öwünmerin, şonda meni görenler we diňlänler men hakda artykmaç zat aýdyp bilmezler. 7 Sebäbi maňa gudrat bilen ylham gelipdi.

Özümi ýokary tutmaz ýaly, bedenimde tiken bar+. Hawa, ulumsy bolmaz ýaly, maňa azar berýän* Şeýtanyň perişdesi bar. 8 Hudaýa üç gezek ýalbaryp, tikeni aýyrmagy haýyş etdim. 9 Hudaý bolsa: «Saňa eden ýagşylygym ýeterlikdir, sebäbi ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär»+ diýdi. Mundan beýläk-de Mesihiň güýji çadyr kimin üstümi ýapar ýaly, ejizliklerime has-da öwnerin. 10 Men öz ejizliklerime, Mesih üçin kemsidenlerinde, mätäç bolanymda, yzarlanlarynda we kynçylyga uçranymda begenerin. Sebäbi ejiz wagtym güýçlüdirin+.

11 Men siz sebäpli akylsyz adam ýaly boldum. Sebäbi siz ýagşy işlerim hakda gürrüň bermediňiz. Men siziň üçin hiç kim bolsam-da, atly-abraýly hasaplaýan resullaryňyzdan kem däldirin+. 12 Men ençeme kynçylyklara çydap+, köp alamatlary, gudratlary görkezdim we uly işleri edip+, resuldygymy subut etdim. 13 Siz başga ýygnaklardan pes görülýärsiňizmi? Belki, size ýük bolmandygym üçin şeýle pikir edýänsiňiz?+ Onda meni ýürekden bagyşlaň.

14 Men indi siziň ýanyňyza üçünji gezek barjak bolýaryn, ýöne size ýük bolmaryn. Sebäbi maňa siziň zadyňyz däl-de+, özüňiz gerek. Aslynda, çagalar+ ene-atasyna däl-de, ene-atalar çagalaryna miras galdyrýar. 15 Men siziň üçin hiç zadymy gaýgyrmaryn, hatda janymdan geçmäge-de taýyndyryn+. Men sizi çyn ýürekden söýýän bolsam, onda siz hem meni söýmeli dälmi? 16 Nähili bolaýanda-da, men size ýük bolmadym+. Siz bolsa men hakda: «Mekir adam, bizi aldady» diýip gürrüň edipsiňiz. 17 Men siziň ýanyňyza adamlary iberip zat aldymmy? 18 Men Titusdan siziň ýanyňyza gitmegi haýyş etdim, onuň bilen bir dogany-da iberdim. Şonda Titus sizden peýdalandymy?+ Biz agzybir bolmadykmy? Şol bir ýoldan ýöremedikmi?

19 Siz şu çaka çenli özümizi aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Mesihiň şägirtleri, Hudaý biziň hakykaty aýdýandygymyzy bilýär. Eziz doganlarym, ähli zady sizi ruhlandyrmak üçin edýäris. 20 Sebäbi men baranymda, siz meniň isleýşim ýaly bolmarsyňyz, men hem siziň garaşyşyňyz ýaly bolmaryn öýdýärin. Siziň araňyzda dawa-jenjeliň, göripligiň, gahar-gazabyň, agzalalygyň, töhmetiň, gep-gybatyň, ulumsylygyň we tertipsizligiň bardygyny görerin öýdüp gorkýaryn. 21 Ýanyňyza baranymda, eden günälerine, ahlaksyzlygyna*, haram we haýasyz* işlerine toba etmeýänleri görüp, hasrat çekmeli bolaryn öýdýärin. Şonda Hudaýyň öňünde utanja galaryn öýdüp gorkýaryn.

13 Men siziň ýanyňyza üçünji gezek barjak bolýaryn. «Biriniň dogry ýa-da ýalan sözleýändigini iki ýa üç şaýat tassyklamalydyr»+. 2 Häzir ýanyňyzda bolmasam-da, meni ýanyňyza ikinji gezek baran ýaly kabul ediň. Sebäbi öň aýdyşym ýaly, günä edenlere we beýlekilere ýene-de duýdurýaryn: men baranymda, olary temmisiz goýmaryn. 3 Şonda araňyzda ejiz däl-de, güýçli Mesihiň men arkaly gepleýändigine göz ýetirersiňiz. 4 Hawa, Mesihi ejiz wagty pürse çüýlediler, ýöne ol Hudaýyň güýji bilen diridir+. Onuň ejiz bolşy ýaly, biz hem ejiz bolsak-da, Hudaýyň güýji arkaly onuň bilen ýaşarys+.

5 Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň+. Eýsem siz Isa Mesih bilen agzybirligi saklaýarsyňyzmy? Eger saklamaýan bolsaňyz, Hudaý sizden razy bolmaz. 6 Siz Hudaýyň bizden razydygyna düşünersiňiz diýip umyt edýärin.

7 Adamlar bizi kabul etmese-de, biz siziň nädogry işleri däl-de, ýagşy işleri etmegiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Ýöne muny adamlara görünmek üçin etmeýäris. 8 Sebäbi biz hakykata garşy hiç zat edip bilmeýäris, gaýtam diňe hakykat üçin edýäris. 9 Biz ejizkäk siz güýçli bolsaňyz, muňa elmydama begeneris. Şol sebäpli hem düzelmegiňiz üçin doga edýäris. 10 Halypamyz maňa sizi ruhdan düşürmek üçin däl-de, imanyňyzy berkitmek üçin ygtyýar berdi+. Men ýanyňyza baranymda, berlen ygtyýardan peýdalanyp, size ýowuz daraşmaz ýaly, ähli zady hat arkaly ýazýaryn.

11 Şeýlelikde, doganlar, size şuny ündeýärin: hemişe şatlanyň, düzeliň, biri-biriňizi ruhlandyryň+, bir pikirde boluň+ we agzybirlikde ýaşaň+. Şonda söýýän we parahatlyk berýän Hudaý+ siziň bilen bolar. 12 Bir-biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. 13 Size ähli mukaddesler hem salam aýdýar.

14 Halypamyz Isa Mesihiň ýagşylygy, Hudaýyň söýgüsi we mukaddes ruhy siziň bilen bolsun!

Sözlüge serediň.

Başga manysy: gowy bilýän.

Sözme-söz: soňuna çenli.

Başga manysy: ikinji gezek peýda alyp.

Ýagny Silas.

Ýa-da: Hudaýyň sözüniň söwdagärleri däldiris; Hudaýyň sözüni girdeji almak üçin aýtmaýarys.

Sözlüge serediň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Başga manysy: mukaddes ruh arkaly.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Mesihiň ýüzi.

Başga manysy: taşlanan; ýeke galan.

Sözme-söz: ruhy iman.

Ýa-da: minnetdarlyk.

Ýa-da: öýümizi egin-eşik kimin geýmegi.

Ýa-da: ýaşaýan ýerimizde.

Sözme-söz: ýalaňaç.

Ýa-da: öýümizde.

Sözme-söz: ynsabyňyz hem bizi gowy tanaýandyr.

Ýa-da: Mesih bilen agzybir.

Ýa-da: ikiýüzli bolmadyk söýgi bilen.

Ähtimal, hüjüm etmek üçin.

Ähtimal, goranmak üçin.

Sözme-söz: dogruçyllyk.

Ýa-da: temmi.

Ýa-da: Biziň ýüregimizde ýer darlyk edýän däldir.

Sözme-söz: Beliýal. Dereksiz diýmegi aňladýar.

Ýa-da: baglanyşygy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: ruhy. Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.

Ýa-da: göwünlik tapdyk.

Sözme-söz: ruhuna. Sözlüge serediň.

Başga manysy: sizden arkaýyn bolup.

Ýa-da: Hudaýy.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: gulluk.

Ýa-da: ajaýyp sowgady berýän.

Sözme-söz: tende.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: yhlasy bilen.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: şarpyk çalýan.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Grekçe «aselgeýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: mukaddes posalar bilen.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş