Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Koloslylar 1:1—4:18
  • Koloslylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Koloslylar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Koloslylar

KOLOSLYLARA HAT

1 Men Pawlus, Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly boldum. Men doganymyz Timoteos+ bilen 2 Kolosdaky mukaddeslere, Mesihiň şägirtleri bolan wepaly doganlara hat ýazýaryn:

Atamyz Hudaý size ýagşylyk* etsin we parahatlyk bersin!

3 Siziň üçin doga edenimizde, Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna we Hudaýa hemişe minnetdar bolýarys. 4 Sebäbi siziň Isa Mesihe iman edýändigiňiz we mukaddesleri söýýändigiňiz hakda eşitdik. 5 Hawa, siz gökde taýýarlanan zady+ almaga umyt edýärsiňiz. Siz hoş habar arkaly hakykaty bilip, şol umyt hakda eşidipdiňiz. 6 Siziň eşiden hoş habaryňyz bütin dünýä ýaýrap miwe berýär+. Hoş habar size-de baryp ýeten gününden bäri miwe berýär. Siz hem Hudaýyň ýagşylyk edýändigine doly göz ýetirdiňiz. 7 Siz hoş habary eziz doganymyz Epafrasdan+ eşidipdiňiz. Ol biziň üçin Mesihe wepaly gulluk edýär. 8 Ol siziň mukaddes ruh arkaly* söýmegi öwrenýändigiňizi aýtdy.

9 Biz şol zatlary eşiden günümizden bäri siziň üçin hemişe doga edýäris+. Hudaýyň niýeti hakda dogry bilim alyp+, bütin akyldarlyga we ruhy zatlara çuňňur düşünmegiňizi dileýäris+. 10 Şeýle-de Ýehowanyň* adyna mynasyp ýaşamagyňyzy we ýagşy işleri edip, miwe bermegiňizi, Hudaý hakda has-da köp dogry bilim almagyňyzy dileýäris+. 11 Şonda siz onuň gudratly güýji arkaly berkärsiňiz+ we sabyrly bolup, ähli zada şatlyk bilen döz gelersiňiz. 12 Siz hem ýagtylykda gezýän mukaddesler bilen bile mirasy almaga+ mümkinçilik beren Atamyza minnetdar boluň.

13 Hudaý bizi garaňkylygyň golastyndan halas edip+, söýgüli Oglunyň patyşalygyna kabul etdi. 14 Oglunyň töleg gurbany arkaly günälerimiz bagyşlanyp, gulçulykdan azat bolduk+. 15 Ol görünmez Hudaýyň keşbi+ we ýaradylan zatlaryň ilkinjisidir+. 16 Sebäbi gökdäki we ýerdäki ähli zatlar, görünýän hem görünmeýän zatlar+, tagtlar, baştutanlyklar, hökümetler we häkimiýetler ol arkaly ýaradyldy. Hawa, ähli zat ol arkaly+ we onuň üçin ýaradyldy. 17 Ol ähli zatdan öň ýaradyldy+, galan zatlar bolsa ol arkaly ýaradylandyr. 18 Ol bedeniň, ýagny ýygnagyň başydyr+. Ähli zadyň başy bolar ýaly, ol ähli zadyň başlangyjy boldy we ilkinji bolup ölümden direldi+. 19 Sebäbi Hudaý onuň ähli zada eýe bolmagyny isledi+. 20 Hudaý Ogly arkaly gökdäki we ýerdäki zatlar bilen ýaraşdy+. Ol Oglunyň jebir pürsünde* döken gany arkaly parahatlygy dikeltdi+.

21 Dogrudan-da, siz öň Hudaýdan daşlaşyp, duşmany bolduňyz, sebäbi erbet zatlar hakda pikir edýärdiňiz. 22 Indi Hudaý ynsan bedeninde ölen Ogly arkaly siz bilen ýaraşdy, sebäbi ol siziň mukaddes, päk we ýazyksyz bolmagyňyzy isledi+. 23 Indi siz hem imanyňyzy berkidiň+, imanda kök uruň*+, oňa mäkäm ýapyşyň+. Eşiden hoş habaryňyz arkaly alan umydyňyzdan daşlaşmaň. Hoş habar gök astyndaky ähli adamlara wagyz edildi+. Men Pawlus hoş habar üçin hyzmat edýärin+.

24 Men siziň üçin görgi görýändigime begenýärin+. Men Mesihiň bedeniniň agzasy hökmünde ýene-de görgi görmelidigime düşünýärin+. Çekýän kynçylyklarym Mesihiň bedenine, ýagny ýygnaga+ peýdalydyr. 25 Men Hudaýdan alan jogapkärçiligime+ görä ýygnaga hyzmat edýärin, Hudaýyň sözüni siziň peýdaňyz üçin doly wagyz edýärin. 26 Mukaddes syr+ gadymy döwürden* bäri adamlara açylman galdy+. Emma häzir ol Hudaýyň mukaddes gullukçylaryna mälim boldy+. 27 Galyberse-de, Hudaý mukaddes syrynyň şöhratly baýlygyny başga halklara-da açmak isledi+. Mesihiň şägirdi bolup, onuň bilen şöhratlanmaga umyt etmek mukaddes syrdyr+. 28 Biz Mesih hakda wagyz edip, öwüt-ündew berýäris we bütin akyldarlyk bilen her kese öwredip, hemmeleriň onuň şägirdi bolmagyny isleýäris+. 29 Şonuň üçin hem maňa berlen güýç arkaly der döküp zähmet çekýärin+.

2 Siziň şuňa düşünmegiňizi isleýärin: men siziň üçin, Laodikiýadakylaryň+ we meni görmedikleriň ählisi üçin aýgytly göreş alyp barýaryn. 2 Muny olaryň göwnüne giňlik bermek+ we biri-birini ýürekden söýmekleri üçin edýärin+. Şonda olar ähli bereketlere we Hudaýyň mukaddes syryna doly düşünip, ynamly bolarlar, ýagny Mesih hakda dogry bilim alarlar+. 3 Sebäbi akyldarlygyň we bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir+. 4 Goý, hiç kim sizi ynandyryjy deliller bilen aldamasyn. 5 Ýanyňyzda bolmasam-da, ýüregim siziň bilendir. Siziň ähli zady tertip-düzgün boýunça edýändigiňize+ we Mesihe berk iman edýändigiňize begenýärin+.

6 Siz Halypamyz Isa Mesihi kabul etdiňiz, şonuň üçin hem oňa tabyn bolup ýaşaň. 7 Size öwredilişi ýaly, Mesihe bolan imanyňyzda kök urup+, berk duruň we oňa berk ýapyşyň+. Güýçli iman bilen Hudaýa minnetdarlyk aýdyň+.

8 Seresap boluň, hiç kim sizi Mesihiň taglymatlaryna esaslanmadyk boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleri, akyldarlygy*+ we däp-dessurlary bilen aldap, ýesir* edäýmesin. 9 Aslynda, Hudaýyň häsiýetleri Mesihde görünýär+. 10 Galyberse-de, siz ähli hökümetleriň we häkimiýetleriň başy bolan Mesih+ arkaly ähli zada eýe bolduňyz. 11 Mesihiň şägirtleri hökmünde siz ynsan elleri bilen däl-de, Mesih arkaly sünnetlendiňiz+. Sebäbi Mesihiň gullukçylary şeýle sünnetlenmelidir+. 12 Hudaý sizi Mesih ýaly çümdürip+, onuň bilen jaýlady. Siz ony direlden Hudaýyň gudratly işlerine iman etdiňiz+ we Mesihiň şägirtleri hökmünde direldiňiz+.

13 Siz günäleriňiz sebäpli ölen bolsaňyz-da, sünnetli bolmasaňyz-da, Hudaý size Mesih bilen bilelikde ýaşaýyş berdi+. Hudaý rehim edip, ähli günäleriňizi bagyşlady+. 14 Hudaý bize garşy+ ýazylan kanuny+ aýryp+, ony jebir pürsüne* çüýläp ýok etdi+. 15 Hudaý jebir pürsi* arkaly hökümetleriň we häkimiýetleriň üstünden ýeňiş gazandy+. Olary ýesir alyp, hemmeleriň öňünde masgara etdi.

16 Goý, hiç kim sizi iýip-içýän zatlaryňyz üçin+ ýa-da Täze aý+, Sabat güni* ýaly baýramçylyklary bellemeýändigiňiz üçin ýazgarmasyn+. 17 Olar gelejekde boljak zatlaryň kölegesidir+, emma kölegäni döredýän Mesihdir+. 18 Ýalandan pesgöwünli bolýan, görýän zatlaryna «berk eýerip»*, perişdelere höwes bilen sežde edýän adamlar sizi sylagdan mahrum etmesin+. Aslynda, olar bikämil adamyň pikirine eýerip, biderek ýere buýsanýarlar. 19 Şeýle adamlar bütin bedeni iýmitlendirýän, onuň agzalaryny özara sazlaşykly birleşdirip, bogunlaryny birikdirýän we Hudaýyň islegi bilen ösdürýän başa boýun bolmaýarlar+.

20 Eger siz dünýäniň düşünjelerinden ýüz öwrüp, Mesih bilen ölen bolsaňyz+, onda näme üçin henizem dünýä degişli ýaly+: 21 «Muny alma, datma, elleme» diýen düzgünlere eýerýärsiňiz. 22 Olar iýip-içilýän, soňra ýok bolup gidýän zatlar bolsa-da, siz şolar babatda ynsan tabşyryklaryna we taglymatlaryna eýerýärsiňiz+. 23 Olaryň edýäni paýhasly ýaly görünse-de, öz isleýşi ýaly sežde edýärler. Ýalandan pesgöwünli bolup, bedenini horlaýarlar+. Emma olaryň ten höwesleri bilen göreşmegi biderekdir.

3 Eger Hudaý sizi Mesih bilen bilelikde direlden bolsa+, onda gökdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr+. 2 Ýerdäki zatlara däl-de+, gökdäki zatlara üns beriň*+. 3 Siz ölüpdiňiz, ýöne Hudaýyň islegi boýunça, ýaşaýşyňyz Mesihiň eline berildi. 4 Bizi ýaşaýşa eltýän Mesih+ äşgär bolanda, siz hem onuň bilen şöhrata eýe bolmak üçin äşgär bolarsyňyz+.

5 Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy*, haramlygy, ahlaksyz islegleri+, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň+. 6 Sebäbi şu zatlary edýän adamlara Hudaýyň gazaby iner. 7 Siz hem öň şeýle işleri edýärdiňiz+. 8 Ýöne indi gahar-gazap we ýamanlyk etmäň+. Sögünç sözler+ we edepsiz gürrüňler+ agzyňyzdan çykmasyn. 9 Biri-biriňize ýalan sözlemäň+. Öňki häsiýetleriňizi*+ we köne işleriňizi goýuň*. 10 Hudaýdan görelde alyp*, täze häsiýetleri öwreniň*+. Hudaý hakda dogry bilim alyp, täze häsiýetleriňizi has-da gowulaşdyryň+. 11 Şonda grek bilen ýehudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, gelmişek bilen medeniýetsiz adamyň*, gul bilen azat adamyň arasynda tapawut bolmaz. Ýöne ähli zat we hemmeler Mesihde jemlenendir+.

12 Şeýle-de Hudaýyň saýlan mukaddesleri+ we söýýän adamlary hökmünde mähirli, duýgudaş+, mylakatly, pesgöwünli+, ýumşak+ we sabyrly boluň*+. 13 Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da+, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň+. Ýehowanyň* sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly+. 14 Mundan başga-da, söýgi häsiýetini öwreniň*+, sebäbi söýgi ähli adamlary agzybir edýär+.

15 Goý, ýürekleriňizde Mesihiň parahatlygy höküm sürsün!+ Hudaý sizi bir beden bolup, parahat ýaşamaga çagyrdy. Şeýle-de minnetdar boluň. 16 Mesihiň sözleri ýüregiňizde ornaşsyn, şonda akyldar bolarsyňyz. Hudaýa öwgüli aýdymlar, alkyşlar, ruhy aýdymlar aýdyp minnetdar boluň we Ýehowa* nagma aýdyp+, biri-biriňize tälim beriň, ruhlandyryň*+. 17 Näme aýtsaňyz-da, näme etseňiz-de, Halypamyz Isanyň ady bilen ediň, ol arkaly Atamyz Hudaýa minnetdar boluň+.

18 Aýallar, äriňize tabyn boluň!+ Halypamyzyň şägirtlerine tabynlyk ýaraşýandyr. 19 Ärler, aýalyňyzy hemişe söýüň+, olar bilen gödek* bolmaň+. 20 Çagalar, ene-ataňyza hemişe gulak asyň+, sebäbi muny Halypamyz halaýandyr. 21 Atalar, çagalaryňyz ruhdan düşmez ýaly, gaharyny getirmäň*+. 22 Gullar, hojaýynlaryňyza ähli zatda gulak asyň+, diňe adamlaryň öňünde göz üçin däl-de, Ýehowa* hormat goýýandygyňyz üçin, olara ýürekden gulak asyň. 23 Näme etseňiz-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa* üçin ýürekden ediň+. 24 Bilip goýuň, Ýehowa* size hökman miras berer+. Hojaýynyňyz Mesihe gul kimin hyzmat ediň. 25 Hawa, her kes nädogry işi üçin hakyny alar+, sebäbi Hudaý ala tutman höküm edýär+.

4 Hojaýynlar, gullaryňyz bilen dogruçyl we adalatly boluň, sebäbi siziň hem gökde Hojaýynyňyz bar+.

2 Hudaýa hemişe* doga ediň+, muňa sowuk-sala garamaň we minnetdar boluň+. 3 Hudaý sözüni, ýagny Mesih hakdaky mukaddes syry wagyz etmäge ýol açar ýaly, biziň üçin hem doga ediň+, sebäbi men tussaglykda otyryn+. 4 Şonda men arkaýyn wagyz edip bilerin, sebäbi wagyz etmek meniň borjumdyr.

5 Ýygnaga degişli bolmadyk adamlar bilen mundan beýläk hem özüňizi paýhasly alyp baryň. Wagtyňyzy paýhasly ulanyň*+. 6 Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun+. Şonda her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz+.

7 Eziz doganym hem-de Halypamyzyň wepaly gullukçysy we guly Tihikus+ men hakda ähli täzelikleri gürrüň berer. 8 Biziň ýagdaýymyz hakda bilip, ýürekleriňiz rahatlyk tapar ýaly, ony ýanyňyza iberýärin. 9 Tihikus bilen ildeşiňiz, wepaly we eziz doganym Onesimi+ hem iberýärin. Olar size bärde bolýan zatlary gürrüň bererler.

10 Meniň bilen tussaglykda oturan Aristarhus+ bilen Barnabasyň ýegeni Markus+ salam aýdýar. Eger ol barsa, gowy garşylamagy öň hem sizden haýyş edipdim+. 11 Sünnetli ýehudylaryň arasynda Ýustus diýilýän Isa hem salam aýdýar. Diňe şu doganlar Hudaýyň Patyşalygy hakda meniň bilen wagyz edip, eginme-egin işleşdiler. Olar maňa köp göwünlik berdiler*. 12 Siziň ildeşiňiz we Isa Mesihiň guly Epafras+ salam aýdýar. Siziň imanda berk durup, Hudaýyň islegi bilen edilýän işlere ynamly bolmagyňyz üçin, Epafras siziň üçin hemişe yhlasly doga edýär. 13 Ol siziň üçin, Laodikiýadakylar bilen Iýerapoldakylar üçin köp zähmet çekýär. Men muňa şaýatdyryn.

14 Eziz doganym Luka+ lukman hem-de Dimas+ salam aýdýar. 15 Laodikiýadaky doganlara, uýamyz Nimfa we öýündäki ýygnaga meniň adymdan salam aýdyň+. 16 Haty okanyňyzdan soňra, Laodikiýadaky ýygnaga hem okamaga beriň+. Siz hem meniň Laodikiýa iberen hatymy okaň. 17 Arhipusa+: «Ünsli bolup, Halypamyzyň şägirdi hökmünde tabşyrylan gullugyňy gowy berjaý et» diýiň.

18 Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym+. Meniň tussaglykda oturandygymy unutmaň+. Hudaý size ýagşylyk etsin!

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: ruhda.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: imanyňyzy berk esasda guruň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: filosofiýasy.

Ýa-da: olja.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Mesih.

Sözlüge serediň.

Ýalan dini däp-dessurlary berjaý edilende aýdylýan sözler.

Ýa-da: hakda pikir ediň.

Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Köne adamy.

Ýa-da: egniňizden çykaryň.

Ýa-da: Hudaýyň keşbine mahsus.

Ýa-da: geýiň.

Sözme-söz: skifiň. Pes medeniýetli göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: geýiň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: geýiň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Ýa-da: ündäň.

Ýa-da: gaharjaň.

Ýa-da: ýüregine düşmäň; irizmäň.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Goşmaça maglumata serediň: A5.

Sözme-söz: erjellik bilen.

Sözme-söz: Amatly wagty satyn alyň.

Ýa-da: meni berkitdiler.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş