Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt 1 Timoteos 1:1—6:21
  • 1 Timoteos

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 1 Timoteos
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
1 Timoteos

TIMOTEOSA BIRINJI HAT

1 Men Isa Mesihiň resuly Pawlus. Halasgär Hudaýymyzyň we umydymyz Isa Mesihiň adyndan+ 2 iman ýolunda ýöreýän wepaly oglum+ Timoteosa*+ hat ýazýaryn.

Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, rehim edip, parahatlyk bersin!

3 Men Makedoniýa gitjek bolup ýörkäm, saňa Efesde galmagy haýyş edipdim. Men häzir hem ýalan taglymatlary öwredýän adamlara tabşyryk bermegiň üçin şol ýerde galmagyňy ündeýärin. 4 Olar ýalan rowaýatlara+ ynanyp, nesil yzarlap* ýörmesinler. Şeýle zatlar peýdasyzdyr+, Hudaýa imanyňy berkitmegiň deregine, biderek soraglary döredýändir. 5 Aslynda, şeýle tabşyryk* bermegimiň maksady: biri-biriňizi ak ýürekden söýmegiňizi+, päk ynsaply we hilesiz* imanly+ bolmagyňyzy isleýärin. 6 Käbirleri aýdanlarymy kabul etmän, biderek gürrüňlere baş goşdular+. 7 Olar Hudaýyň kanunynyň mugallymlary bolmak isleýärler+, ýöne ne aýdýanlaryna, ne-de ynamly öwredýän zatlaryna düşünýärler.

8 Töwrat dogry ulanylsa peýdalydyr. 9 Aslynda, kanun dogruçyl adamlar üçin däl-de, kanunsyzlar+, gozgalaňçylar, hudaýsyzlar, günäkärler, biwepalar, mukaddes zatlara dil ýetirýänler, ene-atasyny öldürýänler, ganhorlar, 10 ahlaksyzlar*, beçebazlar*, adam ogurlaýanlar, ýalançylar, ýalan şaýatlar* we sagdyn* taglymata+ garşy çykýanlar üçindir. 11 Şeýle zatlar bagtly Hudaýyň şöhratly hoş habaryna garşy gidýär. Hudaý muny wagyz etmegi maňa-da ynandy+.

12 Maňa güýç beren Halypamyz Isa Mesihe minnetdardyryn. Ol meni wepaly hasaplap, mukaddes işi tabşyrdy+. 13 Men öň Hudaýa dil ýetirýärdim, halkyny yzarlaýardym we gödek adamdym+. Emma maňa rehim edildi, sebäbi şeýle zatlary bilmän edipdim we imansyzdym. 14 Hudaý maňa köp ýagşylyk edip, iman berdi we Isa Mesihiň söýgüsine mynasyp gördi. 15 Aýdýanlarym hak we ynama mynasypdyr: Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi+. Olaryň arasynda iň erbedi bolsa mendirin+. 16 Men iň erbedi bolsam-da, Isa Mesih maňa rehim edip, sabyrly boldy. Şeýlelikde, ebedi ýaşamak üçin Mesihe iman edýänlere görelde boldum+.

17 Goý, ebedi ýaşaýan*+, döwürleriň Patyşasy+, görünmez+ ýeke-täk Hudaýa+ baky we ebedi hormat hem şöhrat bolsun! Omyn!

18 Oglum Timoteos, sen hakdaky pygamberliklere görä, saňa şeýle tabşyryk* berýärin. Olar saňa batyrgaý söweşmäge kömek eder+. 19 Şeýle-de imanda berk dur, hemişe päk ynsaply bol+, sebäbi käbirleri dogry ýoldan sowuldylar. Netijede, olaryň imany heläkçilige uçran gämi kimin weýran boldy. 20 Olaryň arasynda Himeneý+ bilen Isgender hem bardy. Men olary Şeýtana tabşyrdym+. Olar temmi alyp, Hudaýa dil ýetirmezligi öwrenerler.

2 Ilki bilen, ähli adamlar üçin Hudaýa ýalbarmagyňyzy, doga-dileg we haýyş etmegiňizi, minnetdarlyk aýtmagyňyzy ündeýärin. 2 Patyşalar we ýokary wezipeli* adamlar üçin hem şeýle doga ediň+. Şonda biz parahat we asuda ýaşap, Hudaýa wepaly bolarys, ähli zady yhlasly ýerine ýetireris+. 3 Şeýle zatlar Halasgär Hudaýymyza+ ýaraýandyr we göwnünden turýandyr. 4 Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny+ we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär. 5 Hudaý birdir+ we Hudaý bilen adamlaryň arasynda+ ýeke-täk araçy bardyr+. Ol hem ynsan bolan Isa Mesihdir+. 6 Ol şirin janyny ähli adamlar üçin töleg* hökmünde gurban berdi+. Ol hakda Hudaýyň halky bellenen wagtynda şaýatlyk eder. 7 Şol sebäpli men başga halklara wagyzçy we resul edip bellendim. Olara iman we hakykat barada öwretdim+. Men hak zady aýdýaryn, ýalan sözlemeýärin.

8 Men siziň ýygnanyşýan ýerleriňizde Hudaýa doga-dileg edýän erkek adamlaryň ellerini päk ýürek bilen galdyryp+, gaharlanman+, dawalaşman+ sežde etmeklerini isleýärin. 9 Şonuň ýaly-da gelin-gyzlar özüni her dürli saç örümler, altyn-kümüşler*, gymmatbaha eşikler bilen däl-de, gelşikli, salykatly egin-eşik geýip, sagdyn düşünje bilen bezesinler+. 10 Olar Hudaýa wepaly gelin-gyzlara+ ýaraşýan ýagşy işleri bilen tanalsynlar.

11 Gelin-gyzlar ähli zatda tabyn bolup+, ümsüm* öwrensinler. 12 Men aýalyň öwretmegine ýa-da erkek adamyň üstünden agalyk etmegine rugsat bermeýärin, ol ümsüm* otursyn+. 13 Sebäbi ilki Adam ata, soňra How ene ýaradyldy+. 14 Onsoňam, Adam ata däl-de, aýal aldandy+ we Hudaýyň tabşyrygyny bozdy. 15 Emma aýal iman etse, söýse we sagdyn düşünjeli bolsa, mukaddes ýaşasa, çaga dogurmak bilen halas bolar+.

3 Şu aýdýanlarym dogrudyr: kim gözegçi+ bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär. 2 Gözegçi ýazyksyz bolmaly, bir aýaly bolmaly, ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli+, tertip-düzgünli, myhmansöýer+, öwretmäge ukyply bolmaly+. 3 Ol arakhor+ we zalym* bolmaly däl, gaýtam paýhasly*+, dawalaşmaýan+, pula gyzmaýan+, 4 maşgalasy hakda gowy alada edýän*, çagalary hem gulak asýan we edepli* bolmaly+. 5 Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin? 6 Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam gözegçi bellenmesin+, ýogsam ulumsylyk edip, Iblise çykarylan höküme sezewar bolar. 7 Mundan başga-da, adamlaryň* arasynda gowy abraýy bolmaly+, şonda hiç kim oňa dil ýetirip bilmez we Iblisiň duzagyna düşmez.

8 Ýygnagyň hyzmatçylary hem jogapkärli bolmaly. Olar ikiýüzli*, köp şerap içýän bolmaly däl we açgözlük bilen haram gazanç edýän bolmaly däl+. 9 Olar imanyň mukaddes syryny päk ynsap bilen saklap bilmeli+.

10 Ýöne olary başda barlap görüň*. Eger olary hiç kim ýazgarmasa+, hyzmatçy bolup gulluk etsin.

11 Aýallar hem edep-ekramly*, töhmet atmaýan*+, ähli zatda çägini bilýän we Hudaýa wepaly bolmaly+.

12 Hyzmatçynyň bir aýaly bolmaly. Ol maşgalasy, esasan-da, çagalary hakda gowy alada edýän* adam bolmaly. 13 Ýygnaga gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we Isa Mesihe imany hakda batyrgaý* gürrüň berýändir.

14 Men tizden ýanyňa barmakçy bolsam-da, şeýle tabşyrygy berýärin. 15 Eger birden eglensem, Hudaýyň maşgalasynyň agzasy+ hökmünde özüňi nähili alyp barmalydygyňy bilersiň, sebäbi Biribaryň ýygnagy hakykatyň diregi hem daýanjydyr. 16 Hudaýa wepaly bolmagyň mukaddes syry örän uludyr: «Isa ynsan bedeninde geldi+, soňra täzeden ruh bolup, dogruçyl hasaplandy+, perişdeleriň ýanyna gitdi+. Ol hakda başga halklara wagyz edildi+, adamlar oňa iman etdi+, ol şan-şöhrat bilen göge galdy».

4 Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan söze görä, soňky günlerde käbirleri imandan dänip, zalym ruhlaryň sözlerine+ we taglymatlaryna gulak asarlar. 2 Olar ikiýüzli adamlaryň ýalan sözlerine+ ynanyp, ynsaby tagma basylan ýaly hiç zady duýmaz. 3 Olar maşgala gurmagy+ we Hudaýyň berýän näz-nygmatlaryny iýmegi gadagan edýärler+. Emma Hudaý näz-nygmatlary iman edýän+ we hakykaty bilýän adamlaryň minnetdarlyk bilen iýmegi üçin ýaratdy+. 4 Hudaýyň ähli ýaradan zatlary gowudyr+. Eger olary minnetdarlyk bilen iýseň, onda hiç zatdan ýüz öwürmeli däl+. 5 Olar Hudaýyň sözi we doga arkaly mukaddes bolýandyr.

6 Sen doganlara şeýle maslahat berip, Isa Mesihiň gowy gullukçysy bolarsyň. Sebäbi sen iman sözleri bilen iýmitlenip, ajaýyp taglymatlara görä ýaşaýarsyň+. 7 Emma garry daýzalar ýaly ýalan rowaýatlary gürrüň berýänleri diňleme+. Hudaýa wepaly bolmagy maksat edin we oňa ýetmäge jan et*. 8 Beden maşkynyň biraz peýdasy bardyr, emma Hudaýa wepaly bolmak ähli ýagdaýda peýdalydyr. Eger Hudaýa wepaly bolsak, häzirki hem gelejekki ýaşaýyşda bereket alarys+. 9 Aýdýanlarym hakdyr, ynama mynasypdyr. 10 Şonuň üçin-de der döküp, agyr zähmet çekýäris+, sebäbi Biribara umyt baglaýarys. Ol ähli adamlaryň+, esasan-da, wepaly adamlaryň Halasgäridir+.

11 Şu zatlary tabşyryp we öwredip dur. 12 Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gepleýşiň, özüňi alyp barşyň, söýgiň, imanyň we ahlak taýdan arassalygyň bilen wepaly adamlara görelde bol. 13 Men barýançam, ýygnakda hemişe okap+, öwredip we öwüt-ündew berip* dur. 14 Pygamberlige görä, ýaşulular maslahatynyň elini goýup+ beren ukybyna* sowuk-sala garama. 15 Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler. 16 Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol+. Şeýle etseň, hem özüňi, hem saňa gulak asýanlary halas edersiň+.

5 Ýaşy uly adam bilen gödek gepleşme+. Onuň bilen kakaň ýaly, ýaş doganlar bilen iniň ýaly gepleş. 2 Ýaşy uly aýallara ejeň ýaly, ýaşy kiçilere bolsa uýaň ýaly garap, päk ýürekli* bol.

3 Kömege mätäç dul aýallaryň* aladasyny et*+. 4 Eger dul aýalyň çagalary ýa-da agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler+. Sebäbi kakasynyň, ejesiniň, atasynyň we enesiniň aladasyny etmek olaryň borjudyr+, Hudaý hem muny halaýandyr+. 5 Kömege mätäç hossarsyz dul aýallar Hudaýa bil baglaýarlar+, gije-gündiz doga-dileg edýärler hem-de ýalbarýarlar+. 6 Emma ten höweslerine eýerip ýaşaýanlar diri bolsa-da ölüdirler. 7 Şonuň üçin olar günäkär bolmaz ýaly, şu tabşyryklara eýermegi maslahat ber. 8 Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir+.

9 Ýaşy 60-dan geçen we ärine wepaly galan* dul aýallar hasaba alynsyn. 10 Olar çagalaryna gowy terbiýe beren+, myhmansöýer+, ýagşy işlere yhlasly, mukaddesleriň aýagyny ýuwup+, kynçylyk çekýänlere kömek edip+ abraý gazanan aýal bolmaly+.

11 Dul galan ýaş gelinler bolsa hasaba alynmasyn, sebäbi olar är küýsäp başlasa, Mesihe gulluk edip bilmezler. Şeýlelikde, durmuşa çykmagyň küýüne düşerler. 12 Olar ilkibaşda beren wadasyndan* dänip, höküme sezewar bolarlar. 13 Şeýle-de olar öýden-öýe aýlanyp, ýaltalygy öwrenýärler. Olar diňe ýalta bolmak bilen çäklenmän, gybat hem edýärler we başgalaryň işine goşulyp+, gep gezdirýärler*. 14 Şonuň üçin dul galan gelinleriň durmuş gurmagyny+, çaga dogurmagyny+, öý-içerisiniň aladasyny etmegini isleýärin. Şonda duşmanlar bize dil ýetirip bilmezler. 15 Dul aýallaryň käbiri dogry ýoldan azaşyp, Şeýtanyň yzyna eýerdiler. 16 Eger imanly aýalyň dul galan dogan-garyndaşy bar bolsa, olara kömek etsin, ýygnaga ýük bolmasyn. Şonda ýygnak kömege mätäç beýleki dul aýallaryň* aladasyny edip biler+.

17 Ýygnaga gowy gözegçilik edýän+, esasan-da, Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýän+ ýaşululara iki esse hormat goýuň+. 18 Sebäbi: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň»+, «Işçi hakyna mynasypdyr»+ diýlip ýazylandyr. 19 Iki ýa-da üç şaýat bolmasa, ýygnak ýaşulusyna atylýan töhmete ynanma+. 20 Günä edýänlere+ hemmeleriň öňünde käýinç ber+, şonda beýlekiler sapak edinerler*. 21 Men Hudaýyň, Isa Mesihiň we mukaddes* perişdeleriň öňünde şeýle tabşyryklary berýärin. Ýöne adalatly bol, hiç kimi ala tutma+.

22 Ýygnakda birini jogapkärli borja bellemekçi* bolanyňda, howlukma+. Başgalaryň günäli işlerine-de goşulma, özüňi arassa sakla.

23 Mundan beýläk diňe bir suw içmän, aşgazanyň agyrmazlygy we ýygy-ýygydan kesellemezligiň üçin biraz şerap iç.

24 Käbir adamlaryň edýän günäsini hemmeler bilýär, olar şol bada höküme sezewar bolýar, emma käbirleriniň günäsi gelejekde belli bolar+. 25 Şonuň ýaly-da ýagşy işleri hemmeler görýändir+, emma görünmeýän ýagşy işler hem gizlin galyp bilmez+.

6 Hudaýyň adyna we taglymatyna hiç haçan dil ýetirilmez ýaly+, gullar hojaýynlaryna uly hormat goýsunlar+. 2 Eger hojaýynlary imandaşy bolsa, hormat goýmak hökman däldir öýtmesinler, gaýtam yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi yhlasly hyzmat edip, imandaşyna we eziz doganyna köp peýda bererler.

Şeýle zatlary hemişe öwret we öwüt-ündew et. 3 Eger biri ýalan taglymaty öwredip, Halypamyz Isa Mesihiň sagdyn* öwüt-ündewini+ kabul etmese we Hudaýa wepaly bolmaga höweslendirmese+, 4 ol ulumsydyr, hiç zada düşünýän däldir+. Ol delil getirip, jedelleşmegi gowy görýändir+. Şeýdip, göriplik, dawa-jenjel, töhmet* we müňkürlik döreýändir. 5 Olar pikiri zäherlenen+ we hakykatdan daşlaşan adamlar bilen elmydama ýönekeý zatlaryň üstünde dawalaşýarlar. Olar öz bähbidine çapyp, Hudaýa wepaly bolýarlar+. 6 Aslynda, baryňa kaýyl bolup, Hudaýa wepaly bolmak uly baýlykdyr+. 7 Sebäbi biz dünýä hiç zat getirmedik, dünýäden hiç zat hem äkidip bilmeris+. 8 Şol sebäpli iýjegimiz we geýjegimiz* bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň+.

9 Baýajak bolýanlar bolsa synaga, duzaga+, akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşüp, heläkçilige we ölüme uçraýandyr+. 10 Sebäbi bar belanyň körügi* pul söýgüsidir. Käbirleri puluň yşkyna düşüp, imanyny gowşatdylar we köp görgi gördüler+.

11 Sen welin, eý Hudaýyň guly, şeýle zatlardan uzakda dur! Hudaýa wepaly, dogruçyl, imanly, söýýän, çydamly we ýumşak adam bolmaga jan et+. 12 Imanyň üçin gaýduwsyz göreş, ebedi ýaşaýşa berk ýapyş. Hudaý seni ebedi ýaşaýşy almaga çagyrdy, sebäbi ol hakda köp adamlara wagyz etdiň.

13 Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň we Pontiýus Pilatusa batyrgaý wagyz eden Isa Mesihiň+ öňünde saňa buýurýaryn: 14 Halypamyz Isa Mesih äşgär bolýança, seni günäkärläp, ýazyk tapmazlary ýaly, beren tabşyrygymy ýerine ýetir+. 15 Sebäbi bagtly we kuwwatly Hojaýynymyz bellenen wagtda mälim bolar. Ol patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdarydyr+. 16 Ýeke-täk ölmeýän oldur+ we hiç kimiň görmeýän hem görüp bilmeýän+ ýagtylygynda ýaşaýandyr+. Hormat we ebedi güýç onuňky bolsun! Omyn!

17 Şu dünýädäki* baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ýalan baýlyga+ däl-de, Hudaýa bil baglasynlar. Sebäbi Hudaý ýaşaýyş üçin ähli zady jomartlyk bilen berýär+. 18 Olary köp ýagşy işleri etmäge, jomart bolmaga we zadyny paýlaşmaga höweslendir+. 19 Olar gelejekde gerek boljak ruhy baýlyk ýygnasynlar+, şonda hakyky ýaşaýşa berk ýapyşyp bilerler+.

20 Eý Timoteos, saňa ynanylan zatlary gorap sakla+. Mukaddes zada dil ýetirýän biderek gürrüňlerden we bilimlisireýänleriň taglymatyndan gaça dur, sebäbi olaryň bilimi hakykata garşy gelýändir+. 21 Käbirleri şeýle bilimine buýsanyp, imandan azaşdylar.

Goý, Hudaý saňa ýagşylyk etsin!

Manysy: Hudaýyň hormatlany.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: nesil daragtyny öwrenip.

Ýa-da: görkezme; buýruk.

Ýa-da: ikiýüzli bolmadyk.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: erkekler bilen ýatýan erkekler.

Ýa-da: ýalan ant içýänler.

Ýa-da: peýdaly.

Sözme-söz: çüýremeýän.

Ýa-da: görkezme; buýruk.

Ýa-da: erk-ygtyýarly.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: merjenler.

Ýa-da: ýuwaş; sessiz.

Ýa-da: ýuwaş; sessiz.

Ýa-da: urýan; dili bilen çakýan.

Sözme-söz: ýumşak; eglişikli.

Ýa-da: hojalygyny gowy dolandyrýan.

Ýa-da: agras; jogapkärli.

Mesihçi däl adamlar göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: iki sözli.

Ýa-da: olaryň talaba laýyk gelýändigini synap görüň.

Ýa-da: agras; hormata mynasyp.

Ýa-da: gep-gybat etmeýän.

Ýa-da: hojalygyny gowy dolandyrýan.

Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.

Sözme-söz: ýetmek üçin türgenleş.

Ýa-da: ruhlandyryp.

Ýa-da: sylagyna; borjuna.

Ýa-da: ahlak taýdan arassa.

Kömek etjek hossary bolmadyk dullar göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: hormat goý.

Sözme-söz: bir äriň aýaly bolan.

Sözme-söz: ilkibaşdaky imanyndan.

Ýa-da: etmesiz gürrüňleri edýärler.

Kömek etjek hossary bolmadyk dullar göz öňünde tutulýar.

Sözme-söz: beýlekiler gorkarlar.

Sözme-söz: saýlanan.

Sözme-söz: biriniň üstüne elleriňi goýmakçy.

Ýa-da: peýdaly.

Ýa-da: sögünç sözler.

Başga manysy: çatmamyz. Sözme-söz: örtgimiz.

Sözme-söz: köki.

Ýa-da: Häzirki döwürdäki. Sözlüge serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş