TIMOTEOSA IKINJI HAT
1 Men Isa Mesihiň resuly Pawlus. Hudaýyň islegine görä Isa Mesih arkaly wada berlen ýaşaýyş+ hakda wagyz edýärin. 2 Men söýgüli oglum Timoteosa+ hat ýazýaryn.
Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih saňa ýagşylyk* etsin, rehim edip, parahatlyk bersin!
3 Men ata-babalarym ýaly päk ynsap bilen Hudaýa mukaddes gulluk edýändigime şükür edýärin. Gije-gündiz doga-dileglerimde seni ýatlaýaryn. 4 Seniň döken gözýaşlaryňy ýatlap, juda göresim gelýär. Seni görsem, ýüregim şatlykdan dolar. 5 Seniň ak ýürekden iman edişiň+ ýadyma düşýär. Şeýle iman mamaň Loýisde we ejeň Ewnikada hem bardy, sende-de bardygyna ynanýaryn.
6 Hudaýyň beren ukybyndan* doly peýdalan. Goý, ol içiňde ot kimin ýanyp dursun! Ol saňa elimi üstüňe goýanymda berlipdi+. 7 Hudaý gorkaklyk ruhuny däl-de+, güýç+, söýgi we sagdyn düşünje berdi. 8 Halypamyz hakda wagyz etmäge ýa-da onuň üçin türmede oturandygyma utanma+. Hudaýyň güýjüne daýanyp+, hoş habar üçin kynçylyk çekmäge taýýar bol+. 9 Ol bizi halas edip, mukaddes bolmaga çagyrdy+. Ol bize ýagşy işlerimiz üçin däl-de, niýetini ýerine ýetirmek üçin ýagşylyk etdi+. Ol Isa Mesih arkaly gadym döwürlerden bäri ýagşylyk edýär. 10 Emma onuň ýagşylygy Halasgärimiz Isa Mesihiň äşgär bolmagy bilen açyk-aýdyň boldy+. Ol ölümi ýok edip+, hoş habaryň kömegi bilen+ ýaşaýşa+ we çüýremezlige+ ýetmegi öwretdi. 11 Şeýlelikde, men hoş habaryň wagyzçysy, resuly we mugallymy edip bellendim+.
12 Şol zatlar üçin menem görgi görýärin+, ýöne muňa utanmaýaryn+, sebäbi iman eden Hudaýymy gowy tanaýaryn. Oňa ynanan ähli zatlarymy höküm gününe çenli hökman gorap saklar+. 13 Meniň aýdan sagdyn* sözlerimi+ görelde* edinip, olara berk ýapyş. Isa Mesih bilen agzybir bolup, sagdyn sözlere iman we söýgi bilen eýer. 14 Saňa ynanylan zatlary mukaddes ruhuň* kömegi bilen gora+.
15 Sen Aziýadaky+ ähli adamlaryň, şol sanda Figelus bilen Hermogeniň menden ýüz öwrendigini bilýänsiň. 16 Goý, Hudaýymyz Onisiforyň öý-içerisine+ rehim etsin! Ol meni köplenç ruhlandyrýardy, türmede oturandygyma utanmady. 17 Ol Rimdekä, meni gözläp tapdy. 18 Goý, Ýehowa* Hudaýymyz höküm güni oňa rehim etsin. Onisiforyň Efesde eden hyzmatyny senem gowy bilýänsiň.
2 Oglum+, Isa Mesih arkaly alan berekediň* saňa güýç-kuwwat bersin! 2 Menden eşiden zatlaryňy köp şaýatlar hem tassyklandyr+. Indi olary wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler. 3 Isa Mesihiň batyr esgeri+ hökmünde kynçylyklara döz gel+. 4 Esger söwda-satyk işlerine* baş goşýan* däldir, ony esgerlige alan adamyň göwnünden turjak bolýandyr. 5 Ýaryşa gatnaşýan adam hem ýaryşyň şertini berjaý etmese, baýrak* alyp bilmez+. 6 Zähmetsöýer daýhan hem hasylynyň ilkinji miwesini özi datmalydyr. 7 Meniň aýdanlarym hakda hemişe pikirlen, Hudaý saňa ähli zada düşünmäge kömek eder.
8 Isa Mesihiň direlendigi+ we onuň Dawudyň neslindendigi*+ hakdaky hoş habary wagyz edýändigimi+ unutma. 9 Men şonuň üçin horluk çekip, jenaýatçy ýaly tussaglykda otyryn+, emma Hudaýyň sözüni zynjyr bilen baglap bolmaýar+. 10 Hudaýyň saýlan adamlary Isa Mesih arkaly halas bolup, ebedi şöhrata eýe bolarlar. Men hem şonuň üçin görgi görýärin+. 11 Şu sözlerim hakdyr: biz bile ölsek, bile-de ýaşarys+. 12 Soňuna çenli çydamly bolsak, onda patyşa bolup, bile-de höküm süreris+. Eger ondan ýüz öwürsek, ol hem bizden ýüz öwrer+. 13 Biz wepaly bolmasak-da, ol wepalydyr, sebäbi öz-özüne garşy gidýän däldir.
14 Şol zatlary olara ýatladyp dur. Hudaýyň öňünde olara maslahat ber*, goý, her bir söz üçin dawalaşmasynlar. Sebäbi beýle zatlar diňleýänlere peýdaly däldir, diňe zyýan* getirýändir. 15 Hudaýy razy etmek üçin eliňde baryny et, hakykat sözüni dogry öwret+, şonda edýän işiňe utanmarsyň. 16 Ýöne mukaddes zatlara dil ýetirýän biderek gürrüňlerden uzakda dur+, sebäbi şeýle gürrüňleri edýänler Hudaýdan gitdigiçe daşlaşarlar. 17 Himeneý bilen Filitus hem olaryň biridir+. Olaryň sözi ýokanç kesel* kimin ýaýrar. 18 Olar hakykatdan ýüz öwürdiler, direliş eýýäm boldy+ diýip, käbirleriniň imanyny gowşatdylar. 19 Emma Hudaýyň guran binasynyň düýbi berk tutuldy we oňa «Ýehowa* saýlanlaryny bilýändir»+, «Ýehowanyň* adyny çagyrýanlar+ erbet işlerden ýüz öwürmelidir» diýen möhür basylandyr.
20 Uly jaýda diňe altyn, kümüş gaplar däl-de, agaçdan, toýundan ýasalan gaplar hem bardyr. Olaryň käbiri abraýly iş üçin, käbiri abraýsyz iş üçin ulanylýar. 21 Eger biri abraýsyz gaplardan özüni çetde tutsa, ol hojaýyny üçin abraýly, mukaddes we peýdaly gap bolar, oňat iş üçin ulanylar. 22 Şeýlelikde, ýaşlyk höweslerinden uzakda dur. Hudaýy päk ýürekden çagyrýan adamlar bilen birlikde dogruçyl bolmaga, iman etmäge, söýmäge we parahat ýaşamaga jan et.
23 Şeýle-de biderek, manysyz jedellere goşulma+, sebäbi olaryň soňy urşa ýazýandyr. 24 Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam hemmeler bilen ýumşak*+, öwretmäge ukyply bolmaly, ýamanlyk edilse-de gaýtargy bermeli däldir*+. 25 Saňa garşy çykýanlara mylakatlylyk bilen öwüt-ündew et+. Belki, Hudaý olara toba etmäge* mümkinçilik berer, olar hem hakykat bilimini alar+. 26 Şonda olar Iblisiň duzagyna düşendigini+ bilip, akylyna aýlanarlar we onuň torundan halas bolarlar.
3 Bilip goý, soňky günlerde+ juda kyn döwür bolar. 2 Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, 3 dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, 4 dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän, 5 Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar+. Şeýle adamlardan uzakda dur. 6 Olaryň käbiri ejiz we günäli aýallary aldap, mekirlik bilen öýlerine girýärler. Olar aýallaryň gözüni-başyny aýlap, dürli höwesleriň guly edýärler. 7 Şeýle aýallar hemişe hakykat bilimini alsalar-da, oňa doly düşünmeýärler.
8 Olar hem Musa garşy çykan Ýannys we Ýambrys ýaly, hakykata garşy çykýarlar. Şeýle adamlaryň aň-düşünjesi doly zäherlenendir. Olar imanyna görä ýaşamaýarlar, Hudaý hem olardan razy däldir. 9 Olar hiç hili üstünlik gazanmazlar, şol iki adamyňky ýaly olaryň hem akylsyzlygy hemmelere belli bolar+. 10 Sen bolsa öwreden zatlaryma, ýaşaýşyma+, maksadyma, imanyma eýerýärsiň hem-de sabyr-takadymdan, söýgimden we çydamymdan görelde alýarsyň. 11 Galyberse-de, Antakyýada+, Ikoniýada+, Listrada gören görgülerimi+ bilýänsiň. Men olara çydadym, Hudaý hem olardan halas etdi+. 12 Aslynda, Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar+. 13 Emma zalym we ýalançy adamlar erbet işleri etmekde ökdeleşerler. Olar adamlary aldarlar, özleri-de aldanarlar+.
14 Sen bolsa öwrenen we iman eden zatlaryňa hemişe eýer+, olary saňa ynamdar adamlar öwredipdi. 15 Sen mukaddes kitaplary bäbeklikden+ bäri bilýärsiň+. Olar seni Isa Mesihe iman etmegiň we halas bolmagyň üçin akyldar edýär+. 16 Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen+ ýazylyp, öwretmek+, käýemek, dogry ýola getirmek* we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr+. 17 Olar Hudaýyň guluny ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar.
4 Men Hudaýyň we Isa Mesihiň öňünde saňa berk tabşyryk berýärin. Isa Mesih gelejekde Patyşalygy+ we gelmegi bilen+ hem dirileri, hem ölüleri+ höküm eder+. 2 Şoňa görä-de Hudaýyň sözüni wagyz et+, amatly wagtda-da, kyn döwürde-de yhlasly öwret, käýe+, berk duýduryş ber, öwüt-ündew et. Ýöne elmydama sabyrly bol we ökdelik bilen öwret+. 3 Sebäbi şeýle döwür geler welin, adamlar sagdyn* taglymaty diňlemän+, öz isleglerine görä ýaşarlar. Olar gulagyna ýakymly zatlary gürrüň berýän mugallymlary gözlärler+. 4 Hakykaty diňlemekden ýüz öwrüp, ýalan rowaýatlara gulak gabardarlar. 5 Sen bolsa ähli zatda sagdyn pikirlen, kynçylyklarda çydamly bol+, hoş habary hemişe wagyz edip, Hudaýa birkemsiz gulluk et+.
6 Sebäbi men gurbanlyk ojagyna* şerap sadakasy kimin dökülýärin+, dünýäden ötmeli wagtym+ hem golaýlaşýar. 7 Men gaýduwsyz göreşdim+, ýaryşyň soňuna çenli ylgadym+, imanymy gowşatmadym. 8 Indi bolsa adalatly kazy Halypamyz+ dogruçyllyk täjini+ meniň üçin taýýarlap goýdy. Ol täji höküm güni berer+. Täç diňe maňa däl, onuň äşgär bolmagyna garaşýanlaryň ählisine berler.
9 Meniň ýanyma çaltrak geljek bol. 10 Sebäbi Dimas+ dünýäni* söýüp, meni taşlap, Selanige gitdi. Krisken Galatýa, Titus bolsa Dalmatýa gitdi. 11 Ýanymda diňe Luka galdy. Şonuň üçin Markusy alyp gaýt, ol maňa hyzmat eder*. 12 Men Tihikusy+ Efese ugratdym. 13 Trowasda ýaşaýan Karplardan gyş eşigimi we golýazmalary, esasan-da, deriden ýasalan golýazmalary* alyp gaýt.
14 Isgender demirçi* maňa kän ýamanlyk etdi. Ýehowa* eden etmişleri üçin almytyny berer+. 15 Sen hem ondan seresap bol, sebäbi ol hoş habara güýçli garşy çykdy.
16 Men ilkinji sapar özümi goramaly bolanymda, tarapymy tutan bolmady, hemmeler meni taşlap gitdi. Goý, Hudaý olardan hasap soramasyn. 17 Emma Halypamyz ýanymda durup, maňa güýç berdi. Şonuň üçin men birkemsiz wagyz edip, hoş habary ähli halklara ýetirip bildim+. Şeýdip, ýolbarsyň agzyndan halas boldum+. 18 Halypamyz meni ähli erbetlikden gorar we gökdäki Patyşalygy üçin halas eder+. Halypamyza baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn!
19 Priska bilen Akila+ we Onisiforyň öý-içerisine+ salam aýt.
20 Erastos+ Korinfde galdy, emma Trofimusy+ Miletde goýup gaýtdym, sebäbi ol syrkawlapdy. 21 Gyş düşmänkä geljek bol.
Ewul, Pudens, Linus, Klawdiýa we ähli doganlar salam aýdýar.
22 Dogry garaýşyň üçin, goý, Halypamyz ýagşylyk etsin!
Sözlüge serediň.
Ýa-da: sowgadyndan.
Ýa-da: peýdaly.
Ýa-da: nusga.
Sözme-söz: içiňde ýaşaýan mukaddes ruhuň.
Ýa-da: ýagşylygyň.
Başga manysy: gündelik işlere.
Sözme-söz: başagaý bolýan.
Sözme-söz: täç.
Sözme-söz: tohumyndandygy.
Sözme-söz: birkemsiz şaýatlyk et.
Ýa-da: heläkçilik.
Sözme-söz: gangrena.
Ýa-da: sypaýyçylykly.
Ýa-da: özüni saklap bilmelidir.
Ýa-da: pikirini üýtgetmäge.
Ýa-da: düzetmek.
Ýa-da: peýdaly.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: häzirki döwri. Sözlüge serediň.
Ýa-da: gullugymda kömek eder.
Sözme-söz: pergamentleri. Sözlüge serediň.
Ýa-da: mis ussasy.