ÝEWREÝLERE HAT
1 Hudaý gadymy döwürde ata-babalarymyz bilen köp ýagdaýlarda we ençeme ýollar bilen pygamberleri arkaly gepleşýärdi+. 2 Soňky günlerde Hudaý biziň bilen Ogly arkaly gepleşýär+. Ol Ogluna ähli zady miras berdi+ we dünýäni* ol arkaly ýaratdy+. 3 Ol Hudaýyň keşbindedir+, onuň şöhratyny kämil derejede görkezýändir+. Ol ähli zady Hudaýyň güýçli sözi arkaly saklaýar we bizi günäden arassalap+, gökdäki Beýik Hudaýyň sag tarapynda oturdy+. 4 Şeýdip, ol perişdelerden hem juda beýgeldi+ we olaryňkydan hem beýik ada eýe boldy+.
5 Meselem, Hudaý: «Sen meniň oglum, şu gün seniň ataň boldum»+ ýa-da «Men onuň atasy, ol hem meniň oglum bolar»+ diýen sözleri hiç bir perişdä aýdan däldir. 6 Emma ol Nowbaharyny*+ ýer ýüzüne ýene-de iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri oňa tagzym etsin!» diýdi.
7 Hudaý perişdeleri hakda: «Perişdelerini ýel ýaly güýçli, hyzmatkärlerini+ oduň ýalny ýaly edýär»+ diýýär. 8 Emma Hudaý Ogly hakda şeýle diýýär: «Hudaý saňa baky hem ebedilik patyşalyk berdi*. Patyşalygyň hasasy+ adalat hasasydyr. 9 Sen adalaty söýdüň, kanunsyzlygy ýigrendiň. Şonuň üçin seniň Hudaýyň başyňa ýag guýup belledi+. Seni ýoldaşlaryňdan has köp begendirdi»+. 10 Şeýle-de: «Eý Hudaýym*, sen ýeriň düýbüni tutduň, gök asmany eliň bilen ýazdyň. 11 Olar ýok bolup giderler, emma sen hemişelik bolarsyň; olar don ýaly könelip ýyrtylar. 12 Sen olary don kimin düýrläp, egin-eşik ýaly çalşyrarsyň. Emma sen hiç haçan üýtgemersiň, ýyllaryň asla tükenmez»+ diýilýär.
13 Emma Hudaý: «Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur»+ diýen sözleri hiç bir perişdä aýdan däldir. 14 Perişdeleriň ählisi ruhdur we gullukçydyr+. Hudaý olary halas etjek adamlaryna hyzmat etmek üçin iberýändir.
2 Şeýlelikde, imandan azaşmaz ýaly+, eşiden zatlarymyza öňküden-de ünsli bolmaly+. 2 Eger perişdeler arkaly+ aýdylan sözler dogry bolsa, her bir günäkär, boýnuýogyn adam adalatly jeza alýan bolsa+, 3 onda Halypamyzyň wagyz eden has beýik gutulyşynyň gadyryny bilmesek, heý-de, jezadan gaçyp bilerismi?+ Bize muny Halypamyzdan eşiden adamlar+ gürrüň beripdi. 4 Hudaý hem olaryň sözlerini tassyklamak üçin alamatlary, görnüşleri, her dürli gudratlary görkezdi+. Niýetini ýerine ýetirmek üçin gullukçylaryna mukaddes ruhy berdi+.
5 Hudaý gelejekki dünýäni+ perişdelere tabyn etmedi. 6 Emma biri şeýle şaýatlyk edipdi: «Ýatlap aladasyny ederiň ýaly, ynsan kimmişin?+ 7 Ony perişdelerden sähelçe peseltdiň, başyna şöhrat we hormat täjini geýdirdiň. Ähli işleriňi oňa tabşyrdyň. 8 Ähli zady ygtyýaryna berdiň»+. Diýmek, Hudaý ähli zady ogluna tabyn etdi+, ogluna tabyn edilmedik hiç zat galmady+. Häzir welin, ähli zadyň ogla tabyn edilendigini görmeýäris+. 9 Ýöne şuny görýäris: Isa perişdelerden az-kem peseldildi+, soňra ölümi dadyp, şöhrat we hormat täjine eýe boldy+. Ol Hudaýyň ýagşylygy* bilen her bir adam üçin öldi+.
10 Ähli zat Hudaý üçindir, ähli zady Ol ýaradandyr. Hudaý ençeme ogullaryny şöhratlandyrmak+ we halas etmek üçin+ Baş Ýolbaşçynyň görgi görmegine+ ýol berdi. 11 Mukaddes edýän-de+, mukaddes edilýänler-de bir atadandyr+, şonuň üçin Isa olara doganlarym+ diýmäge utanmaýar. 12 Ol: «Adyňy doganlaryma aýdaryn, ýygnakda seni aýdym bilen wasp ederin»+ diýýär. 13 Başga bir ýerde: «Men saňa bil baglaryn»+ diýilýär. Şeýle-de: «Serediň, Ýehowanyň* beren ogullary+ meniň ýanymda» diýilýär.
14 «Ogullar» ynsan* bolany üçin, ol hem ynsan bolup geldi+. Sebäbi ol ölümi dadyp+, ölümiň sebäpkäri Iblisi ýok etmelidi+. 15 Şeýdip, bütin ömrüne ölümden gorkup ýaşaýan adamlary azatlyga çykarmalydy+. 16 Aslynda, ol perişdelere däl-de, Ybraýymyň nesline kömek etmek üçin geldi+. 17 Ol ähli zatda «doganlary» ýaly bolup+, Hudaýyň öňünde wepaly we rehimdar baş ruhany bolmagy öwrendi. Adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrar ýaly, olaryň günäleri üçin+ gurban hödürledi+. 18 Ol başyna düşen synaglarda köp görgi gördi+. Şol sebäpli-de synaga düşýänlere kömek etmegi başarýandyr+.
3 Göge çagyrylan mukaddes doganlar+, Isa hakda oýlanyň. Siz Isany resul we baş ruhany hökmünde kabul etdiňiz+. 2 Musanyň Hudaýyň bütin öýüne wepaly bolşy ýaly+, Isa hem Hudaýa wepalydy+. 3 Öýi guranyň öýden has köp abraýa eýe bolşy ýaly, Isa hem Musadan has köp şan-şöhrata mynasyp boldy+. 4 Elbetde, öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy. 5 Musa Hudaýyň tutuş öýüne wepaly hyzmat edip, gelejekde mälim ediljek zatlary suratlandyrdy*. 6 Mesih hem Atasynyň öýünde wepaly oguldyr+. Eger biz hem soňuna çenli umydymyza berk ýapyşyp, oňa şatlansak, ol hakda çekinmän* gürrüň bersek, Hudaýyň öýi bolarys+.
7 Mukaddes ruh şeýle diýýär+: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, 8 onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň, çöldäki ýaly synamaň+. 9 Ata-babalaryňyz 40 ýyllap çölde eden işlerimi görseler-de, meni synapdylar+. 10 Şonuň üçin men tutuş nesli ýigrenip: „Olar hemişe öz bilenini edýär, ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim. 11 Şonda men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“ diýip ant içipdim»+.
12 Doganlar, seresap boluň! Ýüregiňizde zalymlyk we imansyzlyk ornaşyp, Biribardan daşlaşaýmaň+. 13 Häzir «şu gün»+ diýilýän wagt, şonuň üçin her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. Günäniň aldawyna düşüp, ýüregiňizi gatatmaň. 14 Eger biz başdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen bile bolarys+. 15 Sebäbi Hudaý: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatadyp, ata-babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň»+ diýipdi.
16 Hudaýyň sesini eşidip, gaharyny getiren kim? Eýsem Musa bilen Müsürden çykanlaryň ählisi Hudaýyň gaharyny getirmedimi?+ 17 Onsoňam, Hudaý 40 ýyllap kimi ýigrendi?+ Eýsem jesetleri çölde galan günäkärleri dälmi?+ 18 «Meniň bilen dynç almaz» diýip, Hudaý kim hakda ant içipdi? Eýsem gulak asmadyk adamlar hakda dälmi? 19 Görşümiz ýaly, olar imansyzlygy üçin Hudaý bilen dynç alyp bilmediler+.
4 Hudaý bilen dynç almaga heniz mümkinçilik bar. Şol sebäpli, geliň, seresap bolup, berlen mümkinçiligi sypdyrmalyň+. 2 Bize hoş habar wagyz edildi+. Ata-babalarymyz hem şol sözleri eşitdi, ýöne onuň peýdasy degmedi, sebäbi olar gulak asyp, iman etmediler. 3 Emma biz iman edip, Hudaý bilen hökman dynç alarys. Ýöne Hudaý dünýäni ýaradyp+, ähli işlerini gutarsa-da, ata-babalarymyz hakda: «Men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“+ diýip ant içdim» diýdi. 4 Ol başga bir ýerde ýedinji gün barada: «Hudaý ýedinji gün ähli işlerinden dynç aldy»+ diýipdi. 5 Şonda-da Hudaý: «Olar meniň bilen dynç almaz»+ diýýär.
6 Şol sebäpli Hudaý bilen dynç almaga entegem mümkinçilik bolsa-da, hoş habary başda eşidenleriň käbiri gulak asman, şol mümkinçiligi elden gidirdi+. 7 Hudaýyň: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatatmaň»+ diýen sözlerini şu hatymda ýazypdym. Görşümiz ýaly, Dawudyň Zeburynda «şu gün» diýmek bilen, Hudaý ençeme wagtdan ýene şol güni agzap geçýär. 8 Eger Ýuşa+ olary Hudaý bilen dynç almaga elten bolsady, onda Hudaý şol güni ýene-de agzamazdy. 9 Diýmek, Hudaýyň halky üçin dynç güni*+ henizem dowam edýär. 10 Sebäbi Hudaýyň ähli işlerinden dynç alşy ýaly, Hudaý bilen dynç alýan adam hem öz işlerinden dynç alýandyr+.
11 Geliň, Hudaý bilen dynç almak üçin elimizde baryny edeliň. Şonda hiç kim şol gulak asmadyk nesliň göreldesine eýerip, günä etmez+. 12 Hudaýyň sözi diri hem güýçlüdir+. Iki tarapy kesgir gylyçdan hem ýitidir+, ol adama şeýle çuň batýar welin, onuň içki* we daşky dünýäsini* ýüze çykarýar, süňkleri bölüp, ýilige çenli baryp ýetýär. Adamyň ýüregindäki pikirlerini we niýetini bilýär*. 13 Hiç kim we hiç zat Hudaýyň öňünde gizlin däldir+. Ähli zat onuň öňünde açyk-aýdyňdyr, biz hem Hudaýyň öňünde jogap bermelidiris+.
14 Şeýlelikde, biziň beýik baş ruhanymyz Hudaýyň Ogly Isadyr+. Ol göge gitdi. Geliň, ol hakda gürrüň bermegi dowam edeliň+. 15 Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär+. Ol biz ýaly ähli zatda synalsa-da, günä eden däldir+. 16 Geliň, onda Hudaýyň ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän* doga-dileg edeliň+. Eger kömege mätäç bolsak, ol hökman rehim eder, ýagşylygyny gaýgyrmaz.
5 Baş ruhany adamlara Hudaýa sežde etmäge kömek edýär+. Ol Hudaýa halkyň sadakalaryny we gurbanlyklaryny hödürläp, günälerini ýuwýar+. 2 Ol ýalňyşyp günä eden adamlaryň ýagdaýyna düşünýär, sebäbi özi hem ýalňyşýar. 3 Şol sebäpli ol adamlaryň günäleri üçin gurbanlyk berişi ýaly, özi üçin hem gurbanlyk bermeli+.
4 Hiç kim öz-özüni baş ruhany edip belläp bilmeýär, ony diňe Hudaý belleýär. Haruny hem Hudaý baş ruhany edip belläpdi+. 5 Şonuň ýaly Mesih hem öz-özüni+ baş ruhany edip bellemedi. Hudaý: «Sen meniň oglum, şu gün seniň ataň boldum»+ diýip, ogluny baş ruhany edip belledi we şöhratlandyrdy. 6 Başga bir ýerde bolsa Hudaý oňa: «Sen Mäliksadyk ýaly ebedilik ruhany bolarsyň»+ diýýär.
7 Mesih ýer ýüzünde ýaşan mahaly, ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp+, ýürekden dileg etdi. Onuň dilegi kabul boldy, sebäbi ol Hudaýdan gorkýardy. 8 Ol Hudaýyň ogly bolsa-da, görgi görüp, gulak asmagy öwrendi+. 9 Mesih ähli zatda Hudaýa gulak asmagy öwrenip*+, indi Hudaýa gulak asýan adamlary ebedilik halas etmek üçin bellendi+. 10 Şeýlelikde, Hudaý ony Mäliksadyk ýaly baş ruhany edip belledi+.
11 Mesih hakda aýdara zat köp, ýöne size düşündirmek kyn, sebäbi gulagyňyz gapylypdyr. 12 Siz şu wagta çenli eýýäm mugallym bolmalydyňyz, ýöne siziň özüňize ýörite mugallym gerek. Size Hudaýyň sözüniň esasy taglymatlaryny başdan-aýak öwretmeli+. Size agyr nahar däl-de, süýt bermeli. 13 Süýt içýän adam Hudaýyň sözüne* düşünýän däldir, sebäbi ol heniz çagadyr+. 14 Emma agyr nahar ruhy taýdan ösen adamlar üçindir. Olaryň aň-düşünjesi ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge öwrenişendir.
6 Şonuň üçin, geliň, diňe bir Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän+, eýsem ruhy taýdan ösmäge jan edeliň+. Şeýle-de esasy taglymatlary, ýagny günäli işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, 2 suwa çümdürilmek, biriniň üstüne el goýmak+, direliş+ we ebedi höküm barada gaýta-gaýta öwrenip ýörmäliň. 3 Eger Hudaý halasa, biz ruhy taýdan öseris.
4 Käbirleri öň ýagtylygy kabul edip+, gökdäki sylagdan we mukaddes ruhdan datdylar. 5 Hudaýyň ýagşy sözüniň peýdasyny, geljekki dünýäniň* bereketlerini* gördüler. 6 Şonda-da olar imandan dändiler+. Olary hiç kim gaýtadan toba etdirip bilmez, sebäbi olar Hudaýyň Ogluny ýene-de pürse çüýläp, adamlaryň öňünde masgara edýärler+. 7 Toprak hem ýagşyň suwundan ganyp, Hudaýdan bereket alýandyr, daýhana hasyl berýändir. 8 Eger melleginde tikenek we ýandak gögerse, daýhanyň göwni geçip, gargap başlar. Soňunda bolsa tutuş mellegini otlar.
9 Eziz doganlar, şeýle zatlary aýtmaly bolsak-da, siziň ýagdaýyňyz imandan dänenleriňkiden has gowy, sebäbi siz gutulyşa mynasyp işleri edýärsiňiz. 10 Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi+ unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir. 11 Mundan beýläk-de şeýle yhlasly boluň, şonda umydyňyzy+ soňuna çenli saklap bilersiňiz+. 12 Şonuň üçin ýalta bolmaň-da+, iman ediň, sabyrly boluň, wadalary miras alan adamlardan görelde alyň.
13 Hudaý Ybraýyma wada berende, öz adyndan ant içipdi+, sebäbi özünden beýik hiç kim ýok. 14 Şonda ol: «Saňa ak pata berip, nesliňi köpelderin»+ diýipdi. 15 Sabyrly bolany üçin, Ybraýyma wada berildi. 16 Adamlar bir zady söz berse, has uly biriniň adyndan ant içip, jedeli ýatyrýar we sözüne kepil geçýär+. 17 Hudaý hem wadasyna kepil geçmek* üçin ant içip, wadany miras aljaklara+ niýetiniň üýtgemeýändigini has-da aýdyň görkezdi. 18 Şeýlelikde, Hudaýyň beren wadasy we içen anty üýtgeýän däldir, sebäbi ol ýalan sözläp bilmez+. Şonuň üçin biz Hudaýyň penasynda* gizlenip, has-da ruhlanyp bileris we berlen umyda berk ýapyşarys. 19 Şol umyt+ gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr. Şol umyt tutynyň aňyrsyna geçirýändir+. 20 Biziň üçin tutynyň aňyrsyna ilkinji bolup Isa geçdi+. Ol Mäliksadyk ýaly ebedilik baş ruhany boldy+.
7 Salamyň patyşasy we Allatagalanyň baş ruhanysy Mäliksadyk patyşalary ýeňip gelýän Ybraýym pygamberi garşylap, oňa ak pata berdi+. 2 Ybraýym alan oljasynyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi. Onuň ady «Dogruçyllyk Patyşasy» we «Salam patyşasy», ýagny «Parahatlyk Patyşasy» diýmegi aňladýar. 3 Onuň ene-atasynyň kimdigi, nesil daragty, haçan doglup, haçan ölendigi belli däldi. Emma ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany boldy+.
4 Mäliksadyk beýik adamdy, hatda Ybraýym atamyz* hem oňa oljasynyň iň gowusynyň ondan bir bölegini berdi+. 5 Töwrada görä, Lewiniň ogullary+ ruhany bellenýärdi. Olar halkdan, ýagny Ybraýymyň neslinden bolan* doganlaryndan ähli zadyň ondan bir bölegini ýygnamalydy+. 6 Emma Mäliksadyk lewilerden bolmasa-da, Ybraýymyň beren zatlarynyň ondan bir bölegini alyp, wada berlen Ybraýyma ak pata berdi+. 7 Hawa, beýik adamyň özünden pes adama pata berýändigi bilen hemmeler ylalaşsa gerek. 8 Halkdan ondan bir bölegi alýan lewiler başy ölümli ynsanlardyr. Emma ondan bir bölegi alýan başga-da biri bar. Aýdylmagyna görä, ol henizem ýaşaýar+. 9 Görşümiz ýaly, ondan bir bölegi alýan lewiler hem Ybraýym arkaly ondan bir bölegi berdiler. 10 Sebäbi Mäliksadyk Ybraýymy garşy alanda+, Lewi heniz dogulmandy, ol Ybraýymyň geljekki neslidi*.
11 Ysraýyllara berlen Töwrada görä+, ruhanylar lewi taýpasyndan bellenýärdi. Eger adamlar ruhanylar arkaly günäsiz hasaplanan bolsa, onda Mäliksadyk ýaly ruhany+ gerek bolardymy? Harun ýaly ruhany ýeterlik bolmazdymy? 12 Eger ruhanylyk hyzmaty üýtgän bolsa, onda Töwrat hem üýtgemeli bolar+. 13 Biz gurbanlyk ojagynyň* öňünde hyzmat edýän taýpanyň+ agzasy hakda gürrüň etmeýäris. 14 Musa ýahuda taýpadan+ ruhany bellenjekdigi hakda hiç zat aýtmasa-da, Halypamyzyň şol taýpadandygyny hemmeler bilýär.
15 Mäliksadyk+ ýaly ruhany peýda bolanda+ welin, munuň şeýledigi hasam aýdyň boldy. 16 Ol talap edilişi ýaly lewi taýpasyndan bolmasa-da, ruhany bolup hyzmat edýär, sebäbi onda soňsuz* ýaşaýşyň güýji bar+. 17 Hudaý ol hakda: «Sen Mäliksadyk ýaly, ebedilik ruhany bolarsyň»+ diýipdi.
18 Şeýlelikde, öňki kada-kanun gowşak we peýdasyz bolandygy üçin ýatyryldy+. 19 Sebäbi Töwrat hiç zady kämil edip bilmedi+, ýöne Hudaýyň beren ajaýyp umydy ähli zady kämil etdi+. Biz ol umyt arkaly Hudaýa ýakynlaşýarys+. 20 Hudaý ant içendigi üçin Isany ruhany belledi. 21 Hudaý ruhanylyk borjuny alan adamlar babatda ant içmändi, emma ol başga biri hakda ant içip: «Ýehowa* ant içdi, sözünden dänmez*, „Sen ebedilik ruhany bolarsyň“»+ diýipdi. 22 Şoňa görä-de Isa has gowy ähtiň kepili boldy+. 23 Galyberse-de, ruhanylar ölýändigi sebäpli gullugyny dowam edip bilmeýärdiler+. Şonuň üçin olaryň ýerine başga ruhanylar bellenýärdi. 24 Emma Isanyň ebedi ýaşaýandygy üçin+ başga ruhany bellenmez. 25 Ol özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary halas edip bilýändir. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we olar üçin Hudaýa ýalbarýar+.
26 Bize wepaly, bigünä, päk+, günäli adamlardan tapawutlanýan we şöhraty göge ýeten baş ruhany gerekdir+. 27 Baş ruhany her gün ilki öz günäleri üçin+, soňra halkyň günäleri üçin gurban getirmelidi+. Emma Isa beýle etmek gerek däldi, sebäbi ol özüni bir gezekde hemişelik gurban etdi+. 28 Töwrada görä, günäli adamlary baş ruhany edip bellemelidi+. Emma Töwratdan soň ant içilip+ berlen wada arkaly hemişelik kämil Ogul bellenendir+.
8 Biziň aýtmak isleýän esasy zadymyz şudur: gökdäki Beýik Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturan+ baş ruhanymyz bar+. 2 Ol adam eli bilen däl-de, Ýehowanyň* guran hakyky çadyrynyň we iň mukaddes otagynyň hyzmatkäridir+. 3 Her bir baş ruhany Hudaýa sadakalary we gurbanlyklary bermek üçin bellenendir. Şonuň ýaly ol hem gurbanlyk bermelidi+. 4 Eger ol ýer ýüzünde bolsady, ruhany bolup bilmezdi+, sebäbi Töwrada görä sadakalary berýän ruhanylar eýýäm bardy. 5 Şol adamlaryň ýerine ýetirýän mukaddes gullugy gökdäki zatlaryň+ nusgasy we kölegesidir+. Musa çadyr gurmaly bolanda, Hudaý: «Ähli zady dagda görkezilen nusga boýunça ýasa»+ diýipdi. 6 Emma Isa beýleki ruhanylara garanyňda, has ajaýyp gulluga bellendi, sebäbi ol has gowy ähtiň+ araçysydyr+. Ol äht öňküden hem has gowy wadalara esaslanýandyr+.
7 Eger birinji äht kemçiliksiz bolan bolsady, onda ikinjisi gerek bolmazdy+. 8 Sebäbi Hudaý ysraýyl halkyndan kemçilik tapyp, şeýle diýdi: «„Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşjak günlerim geler“. Muny Ýehowa* aýdýar. 9 „Şu äht olaryň ata-babalary bilen baglaşan ähtim ýaly bolmaz. Men ata-babalarynyň elinden tutup, Müsürden çykaran günüm+ äht baglaşypdym. Olar meniň ähtimi bozdular. Şonuň üçin indi olaryň aladasyny etmerin“. Muny Ýehowa* aýdýar.
10 Şol günlerden soň men ysraýyl halky bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn+. Men olaryň Hudaýy, olar hem meniň halkym bolar+.
11 Olaryň hiç biri doganyna we ildeşine: „Ýehowany* tanaň!“ diýip öwretmez. Sebäbi olaryň ählisi, uludan-kiçisine çenli meni tanarlar. 12 Olar erbet işleri eden bolsalar-da, men rehim ederin we olaryň günälerini ýatlamaryn“»+.
13 Hudaý «täze äht» diýmek bilen, öňküsini köne diýip yglan etdi+. Köne äht gitdigiçe könelýändir, wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýändir+.
9 Köne ähte görä mukaddes gulluk we ýer ýüzündäki mukaddes çadyr+ babatda düzgünler bardy. 2 Çadyryň birinji otagyna mukaddes otag+ diýilýärdi. Onda şemdan+, stol we onuň üstünde hödür çörekleri durýardy+. 3 Ikinji tutynyň+ aňyrsynda iň mukaddes otag+ bardy. 4 Ol otagda altyndan tütetgi gap+ we tutuşlygyna altyna gaplanan+ äht sandygy+ bardy. Sandygyň içinde içi mannaly altyn jam+, Harunyň güllän hasasy+ we Hudaýyň kanuny ýazylan äht daşlary+ bardy. 5 Äht sandygynyň üstünde şöhratly keruplar bardy, olaryň kölegesi gapagyň üstüne düşýärdi+. Äht sandygynyň gapagy Hudaý bilen ýaraşdyrmagy aňladýardy. Emma indi bular hakda jikme-jik gürrüň etmek gerek däl.
6 Olaryň ählisi ýerbe-ýer goýlandan soň, ruhanylar mukaddes gullugy berjaý etmek+ üçin her gün birinji otaga girýärdiler. 7 Emma ikinji otaga baş ruhanynyň ýeke özi ýylda bir gezek girýärdi+. Şonda ol gan alyp+, özi+ hem-de halkyň bilmän eden günäleri üçin+ şol otaga girmelidi. 8 Birinji otag entek aýrylmandy+, şonuň üçin mukaddes ruh iň mukaddes otaga barýan ýoluň heniz açylmandygyny görkezýärdi. 9 Çadyr häzirki bolýan zatlaryň nusgasydy+, şonuň üçin onda sadakalar we gurbanlyklar häzire çenli berilýär+. Emma olar mukaddes gullugy berjaý edýän adamyň ynsabyny arassalap, kämillige ýetirip bilmeýärdi+. 10 Ýöne şol sadakalar we gurbanlyklar diňe iýmek, içmek, adamlary hem-de gap-gaçlary tämizlemek* üçin berilýärdi+. Emma şeýle talaplar ýerdäki zatlara* degişlidi+ we bellenen wagt gelýänçä ähli zady taýýarlamak üçin gerekdi.
11 Mesih bolsa berjaý bolan ýagşy zatlaryň baş ruhanysy hökmünde geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, ýagny ýer ýüzünde bolmadyk beýik we has gowy çadyra girdi. 12 Ol iň mukaddes otaga geçileriň we öküzçeleriň gany bilen däl, öz gany bilen girdi+. Şeýdip, bizi bir gezekde hemişelik halas etdi*+. 13 Geçileriň, öküzleriň gany+ we ýakylan sygryň küli haram hasaplanýan adamlara sepilip, Hudaýyň öňünde tämizlenýär+. 14 Emma Mesihiň gany olardan has gymmatlydyr+, sebäbi Mesih ebedilik mukaddes ruh arkaly özüni Hudaýa şikessiz gurban hökmünde berdi. Onuň gany ynsabymyzy günäli işlerden tämizleýär+. Şeýdip, biz Biribara mukaddes gullugy berjaý edip bilýäris+.
15 Şonuň üçin hem Mesih täze ähtiň araçysy boldy+. Ol köne ähtiň golastyndaky adamlar üçin ölüp, günäden azat etmek üçin töleg* töledi+. Şeýlelikde, çagyrylanlar wada edilen ebedi mirasy alyp bilýärler+. 16 Sebäbi Hudaý bilen baglaşylan ähtiň güýje girmegi üçin, äht baglaşan adam ölmelidir. 17 Aslynda, äht ölüm arkaly tassyklanylýandyr, sebäbi ony baglaşan adam dirikä, ähtiň güýji ýokdur. 18 Hatda köne ähtiň güýje girmegi üçin hem gan dökülmelidi. 19 Musa pygamber Töwradyň ähli tabşyryklaryny halka aýdanda, öküzçeleriň we geçileriň ganyny suwa garypdy. Soňra gyrmyzy ýüňi, bir desse issop otuny* gana batyryp, äht kitabyna* we bütin halka sepip: 20 «Şu gan ähti güýje girizýär. Hudaý şol ähti berjaý etmegi tabşyrýar»+ diýdi. 21 Şeýle-de ol gany çadyra we mukaddes gullukda ulanylýan gaplara sepdi+. 22 Hawa, Töwrada görä ähli zat gan arkaly arassalanýandyr+, gan dökülmese, günäler bagyşlanmaýar+.
23 Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň nusgasy+ mallaryň gany bilen arassalanmalydy+. Emma gökdäki zatlar üçin mal gurbanyndan has gowy gurban gerekdi. 24 Şonuň üçin Mesih gökdäki zatlaryň nusgasyna+, ýagny ynsan eli bilen ýasalan iň mukaddes otaga däl-de+, göge girip+, biziň üçin Hudaýyň huzuryna bardy+. 25 Baş ruhany iň mukaddes otaga her ýyl+ öz gany bilen däl-de, mallaryň gany bilen girýär. Emma Mesih öz ganyny Hudaýyň huzuryna gaýta-gaýta eltmeýär. 26 Ýogsam ol dünýä döräli bäri görgi görüp ýörmeli bolardy, ýöne günäleri aýyrmak üçin dünýäniň* ahyrynda gelip, janyny bir gezekde hemişelik gurban berdi+. 27 Adamlaryň bir gezek ölüp, soňra höküm edilişi ýaly, 28 Mesih hem janyny bir gezekde hemişelik gurban berip, köpleriň günälerini öz üstüne aldy+. Emma ol ikinji gezek günäleri aýyrmak üçin däl-de, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýanlary halas etmek üçin geler+.
10 Töwrat gelejekki ýagşy zatlaryň+ özi däl-de kölegesidi+. Her ýyl şol bir gurbanlyklar berilse-de, Töwrat* Hudaýa sežde edýänleri kämillige ýetirip bilmedi+. 2 Gurbanlyklar adamlary kämillige ýetiren bolsady, gurbanlyk bermek gerek bolmazdy. Adamlar hem günäleri üçin özlerini günäkär duýmazdylar. 3 Emma her ýyl berilýän gurbanlyklar olara günälidigini ýatladýardy+. 4 Sebäbi öküzleriň we geçileriň gany bilen günäleri ýuwup bolmaýar.
5 Mesih ýere gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «„Gurbanlyklary, sadakalary islemediň, gaýtam maňa bir beden taýýarladyň. 6 Sen ýakma we günä gurbanlyklaryny halamadyň“+. 7 Soňra men: „Eý Hudaýym, men islegiňi berjaý etmek üçin geldim+. Golýazmada men hakda ýazylandyr“ diýdim». 8 Ol ilki: «Gurbanlyklary, sadakalary, ýakma we günä gurbanlyklary islemediň, halamadyň» diýdi. Şol gurbanlyklar Töwratdaky kanuna görä berilmelidi. 9 Soňra ol: «Ine, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim»+ diýdi. Ol ikinji zady ýola goýmak üçin birinji zatlary aradan aýyrdy. 10 Hudaýyň «islegine»+ görä, Isa Mesih bedenini gurbanlyk hökmünde bir gezekde hödürläp, bizi hemişelik mukaddes etdi+.
11 Ruhanylar her gün mukaddes gullugy berjaý etmek+ we günäni doly aýyrmaýan+ şol bir gurbanlyklary bermek üçin öz orunlarynda durýardy+. 12 Emma Isa günäleri hemişelik aýyrmak üçin bir gezek gurbanlyk berip, Hudaýyň sag tarapynda oturdy+. 13 Soňra ol duşmanlary aýagynyň astyna salynýança garaşdy+. 14 Şeýdip, ol beren gurbanlygy arkaly mukaddes edilenleri hemişelik kämillige ýetirdi+. 15 Mukaddes ruh hem muny tassyklap: 16 «„Şol günlerden soň men olar bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn“+ diýýär». 17 Şeýle-de: «Men olaryň günälerini bagyşlaryn, erbet işlerini ýatlamaryn»+ diýilýär. 18 Hudaý olaryň günälerini bagyşlan bolsa, indi gurbanlyk bermek gerek däl.
19 Doganlar, şonuň üçin hem biz Isanyň gany arkaly iň mukaddes otaga arkaýyn girip bilýäris+. 20 Ol bedenini aňladýan tutudan geçip+, ýaşaýyş berýän täze ýoly açdy. 21 Indi Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän beýik ruhanymyz bar+. 22 Şonuň üçin, geliň, ak ýürekden we berk iman bilen Hudaýa ýakynlaşalyň, sebäbi ýüregimize we hapa ynsabymyza gan sepilip arassalandy+, bedenimiz hem arassa suw bilen ýuwuldy+. 23 Geliň, umydymyz hakda çekinmän gürrüň bereliň+, sebäbi wadany beren ynamdardyr. 24 Geliň, biri-birimize ünsli bolup*, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň+. 25 Käbirleri ýaly ýygnaklardan+ galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp+, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň+.
26 Eger biz hakykat barada dogry bilim alyp-da+, bilgeşleýin günä etsek, onda günälerimiz üçin başga gurbanlyk ýokdur+. 27 Sebäbi Hudaýa garşy çykýanlara gorkunç höküm garaşýandyr, Hudaýyň gahar-gazaby olary ot kimin kül eder+. 28 Musanyň kanunyna gulak asmadyk adama rehim edilmeýärdi we iki ýa-da üç adamyň şaýatlygy bilen öldürilýärdi+. 29 Onda Hudaýyň Ogluna hormat goýmadyk, ony mukaddes eden äht gana+ adaty zat ýaly garap, äsgermezlik eden we Hudaýyň ýagşylyk ruhuna dil ýetiren adama has agyr jeza berilmezmi?+ 30 Sebäbi biz: «Öç meniňkidir, ar alýan mendirin» diýen Hudaýy tanaýarys. Şeýle-de: «Ýehowa* halkyna höküm çykarar»+ diýip ýazylgydyr. 31 Hawa, Biribaryň eline düşmek örän gorkunçdyr!
32 Siz hakykaty bileniňizden soň+, köp görgi görseňiz-de, uly söweşde çydamly bolandygyňyzy unutmaň. 33 Käte sizi köpçüligiň öňünde* masgaralaýardylar we ýowuz daraşýardylar. Käte bolsa şeýle kynçylyklara düşenleriň derdini deň çekişýärdiňiz. 34 Siz türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirýärdiňiz. Siz has gowy we egsilmez mirasyň bardygyny bilip+, emlägiňiz talansa-da, şatlygyňyzy ýitirmediňiz+.
35 Şonuň üçin batyrgaý geplemegi* bes etmäň, sebäbi size uly sylag garaşýar+. 36 Siz Hudaýyň islegini berjaý edip, wada eden zadyny alar ýaly çydamly boluň+. 37 Sebäbi ýene «biraz wagt» bar+, «ol hökman geler, eglenmez»+. 38 «Emma dogruçyl adam iman etse, uzak ýaşar»+. «Eger ol gorkup, yza çekilse, ondan razy bolmaryn»+. 39 Biz bolsa gorkudan ýaňa yza çekilip, ýok ediljek adamlardan+ däl-de, iman arkaly janyny halas etjek adamlardandyrys.
11 Iman umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde boljakdygyna ynanmakdyr+. Görünmeýän zatlary hamala bar ýaly* görüp bilmekdir. 2 Ata-babalarymyzyň şeýle imany bolandygy üçin, Hudaý olardan razydygyny aýdypdy.
3 Biz dünýäniň* Hudaýyň sözi bilen ýaradylandygyna* iman arkaly göz ýetirýäris. Hawa, Hudaý görünmeýän zatlar arkaly görünýän zatlary ýaratdy.
4 Habyl Hudaýa iman edendigi üçin Kabyldan has gowy gurbanlyk berdi+. Ol imany arkaly dogruçyl hasaplandy, Hudaý hem onuň sadakalaryny kabul edip+, muny tassyklady. Habyl aradan çyksa-da, imany arkaly henizem gepleýändir+.
5 Idris pygamber iman edendigi üçin+ adaty ölümi datmady, sebäbi Hudaý ony başga ýere geçirdi+, şonuň üçin onuň jesedi tapylmady. Idris başga ýere geçirilmänkä, Hudaý ondan razydygyny mälim etdi. 6 Hawa, adam iman etmese, Hudaýy razy edip bilmez, sebäbi Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmeli+.
7 Nuh pygamber iman edendigi üçin+ heniz görünmeýän zatlar hakda Hudaýdan duýduryş aldy+ we Ondan gorkup, öý-içerisini halas etmek üçin gämi gurdy+. Nuh imany bilen dünýäni höküm etdi+ we imany arkaly dogruçyl adam hasaplandy.
8 Ybraýym pygamber iman edendigi üçin+ Hudaýyň çakylygyna gulak asyp, miras beriljek ýere gitdi. Ol nirä barýandygyny bilmese-de, dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy+. 9 Ybraýym imany arkaly wada edilen ýat ýurtda gelmişek bolup ýaşady+. Ol Yshak we Ýakup bilen çadyrda ýaşady+, sebäbi olar hem şol wadanyň mirasdüşerleridi+. 10 Ybraýym pygamber hem Hudaýyň gurjak we döretjek berk binýatly şäherine garaşýardy+.
11 Bibisara hem iman edendigi üçin garrylyk çagyna ýetse-de, Hudaýyň güýji bilen göwreli boldy+, sebäbi ol wada beren Hudaýyň wepalydygyny bilýärdi. 12 Şeýdip, çagasy bolmajak ýaly bolup görünýän* adamdan+ çagalar doglup+, gökdäki ýyldyzlar we deňziň ýakasyndaky çägeler deý sansyz-sajaksyz nesil döredi+.
13 Olar wadalaryň berjaý bolşuny görmeseler-de, ölýänçäler imanda berk durdular+. Olar wadalary uzakdan görüp+, sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar, gelmişek we wagtlaýyn ýaşaýjydyklaryny açyk aýdýardylar. 14 Şeýdip, olar ýaşajak ýurduna ýetmäge jan edýärdiler. 15 Eger olar çykyp gaýdan ýurdy barada pikir edip ýören bolsadylar+, onda yzlaryna dolanmaga bahana* tapardylar. 16 Emma olar has gowy ýere, ýagny göge degişli zady almaga garaşýardylar. Hudaý olar üçin bir şäher taýýarlapdy+, şol sebäpli-de olaryň Hudaýy diýilmäge utanmady+.
17 Hudaý synanda+, Ybraýym hem iman edendigi üçin ýekeje ogluny, Yshagy gurban berjek boldy+, sebäbi berlen wadalary ýürekden kabul edipdi. Aslynda, ol ogluny gurban berdi diýse-de bolar. 18 Hudaý oňa: «Saňa wada beren neslim* Yshakdan dörär»+ diýse-de, ol ogluny gurban berjek boldy. 19 Sebäbi Ybraýym pygamber ogly ölse-de, Hudaýyň direltjekdigine ynanýardy. Hudaý hem ogluny yzyna gaýdyp berdi. Şu waka gelejekde boljak zadyň nusgasydy+.
20 Yshak hem iman edendigi üçin Ýakup+ bilen Ysawa+ geljekki zatlar babatda ak pata berdi.
21 Ýakup iman edendigi üçin ölüm ýassygynda ýatyrka+, Ýusubyň ogullaryna ak pata berdi+ we hasasyna söýenip, Hudaýa sežde etdi+.
22 Ýusup iman edendigi üçin ölüm ýassygynda ýatyrka, ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjakdygyny aýdyp, süňklerini hem alyp gitmegi tabşyrdy+.
23 Ene-atasy iman edendigi üçin, Musany üç aýlap gizläp sakladylar+, sebäbi olar çagasynyň enaýyjadygyny*+ görüp, patyşanyň buýrugyndan gorkmadylar+. 24 Musa iman edendigi üçin ulalanda+, faraonyň agtygy*+ hökmünde tanalmak islemedi. 25 Ol günäniň wagtlaýyn lezzetini alanyndan Hudaýyň halky bilen görgi görenini gowy gördi. 26 Musa Hudaýyň Belläni* hökmünde horluk çekmegi Müsüriň bütin baýlygyndan-da gymmat saýdy. Sebäbi ol aljak sylagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. 27 Ol patyşadan gorkýandygy üçin däl-de+, Hudaýa iman edendigi üçin Müsürden çykyp gaýtdy+, sebäbi ol göze görünmeýän Hudaýy görýän ýaly, imany berkdi+. 28 Ol iman edendigi üçin Pasha baýramyny belledi we perişde ysraýyllaryň nowbaharlaryny öldürmez ýaly, gapylaryň söýelerine gan çaldy+.
29 Ysraýyllar iman edendigi üçin, hamala gury ýerden ýörän ýaly, Gyzyl deňziniň içinden ýöräp geçdiler+. Müsürliler bolsa deňizden geçjek bolanlarynda gark boldular+.
30 Hudaýyň halky iman edendigi üçin Ýerihonyň daşyndan ýedi günläp aýlandy. Şonda şäheriň diwarlary ýumruldy+. 31 Ahlaksyz aýal Rahaw iman edendigi üçin gulak asmadyk adamlar bilen heläk bolmady, sebäbi ol içalylary gowy garşylapdy+.
32 Indi kimler hakda gürrüň bereýin? Gedeýon+, Barak+, Şimşon+, Ýeftah+, Dawut+, Şamuwel+ we başga pygamberler barada gürrüň bermäge wagtym bolmasa gerek. 33 Olar imany bilen patyşalary ýeňdiler+, dogruçyldygyny subut etdiler, Hudaýyň wadalaryna eýe boldular+, ýolbarslaryň agzyny bagladylar+, 34 ody söndürdiler+, gylyçdan gutuldylar+, ejizleri güýçli boldy+, batyrgaý söweşdiler+, duşman goşunyny derbi-dagyn etdiler+. 35 Aýallaryň çagalary direldi+, başga adamlar bolsa has gowy direlişi almak üçin azat bolmakdan ýüz öwrüp, horluk çekmegi makul gördüler. 36 Hawa, käbirleriniň üstünden güldüler, käbirlerini bolsa gamçyladylar, hatda zynjyrlara baglap+, türmä bassalar-da+ çydadylar. 37 Olary daşladylar+, gynadylar, byçgy bilen ikä böldüler, gylyçdan geçirdiler+. Kynçylyklarda+, mätäçlik çekenlerinde, ýowuz daraşanlarynda+, goýunlaryň ýa-da geçileriň derisini geýip gezýärdiler+. 38 Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda+ we çukurlarda sergezdan bolup gezýärdiler. Dünýä şeýle adamlara mynasyp däldi.
39 Olar iman edip, Hudaýy razy etseler-de*, wadalara gowuşmadylar. 40 Olar bizden öň* kämillige ýetmesin diýip, Hudaý biziň üçin has gowy zatlary taýýarlap goýdy+.
12 Bizi uly bulut kimin gurşap alýan şeýle şaýatlar köpdür. Şonuň üçin egnimizdäki her bir ýüki we aňsatlyk bilen çolaşdyrýan günäni taşlap+, öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň+. 2 Geliň, imanymyzyň Baş Ýolbaşçysy we Kämilleşdirijisi Isadan gözümizi aýyrmalyň+, sebäbi ol öňünde goýlan şatlyk üçin masgaraçylyga çydap, jebir pürsündäki* ölüme döz geldi. Soňra ol Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy+. 3 Geliň, ýadap ruhdan düşmez ýaly+, öz-özüne garşy gidýän günäkärleriň erbet sözlerine çydan adam+ hakda oýlanalyň.
4 Siz günä garşy söweşde heniz gan döküp göreşmediňiz. 5 Siz Hudaýyň ogullary kimin berlen şu öwüt-ündewi bütinleý unutdyňyz: «Oglum, Ýehowanyň* terbiýesinden boýun gaçyrma, ol seni düzedende ruhdan düşme. 6 Sebäbi Ýehowa* söýýänini terbiýeleýär, ogly hökmünde kabul edýänine temmi-de berýär*»+.
7 Görýän görgüleriňize terbiýe hökmünde garap, çydamly boluň. Hudaý sizi öz ogullary hasaplaýar+. Eýsem ogluna terbiýe bermeýän ata barmy?+ 8 Eger Hudaý size terbiýe bermeýän bolsa, onda siz hakyky ogullar däl-de, nikasyz doglan çagalarsyňyz. 9 Onsoňam, ýerdäki atamyz näçe terbiýe berse-de, oňa hormat goýýardyk. Onda gökdäki* Atamyza gulak asyp, has-da köp hormat goýmaly dälmi näme?+ 10 Biraz wagtlyk bolsa-da, ýerdäki atamyz dogry hasaplaýan zatlaryna görä terbiýe beripdi. Emma Hudaý bize has-da peýdaly terbiýe berip, özi ýaly mukaddes etmek isleýär+. 11 Dogrudan-da, temmi berlende adam başda begenmän, gynanýandyr, ýöne terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýar*.
12 Şonuň üçin ysgyndan gaçan ellere we dyzlara güýç-kuwwat beriň+. 13 Agsaýan aýagyňyz birden çykaýmasyn, gaýtam sagalsyn. Şonuň üçin hemişe dogry ýoldan ýöräň+. 14 Ähli adamlar bilen parahat ýaşamaga+ we mukaddes bolmaga jan ediň+. Sebäbi mukaddes bolmadyk adam Halypamyzy* görüp bilmez. 15 Hudaýyň ýagşylygyndan mahrum bolmaz ýaly seresap boluň. Araňyzdan zäherli kök ýaly adamlar çykyp, kynçylyk döredäýmesin we köpiňizi zäherläýmesin*+. 16 Araňyzda ahlaksyzlyk* edýän we nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, bir tabak nahara çalşan Ysaw ýaly mukaddes zatlaryň gadyryny bilmeýän adam bolmasyn+. 17 Bilşiňiz ýaly, Ysaw miras berilýän ak patany soň almak islese-de, oňa berilmedi. Ol kakasynyň gelen kararyny üýtgetjek bolup, köp gözýaş dökse-de+, maksadyna ýetmedi.
18 Siz görnüp duran daga+, alawlap ýanýan daga+, gara buluda, tüm-garaňkylyga we apy-tupana+ golaýlaşan dälsiňiz. 19 Surnaýyň+ we gepleýäniň sesini+ eşiden dälsiňiz. Adamlar onuň sesini eşidenlerinde, indi geplemesin diýip ýalbarypdylar+. 20 Sebäbi olar: «Daga aýak basan haýwany-da daşlap öldürmelidir»+ diýen tabşyrykdan juda gorkdular. 21 Musa hem gören zatlaryndan gorkup: «Men gorkudan ýaňa titreýärin»+ diýipdi. 22 Emma siz Sion dagyna+, Biribaryň şäheri gökdäki Iýerusalime+ we on müňlerçe perişdeleriň ýygnanan ýerine ýakynlaşdyňyz. 23 Şeýle-de gökde atlary ýazylan+, ýagny ilkinji doglanlaryň ýygnagyna, hemmeleriň Kazysy bolan Hudaýa+, mukaddes ruhdan doglup+, kämillige ýeten dogruçyllaryň ýaşaýan ýerine+, 24 täze ähtiň+ araçysy Isa+ we üstümize sepilen gana golaýlaşdyňyz. Şol gan Habylyň dökülen ganyndan has gowudyr*+.
25 Gepleýäne gulak asmakdan boýun gaçyrmaň! Ýer ýüzünde Hudaýyň beren duýduryşyny diňlemediklere jeza berlen bolsa, ol gökden geplände diňlemesek, jezadan asla gaçyp bilmeris+. 26 Şol wagt Hudaýyň sesi ýer ýüzüni sarsdyrypdy+, emma häzir ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi hem sarsdyraryn»+ diýip wada berdi. 27 «Ýene bir gezek» diýen jümle sarsan zatlaryň ýok ediljekdigini görkezýär, sebäbi Hudaý olary ýaratmandy. Emma sarsmadyk zatlar ýok edilmez. 28 Biz sarsmajak Patyşalyga eýe bolarys, şonuň üçin mundan beýläk hem Hudaýyň ýagşylygyny datjak bolalyň. Biz onuň ýagşylygy arkaly gorky we titreme bilen Hudaýa ýaraýan mukaddes gullugy berjaý ederis. 29 Sebäbi biziň Hudaýymyz ýakyp ýandyrýan otdur+.
13 Mundan beýläk-de araňyzda doganlyk söýgüsi bolsun+. 2 Myhmansöýer bolmagy* unutmaň+, sebäbi käbirleri özleri-de bilmän perişdeleri myhman aldylar+. 3 Tussagdakylary unutmaň+, olary edil özüňiz tussaglykda oturan ýaly ýatlaň+. Görgi görýänler bilen bile görgi görýän ýaly boluň. 4 Goý, hemmeler maşgala ojagyna* hormat goýsun, är-aýal bir-birine ikilik etmesin*+, sebäbi Hudaý ahlaksyzlyk* we zyna edýänleri höküm eder+. 5 Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň+, bar zadyňyza kaýyl boluň+, sebäbi Hudaý: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn»+ diýendir. 6 Şonuň üçin biz ynam bilen: «Ýehowa* meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?»+ diýýäris.
7 Hudaýyň sözüni öwredip, araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň+. Olaryň ýaşaýşy hakda oýlanyp, imanyndan görelde alyň+.
8 Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem şoldur, üýtgeýän däldir.
9 Her hili üýtgeşik taglymatlaryň täsirine düşüp, ýoldan azaşmaň. Ýüregiňizi iýip-içmek* bilen däl-de, Hudaýyň ýagşylygy bilen berkidiň, sebäbi iýip-içmegi wajyp hasaplaýanlar peýda görýän däldir+.
10 Biziň gurbanlyk ojagymyz* bar, ýöne çadyrda mukaddes gullugy berjaý edýänleriň ondaky zatlardan iýmäge haky ýok+. 11 Baş ruhany günäler üçin berlen malyň ganyny alyp, iň mukaddes otaga girýärdi. Soňra gurbanlyk getirilen mal düşelgäniň daşynda ýakylýardy+. 12 Isa hem gany bilen adamlary mukaddes etmek üçin+ şäheriň daşynda görgi görüpdi+. 13 Geliň, biz hem düşelgeden çykyp, Isanyň yzyna düşeliň we onuňky ýaly masgaraçylyga döz geleliň+. 14 Sebäbi ýer ýüzünde biziň hemişelik şäherimiz ýokdur. Şonuň üçin geljekki şähere ýürekden garaşalyň+. 15 Geliň, Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň+, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen+ wagyz edeliň+. 16 Galyberse-de, ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň+, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr+.
17 Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň+ we tabyn boluň+. Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler+. Olara borjuny ahy-nala bilen däl-de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter.
18 Biziň üçin elmydama doga ediň, sebäbi biz ynsabymyzy arassa saklamak üçin ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris+. 19 Esasan-da, ýanyňyza tizräk barmagym üçin doga ediň.
20 Goý, gany arkaly ebedilik ähti tassyklan we goýunlaryň beýik çopany+ Halypamyz Isany ölümden direlden parahatlyk Hudaýy 21 islegini berjaý etmegiňiz üçin ähli gerek zatlaryňyzy bersin. Ol sizi Isa Mesih arkaly özüne ýaraýan zatlary etmäge höweslendirýär. Goý, Hudaýa baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn!
22 Doganlar, indi bolsa sabyrly bolup, gysgajyk hatymda ýazan öwüt-nesihatyma* gulak asyň. 23 Men Timoteos doganyň azat bolandygyny habar berýärin. Eger ol tizden ýanyma gelse, sizi görmäge bararys.
24 Size ýolbaşçylyk edýänlere we mukaddeslere salam aýdyň. Italiýadaky+ doganlar hem size salam aýdýarlar.
25 Goý, Hudaý ähliňize ýagşylyk etsin!
Ýa-da: döwürleri. Sözlüge serediň.
Ýa-da: Ilkinji ogluny.
Sözme-söz: Hudaý seniň baky hem ebedilik tagtyňdyr.
Grekçe «Kirios». Şu titul Isa-da degişli.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gan we beden.
Ýa-da: zatlara şaýatlyk etdi.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Sözme-söz: sabat güni.
Sözme-söz: ruhuny. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: janyny. Sözlüge serediň.
Ýa-da: paş edýär; höküm edýär.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Ýa-da: kämillige ýetip.
Sözme-söz: dogruçyllyk sözüne.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: güýçlerini.
Sözme-söz: araçy bolmak.
Sözme-söz: gaçybatalgasynda.
Ýa-da: maşgalabaşymyz.
Sözme-söz: bilinden önen.
Sözme-söz: bilindedi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýok edip bolmaýan.
Ýa-da: ökünmez.
Sözme-söz: her dürli suwa çümdürilmeler.
Sözme-söz: bedene.
Sözme-söz: töleg töledi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: golýazmasyna.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Başga manysy: adamlar.
Ýa-da: birek-biregiň aladasyny edip.
Sözme-söz: sahna çykaryp.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ynandyryjy deliller bilen.
Ýa-da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýerbe-ýer goýlandygyna.
Ýagny öli ýaly.
Ýa-da: mümkinçilik.
Sözme-söz: tohumym.
Ýa-da: owadandygyny.
Ýa-da: gyzynyň ogly.
Sözme-söz: Mesihi.
Sözme-söz: Olaryň imany hakda şaýatlyk edilse-de.
Sözme-söz: bizsiz.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gamçylaýar.
Ýa-da: ruhy ýaşaýşy berýän.
Ýa-da: dogruçyllygyň parahatlyk miwesini getirýär.
Grekçe «Kirios». Şu titul Hudaýa-da degişli.
Ýa-da: hapalaýmasyn.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gowy gepleýändir.
Sözme-söz: Nätanyş adamy söýmegi.
Ýa-da: nika.
Ýa-da: düşek günä bilen hapalanmasyn.
Sözlüge serediň.
Iýmit bilen bagly düzgünler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ruhlandyryjy sözüme.