Labyryň apy-tupanda gämini berk saklaýşy ýaly, wepalylyk hem kyn günlerde maşgalany berk saklaýar
ÄR-AÝALLARA
1. Wepalylyk
NÄME?
Wepaly är-aýal nikasyny ömürlik hasaplaýar, bir-birine hiç haçan müňkürlik etmeýär. Olar hatda kyn günde-de biri-birini taşlamajakdygyna ynanyp ýaşaýar.
Käbir är-aýallar il-günüň, dogan-garyndaşlarynyň gepinden çekinip aýrylyşmaýar. Ýöne wepaly bolmak ýanýoldaşyň bilen bialaç ýaşamagy aňlatmaýar. Är-aýal bir-birini ýürekden söýmeli we hormat goýmaly.
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Äri hem aýalyny taşlamasyn» (1 Korinfliler 7:11).
«Ýanýoldaşyňy söýseň, düşünişmezlik bolanda gaharlanyp oturmaýaň. Bagyşlamagy we ötünç soramagy kiçilik bilmeýäň. Kynçylyk ýüze çyksa derrew aýrylyşjak bolmaýaň» (Maksat)a.
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Är-aýal wepaly bolmasa, maşgalada düşünişmezlik dörände: «Şuňa sataşmadyk bolsam, gowy bolardy. Onuň bilen ýaşar ýaly däl-ä!» diýip, aýrylyşmaga bahana gözläp başlaýar.
«Häzir köpler: „Aý, oňuşmasak, aýrylyşaýarys“ diýen pikir bilen durmuş gurýarlar. Şeýle niýet bilen durmuş gurýanlar hiç haçan ýanýoldaşyna wepaly bolup bilmezler» (Jahan).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
ÖZÜŇIZI BARLAŇ
Dawa-jenjel bolanda...
şu adam bilen toý edenime ökünýänmi?
başga biri bilen toý eden bolsam has gowy bolardy diýýänmi?
ol hijem gadyrymy bilmeýär, aýrylyşyp dynaýyn-la diýýänmi?
Eger sizde-de şeýle pikirler döreýän bolsa, heniz giç bolmanka wepaly är ýa-da aýal bolmaga jan ediň.
GEPLEŞIŇ
Biri-birimizden näme üçin sowaşýarys?
Bir-birimizi öňkimiz ýaly söýüp, wepaly bolmak üçin näme edeli?
MASLAHAT
Söýgi hatjagazyny ýazyň
Iş ýeriňizde, telefonyňyzda ýanýoldaşyňyzyň suratyny goýuň
Her gün jaň ediň ýa-da SMS ýazyň
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:6).
[Çykgyt]
a Käbir atlar üýtgedildi.