Giriş
Her bir adam keselleýär, heläkçilikden, tebigy betbagtçylykdan we zorluk-sütemden ejir çekýär.
Adamlar horluklaryň näme üçin bolýandygyny bilesi gelýär.
Käbirleri ýazgyda ynanýar. Olar: «Etjek alajyň ýok, Allatagalanyň ýazanyna kaýyl bolmaly» diýýärler.
Käbirleri bolsa ölen adamyň täzeden dünýä inýändigine ynanýar. Olar öňki durmuşynda eden etmişi ýa-da häzir goýberýän ýalňyşy üçin ejir çekýäris öýdýärler.
Kynçylyklardan kösenýän adamlarda köp soraglar döreýär.