Wagyz üçin teklip
◼ «Siziň pikiriňizçe, Hudaý biziň dogalarymyza nähili garaýar? Olary gymmat saýýarmy ýa-da biperwaý garaýar?» (Jogap bersin). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 17-nji babyndaky birinji sözbaşyny görkeziň we soňra 3-nji abzasa esaslanyp pikir alşyň. Indiki sözbaşy barada pikir alyşmak üçin ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Siziň pikiriňizçe, bütin ýer ýüzünde bolýan erbetliklere Gudratygüýçli Hudaý günäkärmi? (Jogap berenden soňra, Ýakup 1:13-i okaň). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynda erbetligiň näme üçin bolýandygy we Hudaýyň erbetligiň hem-de horlugyň soňuna çykjakdygy düşündirilýär». Soňra bu kitabyň 11-nji babynyň 6—8-nji abzaslaryna esaslanyp, erbetlikleriň bolmagynyň üç sebäbi hakda pikir alşyň.
◼ «Her bir adam diýen ýaly iru-giç tebigy betbagtçylykdan, agyr keselden ýa-da dogan-garyndaşynyň ölüminden ejir çekýär. Siziň pikiriňizçe, şeýle ýagdaýa düşenimizde dogry garaýyşda bolmak wajypmy? (Jogap bersin). Adamlaryň köpüsi şeýle betbagtçylyklara döz geler ýaly, Mukaddes Ýazgylardan peýdaly maslahatlar tapdylar (Rimliler 15:4-i okaň). Şu kitapda betbagtçylyga uçranymyzda, Mukaddes Ýazgylaryň nädip kömek edýändigi düşündirilýär». Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 7-nji babynyň 13—15-nji abzaslaryna esaslanyp pikir alşyň.