Hödürleriň nusgasy
Iýul aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
Soňky ýyllar adamlar perişdeler hakda has köp gyzyklanýar. Siziň pikiriňizçe, perişdeler barmyka? (Jogap bersin). Şu žurnalda näme diýilýändigine üns beriň». Söhbetdeşiňiz bilen «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji iýul aýynda çykan sanynyň 16-njy sahypasyndaky birinji sözbaşa esaslanan maglumata seredip, azyndan bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Garawul diňi», 1-nji iýul
Zebur 65:2-ni oka. Soňra şeýle diýip bilersiň: «Köp adamlar Hudaýyň «dogalary eşidýändigini» bilip, oňa her gün doga edýärler. Emma başga adamlar haýran galyp: «Hudaý bar bolsa, dünýäde näme üçin kynçylyklar kän?» diýýärler. Siziň pikiriňizçe, Hudaý biziň dogalarymyzy eşidýärmikä? (Jogap bersin). Şu žurnalda «dogalary eşidýän» Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigi düşündirilýär».
«Oýanyň!», iýul
«Eger siz dünýäde bir zady üýtgedip bilsediňiz, onda nämäni üýtgederdiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň näme üçin özgerişlik edip bilmeýändigi görkezilýär (Süleýmanyň tymsallary 20:24-nji aýady oka). Şu žurnalda Hudaýyň näme özgerişlik etjekdigi düşündirilýär».