Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 2-nji böl. sah. 3—4
  • Horluksyz ýer ýüzi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Horluksyz ýer ýüzi
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Tizden hiç kim horluk çekmez!
    Tizden hiç kim horluk çekmez!
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Başgalary
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 2-nji böl. sah. 3—4

2-nji bölüm

Horluksyz ýer ýüzi

1, 2. Köp adamlaryň ýene-de nähili garaýşy bar?

EMMA bütin dünýäde millionlarça adam muňa düýbünden başgaça garaýar. Olar adamzada ajaýyp gelejegiň garaşýandygyny bilýärler. Olar ähli erbetligiň tizden ýok edilip, düýpgöter täze dünýäniň guruljagyna hem-de ýer ýüzünde erbetliksiz we horluksyz ýaşaýşyň boljagyna ynanýarlar. Şol täze dünýäniň düýbi häzirden tutulýar.

2 Bu adamlar täze dünýäde urşuň, erbetligiň, jenaýatçylygyň, adalatsyzlygyň we garyplygyň bolmajakdygyna ynanýarlar. Şol täze dünýäde keselçilik, gaýgy-gam, gözýaşlar, hatda ölüm-ýitim hem bolmaz. Şonda adamlar kämillige ýetip, ýer ýüzünde boljak jennetde bagtly hem ebedi ýaşarlar. Hatda ölüler hem direlip, ebedi ýaşarlar!

3, 4. Bu adamlar näme üçin şeýle garaýşa ynanýarlar?

3 Eýsem, şeýle garaýyş ýöne bir isleg-arzuwmyka? Ýok, bu ýöne bir isleg-arzuw däl. Sebäbi olar jennetiň hökman boljakdygyna ynanýarlar (Ýewreýler 11:1). Olar näme üçin muňa ynanýarka? Sebäbi muny älemiň her zada güýji ýetýän Ýaradyjysy wada berdi.

4 Hudaýyň wadalary barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Reb Hudaýyň siz barada aýdan ýagşy sözleriniň biri-de ýerine ýetmän galmady... siziň üçin ählisi ýerine ýetdi, ýekeje sözi-de ýerine ýetmän galmady». «Ýalan sözlär ýaly Hudaý adam däl... Ol diýip-de, etmezmi? Aýdyp-da, ýerine ýetirmezmi?» «Goşunlar Rebbi ant içip diýýär: Meniň niýet edişim ýaly-da bolar, Meniň kesgitleýşim ýaly-da ýerine ýeter» (Ýeşuw 23:14; Sanlar 23:19; Işaýa 14:24).

5. Nähili soraglara jogap tapmaly?

5 Eger-de Hudaý ýer ýüzüni jennete öwürmekçi bolsa, onda erbetligiň bolmagyna näme üçin köp wagtlap ýol berdikä? Ähli erbetligi aýyrjak bolsa, onda näme üçin Hudaý şu wagta çenli alty müň ýyllap garaşdyka? Adamlaryň ýüzlerçe ýyllap çekýän horlugy Hudaýyň biz barada alada etmeýändigini ýa-da onuň asla ýokdugyny aňladýarmy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş