Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • T-27 sah. 1—6
  • Tizden hiç kim horluk çekmez!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Tizden hiç kim horluk çekmez!
  • Tizden hiç kim horluk çekmez!
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Adamlar näme üçin horluk çekýärkä?
  • Jedelli mesele
  • Tizden horluklar gaýdyp bolmaz!
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Pitne nämä eltdi?
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Her kes jedelli meselä gatnaşýar
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berdi?
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
Başgalary
Tizden hiç kim horluk çekmez!
T-27 sah. 1—6

Tizden hiç kim horluk çekmez!

«Adamlar näme üçin horluk çekýärkä?» diýen sowal her bir adamda dörän bolsa gerek. Asyrlar boýy adamlar uruşdan, garyplykdan, tebigy betbagtçylykdan, jenaýatçylykdan, adalatsyzlykdan, keselçilikden we ölümden horluk çekýär. Soňky asyrda adamlar has-da köp horluk çekdiler. Eýsem, hemişe şeýle bolarmyka?

Ýok, hemişe beýle bolmaz. Tizden hiç kim horluk çekmez! Hudaýyň Sözi bize şeýle göwünlik berýär: «Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar... Mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder». Olar näçe wagt şeýle oňat ýaşarka? «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» (Zebur 37:10, 11, 29).

Hudaý erbetligi we horlugy aradan aýranda, ýer ýüzi Jennet bolar. Adamlaryň saglygy kämil bolup, bagtly hem ebedi ýaşarlar. Injilde şeýle diýilýär: «Ol [Hudaý] olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4).

Geljekki täze dünýäde hatda ölüler hem direlip, bagtly ýaşarlar: «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Resullaryň işleri 24:15). Şonuň üçin toba gelen bir jenaýatçy Isa pygambere iman edende, ol oňa: «Sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýip, wada berdi (Luka 23:43, TD).

Adamlar näme üçin horluk çekýärkä?

Hudaý adamlary şeýle bagtly ýaşaýyş üçin ýaradan bolsa, onda näme üçin olar horluk çekýärkä? Ol näme üçin şu wagta çenli bizi betbagtçylykdan gutarmak üçin hiç zat etmedikä?

Hudaý Adam ata bilen How enäni hemme taraplaýyn kämil edip ýaratdy. Hudaý olary Jennet bagynda ýerleşdirip, gyzykly iş berdi. Töwratda şeýle diýilýär: «Hudaý Özüniň ýasan hemme zatlaryny gördi; we ine, gaty oňatdy» (Barlyk 1:31). Adamlar Hudaýa gulak asan bolsadylar, onda olaryň çagalary kämil doglardy. Bütin ýer ýüzi Jennet bolardy, adamlar parahatlykda bagtly hem ebedi ýaşardylar.

Hudaý Adam ata bilen How enä erkinlik berdi. Olar erkin oýlanyp bilmeýän robotlar ýaly ýaradylmandy. Ýöne mundan beýläk hem bagtly bolmak üçin, olar erkinligini dogry ulanyp, Hudaýyň kanunlary boýunça ýaşamalydy. Hudaý şeýle diýýär: «Men saňa peýdaly zatlary öwredýän, ýöremeli ýoluňy görkezýän Reb Hudaýdyryn» (Işaýa 48:17). Erkinligini ýalňyş ulansalar, olar heläkçilige uçrardylar. Sebäbi adamlar Hudaýdan garaşsyz bagtly bolup bilmeýär. Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däl» (Ýeremiýa 10:23).

Gynansak-da, Adam ata bilen How ene Hudaýdan garaşsyz ýaşap, bagtly bolarys öýtdüler. Ýöne Hudaýdan ýüz öwrenlerinde, kämilligi ýitirdiler. Olar kem-kemden garrap başladylar, wagtyň geçmegi bilen bolsa, öldüler. Biz olardan kämilsizligi we ölümi miras aldyk (Rimliler 5:12).

Jedelli mesele

Hudaý Adam ata bilen How enäni ýok edip, hemme zady täzeden başlamak üçin başga adamlary ýaratsa, oňat bolmazmydy? Sebäbi Hudaýyň hökümdarlygy, ýagny höküm sürmäge haky barada jedel turdy. Ine, şeýle mesele orta atyldy: kimiň höküm sürmäge haky bar? Kim oňat hökümdarlyk edip bilýär? Başgaça aýdaňda, adamlar Hudaýdan garaşsyz has oňat ýaşap bilerlermi? Şu sowallara birkemsiz jogap bermek üçin, Hudaý adamlara ýeterlik wagt berdi. Şol wagtyň içinde adamlar her hili syýasaty, ykdysadyýeti we dini ulanyp gördüler.

Netijesi näme boldy? Taryha göz aýlasaň, adamlar gitdigiçe köp horluk çekýär. Adamlaryň soňky asyrda çeken horluklary öňki asyrlarda çeken horluklaryndan has-da köp. Uruşlarda 100 milliondan gowrak adam wepat boldy. Jenaýatçylyk we zorluk giňden ýaýrady. Barha köp adam narkomaniýanyň gulçulygyna düşýär. Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller gitdigiçe köpelýär. Her ýyl onlarça million adam açlykdan we keselçilikden aradan çykýar. Maşgalalar dagaýar, ahlak pese düşýär. Hiç bir hökümet şu kynçylyklary çözüp bilmedi. Keselçiligi, garrylygy we ölümi hiç kim ýeňip bilmedi.

Injilde dünýäniň häzirki ýagdaýy öňünden aýdylypdy. Onda biziň döwrümize «kyn pursatly» «soňky günler» diýilýär. Şu günler gözümiziň alynda şu pygamberlik ýerine ýetýär: «Erbet, kezzap adamlar aldap hem aldanyp, erbetlikde ýene ilerlär» (2 Timoteos 3:1—5, 13).

Tizden horluklar gaýdyp bolmaz!

Adamlaryň Hudaýdan garaşsyz ýaşap, bagta ýetmek üçin eden synanyşyklary diňe heläkçilige eltdi. Bu bolsa adamlara berlen şol wagtyň gutaryp gelýändigini görkezýär. Taryh şuny subut etdi: Adamlar Hudaýdan garaşsyz höküm sürseler, gowulygyň üstünden barmaz. Parahatlygy, bagty, kämilligi we ebedi ýaşaýşy diňe Hudaýyň hökümdarlygy berip biler. Hawa, Ýehowa erbetligiň we horlugyň soňuna çykmakçy. Tizden Hudaý adamlaryň işlerine goşulyp, azgyn dünýäni ýok eder.

Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikde şeýle diýilýär: «Şol patyşalyklaryň [häzirki ynsan hökümetleriniň] günlerinde gökdäki Hudaý [gökde] bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz... Ol patyşalyklaryň [häzirki hökümetleriň] ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Daniýel 2:44). Hudaýyň gökdäki Patyşalygy Ýehowanyň Älemiň eýesi bolmaga haklydygyny subut eder. Bu Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymaty. Isa pygamber «soňky günler» barada şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14).

Häzirki zalym dünýä ýok edilende, kim diri galar? Mukaddes Ýazgylar şeýle jogap berýär: «Ýurtda gönüler ýaşar, onda kämiller galar. Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular» (Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22). Dogrular — Hudaýyň islegini öwrenip, ýerine ýetirýän adamlar. Isa pygamber şeýle diýýär: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Hawa, «dünýä... geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş