Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 7 sah. 62—69
  • Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAMZADY HALAS ETMEK ÜÇIN SAÝLANAN
  • MESIH NÄME ÜÇIN ÖLMELIDI?
  • TÖLEGIŇ TÖLENIŞI
  • MESIHIŇ TÖLEGI WE SEN
  • Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Töleg gurbanyna minnetdar boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Isa pygamber kim?
    Hudaýyň hoş habary
  • Töleg gurbany bizi nädip halas edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 7 sah. 62—69

7-nji bap

Hudaý adamzady halas etmek üçin näme etdi?

1, 2. a) Rim ýüzbaşysy kimiň Hudaýyň Ogludygyna nädip düşündi? b) Ýehowa Isanyň ölümine näme üçin ýol berdi?

TAKMYNAN 2000 ýyl mundan ozal, bahar pasly, öýle çagynda rim ýüzbaşysy üç adamyň jebir çekip kem-kemden ölüşini synlaýardy. Ol ünsüni olaryň birine — Isa Mesihe dikipdi. Isa bir pürse çüýlengidi. Onuň ölümi ýakynlapdy, öýlänki asman bolsa barha garaňkyraýardy. Ol ölende ýer güýçli sarsdy we ýüzbaşy gaty ses bilen: «Bu Adam, dogrudan hem, Hudaýyň Ogly eken» diýdi (Markus 15:39).

2 Hudaýyň Ogly! Ýüzbaşy mamlady. Ol, edil ýaňyja, ýer ýüzünde bolan iň wajyp wakanyň şaýady boldy. Mundan öň, Hudaýyň özi Isany «Meniň söýgüli Oglum» diýip atlandyrypdy (Matta 3:17; 17:5). Ýehowa öz Oglunyň ölmegine näme üçin ýol berdikä? Hudaý şeýdip adamzady günäden we ölümden halas etmekçidi.

ADAMZADY HALAS ETMEK ÜÇIN SAÝLANAN

3. Adamzady halas etmäge Hudaýyň ýalňyz Oglunyň saýlanmagy näme üçin ýerlikli?

3 Bu kitapdan bilşimiz ýaly, Isa ynsan bolmazyndan ozal hem bardy. Ony Ýehowanyň hut özi ýaradandygy sebäpli ol Hudaýyň «ýekeje Ogly» diýip atlandyryldy. Soňra, galan zatlary ýaradanda, Hudaý Isany ulandy (Ýahýa 3:18; Koloseliler 1:16). Isa adamzada aýratyn söýgi bilen garaýardy (Süleýmanyň tymsallary 8:30, 31). Adamzat ölüme höküm edilende, halas etmek üçin Ýehowanyň öz ýalňyz Ogluny saýlamagy bizi geň galdyrmaly däl!

4, 5. Isa ýer ýüzüne gelmezinden öň, Mukaddes Ýazgylarda Mesihi Nesil barada näme aýdyldy?

4 Hudaý, Aden bagynda Adam-ata, How-enä we Şeýtana höküm çykaranda, geljekki Dyndaryjyny «nesil» diýip atlandyrdy. Bu Nesil geljekde «köne ýylan» Şeýtan Iblisiň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmalydy. Has bellemelisi hem, wada edilen Nesil Şeýtany we onuň yzyna eýerýänleri ýok eder (Barlyk 3:15; 1 Ýahýa 3:8; Ylham 12:9).

5 Hudaý, ençeme asyrlaryň dowamynda, Mesih diýip hem atlandyrylan bu Nesil barada barha köp maglumatlar açýardy. Bu kitabyň 37-nji sahypasyndaky tablisanyň görkezişi ýaly, köp pygamberlikler, Mesihiň ýerdäki ömrüniň dürli taraplaryny jikme-jik habar berýärdi. Meselem, Hudaýyň niýetlerinde oňa goýlan wezipäni ýerine ýetirmek üçin, ol, özüne garşy ediljek zulumy çekmelidi (Işaýa 53:3—5).

MESIH NÄME ÜÇIN ÖLMELIDI?

6. Daniýel 9:24—26 görä, Mesih nämeler etmelidi we nädip etmelidi?

6 Daniýel 9:24—26-da ýazylan pygamberlige görä, Mesih, ýagny Hudaýyň Belläni beýik maksady ýerine ýetirmelidi. Ol, ýer ýüzüne, «jenaýatyň soňuna çykmak, günäni bes etmek, we ýazygy ýuwmak, we dogrulygy ebedilik girizmek... üçin» gelmelidi (TD). Mesih wepaly adamlaryň boýnundan ölüm hökümini aýyrmalydy. Emma ol muny nädip etmekçidi? Ol «ölüme beriler» diýlip, pygamberlikde düşündirilýär.

7. Ysraýyllylar näme üçin mal gurbanlaryny berýärdiler we şol gurbanlar nämäni alamatlandyrýardy?

7 Ýazygy ýuwmak baradaky düşünje ysraýyllylara tanyşdy. Olar edýän seždelerinde Hudaýyň Musa arkaly beren Kanunyna laýyklykda, hemişe mal gurbanlaryny berýärdiler. Bu ýagdaý ysraýyllylara bir zady ýatladyp durýardy: adamlar günäleriň ýuwulmagyna ýa-da örtülmegine mätäç. Resul Pawlus muny şeýle umumylaşdyrdy: «Gan dökülmän, bagyşlanma bolmaz» (Ýewreýler 9:22). Mesihçiler Musanyň Kanuny astynda däl we onuň talaplaryny, şol sanda hem gurban bermek talabyny berjaý etmäge borçly däldirler (Rimliler 10:4; Koloseliler 2:16, 17). Olar, mal gurban bermek bilen günälerden doly arassalanyp bolmajagyny hem bilýärler. Hakykatda, berilýän gurbanlar, has gymmatly gurbany — Mesihiň gurbanlygyny aňladýardy. (Ýewreýler 10:4, 10; Galatýalylar 3:24 bilen deňeşdir.) Emma, sen mümkin sorarsyň: dogrudan-da Mesih hökman ölmelidimi?

8, 9. Adam-ata bilen How-ene näme ýitirdiler we bu ýagdaý olaryň nesline nähili täsir etdi?

8 Hawa, adamzady halas etmek üçin Mesih ölmelidi. Munuň sebäbini bilmek üçin Aden bagynda bolan wakalary ýatlamak gerek hem-de Adam-ata bilen How-enäniň Hudaýa garşy çykyp, ýitiren zadyna düşünjek bolmaly. Olara baky gelejek garaşýardy! Hudaýyň perzentleridigi sebäpli, olar Onuň bilen gös-göni gürleşip bilýärdiler. Emma, olar Ýehowanyň hökümdarlygyny ret edip, bütin bu zatlardan mahrum boldular, adamzadyň başyna bolsa günä bilen ölümi getirdiler (Rimliler 5:12).

9 Ilkinji ata-enemiz ummasyz baýlygy ýele sowrup uly bergä batdylar diýse bolar. Adam-ata bilen How-ene öz bergisini bütin nesline geçirdiler. Dogulamyzda, biziň hiç birimiz kämil we günäsiz dogulmadyk, şonuň üçin hem hemmämiz günä edýäris hem-de ölýäris. Kesellämizde ýa-da gödek gürläp soňra oňa ökünemizde, biz, miras alan bergimiziň, ýagny ynsan kämilsizliginiň täsirini görýäris (Rimliler 7:21—25). Ýekeje çykalga — Adam-atanyň ýitirenini gaýtaryp almakdyr. Emma, kämil ynsan ýaşaýşy biziň öz güýjümize ýetdirmeýär. Bikämil adamlaryň hemmesi günä edýänligi sebäpli, biziň hemmämiz ölüme mynasyp (Rimliler 6:23).

10. Adam-atanyň ýitirenini gaýtaryp almak üçin näme gerekdi?

10 Ýogsa-da, Adam-atanyň ýitiren ýaşaýşyna derek bir zat berip bolarmyka? Hudaýyň adalaty deňme-deň tölegi talap edýär — «Jan ýerine jan» bermeli (Çykyş 21:23). Diýmek, ýitirilen ýaşaýşa derek başga ýaşaýyş tölenmelidi. Emma, her bir adamyň ýaşaýşy bu talaba laýyk gelmeýär. Zebur 49:7—9-da bikämil adamlar barada şeýle diýilýär: «Adam öz doganynyň ebedi ýaşamagy üçin... onuň azat edilmegini asla gazanyp bilmez, onuň üçin Hudaýa töleg töläp bilmez. Çünki janynyň azat edilmegini gazanma gymmatdyr, muny hiç kim başarmaz». Eýsem, bu, alaçsyz ýagdaý boldugymyka? Elbetde ýok.

11. a) Ýewreý dilinde «töleg» sözi näme aňladýar? b) Adamzady diňe kim halas edip bilerdi, näme üçin?

11 Ýewreý dilinde «töleg» sözi deňdeşlik manyny berip, bir ýesiri boşatmak üçin tölenýän muzdy aňladýar. Adam-atanyň ýitirenine derek deňdeş tölegi diňe kämil adam berip bilerdi. Adam-atadan soň ýer ýüzünde doglan ýeke-täk kämil adam Isa Mesihdi. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar Isany «soňky Adam» diýip atlandyrýar we Mesihiň ’Özüni hemmeler üçin töleg hökmünde hödürländigine’ güwä geçýär (1 Korintoslylar 15:45; 1 Timoteos 2:5, 6). Adam-ata öz nesillerine ölüm beren bolsa, Isanyň olara berýäni ebedi ýaşaýyşdyr. Bu barada 1 Korintoslylar 15:22-de düşündirilýär: «Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter». Şonuň üçin Isanyň «Baky Ata» diýip atlandyrylmagy ýerliklidir (Işaýa 9:6, 7, TD).

TÖLEGIŇ TÖLENIŞI

12. Isa haçan Mesih boldy we bu ýagdaý onuň durmuşuna nähili täsir etdi?

12 Biziň eramyzyň 29-njy ýylynyň güýzünde, Isa özüni Hudaýyň yradasyny berjaý etmäge bagyşlamak üçin garyndaşy Ýahýanyň ýanyna suwda çokundyrylmaga geldi. Şonda Ýehowa Isany mukaddes ruh bilen belledi. Şeýlelik bilen Isa Hudaý tarapyndan bellenen Mesih ýa-da Hristos boldy (Matta 3:16, 17). Onsoň Isa üç ýarym ýyl dowam eden gullugyna başlady. Ol öz ilini aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, wepaly şägirtleri ýygnaýardy. Emma, öňünden aýdylyşy ýaly, ol örän tiz wagtdan güýçli garşylyga uçrady (Zebur 118:22; Resullaryň Işleri 4:8—11).

13. Aýypsyzlygyny goran Isa, ölüminden öň nämeleri başdan geçirdi?

13 Isa, gorkman, dini serdarlaryň ikiýüzlüligini paş edýärdi, şu sebäpli hem olar ony öldürjek bolýardylar. Olar mekir maksat oýlap düzdüler, onda hemme zat bardy: haýynlygam, bikanun tussaga alyp sud etmekligem, halky pitne turuzmaga öjükdirýärmiş diýen ýalan aýyplamalaram. Isany ýençdiler, ýüzüne tüýkürdiler, ony masgaraladylar we gamçylap bedenini parça-parça etdiler. Soňra rim häkimi Pontius Pilatus ony ejir pürsünde jezalandyrmaga höküm etdi. Hemmeler görer ýaly, ony pürse çüýläp ýokary galdyrdylar. Ol ölýänçä birnäçe sagat geçipdi, onuň her demi çydap bolmajak ezýetdi. Başyndan geçiren bu ähli azaplara garamazdan, Isa, Hudaýyň öňünde aýypsyz galdy.

14. Hudaý näme üçin Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi?

14 Şunlukda, 33-nji ýylyň Nisan aýynyň 14-ne Isa «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde» berdi (Markus 10:45; 1 Timoteos 2:5, 6). Ýehowa gökden söýgüli Oglunyň ejir çekişini we ölüşini görýärdi. Munuň şeýle bolmagyna Hudaý näme üçin ýol berdikä? Sebäbi, Ol adamlary söýýärdi. Isa şeýle diýipdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Isanyň ölümi, bize, Ýehowanyň kämil adalatly Hudaýdygyny hem öwredýär (Kanunyň Gaýtalanyşy 32:4). Käbirleri geň görýär: näme üçin Hudaý Adam-atanyň günäsiniň ýuwulmagyny, ýagny jan ýerine jan berilmegi talap edýän adalatly kanunyndan bir gezeklikçe geçmedikä? Munuň sebäbi, Ýehowa, nähili gymmat tölemeli bolanda-da, öz kanunlaryny hemişe berjaý edip olary goldaýar.

15. Isanyň baky ýogalmagynyň adalata laýyk gelmeýänligi sebäpli Ýehowa näme etdi?

15 Ýehowanyň adyllygy Isa üçin bar zadyň sag-salamat gutarmagyny hem talap edýärdi. Eýsem, wepaly Isanyň baky ölüm ukusynda bolmagy adalatlymy? Elbetde, ýok! Zeburda Hudaýyň öz wepaly gullukçysyny mazarda galdyrmajagyny öňünden aýdylýardy (Zebur 16:10; Resullaryň Işleri 13:35). Isa doly bolmadyk üç günüň dowamynda ölüm ukusynda boldy, soňra Ýehowa Hudaý ony güýçli ruh edip direltdi (1 Petrus 3:18).

16. Isa göge gaýdyp baransoň näme etdi?

16 Isa, ölmek bilen, ynsan ýaşaýşyndan mydamalyk el çekdi. Ol gökde ýaşamak üçin direldildi we ýaşaýyş berýän ruh boldy. Has ähmiýetlisi hem, ol Älemiň iň mukaddes ýerine, söýgüli Atasynyň huzuryna çykyp, Oňa öz kämil ynsan ýaşaýşynyň bahasyny gowşurdy (Ýewreýler 9:23—28). Indi, onuň şeýle gymmatly ýaşaýşynyň bahasyny gulak asýan adamzadyň haýryna ulanyp bolardy. Bu seniň üçin nämäni aňladýarka?

MESIHIŇ TÖLEGI WE SEN

17. Isanyň töleg gurbanlygynyň esasynda günälerimiz nädip bagyşlanyp biler?

17 Gel, Mesihiň töleg gurbanlygynyň, şindi saňa haýsy üç tarapdan peýdalydygyna seredeli. Birinjiden, günäleriň bagyşlanmagyny getirýär. Biz Isanyň dökülen ganyna iman edip «Onuň gany arkaly gutulyşa», hawa, «ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna eýediris» (Efesliler 1:8). Şonuň üçin, hatda agyr günä eden bolsagam, Isanyň ady bilen Hudaýdan bizi bagyşlamagyny sorap bileris. Eger hakykatdan toba edýän bolsak, onda Ýehowa bize Oglunyň töleg gurbanlygynyň bahasyny ulanar. Hudaý bizi eden günämiz üçin ölüme höküm etmegiň ýerine bagyşlar, ynsabymyzy hem päk eder (Resullaryň Işleri 3:19; 1 Petrus 3:21).

18. Isanyň gurbanlygy bize nähili umyt berýär?

18 Ikinjiden, Mesihiň töleg gurbanlygy gelejege umyt berýär. Gören görnüşinde, resul Ýahýa «hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekäniň» bu dünýäniň ýetip gelýän ahyrynda aman galjagyny gördi. Hudaý ençeleri ýok edende, näme üçin bu adamlar diri galmaly? Perişdäniň Ýahýa aýtmagyna görä, bu uly märeke «donlaryny Guzynyň [Isa Mesihiň] gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler» (Ylham 7:9, 14). Hawa, Isa Mesihiň dökülen ganyna iman edip, Hudaýyň talaplaryna laýyk ýaşasak, biz Hudaýyň öňünde päk bolarys, ebedi ýaşaýşa-da umydymyz bolar.

19. Mesihiň gurbanlygy, Isanyň we onuň Atasynyň seni söýýändigini nädip subut edýär?

19 Üçünjiden, töleg gurbanlygy — Ýehowanyň söýgüsiniň iň uly subutnamasydyr. Isanyň ölümi, älemiň taryhynda söýgüniň iň beýik iki nusgasyny birikdirdi: 1) Hudaýyň öz Ogluny biz üçin ölüme iberip bildiren söýgüsi; 2) Isanyň taýynlyk bilen özüni töleg hökmünde hödürläp bildiren söýgüsi (Ýahýa 15:13; Rimliler 5:8). Eger ak ýürekden iman edýän bolsak, onda bu söýgi her birimize täsirini ýetirýändir. Resul Pawlus: ’Hudaýyň Ogly meni söýüp, meniň ugrumda Özüni pida etdi’ diýipdi (Galatýalylar 2:20; 1 Ýahýa 4:9, 10; Ýewreýler 2:9).

20. Biz näme üçin Isanyň töleg gurbanlygyna iman etmeli?

20 Şonuň üçin, geliň, Isanyň töleg gurbanlygyna iman edip, Hudaýyň we Mesihiň söýgüsine minnetdarlygymyzy bildireliň. Muny etsek, bu bizi ebedi ýaşaýşa elter (Ýahýa 3:36). Emma, Isanyň ýer ýüzündäki ömrüniň we ölüminiň esasy maksady biziň gutulmagymyz däldi. Ýok, Isany ilki bilen bütin äleme degişli bolan jedelli mesele gaýgylandyrýardy. Indiki babyň görkezişi ýaly, bu mesele biziň her birimize degişli, çünki ol Hudaýyň näme üçin şeýle uzak wagtlap erbetlige we horluga ýol berýändigini görkezýär.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Adamzady halas etmek üçin Isa hökman ölmelidimi? Düşündir.

Töleg nädip tölendi?

Sen bu tölegden nähili peýda alýarsyň?

[67-nji sahypadaky surat]

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş