Bu kitapçanyň ulanylyşy
Bu kitapça Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin niýetlenen. Muny nädip ulanmaly? Biz şuny hödürleýäris. Her sapagyň başynda soraglar bar. Her soragdan soň, ýaý içinde, şol soraga jogap berýän abzaslaryň nomerleri bar. Ilki bilen soraglary okaň. Olaryň üstünde pikirlenip görüň. Soňra hemme abzaslary yzly-yzyna, Mukaddes Ýazgylardan getirilen aýatlar bilen birlikde okaň. Sapagy okap gutaranyňyzdan soň, ýene-de soraglara dolanyň we her bir soragyň jogabyny Mukaddes Ýazgylar boýunça ýadyňyza saljak boluň. Kitapçany doly geçeniňizden soň, hemme soraglary başdan-aýak gaýtalaň.