16-njy sapak
Hudaýa gulluk etmek netijä gelmek
Hudaýyň dosty bolmak üçin, näme etmeli? (1, 2)
Özüňi Hudaýa nädip bagyş etmeli? (1)
Haçan suwda çokundyrylmak bolýar? (2)
Hudaýa wepaly galmak üçin güýji nireden almaly? (3)
1. Hudaýyň dosty bolmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty gowy öwrenmeli (1 Timoteos 2:3, 4), öwrenen zatlaryňa ynanmaly (Ýewreýler 11:6), günäleriň üçin toba etmeli (Resullaryň Işleri 17:30, 31) we durmuş alyp barşyňy üýtgetmeli (Resullaryň Işleri 3:19). Soňra, seniň Hudaýa bolan söýgiň, özüňi Hudaýa bagyşlamaga höweslendirmeli. Bu, sen hut öz dogaňda Hudaýa, onuň islegini berjaý etmek üçin özüňi hödürleýändigiňi aýtmakdyr (Matta 16:24; 22:37).
2. Özüňi Hudaýa bagyşlanyňdan soň suwda çokundyrylmak gerek (Matta 28:19, 20). Suwda çokundyrylmak bilen sen hemmelere özüňi Ýehowa bagyşlandygyňy görkezýärsiň. Şonuň üçin, Hudaýa gulluk etmäge netije çykaryp biläýjek, diňe kemala gelen adamlar suwda çokundyrylyp bilerler. Adam çokundyrylanda onuň bütin bedeni sähelçe wagtlyk suwa çümdürilmelidira (Markus 1:9, 10; Resullaryň Işleri 8:36).
3. Sen özüňi Ýehowa bagyşlanyňdan soň, ol senden beren sözüň boýunça ýaşap başlamagyňa garaşar (Zebur 116:14; Wagyzçy 5:3, 4). Iblis, seniň Ýehowa gulluk etmegiňi taşlatdyrjak bolup gaýrat eder (1 Petrus 5:8). Emma doga üsti bilen Hudaýa ýakynlaşmagyňy dowam et (Filipililer 4:6, 7). Her gün onuň Sözüni öwren (Zebur 1:1—3). Ýygnaga berk ýapyş (Ýewreýler 13:17). Şeýtseň, sen Hudaýa wepalylyk saklap biler ýaly güýç tapyp bilersiň. Şeýdip sen, Hudaýyň senden talap edýän zatlarynyň ählisini ebedi berjaý edip bilersiň!
[Çykgyt]
a Çokundyrylmaga taýynlanmak üçin, «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim» atly kitaby ýa-da şoňa meňzeş Mukaddes Ýazgylar, kitapçalar we Gözegçilik diňi Jemgyýetiniň çap eden işlerini öwrenmek maslahat berilýär.