3-NJI SAPAK
Sözleri dogry aýtmak
ISANYŇ şägirtleriniň ählisi ýokary bilimli bolmandyr. Hatda Petrus bilen Ýahýa resula «okuwsyz, garamaýak adamlar» diýipdirler. Sebäbi olar ýehudylaryň dini mekdebinde okamandyrlar (Res. iş. 4:13). Biz hem adamlara Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny gürrüň berenimizde, sözleri dogry aýtmagymyz wajypdyr.
Nämäni göz öňünde tutmaly? Her diliň özüne mahsus bolan düzgünleri bar. Köp dillerde sözler harplardan ybarat. Latyn elipbiýsinden başga-da arap, grek, ýewreý we kirillisa ýaly elipbiýler hem bar. Emma hytaý dilinde harplar däl-de, belgiler (iýeroglifler) ulanylýar. Bu belgiler, köplenç, sözi ýa-da onuň bir bölegini aňladýar. Ýapon hem koreý dilindäki belgiler hytaý dilinden gelip çyksa-da, olaryň aýdylyşy tapawutlanýar we başga zady aňladyp bilýär.
Harp ulanylýan diller her harpyň we olaryň birlikde ulanylyşynyň dogry aýdylmagyny talap edýär. Şeýle düzgüni bar bolan dillerde sözleri dogry aýtmak kyn bolmaýar; meselem, muňa grek, zulu, ispan we türkmen dilleri degişli. Emma daşary ýurt dilinden geçen sözleriň aýdylyşy üýtgedilmeýär. Şol sebäpli käbir haprlar ýa-da olaryň birlikde ulanylyşy dürli-dürli seslendirilýär, käte olar asla okalmaýar. Ähtimal, şeýle sözleri ýat tutup, olary ýygy-ýygydan ulanmaly bolar. Ýöne hytaý dilinde müňlerçe belgileriň dogry aýdylyşyny ýat tutmaly bolýar. Käbir dillerde sözleriň äheňi üýtgedilip okalsa, olar başga manyny berip biler. Şeýle zatlara üns bermeseňiz, size nädogry düşünmekleri mümkin.
Eger dillerde sözler bogunlardan ybarat bolsa, onda basymy gerekli bogna goýup okamaly. Köp dillerde basym hemişe şol bir bogna düşýär, olar üýtgedilen ýagdaýynda bolsa, dogry okamak üçin bognuň ýokarsynda basym belgisi goýulýar. Emma şeýle düzgün ýok bolsa, onda sözleri dogry okamak has-da kynlaşýar. Munuň üçin olary ýat tutmaly bolýar.
Sözleri dogry aýtmagy öwreneniňizde, käbir zatlardan ägä bolmaly. Eger her bir harp nygtalyp aýdylsa, onda onuň akgynlygy ýiter we bilimsiräp gepleýän ýaly bolup görner. Muňa könelişen sözler hem degişli. Şeýle gepleýän adam bar ünsi özüne çekýär. Ýöne gepleýşiňe üns bermezlik hem nädogry. Bularyň käbirine «Düşnükli gepleýiş» diýen sapakda seredipdik.
Bir dilde gepleýän adamlar dürli ýurtda, hatda bir ýurduň dürli künjeginde ýaşasalar-da, olaryň gepleýşi tapawutlanýar. Daşary ýurtly adamlar ýerli dilde geplände, olaryň öz gepleýiş aýratynlygy bolýar. Sözlüklerde bir sözüň birnäçe aýdylyşy bolup biler. Eger adamyň bilimi çäkli bolsa ýa-da ol başga dilde gepleýän bolsa, onda şol dilde gowy gepleýän adamlary ünsli diňläp, olardan öwrenip biler. Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, wagyz edýän hoş habarymyzyň gymmatyny gaçyrmaz ýaly, ýaşaýan ýerimizdäki adamlar sözümize düşüner ýaly geplemek isleýäris.
Adaty gepleşikde tanyş sözleri ulansak gowy bolar. Şonda gürrüňdeş bolanymyzda sözleri dogry aýtmak kyn bolmaz. Emma sesli okanymyzda, gündelik durmuşda ulanylmaýan birnäçe sözlere duş gelmegimiz mümkin. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa, köplenç, sesli okamaly bolýar. Biz wagyzda adamlara Mukaddes Ýazgylardan okap berýäris. Käbir doganlara «Garawul diňi» ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda okamak tabşyrylýar. Şol sebäpli dogry okamak wajypdyr, çünki sözler ýalňyş aýdylsa, wagyz edilýän habardan adamlaryň ünsi sowlar.
Size Mukaddes Ýazgylardaky käbir atlary we sözleri aýtmak kyn bolýarmy? Onda sözleri bogna bölüň we olary dogry okamaga çalşyň. Soňra sözi tutuşlygyna, çalt we dogry okaň. Sözi tä dogry aýdýançaňyz gaýtalap bilersiňiz.
Näme etmeli? Köp adamlar sözleri ýalňyş okasalar-da, muny bilmeýärler. Eger Mekdebiň gözegçisi size sözleriň dogry okalyşy barada käbir maslahatlary berse, oňa minnetdar boluň. Siz nämäniň üstünde işlemelidigiňizi bileniňizden soň, näme etmeli?
Eger size sesli okamak ýumşy berlen bolsa, ilki, sözleriň dogry aýdylyşyny sözlükden görüň. Aýatlarda duş gelýän ähli nätanyş sözleri belläň. Sözlükden peýdalanyp bilmeseňiz, ondaky belgileriň näme aňladýandygyny düşündirýän ilkinji sahypalaryna serediň ýa-da kimdir birinden kömek soraň. Sözlükde sözüň haýsy bognuna basymyň düşýändigi görkezilýär. Käte sözlemiň manysyna görä sözüň basymy üýtgäp bilýär. Käbir sözlükde sözleriň diňe basymy däl-de, olaryň dogry aýdylyşy hem görkezilýär. Bir nätanyş sözi sözlükden göreniňizden soňra, kitaby ýapman, ony birnäçe gezek sesli aýdyň.
Şeýle-de sözleriň dogry aýdylyşyny öwrenmek üçin, dili gowy bilýän adamdan okaýşyňyzy diňlemegi we ýalňyşyňyzy düzetmegi haýyş ediň.
Munuň ýene-de bir usuly — ökde nutukçylary ünsli diňlemek. Eger siziň diliňizde «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesi», «Garawul diňi», «Oýanyň!» žurnallarynyň ýa-da başga-da edebiýatlaryň diňlenýän görnüşi bar bolsa, olardan peýdalanyň. Olary diňläniňizde, ondaky sözleriň siziň aýdyşyňyzdan nähili tapawutlanýandygyna üns beriň. Olary belläp alyň we sesli gaýtalaň. Wagtyň geçmegi bilen, siz sözleri ýalňyşsyz aýdyp başlarsyňyz we gepleýşiňiz has-da gowulaşar.