Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 2 sah. 86—sah. 88 abz. 3
  • Düşnükli gepleýiş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Düşnükli gepleýiş
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Diliňizi abatlyk üçin ulanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • «Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Gepleýşiňiz bilen görelde boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ses
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 2 sah. 86—sah. 88 abz. 3

2-NJI SAPAK

Düşnükli gepleýiş

Munuň üçin näme etmeli?

Diňleýjiler sözümize aňsat düşüner ýaly edip geplemeli. Munuň üçin 1) gepleýiş organlaryny dogry ulanmaly hem-de 2) sözleriň gurluşyna düşünmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Sözleri dogry aýtsaňyz, adamlar size düşünerler. Düşnükli gepleseňiz, siziň sözleriňize çynlakaý gararlar.

ADAMLAR bilen gowy gürrüňdeş bolar ýaly, düşnükli geplemeli. Siz gyzykly we gerekli wakany düşnükli aýtmasaňyz, onuň peýdasy bolmaz.

Adamlar eşidýän sözlerine düşünmeseler, olary durmuşynda ulanmak islemezler. Eger adam düşnükli geplemese, onuň sesi batly we ýiti bolsa-da, diňleýjileriň ýüregine täsir etmez. Bu olar üçin daşary ýurt dilinde gepleýän ýaly bolar (Ýer. 5:15). Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Surnaý hem näbelli ses çykarsa, urşa kim taýýarlanar? Şeýlelikde, siz hem dil arkaly düşnükli gürrüň bermeseňiz, näme aýdýanyňyz nähili bilner? Çünki bu howa gürrüň berdigimiz bolar» (1 Kor. 14:8, 9).

Düşnüksiz geplemegiň sebäbi näme? Adam agzyny ýeterlikli derejede açmasa, ol düşnüksiz geplär. Äň myşsalary zordan gymyldap, agzyň sähelçe açylsa, sözler aýdyň eşidilmez.

Şeýle-de adam çalt geplese, onuň aýdýanlaryna düşünmek kyn bolar. Muny ýazga geçirilen sözleri çalt aýtdyrmak bilen deňeşdirse bolar. Ondaky sözleri doly eşitseň-de, manysyna düşünmeýärsiň.

Käbirine diliniň peltekligi zerarly düşnükli geplemek kyn bolýar. Hatda şeýle adamlar-da şu sapakdaky maslahatlara eýerseler, gowy geplemegi öwrenip bilerler.

Emma, köplenç, sözler bile aýdylsa ýa-da olaryň käbir bogunlary, harplary we goşulmalary galdyrylsa, sözler düşnüksiz bolýar. Eger adam säginmän, sözleri goşup aýtsa, diňleýjiler onuň diňe käbir pikirini eşidip, käbirine özüçe düşünmekleri mümkin. Görşümiz ýaly, düşnüksiz gepleýiş adamyň gowy tälim bermegine päsgel berýär.

Düşnükli geplemegi nädip öwrenmeli? Munuň bir usuly: öz dilimizdäki sözleriň gurluşyny bilmeli. Köp dillerde sözler bogunlara bölünýär. Bogun — bir ýa-da birnäçe sesleriň birigip, sözüň birbada aýdylýan bölegi. Şeýle ýagdaýda sözdäki ähli bogunlary aýtmaly bolýar. Käbir bogunlara basym düşýär, käbirleri bolsa basymsyz aýdylýar. Eger siz has düşnükli geplemek isleseňiz, çalt geplemäň we her bir bogny aýtmaga çalşyň. Ilkibada, siziň sözleriňiz çendenaşa dürs aýdylsa-da, türgenleşmegiň netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan akgynly geplemegi öwrenersiňiz. Çalt okamaklyk käbir sözleriň bile aýdylmagyny talap edýär, emma şeýle ýagdaýda sözleriň manysyna düşünmek kyn bolsa, ondan gaça durmaly.

Duýduryş: düşnükli geplemek üçin, siz sözleri has dürs aýtmagy we okamagy öwrenmelisiňiz. Ýöne muny endik edinmäň, ýogsam gepleýşiňiz ýasama ýaly görner.

Belki-de, siz başyňyzy egip gepleýändigiňiz üçin sözleriňiz düşnüksizräk bolýandyr, şol sebäpli başyňyzy galdyryp geplemegi endik ediniň. Mukaddes Ýazgylary biraz ýokary tutup okaň, şonda gözüňizi diňleýjilerden kitaba sowmaly bolanda, başyňyzy has aşak egmeli bolmarsyňyz. Şeýle ýagdaýda geplemegiň ýeňildigini özüňiz hem duýarsyňyz.

Özüňi rahat alyp barmaklyk hem gowy geplemäge ýardam edýär. Mälim bolşy ýaly, ýüzüň myşsalary doňan ýaly bolup dursa, dem alşyň-da agyr bolsa, gepleýşiňe täsir edýär. Ol beýniniň, ses we dem alyş organlarynyň akgynly hem-de dogry işlemegine päsgel berýär.

Äňiň myşsalary gowşadylan ýagdaýynda, olar beýniniň berýän duýduryşyny çalt kabul edýär. Dodagy-da gowşatmaly, sebäbi agyzdan we bokurdakdan gelýän sesleri aýtmak üçin, ol erkin hereket etmeli. Eger äňiň hem dodagyň gowşadylmasa, onda agzyňy ýeterlikli derejede açyp bolmaýar we ses dişiň arasyndan syzdyrylyp çykar. Şeýle ýagdaýda ses düşnüksiz, gödek we basyk bolýar. Emma äňiňi we dodagyňy gowşadyp geplemeklik edepsizligi aňlatmaýar. Sesler düşnükli aýdylar ýaly, olary gerekli derejede gowşatmak ýeterliklidir.

Sesli okap, nähili gepleýändigiňi bilse bolýar. Şol sebäpli okanyňyzda, gepleýiş organlaryň işleýşine üns beriň. Sesler päsgelsiz çykar ýaly, agzyňyzy ýeterlikli derejede açýarmysyňyz? Dil iň köp hereket edýän bolsa-da, ol ýeke-täk gepleýiş organy däldigini unutmaň. Aşaky äň, dodaklar, ýüz, boýun we bokurdak myşsalarynyň-da uly ähmiýeti bar. Gepläniňizde ýüzüňiziň myşsalary hereket etmeýärmi? Onda siz düşnüksiz gepleýänsiňiz.

Eger kimdir birine wagyz edýän ýaly gepläp, sesiňizi ýazga geçirseňiz, şonda sesiňiziň nähili çykýandygyny bilersiňiz. Munuň üçin birnäçe minut ýeterliklidir. Bu ýazgy size haýsy sözleri doly aýtmaýandygyňyzy görkezer. Sözleriň haýsy bognuny, harplaryny galdyrandygyňyzy, haýsy sözleri düşnüksiz we gysgaldyp aýdandygyňyzy belläp alyň-da, onuň sebäbini biljek boluň. Bu bapda berlen maslahatlara eýerseňiz, düşnükli geplemek bilen bagly kynçylyklara hötde gelersiňiz.

Düşnüksiz gepleýän adamlar näme edip biler? Olar agzyny adatdakysyndan köpräk açyp, düşnükli geplemäge tagalla etmeli. Uludan dem almaly we çalt geplemeli däl. Bu maslahatlara eýeren adamlaryň köpüsi düşnükli geplemegi öwrendiler. Gepleýiş bilen bagly kynçylyklary doly çözüp bilmeseňiz-de, siz ruhdan düşmäň. Musanyň dili peltek bolan bolsa-da, Ýehowa ony ysraýyl halkyna we Müsüriň hökümdaryna wajyp habary ýetirmek üçin saýlapdyr (Müs. çyk. 4:10—12). Eger isleseňiz, Ýehowa sizi-de ulanyp, wagyzda üstünlik gazanmaga ýardam eder.

DÜŞNÜKLI GEPLEMEGI NÄDIP ÖWRENMELI?

  • Gepläniňde we okanyňda, her bir sözi açyk aýtmaly. Sesiňiz ýeterlikli derejede batly bolsun, ýöne çalt geplemäň.

  • Diňleýjilere düşnükli bolar ýaly, harplary, bogunlary galdyrmaň we sözleri goşman aýdyň.

  • Başyňyzy aşak egmäň we agzyňyzy ýeterlikli derejede açyň.

  • Boýun, äň, dodak, ýüz we bokurdak myşsalaryny gowşatmagy öwreniň.

GÖNÜKME Adatdaky ýaly gepläň. Siz agzyňyzy nädip açýarsyňyz? Ony biraz giňräk açyp, ýüz myşsalaryny-da köpräk hereketlendirmek gerekmi? Matta 8:23—27-nji aýatlary sesli okap, bularyň üstünde işläň. Başyňyzy aşak egmeýändigiňize we äň myşsalaryny gowşadýandygyňyza ünsli boluň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş